12:17 Ysnyşan dostlar / hekaýa | |
YSNYŞAN DOSTLAR
Hekaýalar
“Sygyryňyz guzlady!” - diýen, hoş habara Begenç indi birnäçe gün bäri bindiwan bolup garaşýardy. Buşlukça söýünjini gowşuryp, ol ertesi gün heniz daň saz bermänkä öri meýdanyna tarap ýola düşdi. Iri mallaryň bakylýan ýaýlasyna barmak üçin ýylgynly oýtagyň öwrümli ýolundan aýlanyp geçmelidi. Dikan günorta tarapdan seredeniňde ol ýerden oba ertiriň dury howasynda has owadan bolup görünýärdi. Otlag meýdanyndaky mallaryň alada-ünjüsiz otlaşyp ýörenleride, gök otdan zerrin doýup äwmezlik blen gäwüş çalyp, güneşe meýmiräp ýatanlary-da bardy. Begenjiň göleli sygyryny padyman otluk ýerde gazyga baglap goýan ekeni Ala sygyr eýesini görende ekezlenip, ýogyn sesi bilen molap garşy aldy. Ileri tarapda otlap ýören çopanyň alaşasy hem ýekesireýän ýaly uzyn kişňedi. Baýyrlygy yzarlap öwüsýän mylaýym şemal bahar otlarynyň ýakymly ysyny getirýärdi. Şunuň ýaly şypaly howa ähli derdiň dermanydy. Begenç biraz garaşansoň çopan hem ala köpegi bilen tirkeşip geldi. Häzir göleli sygyry tanaplap, idip gaýdanyňdan peýwagtyna kowup gaýtmak ýeňil düşjekdi. Begenç şeýle hem etdi. Ýöne gölejik ýolboýy oňa hupbat baryny ýuwutdyrdy. Ol biraz ýöräp bahana arap ýatjak bolýardy. Mal eýesi ony öz erkine goýbermesede ýoluň bir bölegini gujagynda göterip geçmeli boldy. *** - Bu bir bol süýtli sygyrlaryň tohumyndandyr--diýip, Garýagdy aga öten ýyl obadaşyna satan malynyň waspyny ýetirýär: -- Ata-babalarymyz: “Mal eýesiniň gözünden suw içermiş” diýipdirler. Şol sebäpli malyňy ynjytmajak, horlamajak, halal kişä satmaly. Ýogsam janawar: “Köp ýagşy hyzmatlary etsem-de, eýäm täleýimi betnam müşderä ynandy” diýip, ondan nägile bolarmyş. Il-günüň ýagşysyna ýarap ýören, Begenç galjaň, dogumly we ilgezekli adam. Sygyryň şahyna urup, endamyny syzlatjak, oňa azap—ezýet berjek adamlaryň hilinden däl. Söwdalaşan malymyň hak eýesine gowuşandygyna çyn ýürekden begenýärin —diýip, ol söhbetdeşlerine häli-şindi keýpihonlyk bilen gürrüň berýär. *** Mellekdäki gök otlary çokjalatmak üçin erkinlige göýberilýän towuklar ketege haçan dolanmalydygyny beýleki öý guşlaryna garanyňda gowy bilýärler. Ýazda we güýzde towuklaryň käbiri ýumurtga guzlamakdan galýarda jüýje çykarmagyň aladasy bilen bolýar. Şol tebigy tertip-düzgün bolsa olary howp-hatalardan goraýar. ...Ir säherden towuk keteginiň gapysynyň açylmagyna mähetdel, gyzylymtyl-goňur reňk mäkiýan ganatlaryny galgadyp mellekde biraz gök otlary çokjalap, toprak dörjeläp bir ýerlere ýitrim bolýar. Hürri towugyň hokgasyndan öý bikesiniň habary bar, ýöne onuň anygyna ýetip bilenok. Bahargül gelneje baýak ähli işlerini goýup, ony yzarlady. Şonda owadandan-owadan käkelän towuk ýene-de eýesiniň gözüne çöp atmagy başardy. Häzir Bahargül gelneje ýadaw, ynjadylan ýaly görünýärdi: - Ýzyňda kaňkap ýörer ýaly bikär adam ýok. Besdir indi, duýmadym, ahmyrly boldum diýmegin, mekirje towuk, myhman gelen güni çoýun gazana girersiň —diýip, çyny bilen käýindi. Bu gün öýlän mäkiýan ketege kömür reňke boýalyp geldi. Şonda, öý guşlary “keseki” towukdan gaty ürküp, zenzele turuzdylar. Jüýjelikden saýlanan, gyzyl kekeç ,ýaňy nazym bilen säheri buşlaýan çal horazjyklaryň ikisi “ del” myhmandan gaty gorkan bolarly, daňa çenli towuk gonalgasynyň çür depesinden aşak düşmediler. Eger şu waka bolmadyk bolsa , hürrüniň syry belki heniz hem açylmazdy. ... Gün guşluk galanda sygyr ýatakdan elindäki kiçiräk jamy ýumurtgalardan dolduryp çykan Bahargül gelnejäniňde, agtygynyňda keýpi çagdy. Häzir onuň ownuk güllije ýaşyl köýnegi, ýukajyk ýüpek ýaglygy ony has mähirli görkezýän ýalydy. * * * --Heýjanelek, kakam sygyrymyzy, gölejigi bilen getirdi!- diýip, ikindinara Begenjiň çagalary bökjeleşip garşyladylar. Ala sygyr döläniň öňündäki şyhmütüre, gölesi bassyrmanyň aşagyndaky gazyga baglandy. Örüden gelende we ertirki-agşamky sagym wagtynda ala sygyr ýogyn sesi bilen molap gölesine, ol hem enesine ýetmäge gyssanýar. Sygyr öňünde goýulan tirte açgözlik bilen agyz ursa-da ullakan gözleri bilen töwerek-daşyna nebsewirlik bilen ser salýar. Möleje gözlerini tegeleýän gölejik bolsa garnyny doýurdygy, iki ýana ýüwürip başlaýar. Onuň bu oýun, tomaşasy goňşusyny ynjylykdan gaçyrýar. Bu gün mor towugyň sabyr käsesi püre-pür boldy. Ol ýeleklerini hüjjerdip göläni şeýle bir çokup awundyrdy welin, şol pursatdan bäri goňşularyň arasyna tow düşdi. *** Gaçyp guzlaýan towugyň syry aýan bolansoň, Bahargül gelneje onuň ýumurtgalaryny hepde-de bir sapar ýygnaýar. Bu gün Bahargül gelneje agtygy bilen bu ýere gelende mäkiýan olary zenzele-goh bilen garşy aldy. Şonda öý bikesi agtygynyň elinden mäkäm tutup tiz daş çykdy. Häzir öý bikesi garaşylmadyk wakanyň täsirinden boşap, özüni rastlamaga, daşyndakylara biperwaý garamaga çalyşýardy. Ol kepbä girip-çykanda onuň bir elinde suwly jam, beýleki elinde bir gysym däne bardy. Bahargül gelneje elindäkileri towugyň öňüne süýşürdi. Mäkiýan öý bikesiniň hereketlerine hüşgärlik bilen yzarlasada oňa garşylyk görkezmedi. *** Mallaryň ertirki sagym wagtynda, kürk towugyň iýmini-suwuny täzelemek Bahargül gelneje we agtygy üçin adata öwrüldi. Bu gün irden olar ýene-de bir gyzykly wakanyň şaýady boldular. Bassyrmanyň aşagynda irkiljiräp ýatan gölejigiň arkasynda mor mäkiýan ykjam ornaşypdy. Onuň selçeňleşen ýelekli ganatlarynyň aşagyndan saryja jüýjeler görünýärdiler. Häzir ukudan açylmadyk gözjagazlaryny owkalaýan Myratjyk geň galyjylyk bilen degresine garanjaklaýan enaýyja jüýjejikleri sanajak bolup başynagaýdy Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |