15:24 Ysnyşyk / hekaýa | |
YSNYŞYK
Hekaýalar
...Bugra bilen arwanadan bolan bu köşegi kakasy nowbahar ogly Nazartagana adyny tutup inji beripdi. Ondan bäri aýlar aýlanyp ýyllar geçdi. Maýanyň nesili urbap, olar hem birnäçe baş boldy. Düýedarçylyk bilen meşgullanýan çarwalarlar mallary tohum aýtatynlyklaryna görä häsiýetlendirip olaryň ýuwaşy arwana, özdiýenlisi kärderi, eýesine wepalysy maýa diýip hasaplaýarlar. Ata-babalarymyz düýe malyny dünýe malyna deňäp oňa döwletliligiň alamaty hökmünde garapdyrlar. Düýäniň süýdi, aýrany, ýüňi ýerlikli ulananda köp kesellere em bolýar. Düýeler ýylyň ähli paslynda urbap bilýärler. Ýöne köşek ýazda dünýä inende düýedarlar onuň sagdyn, köp kesellere garşy durnukly bolýandygyny nygtaýarlar. Aňzakly ýyllaryň birinde maýanyň emjegini sowuk aldy. Şonuň üçin ony çekeläp sagmaly bolýardy. Nazartagan aganyň maýasynyň ýene-de bir täsin häsiýeti- süýdi kemelip sagym döwri tamamlananda ýatagyna gün aşyryp gelerdi. Soň düzde çöküp torumy bilen çole giderdi. Örüsi şol bir ýerdi. Botlamaly wagty ýetende maýa oba gelerdi. Indi köp ýyllardan bäri dowam edýän bu häsiýet maýa üçin kada, adata öwrülipdi. Ýöne bu ýyl bolsa gara bermedi.Bu ýagdaý Nazartagan agany endişä goýdy. Oba adamlary Nazartagan aganyň maýasyny alyk-tagmasyny görmeseler-de tanardylar.Sebäbi sebitde maýa tohumly,ak reňkli düýe saklaýan ýok diýen ýalydy. Maýanyň boýunyndaky, baldyrlaryndaky ösgün tüýleri ony haýbatly görkezip, oňa özboluşly, gelşikli görk berýärdi. Köşeklemeli wagty ýetip gelse-de maýa ýatagynda gara bermedi. Alada galan Nazartagan aga baharyň şol şypaly günleriniň birinde düýäniň bolajak örilerine aýlandy. Ýazlaga çykan çarwalardan ideýän ýitigini sorady. Makul jogap alyp bilmänsoň göwnüçökgin halda oba dolandy. ... Burgun obasynyň golaýyndaky örileriň birinde ak maýany körpe köşekli görendikleri baradaky hoş habar düýedaryň ýüzyne nur çaýdy.Ol wagtyny ýitirmäni düýäni getirmegiň aladasy bilen boldy.Derwaýys awtoulag tapansoň Nazartagan aga döwtalap ýola düşdi. Etrapdan Burgun obasyna çenli aralykda alaňlar, gum depeleri, şorluklar bar. Onsoň daş-töweregi tebigy päsgelçilikler bilen gurşalan oba barmak hupbat görkezýär. Ýoluň ugrunda süýji suwly guýy bolmansoň bu ýoldan gitmek hatarly görünýär. Ýöne töwekgellige baş urýan adam seýrek bolsa-da tapylýar. Zerurlyk ýüze çykanda bu ýoly maldarlar kuwwatly ýük awtoulagy bilen külterleýärler. Şonda etmeli menzile bolan aralyk ep-esli kemelýär.. Düýeler golaý-goltumlarday örilerde botlanda olar galaba idilip alnyp gaýdylýar. Sebäbi düýedir-köşek awtoulaga ýüklenende köplenç olarya ýara düşýär. Düýäniň gabanyp köşegini heläkleýän pursatynyň bolýandygyny maldarlar gürrüň berýärler. Çakylykçydan salgy alnansoň maýany örüden uzak gözlemeli bolmady.Ol oýda,taşa bir ýerde gäwüş çalyp körpeje köşegini emdirip durdy. Nazartagan aganyň awtoulagyň kabinasyndan düşmegine mähetdel maýa hossaryna tarap alňasady. