19:43 Yşkym şalyk sürüp... | |
YŞKYM ŞALYK SÜRÜP...
Edebiýaty öwreniş
• Hindistanly beýik türkmen şahyry Mürze Galyp hakynda söhbet Hindistanyň paýtagty Deliniň «Besti Nyzameddin» mähellesi (kwartaly) şäheriň iň köne etrapçalarynyň biri hasap edilýär. Mähelläniň ady Delidäki türkmen soltanlarynyň köşgünde hyzmat eden, ata-babalary Merkezi Aziýadan göçüp gelen meşhur sopy Nyzameddin Öwlüýäniň (1238-1325), onuň guburynyň üstünde gurlan «Nyzameddin Öwlüýä» aramgähiniň hem-de şu at bilen tanalýan köne gonamçylygyň ady bilen baglanyşyklydyr. Besti Nyzameddin öwlüýäsinde ady dünýä dolan beýik türkmen şahyry, şygyrýet äleminde «hindi totusy» ady bilen meşhur Emir Hysrow Dehlewiniň (1253-1325) hem ajaýyp aramgähi bardyr. Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, Emir Hysrow Dehlewi ildeşi beýik şyh Nyzameddin Öwlüýäniň şägirdi bolupdyr. Halypa bilen şägirdiň ikisi hem bir ýylda aradan çykypdyrlar we soňra Nyzameddin Öwlüýä gonamçylygynda jaýlanypdyr. Emir Hysrow Dehlewiniň aramgähinden birneme aňyrrakda, uly köçäni ikä bölýän daşy germewli haýatyň içindäki daşdan örülen aýmançada, üsti küňreli owadan telärli supanyň aşagynda, ak mermer daşdan bina edilip, ýüzi nepis nagyşlar bilen bezelen ýene-de bir mukaddes gubur ýerleşýär. Ol gubur hindi topragynda baky uka giden, ölmez–ýitmez eserleri bilen şygyrýet dünýäsinde öçmejek yz galdyran, aslyny türkmeniň seljukly neslinden alyp gaýdýan «hindi bilbili» Mürze Galybyň (1797-1869) mazarydyr. «Besti Nyzameddin» mähellesini Köne Deliniň beýleki ýerlerinden tapawutlandyrýan alamatlar örän kän. Taryhy ýadygärliklere baý bu mähellä barsaň köpsanly gül satylýan dükanjyklary - «gülhanalary» («gülhane») görmek bolýar. Şygyrýet baýramçylyklarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň we belli seneleriň ýatlanylyp geçilýän günleri bu ýere ummasyz köp jemagat ýygnanýar. Şonda gyzgalaňly gül söwdasy bolýar. Şeýle dabaraly günlerde «Besti Nyzameddin» mähellesiniň gülhanalarynda satylýan dürli reňkdäki güller şygyrýet äleminiň läheňleriniň - Emir Hysrow Dehlewiniň hem-de Mürze Galybyň guburlaryny läle-reýhana bezeýär. Hindistanda ýaşap geçen hem-de urdu dilinde ajaýyp diwanlary döreden meşhur şahyr Mürze Galybyň gyzykly ömür beýany bar. Türkmen edebiýatynyň taryhynda onuň adyny diňe belli edebiýatçy, merhum Ahmet Bekmyradow agzap geçýär. Beýik şahyr urdu dilindäki diwanlaryndan başga-da, pars dilinde-de örän köp eserleri döredipdir. Emma pars dilinde eser döreden şahyrlar baradaky türkmen okyjylaryna niýetlenilen işlerde onuň ady tutulmaýar. Türkmen edebiýatçy alymy, merhum T. Nepesow hem pars dilinde eserleri döreden türkmen şahyrlarynyň uzyn sanawunda Emir Hysrow Dehlewiniň adyny tutup, Mürze Galybyň adyny tutmandyr. Ýogsam, hindi edebiýatçysy Naýýar «Hindistanda pars edebiýaty Laçynlar kowmundan bolan türkmen Emir Hysrow Dehlewi bilen başlap, Aýbegler kowmundan bolan türkmen Mürze Galyp bilen hem gutardy» diýip, baryp XIX asyryň 60-njy ýyllarynda ýazypdyr. Mürze Galyp nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň (1810-1862) döwürdeşidir. Ýöne, Mollanepes dünýä inende, babasy Galyby eýýäm öýlendiripdi. Mollanepes ölüm ýassygynda ýatyrka Galyp Rampur beginiň köşgünden gelýän ýüz rupiýa1 napaganyň hasabyna ýaşap ýördi. Biz söýgüli şahyrymyz Mollanepesi «yşk mülküniň şasy» diýip atlandyrýarys. Hindiler hem özleriniň türkmen kowmundan bolan «hindi bilbiline» guwanýarlar. Beýik şahyrlar Galyp bilen Mollanepese duşuşmak miýesser etmändir. Emma hyýalymyzda Galypdan «Eý, Han-sahyp! Döwürdeşiň Mollanepesiň edebi tahallusyny türkmenleriň Hindistanda döreden urdu dilinde aýdyp bersene» diýip haýyş etsek, ol bize hökman «Şah-e mülk-i işk» diýip jogap bererdi. Galyp ata-baba ildeşi Mollanepes bilen duşuşanlygynda hem-de onuň döredijiligi bilen ýakyndan tanşanlygynda, «Eý, Nepes molla! Sen hakykatdan hem yşk mülküniň şasy ekeniň» diýerdi. Nepesem aýdardy: «Halypam! Hindistan halkynyň söýgi bilen aýdyşy ýaly, sen hakyky hindi bilbilidiň». Mollanepes nusgawy edebiýatyň aýdymçysy, Galyp bolsa bu edebiýatyň Gündogar ýurtlarynda tamamlanýan, täze – häzirki zaman edebiýatynyň gözbaş alyp gaýdýan döwrüniň şahyry. Üstesine-de, Mürze Galyp täze hindi edebiýatynyň esasyny goýan şahyr hem hasap edilýär. Bilşimiz ýaly, häzirki zaman edebiýatynyň başlangyjy Hindistanda türkmen edebiýatyndan 60-70 ýyl öň - XIX asyryň 50-60-njy ýyllarynda baslapdy. Emma «yşk mülküniň şasy» Mollanepesde-de, «hindi bilbili» Mürze Galypda-da umumylyklar – meňzeşlikler örän kän. Sebäbi olaryň ikisi hem türkmen şahyrlary. Hindistanda ýaşap geçen Mürze Galyp türkmenleriň şöhratly hanedany bolan seljuklar nesilşalygyndan gelip çykypdyr. Aýdylanlary şahyryň ömri we döredijiligi barada Hindistanda we daşary ýurtlarda neşir edilen köp sanly ylmy işlerde berilýän ygtybarly taryhy maglumatlar tassyk edýär. Galybyň aslynyň türkmendigini ýerli ýazarlaryň dilinden eşitmek has hem ýakymly. Hindi edebiýatçy alymy S.E.Hüseýin Hindistanda, Päkistanda we Bangladeşde ägirt uly sylag-hormatdan hem-de meşhurlykdan peýdalanan şahyr barada:«Galyp türküstanly seljuklaryň hökümdar neslinden gelip çykypdyr we bu barada onuň özi hem hemişe buýsanç bilen aýdar eken. Şol sebäpden hem damarynda beýik hökümdarlaryň we ýeňiji esgerleriň ganynyň akýanlygy üçin, ol özüne diňe şahyrlygy üçin hormat goýulmagyny islemändir» diýip ýazypdyr. Ata-babalarynyň Oguz han Türkmeniň we onuň şöhratly nesilleriniň kowmundandygyny Beýik şahyryň özi hem öwran-öwran nygtapdyr. - Şu setirleriň ýazarynyň [ýagny Galybyň] ata-babalary seljuklaryň tohumundan kemala gelipdir. Olar geçmişde belentlige ýeten we beýiklige eýe bolan hökümdarlardy. Gadymýetde tagta we täje eýe bolan ata-babalarynyň geçmiş mirasyndan, olaryň soňky nesilleriniň ellerinde adalatsyzlygy ýok edýän gylyçlaryndan başga hiç zatlary galmandyr. Şundan soň olar kesekileriň mülklerini we araçäklerini goramak bilen, diňe gylyç gemrip, edermenlik görkezip günlerini görüpdirler. Emma olaryň täze nesilleri – seljuklar ýene-de başlaryny täç bilen, täçlerini bolsa zümerret bilen, merjen bilen bezäpdirler - diýip Galyp özüniň «Mähr-i Nimruz» («Süýr günortanky Gün») eserinde ýazypdyr. Mälik şanyň 1094-1104-nji ýyllarda Beýik Seljuk türkmen döwletini dolandyran ogly Berkýaryk hany bolsa, Galyp asyrlar boýy Samarkant welaýatyna eýelik eden we ony dolandyran özleriniň Aýbegler kowmunyň nesilbaşysy hasap edýär. ... Aslyň seniň Aýbeglerden – türkmendir ähli kowmuň, Dolan Aý dek doludyr kämil gaýratyň, dogmuň. * * * Türkmen bolup doglan men, bar türklere dogan men... * * * Galyp! Aslyň hem yşkyň topragyndan Turanyň. Sen gadymy gözbaşdan, synmaz, şöhratyň-şanyň. * * * Türkmen ganym dem berýär, asyl köküm em berýär. Beýik şahyryň ömür we döredijilik ýoluny içgin öwrenen alymlaryň biri N.I. Prigarina hem: «Eger-de, Oguz handan başlap, Seljuklar - olardan aýratyn hem Soltan Sanjar bilen tamamlasak - onda tä XVIII asyra çenli Galybyň ata-babalarynyň ählisi hakyky esgerler bolupdyrlar» diýip belleýär. Galyp 1797-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Beýik Mogollaryň döwletini dolandyran Ekber (1556-1605) patyşanyň we onuň ogly Jahangiriň (1605-1627) döwründe paýtagt şäher bolan Agrada (Ekberabat) harby gullukçynyň maşgalasynda eneden doglupdyr. Onuň hakyky ady Mürze Hoja Esadulla han bolupdyr. Beýik şahyr şöhratly ata-babalaryna buýsanyp, özüne «Galyp» («Ýeňiji») we «Esat» («Arslan») tahalluslaryny alypdyr. Şahyryň «Mürze» we «han» atlary ata-babalaryndan miras galan asylzadalyk derejeleridir. Bu mukaddes atlar düşündiriş bermezden, onuň eýesiniň asylzada hem-de dolandyryjy nesilşalyga degişlidigini aňladýar. Mürze Galybyň «Hoja» ady bolsa, onuň ylymly-bilimli, sowady ýetik adam bolandygyna şaýatlyk edýär. Seýrek ýagdaýlarda Galybyň adynyň yzyna «Dehlewi» («Delili») tahallusyny hem tirkeýärler. Sebäbi Agrada dogulsa-da, ol ömrüniň agramly bölegini Delide geçiripdir. Edebiýatçy alym Muhammet Syddyh Hasan handa şeýle setirler bar: «Galyp Mürze Esadulla han Dehlewi - Şajahanabadyň1 meşhur şahyrlarynyň biridir we ylahy zehiniň eýesidir». Şahyryň ata-babalary hakynda aýtsak, onuň garry atasy Dursun beg Samarkandyň töwereklerinde ýaşan we bu möhüm ülkä eýelik eden seljuklar nesline degişli Aýbeg Türkmeniň kowmundan bolupdyr. Dursun beg XVIII asyryň ortalarynda Samarkandyň häkimi eken. Dursun begiň ogly mürze Gökhan Beghan töweregindäki özi ýaly türkmeniň asylzada ýigitleriniň bir toparyna baştutan bolup, Galybyň «Mähr-i Nimruzda» ýazyşy ýaly, «Edil ýokardan aşaklygyna inýän sil ýaly bolup, Samarkantdan Hindistana tarap gaýdypdyr». Galybyň atasy mürze Gökhan Beghan Hindistana gelenden soň, Penjap welaýatynyň merkezi şäheri Lahorda nawap Muýin al-Mülküň elinde baş serkerde bolup gulluk edipdir. Şahyryň kakasy Abdylla Beghan Delide doglupdyr. Mürze Galybyň ejesi Izzetun-Nisa Begim hem hindistanly türkmenleriň asylzada neslinden bolupdyr. Abdylla Beghan hem edil kakasy Gökhan Beghan ýaly serkerde bolup, Lakhnauda, Haýdarabatda we Alwarda ýerli hökümdarlaryň goşunynda gulluk edipdir. Ýöne, Abdylla Beghan topalaňçylaryň hökümete garşy turzan pitnesiniň basylyp ýatyrylýan döwründe wepat bolupdyr. Şonuň üçin hem agasynyň ýetim galan çagalaryny Nasrulla Beghan howandarlyga alypdyr. Nasrulla Beghan hem serkerde eken. Emma agasynyň ölüminden üç ýyl geçen soň söweşleriň birinde Nasrulla Beghan hem wepat bolupdyr. Şundan soň Mürze Galyp, inisi Mürze Ýusup han hem-de uýajygy Çotty (Kiçijik) Begim üçüsi babasy Hoja Gulam Hüsöýüniň öýünde terbiýelenipdirler. 1810-njy ýylda babasy 13 ýaşly agtygy Esadullany Deliniň belli begzadasy, türki asylly Mürze Yllahy Bahşyň gyzy Umrawy (Rawy eje) Begime öýlendiripdir. Öýlenenden soň, Galyp Agradan Delä göçüp gelipdir we onuň mundan beýläkki ykbaly ýyl-ýyldan gowşaýan Beýik Mogollaryň döwletiniň paýtagty bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Galybyň maşgala durmuşy çüwmändir. Onuň Umrawy Begimden ýedi sany zürýady bolupdyr, emma olaryň hemmesi-de çagajykkalar aradan çykypdyr. Şahyryň ogullugy hem iki oguljygyny ýetim galdyryp, onuň özünden öň ýogalypdyr. Galybyň gaýyn atasy Yllahy Bahş zehinli şahyr bolupdyr. Bu bolsa on ýaşynda goşgy düzmäge başlan Galyba döwletiň saýlantgy şahyrlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik beripdir. Tiz wagtdan Galyp uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Ol Ywraýym Zouk, Mömün han, Mustapa han Şeýfte ýaly meşhur şahyrlar, Fazl Hak, Şah Abdyl Eziz, Ahmet Barelwi, Seýit Ahmet han ýaly öz döwrüniň belli alymlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Eýýäm 21 ýaşynda Galyp paýtagtyň şahyrlarynyň we alymlarynyň arasynda görnükli orun eýeläpdir. Asylzada nesilden gelip çyksa-da, Galyp hemişe puluň we serişdeleriň ýetmezçiliginden kösenipdir. Kakasynyň inisi Nasrulla Beghanyň mirasyndan ýetýän her aýlyk napaga paýy bolsa, şahyra wagtly-wagtynda berilmändir, soňra bolsa bütinleý kesilipdir. Şahyr uly kynçylyklara duçar bolupdyr. Emma muňa garamazdan, ol daýylaryna we gurply gaýynlaryna elgarama bolup ýaşamak islemändir. Mirasdarlyk paýy baradaky meseleleri aýdyňlaşdyrmak üçin, Galyp 30 ýaşynda Angliýanyň Hindistan mülküniň paýtagty Kalkutta (Gündogar Hindistanda – häzirki Bengaliýa welaýatynyň merkezi) şäherine gidýär we üç ýyllap bu ýerde ýaşaýar. Mirasdarlyk paýy baradaky mesele şahyryň peýdasyna çözülmese-de, Kalkuttada bolmagy Galyba köp zatlara akyl ýetirmäge, täze dostlary tapynmaga mümkinçilik beripdir. Ol Gündogar Hindistanyň Lakhnau, Benares we Kalkutta ýaly şäherleriniň şahyrlary bilen ýakyndan tanşypdyr, häli-şindi geçirilýän şygyrýet bäsleşiklerine yzygider gatnaşypdyr. Galybyň şahsyýet hökmünde terbiýelenmeginde, onuň dünýägaraýşynyň kemala gelmeginde, aýratyn hem şahyrlyk zehininiň ýüze çykmagynda çagalyk we ýetginjeklik ýyllarynyň geçen begzada durmuşy uly orun eýeläpdir. Şahyryň ömür we döredijilik ýoly bilen meşgullanan alymlar, «eger-de Galyp çagaka kakasyndan ir jyda düşmänliginde, goluna şahyryň ötgür galamyny däl-de, hökman ata-babalarynyň kesgir gylyjyny alyp, esger bolup ýetişerdi» diýip belläpdirler. Babasynyň öýünde ýaşan ýyllary Galyp, öz döwrüniň iň gowy derejedäki musulman bilimini almagy, özüniň çeper döredijilik ukybyny ösdürmegi we şygyrýet bilen meşgullanmaga girişmegi başarypdyr. Ol pelsepe, ylahyýet, astronomiýa, taryh ylymlaryndan baş çykarypdyr, arap we pars dilleri bilen içgin gyzyklanypdyr. Emma beýik şahyr şygyrýeti ähli senetlerden öňde goýupdyr. Çünki şahyrçylyk oňa Alla tarapyn berlipdir. Özüniň ilkinji gazallaryny ol on ýaşynda ýazyp başlapdyr. Beýik şahyr ýyl geçdiksaýyn kämilleşipdir. Ajaýyp söz ussatlarynyň köplüginde, ony tümlügi ýagtyldýan şeme meňzedipdirler. Emma kämil çykansoň ol, ähli «şemlerden» saýlanan, älem-jahan serweri - Güne öwrülipdir. Galyp urdu dilindäki diwanyny 19 ýaşynda ýazypdyr. Dostlarynyň we çeper döredijiligiň hak aşyklary bolan belli begzadalaryň goldaw bermeginde, ony 1841-nji ýylda neşir etmek başardypdyr. Galybyň iki müňdenem gowrak bendi öz içine alýan urdu dilinde ýazylan diwanlary şahyr şindi diri wagty we aradan çykandan soň ýüzden hem köp gezek neşir edilipdir. Bu bolsa Hindistanda, Päkistanda we Bangladeşde şahyryň döredijiligine uly sarpa goýulýanlygyndan nyşandyr. Mürze Galyp Hindistanyň we Päkistanyň urdu edebiýatlarynyň taryhynda uly yz galdyran asly merwli Muhammet Awfy (1177-1242), Emir Hysrow Dehlewi Türkmen (1253-1325), Muhammetguly Kutubşa Türkmen, Ywraýym Adylşa Türkmen (XVI-XVII), Abdylkadyr Bedil (1644-1720), Aly han Arzuw (1689-1756), Şerefeddin Mazmun (1747-nji ýylda aradan çykan), Weli Muhammet Aurangabady (1667-1741), Mir Taky Mir (1722-1810), Mir Dert (1721-1784), Mürze Söwda (1713-1781), Nezir Ekberabady (1740-1830) ýaly läheňleriň yzyna eýeripdir we olaryň ajaýyp işlerini dowam etdiripdir. Galyp aýratyn hem Bedil bilen Neziriň döredijiligine uly sarpa goýupdyr. Baý durmuşda ýaşamasa-da, Galyp döwürdeşleriniň arasynda uly abraý-hormatdan peýdalanypdyr. Adygan şahyryň dabarasy Beýik Mogollaryň köşgüne-de ýetipdir. Tiz wagtdan Galyp mirasdüşer şazadanyň halypasyna öwrülipdir, 1854-nji ýylda Zouk ölenden soň bolsa, Bahadur şanyň (1837-1857) köşk şahyrynyň wezipesini eýeläpdir. Bahadur şa oňa «Nejim ud-Döwle» («Hökümdarlygyň ýyldyzy»), «Debir ul-Mülk» («Ýurt ýazary») we «Nyzam-jeň» («Baş serkerde») derejelerini beripdir. Hökümet adamlary asylzada kowmuň ogly bolan Galyba ýüzlenenlerinde onuň adyny «Han-sahyp» («Hojaýyn-han») diýip tutýardylar. Şeýdip, onuň köşkdäki abraýy artypdyr, şol bir wagtyň özünde bolsa girdejisi hem gowylaşypdyr. Emma 1857-nji ýylda Hindistanda iňlis agalygyna garşy iki ýyllap dowam eden ägirt uly halk gozgalaňy turýar. Gozgalaňy hindi jemgyýetiniň giň gatlaklary goldapdyr. Mogol patyşasy Bahadur şa, köşk adamlarynyň aglaba köpçüligi gozgalaňçylara duýgydaşlyk bildiripdirler, olary her hili ýollar bilen goldapdyrlar. Gozgalaň netijesinde «iňlis agalygy synar, Hindistanda mogol nesliniň häkimiýeti gaýtadan dikeldiler» diýip umyt edýärdiler. Emma iňlisler Hindistanyň taryhynda «Sypahylaryň gozgalaňy» ady bilen tanalýan bu hereketi basyp ýatyrdylar we gozgalaňçylardan rehimsiz öç aldylar. Bu wakalarda aýratyn hem hindi musulmanlary uly ýitgilere sezewar bolupdyrlar. Gozgalaňçylary goldandygy üçin Angliýanyň hökümeti Beýik Mogollaryň nesilşalygyny (1526-1857) ýatyrýar, iň soňky hökümdar Bahadur şa bolsa Birma (häzirki Miýanma döwleti) sürgün edilip, ol 1868-nji ýylda paýtagt şaher Rangunda (häzirki Ýangon) aradan çykýar. Gozgalaňlaryň basylyp ýatyrylýan döwründe Galyp ähli emäginden mahrum bolupdyr. Ýöne, çykgynsyz güne sataşan şahyra Rampur begliginiň nawaby (hökümdary) Kalp Aly han hossar çykypdyr. 1859-njy ýyldan başlap, Delide ýaşamagyny dowam etdirmek bilen, Galyp galan ömrüni Rampur köşgi bilen baglapdyr. Bu ýerde şahyra tä aradan çykýança aýda ýüz rupiýa napaga belläpdirler we Delä iberip durupdyrlar. Şahyra dostlary, şägirtleri, okuwçylary hem yzygiderli ýardam edýärdiler. XIX asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap Galybyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp başlaýar. Şygyrýete bolan höwes gaçyp, ömrüni ruhubelentlikde geçiren şahyr ýalňyzlyga ýüz urup ugraýar. Galyp ömrüniň soňky iki ýylyny ýorgan-düşekde, agyr syrkawlykda geçirýär. Onuň bar güýmenjesi dostlaryndan, şägirtlerinden gelýän hatlar we olaryň gazallaryna düzediş girizmeklik bolupdyr. Beýik söz ussady Mürze Hoja Esadulla han Galyp 1869-njy ýylyň 15-nji fewralynda Delide aradan çykýar. Ony sünni däpleri boýunça jaýlapdyrlar.Ýöne, şahyryň şindi diri wagty göz öňüne getirişi ýaly, onuň tabydynyň başynda merhumy ňähili jaýlamalydygy barada «molla bilen brahmanyň», şaýy bilen sünniniň arasynda jedel ýüze çykypdyr. Çünki beýik şahyry dinine, diline garamazdan bütin hindi halky ony öz ogly hasap edipdir. Şaýylar hem ony öz mezhepleriniň adamy hasap edýärdiler, şonuň üçin hem şahyryň şaýy däpleri boýunça jaýlanylmagyny isleýärdiler. Özüni sünni mezhebine uýan hakyky musulman bendesi diýip hasap etse-de, Galyp üçin adamlaryň haýsy dine degişlidikleri möhüm bolmandyr. Onuň dostlarynyň arasynda şaýylar, induslar, hatda isaýylar hem bar eken. Adama bolan söýgüni we raýdaşlygy ol iň uly din hasap edipdir. «Men her bir adamy görenimde, ol musulmanmy, indusmy ýa-da isaýymy, tapawudy ýok, oňa söýgi bilen bakýaryn. Kim näme diýse-de, olar meniň doganlarym» diýip, Galyp dostlaryna ýazan hatlarynyň birinde belläpdir. Hindistanda türkmenleriň we beýleki musulman halklaryň bahar baýramy bolan Nowruz hem-de induslaryň Holi baýramy ýyl hasaby boýunça bile gelýäler. Bu baýramçylyklar musulmanlar hem-de induslar tarapyndan bilelikde bellenilip geçilýärdi. Şonuň üçin hem Galyp ýaly şahyrlar dinine, milletine garamazdan, şol baýramçylyklary öz işlerinde wasp edýärdiler. Üstesine-de, Deliniň hem Agranyň hem ýaşaýjylarynyň köpüsi Mürze Galybyň ata-babalary ýaly, esasan Merkezi Aziýadan, Osmanly döwletinden, Eýrandan we Owganystandan göçüp gelen türkmen we türki asylly şeýle hem beýleki musulman halklaryndan bolan ilatdy. Milli baýramçylyklaryň şeýdip bilelikde geçirilmegi halklary ysnaşdyrýardy. Galypda dünýewilik güýçli bolupdyr. Sypahylaryň gozgalaňynyň basylyp ýatyrylýan döwründe, güman edilýän adamlaryň hemmesinden, şol sanda Galypdan hem sorag edilipdir. Sorag edilýän wagty iňlis polkownigi Braun ondan musulmandygyny ýa-da däldigini sorapdyr. Galyp oňa «ýarym» diýip jogap beripdir. «O nähili beýle bolýar?» - diýip Braun geň galypdyr. Galyp: «Ol şeýle, şerap içýän, ýöne doňuz etini iýemok» diýip, polkownigiň özüne, onuň musulmanlaryň haram diýip hasaplaýan malynyň etini iýýändigini ýaňzytmak üçin içýakgyç jogap beripdir. Ýaşap geçen manyly ömründe beýik şahyr urdu hem-de pars dillerinde köpsanly eserleri döredipdir. Olardan dürli ýyllarda ýazylan «Ud-i hindi» («Hindistanyň hoşboý ysly pudaklary»), «Urdu-i mualla» («Belent urdu»), «Panç ahaň» («Bäş äheň») ýaly hatlar ýygyndysy, «Dastanbu» («Güldesse») gündeligi, «Mähr-i Nimruz», «Külliýet» («Ýygyndy»), «Meýhane-i arzu. Saranjam» («Arzuwlar meýhanasy. Serenjam»), «Muganny-nama» («Aýdymçy hakynda hekaýat»), «Diwan-e Galib» («Galybyň Diwany») ýygyndylary we beýlekiler dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna hemişelik giren eserlerdir.Ýeri gelende aýtsak, «Söweşler Deli, Türkmen we Ajmir derwezeleriniň ýanynda dowam edýärdi» diýip ýazmak bilen, Galyp «Güldessede» Delidäki meşhur «Türkmen derwezesiniň» adyny hem agzap geçýär. Galyp öz şygyrýetiniň ýer ýüzünde yz galdyrjakdygy baradaky umytlar bilen ýaşapdyr. - Eý Galyp, teşneligiň derýasyna gark bolduň. Kenarda galdy yzyň ýitmez nagyş-görk bolduň. Şahyryň bu bendinde onuň bütin ömür ýoly görünýär. Ol öz-özüne «Eý Galyp, bu dünýäde gezende bolup ýaşadyň. Hydyr gören çöllerde gezip, teşnelikden ejir çekdiň, ýadadyň. Wagt geldi – indi seniň öňüňde arzuwly derýanyň kenary peýda boldy. Teşneligiňi gandyrmak üçin sen özüňi suwa urduň, emma gark bolduň. Ýöne, ömür boýy gerdeniňde göterip gezen ýüküň - çeken zähmetiň netijesi - kenarda galdy» diýip aýdýar. Şonuň üçin hem ahyrýet barada ýazanda Galyp «gäminiň gark bolany bilen, deňziň ýitirýän zady ýok» diýip öz-özüni köşeşdirýär. Galyp hakynda ilkinjileriň hatarynda uly hormat bilen aýdan we onuň döredijiligine ýokary baha beren adamlaryň biri onuň dosty – belli şahyr, ýazyjy we tankytçy Mustapa han Şeýifte (1802-1869) bolupdyr. Urdu dilinde şygyr ýazan şahyrlar hakynda döreden kitabynda, ol dosty Galyp barada şeýle belent sözleri aýdýar:«Galyp – tahallus. Onuň hakyky ady – Esadulla han. Ol – pikirler çemenliginiň depesinde gaýyp ýören uçar guşdur hem-de bägüller bagynyň şirin owazly bilbilidir. Sen bu gün ajaýyp harydyň gözleginde entäp ýören bolsaň, ony Galybyň dükanyndan başga ýerden tapmarsyň». Şeýifte söýgüli dostunyň döredijiligini şahyrana sözleriň satylýan dükanyna meňzedýär. Urdu dilinde ajaýyp eserleri döreden Altaf Hüseyin Haly (1837-1914) Mürze Galybyň iň söýgüli we zehinli şägirdi bolupdyr. Halypasyna bagyşlap ýazan «Galyba ýadygärlik» («Yadgar-e Galib») eserinde Haly («Haly» - Altaf Hüseýiniň edebi tahallusy bolup, onuň türkmen dilindäki manysy hem şeýledir – «haly», «ýagdaýy») halypasynyň hindi edebiýatynyň taryhyndaky ornuny we ähmiýetini bellemek bilen: «Galybyň köpgyraňly zehinini göz öňüne tutup, şu günki gün Emir Hysrow Dehlewiden - Galyba çenli, hindi topragynda hiç kim dünýä inmändir diýip gypynç etmän aýtsa bolar» diýip ýazypdyr. Haly öz halypasynyň ölümini hasrat bilen kabul edipdir we ony hindi edebiýaty üçin uly ýitgi hasaplapdyr. - Öldi Hindistan bilbili! Her tarapdan ajaýypdy. Parasatly, başarjaňdy, Göwünlere nur çaýypdy. Ylym-bilime teşneleri,. Ol özüne dost saýypdy. Aglaýar ýakyn-u-ýatlar- Ol bir şypaly sährady. Guwanjymyz elden alyp, Öçdi döwrüň şöhraty. Dostlarynyň agyr ýükün çekipdi ol her demde, Indi dostlary ony alyp barýar gerdende. Haly Galybyň Hindistanyň urdu we parsy edebiýatlaryndaky döredijiligini iki eýýama degişli edende mamlady. Sebäbi onda täzelenýän zamananyň güýçli nusgawylygy bardy. Haly ussady Galybyň kämil şygyrýetinde täzäni öňünden syzjak bolmak höwesiniň, täze ynançlara we dünýägaraýyşlara ymtylmak islegleriniň duýulýandygyny belleýär. Emma şahyryň döredijiliginde doly ýüze çykyp bilmedik täzeçillik alamatlary, edebiýatçy alymlaryň belleýşi ýaly, şägirdi Halynyň we beýik şahyr Muhammet Ykbalyň döredijiliginde doly suratda ýüze çykypdyr. Doktor Abdyl Hak «Eger-de Galyp bolmadyk bolsa, onda Haly bilen Ykbalam bolmazdy» diýip inçelik bilen belläpdir. Galyp durmuşdan, adamlaryň ýowuzlygyndan kän jebir çekipdir. Emma şahyr goşgularynda ykbalyň ähli urgylaryna, durmuşyň gezekli-gezegine aýlanyp duran şatlykly hem-de hasratly günlerini adaty bolşy ýaly garşylamagy maslahat berýär. Adama arzuw edýän ähli zatlaryna ýetmek başartmaýar. Şonuň üçin hem Galyp durmyşy bolşy ýaly kabul etmeli, ondan şatlanmagy öwrenmeli diýip aýdýar. Galyp köne hem-de täze eýýamlaryň arasyny bölýän XIX asyrda ýaşap geçen, dünýäniň häzirki zaman şygyrýet sungatynyň mäkäm esasyny goýan ajaýyp şahyrlarynyň toparyna degişli. Galyp iki eýýamyň aralygynda – könäniň ýykylýan, täzäniň hem ýaňy aýaga galyp başlan döwründe ýaşap geçipdir. Şahyr özüniň ylahy zehininiň gudraty bilen düýni şu gün bilen, könäni täze bilen birleşdiripdir, ol doňup galan edebi ülňüleri janlandyrypdyr hem-de gönezligi müňýyllyklardan gelýän şygyrýet mirasynyň üstüni üýtgeşik düşünjeler bilen doldurypdyr. Aly Ahmet Surur ol barada şeýle ýazypdyr: «Galyp – ol ajaýyp adam, wepaly dost, ýagtylyk hem ýylylyk saçýan çyra. Galyp – urdu edebiýatynyň guwanjy, urdu edebiýaty bolsa – Hindistanyň sungat hazynasynyň üýtgeşik bir göwheri». Galyp Delide jaýy kireýine alyp ýaşapdyr. Ol ömrüniň ahyryna çenli hususy jaý edinmändir. Onuň kireýine alyp ýaşan öýi, Deliniň Billimaran köçesiniň ugrundaky Çandni Çouk mähellesindäki, Fatyhpur metjidiniň ýanyndaky Kasym Jan ötüginde ýerleşipdir. Gynansagam, bu ýerdäki öýler biziň günlerimize çenli saklanyp galmandyr. Emma oňa derek Galybyň ýaşan ýerinden uzak bolmadyk Besti Nyzameddin mähellesinde häzir «Galybyň Akademiýasynyň» haýbatly binasy ýerleşýär. Bu edara şahsy gurama bolup, ol «Hamderd» derman firmasynyň serişdelerine gurlupdyr. Galybyň Akademiýasynda kitaphana, beýik şahyryň muzeýi we ýygnaklar hem-de şüweleňler üçin mejlisler otagy ýerleşýär. Akademiýanyň jaýynyň ýokarky gatynda Hindistanda heniz hem uly islegden peýdalanýan hatdatlyk sungatynyň mekdebi ýerleşýär. Aslyýetinde, Delide Galybyň iki sany muzeýi bar. Muzeýleriň ikinjisi «Galypşynaslyk Institutynda» ýerleşýär. Bu institut Hindistanyň hökümeti tarapyndan esaslandyrylyp, ol döwlet edarasy hasap edilýär. Institutyň açylyşyna Hindistanyň şol wagtky hökümet başlygy Indira Gandiniň (1917-1984) hut özi gatnaşyp, onuň işine ak pata beripdir. Galyba bagyşlanan muzeýleriň ikisinde-de onuň ýaşan döwrüne degişli dürli resminamalar, hojalykda ulanylan esbaplar we geýim-gejimler, şahyryň portretleri we suratlary, onuň golýazmalarynyň nusgalary, şanly seneler we baýramçylyklar bilen baglanşykly bolan şekilleriň, suratlaryň göçürmeleri goýlupdyr. Muzeýleriň birinde aýnadan edilen nepis sandygyň içinde Galybyň we Umrawy Begimiň örboýuna duran şekilleri ýerleşdirilipdir. Beýleki muzeýde goýulan miniýatýuralaryň birinde, Galybyň üsti ýapyk şasupa sekiniň üstünde dynç alyp oturan şekili ýerleşdirilipdir. Şasupanyň birýan gapdalynda beýik şahyryň şahyrana joşgunyndan dörän hyyaly söýgüsiniň miweleri bolan Mogol Jan bilen Çandhwiniň («Ondördi gijäniň aýy») näzli bakyşly kespleri şekillendirilipdir. 1969-njy ýylda dünýäniň köp ýurtlarynda Mürze Galybyň aradan çykanynyň 100 ýyllagy, 1997-nji ýylda bolsa, doglan gününiň 200 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçildi. Bu şanly sene aýratyn hem Hindistan bilen Päkistanda giňden bellenilipdir. 