14:08 Ýoklugyňda | |
ÝOKLUGYŇDA
Goşgular
Öwrenişdim... Özge çäre ýok ahyr...! Gutarmajak sensiz günleň geňligne Gitmäkäňem, gideňsoňam bildim men, Senden özgäň duýgularnyň delligne. Günlerimiň tagamyny ýitirdim Günlerimiň bardygy-da gyzyksyz. Ýüregimiň derwezesi zynjyrly, Duýgularym butnaman dur - gazyksyz. Barlygyňda gözellikdi - bu barlyk, Barlygyňda bilbil boldy serçeler Menden güýçli söýjek bolar - ençe ýar, Emma meni söýjek bolmaz sençeler. Günler geçer gamyşgulak bedew deý, Ýyllar geçer öz hökmüni sürüpler... Ykbalymdan ömürbaky razy men, Ýaryň tapsaň, bagtly etse söýüpler... Ylham GURBANALYÝEW. 2022.10 | |
|
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |