ÝOGALARYÑ MASGARAÇYLYKLY EROTIKI TOMAŞALARY SOÑ DÖRÄN ZAT DÄL
Häzirki döwrüñ gurulary ýoga taryhynyñ ilkibaşda erotiki tarykat hökmünde dörändigini bukýarlar.
Ýakyn ýyllarda ýogalaryñ abraýy pese gaçdy.
Dünýäniñ iñ güýçli ýoga tilsimlerinden bolan Anusarany oýlap tapyjy Jon Fraýnd zenan şägirtleri bilen gelşiksiz jynsy çemeleşmede aýyplanandan soñ Anusara mekdebine ýolbaşçylyk etmekden el çekýändigini mälim etdi.
Fraýnd ejiz nokatlar bilen mähir-muhabbeti we bagtlylygy artdyrmagy maksat edinen açykgöwünliligi birleşdirmegiñ ýollaryny öwredýärdi. Ýöne onuñ köne syrdaşy we sag goly Ýelena Brower Fraýndyñ aýal-gyzlara, haý-haýly meýlislere we keýp çekmäge aşa ilgezikdigini ony ýakyndan tanaýanlara mälim hakykatdygyny aýdýar. Bu ikiýüzlülik onuñ köp sanly okuwçysyny serpmeden gaýdan ýaly etdi.
"Huffington Post" gazetinde çykyş eden Brower "Bu adamlar Jonyñ aýal-gyzlary dowamly toruna düşürip gelýändigini we birnäçe adama ýalan sözleýändigini bilensoñlar, lapykeçlige uçradylar" diýip ýazdy. Ýöne ýoga dünýäsini sarsdyran bu masgaraçylykly waka olarda birinji gezek bolup geçenok. Megerem, şu ýerde şeýle soraglary bermek gerek:
- Näme üçin şular ýaly uçguryna gowşak heleýbazlar ýogalaryñ arasyndan köp çykýar?
- Näme üçin ýogalaryñ arasynda ýüze çykýan şular ýaly masgaraçylykly waka birgiden adamyñ inini düýrükdirýär we gahar-gazaba atlandyrýar?
Sebäpleriñ iñ ulusy ~ nadanlyk!
Ýoga tälimçileri we ýoga düzgünlerini öwredýän kitaplar bu sportyñ ilkibaşda barypýatan erotiki tarykat bolup dörändigini usullyk bilen düşündirýär.
Häzirki wagtda halkara derejede oñlanylan tilsimleriñ düýbi bolan "Hatha ýogasy" Tantranyñ şahasy hökmünde başlapdy. Orta asyrlar Hindistanynda tantrik mekdepleriñ dabaraly rituallary ikiçäkleýin we köpçülikleýin erotikany öz içine alýardy. Hatha esrewük bagtlylygy çaltlandyrmak üçin duruşlary, uludan dem almalary we oýandyryjy hereketleri amala aşyrýardy, muña jynsy ýakynlaşma hem girýärdi.
XX asyryñ başynda häzirki zaman ýogany esaslandyryjylar ýoganyñ saglyga peýdalydygyny subut etmek üçin köne düzgünleriñ erotiizmini azaldyp, täzeçe işläp düzdüler.
B.Iýengaryñ 1965-nji ýylda neşir edilen "Ýoga tutulan yşyk" kitaby bu üýtgeşmäniñ iñ gowy görkezijisidi. Kitap Hathanyñ tantrik esaslary barada kelam agyz söz aýtmasa-da, bu düzgünleri ýüze golaý birahatlygy we keseli bejermäge ukyply, müñ derde dowa boljak şypaly melhem hökmünde öwüp arşa çykarýardy. Ýöne munuñ üstünden onlarça ýyl geçensoñ, birnäçe adam şahsy tejribesine esaslanyp, bu düzgünleriñ jynsy gatnaşyga bolan islegi gylawlandyrýandygyna anyk göz ýetirdi. Ylym dünýäsi-de ýoga düzgünlerini ýerine ýetiriş döwrüniñ içki mehanizmini açyk teswirläp başlady. Russiýada we Hindistanda alymlar testosteron arkaly barlag geçirip, jynsy islegleriñ görnetin ýokarlanşyna şaýat boldular. Çeh alymlary bolsa ýoga düzgünlerini ýerine ýetirkä her tüýsli duruşlaryñ aşyk-magşuklarda duş gelinýän beýin tolkunlary partlamasyna ýol açýandygyny subut etdiler.
Ýakyn ýyllarda Britiş Kolumbiýa uniwersitetiniñ alymlary ýoga sapaklarynda ýerine ýetirilýän çalt-çaltdan dem almagyñ jynsy agzalardaky gan aýlanşygy çaltlandyrýandygyny subut etdi.
Hawa, ABŞ-da ilatyñ mese-mälim artan ýyllary bolan 1946-1964-nji ýyllarynda doglanlar ýogany bilip başlanlary bäri, ýoga sapaklaryna mahsus gyjynma, derleme, çalt-çaltdan dem alma we ýalañaçlanma proseduralarynyñ çak edip bolaýjak netijeleri boldy. Bir döwür okuwçylar bilen mugallymlaryñ jynsy gatnaşyga girmegi şeýle bir ýoñ boldy welin, 1995-nji ýylda Kaliforniýanyñ Ýoga mugallymlary bileleşigi muny barypýatan ahlaksyzlyk hökmünde ýazgardy.
Eger ýoga düzgünlerini ýerine ýetirijilerde jynsy gyjynma döreýän bolsa, gurularda munuñ iki esse güýçli boljakdygy mälim.
1914-nji ýylda doglup, 2002-nji ýylda aradan çykan Swami Satçindananda Wudstokyñ açylyşyna gatnaşan ýoga superstarlarynyñ biridi. Ol 1991-nji ýylda Wirjiniýada bir simpoziumda çykyş edip durka, daşarda eline "Jynsy azgynçylygyñ öñüni alyñ!" diýen şygar alyp gelen protestçiler uly şowhun turuzypdy. Şonda zalda oturan Satçindanandanyñ köne okuwçysy oña "Nädip özüñe ruhany halypa diýip bilýärsiñ? Sen meni we men ýaly birnäçe aýaly jynsy gatnaşykda bolmaga itermediñmi näme" diýip gygyrdy.
Başga bir waka bolsa 1925-nji ýylda doglup, 1996-njy ýylda aradan çykan Swami Rana bilen baglanyşykly. 1994-nji ýylda bir zenan heniz 19 ýaşyndaka özüni jynsy gatnaşyga itermäge synanşandygy üçin Rananyñ üstünden arz etdi. Rana aradan çykansoñ, 1997-nji ýylda jebir çekene 2 million dollar jerime tölemek barada suduñ karary çykdy.
Hawa, ýoga mugallymlary bilen oña gatnaýan okuwçylar Hathanyñ näme maksat bilen dörändigine göz ýetirseler ýokardaky ýaly masgaraçylykly wakalara we ýogalara gelişmeýän hereketlere kän bir gabat gelip durmazdylar.
William J.BROAD.
Jemgyýetçilik tankydy