1969-njy ýylda Delide Galybyň Akademiýasy hem-de Galypşynaslyk Instituty açyldy. Şol ýyl beýik şahyryň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp halkara ylmy-amaly maslahaty hem geçirildi. Mürze Galybyň eserleri urdu, hindi, pars, şeýle hem Hindistanyň köpsanly ýerli dillerinden başga-da, iňlis, italýan, rus, özbek we täjik dillerinde-de ençeme ýola neşir edildi. Beýik şahyr hakyndaky söhbetden mälim bolşy ýaly, Mürze Galyp Hindistanyň taryhynda, onuň şygyrýet dünýäsinde öçmejek yz galdyrypdyr. Onuň özi ýaly meşhur döwürdeşleri, soňky ýüz ýyllygyň ussatlary Mürze Galyp barada çuňňur ýürekden iň ýakymly sözleri aýdypdyrlar. Geliň, olaryň käbirlerini diňläp göreliň. Galybyň ýakyn dostlarynyň biri, Hindistanda häzirki zaman musulman magaryfçylygynyň düýbüni tutan ser Seýit Ahmet han: «Men Galybyň bir sözi giden bir kitapdan zyýat, onuň bir güli giden bir gülüstandan zyýat diýip hasap edýärin». XX asyryň belli hindi edebiýatçysy Mälik Ram: «Urdu edebiýatynda Galyp tarapyndan başlanan täzeçillik hereketini Azat bilen Haly dowam etdirdi, Ykbal bolsa ony iň ýokary derejä ýetirdi. Eger-de, hindi edebiýaty dünýäniň beýleki ösen edebiýatlarynyň derejesine ýeten bolsa, onda bu işde Galybyň uly hyzmaty bardyr». Hindi tankytçysy Arş Malsiýany: «Galyp urdu şygyrýetinde pelsepewi we syýasy pikirleriň janlanmagyna güýç berdi. XX asyryň köp şahyrlary özlerinde Galybyň täsirini duýýarlardylar. Ykbal bilen Joş onuň şygyrýet bagynyň güllerini çöplediler. Galyp urdu şygyrýetine täze äheň berdi, ony täze reňke boýady». Duşurmady ykbal bizi wysal deý dolup gursaga, Ýöne näçe ýaşasam-da, garaşaryn şol pursata. * * * Maslahatça öwrülen dostlar, haýyr berdimi?!, Diňe çyn, hakyky dost paýlaşýandyr derdiňi. * * * Kime aýdaýyn arzymy, gamdan köňül eýwanym, Gör-le, meniň ýolumy unudypdyr peýmanym. * * * Meger, bu durmuşa dolardy bagt, Ýatlap dursak bir-biregi her wagt. * * * Iňlär çol içinde ýalňyz pikir-oý, Sen ýadyma düşýäň, «jagyl-jugul» öý! * * * Eý Hudaý! Öýümde eziz gonaklar, Gör, külbäme döwlet guşy gonupdyr. * * * Göz degmesin birden bu gözellige, Ýaramlydyr ýürek her görenlere. * * * Kime ýaýsaň saçlaryň – çykdygydyr bijeleň, Şonuňkydyr ukyň, aklyň hemem süýji gijeleň. * * * Başýar gamy endigim, ýokdur maňa gagşamak, Başdan kyn ejir geçdi, indi ýeňil ýaşamak. * * * Eý taňrym! Boşlugy edewer doly, Orma gylyçsyz jeň kylnyşy ýaly. * * * Duşuşykda kynçylyk bolsa, synçylyk ýok, Ýöne yşkyň ýolunda nätjek şol kynçylyk ýok. * * * Ýaşaýyş hemem hasrat ýetikdir, däldir kemden, Adam soňky demi bilen dynyp bilýändir gamdan. * * * Eý, Galyp! Hasratdan soň, ýörüs şatlygy söýüp, Şonuň üçin giň göwün biz, uýýas «Hudaý bar diýip». * * * «Galyp kim?» diýseler, eýleýip togap, Oňa dostlam berer täk, dogry jogap. * * * Goldan gurbat, gitse-de, gözde uçgunyň şany, Maňa ylham bada bilen goýuň yşkly golçany. * * * Arşdaky behişdiň keşbi sada gözlerden ýitýär, Ýöne täsin ýylky köňül törüne ýetýär. * * * Müňlerçe arzuw-isleg bar, jandan eziz her biri, Köpüsini görsem-de, tutmandyryn ileri. * * * Söýmese, söymesin gözel. Begen onuň barlygna. Seýkin basyş, owsun atyş, garahal jemalyn wasp et! Tiz geçse, geçsin bu ýazlar, begen onuň barlygna, Onuň sergin baglarny, mylaýym şemalyn wasp et! * * * Hindi alymy Abdyrahman Bijnury 1958-nji ýylda şeýle ýazypdyr «Hindistanyň ruhubelentlik kitaplary iki – biri keramatly Wedalar, beýlekisem Galybyň Diwany». Hindistanyň ruhubelentlik kitabyny döreden beýik türkmen şahyry Mürze Galyp hakykatdan hem şeýle ynsan bolupdyr. Ruhubelent şahyr ýazypdyr: - Her pursatda, her bir çakda, Aýdym aýtdym durmuş hakda. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |