ÝOLDA DÖRÄN ARZUW
Bu mahal şäheriň köp gatnawly köçeleriniň biriniň ýanýodasyndan ýöräp barýan ataly-ogul özara gürrüňe gyzyşypdy. Olar bu ýere şäheri etekläp oturan obalaryň birinden, dogan-garyndaşlarynyňka görme-görşe gelipdiler. Soranjaň agtyjagynyň atasyna berýän bu gezekki sowallarynyň agram bölegi ýol hereketi bilen bagly boldy.
- Ata, ho-ol ýanyp öçýän üç gözli çyralar nämüçin gerek, bilýärmiň?
- Bilýän, oglum. Oňa sfetofor diýýärler.Ol sürüjileriň howpsuzlygyny üpjün edýär. Size-de bu barada çagalar bagynda öwredilýän bolmaly?
- Hawa, ata, ol çyralar sürüjilere haçan durmalydygyny, haçan ugramaga taýýarlyk görmelidigini hem-de ugramak bolýandygyny habar berýär.
-Berekella, balam! Ýol hereketiniň düzgünlerini bilmek hiç haçanam artykmaçlyk etmez. Aslynda, sfetofory, oglum, kim oýlap tapan hem bolsa, berekella aýtmaly, bolmasa birek-birege ýol hem berjek däller bylar.
- Ata, ýollarda käbir belgilerem bolýar.Olar näme üçin gerek?
-Hä, oglum, ol belgiler sürüjiler üçin goýlandyr. Ol belgileriň hersiniň öz manysy bar. Olaryň her haýsynyň nämäni aňladýandygyny sürüjileriň özi has oňat düşünýändir.
-Ata, ulag sürmek kynmy?
- Elbetde, oglum. Ulag sürmegi we ýol hereketlerini öwredýän ýörite mekdepler bar. Ynha, şol mekdepleri okap, soňra ulagyň başyna barmaly. Ýagny, ilki ulaglary sürmegi oňatja öwrenmeli, soňra köçä çykmaly. Köçäniňem özüniň düzgün-tertibi bar, şoňa isleseň-islemeseň boýun bolmaly.
-Ata, menem ulalsam, köp okap, ýol düzgünlerini öwrenjek. Gowy öwrenemden soň bolsa, köçede durup, maşynlara seredýänçi boljak.
- Tüweleme, tüweleme, gowy arzuwyň bar, ýol hereketine esewan bolmak adamlar hakdaky aladadyr balam. Ýöne sen heniz ýaş, basym ulalmagyň gerek.
Yhlasyň deňinden maşyn barysy “Şuw-da, şuw” bolup geçip durdy. Olary oňly synlabam ýetişmeýärdi, ýetişmek mümkinem däldi. Özi-de her tüýsli reňkdäki, dürli kysymly maşynlar bardy. Gijelerini gündize öwürýän çyralar, ýol ugry gök arçalar ekilen, suw çüwdürimli köçeler Yhlasyň çaga bilesigelijiligini barha artdyrýardy.Onda atasynyň jogap berip ýetişdigi, sowal kändi.
- Oglum görýän welin seň sowallaň tükenjek däl öýdýän. Meniň şähere gelip görmänime esli ýyl bolupdyr. Şäher bütinleý üýtgäpdir, asyl tanar ýaly bolmandyr. Men häzir ýanymda sen bolmadyk bolsaň, ýaňky baryp gaýdan ýerimizi hem tapjak däl.
Şondan soň Yhlas atasy bilen gol tutuşyp, esli aralygy ýöräp geçdi. Ýölboýy hem oklow ýaly gös-göni, eliň aýasy ýaly tep-tekiz, dört hatarly giň köçeleri gulaçlap gelýän maşynlary ine-gana synlap geldi. Kalbynda welin ol eýýäm ulalyp, murty taban ýigitleriň biri bolup ýetişipdi. Özi-de eli alaja taýakly, egni polisiýa eşikli halyna uly ýoluň ortasynda durup, çar ýandan çogup gelýän maşynlaryň hereketini sazlaýardy, ol bu kärden lezzet alýardy.
Haýp, atasynyň welin agtyjagy Yhlasyň hyýalynda bireýýäm ulalyp, halka hyzmat edip ýöränliginden habary ýokdy. Ol henizem Yhlasyň elinden tutup gelşine, ýolboýy oňa köçe hereketiniň düzgünleri barada nämedir bir zatlaryň gürrüňini berýärdi.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty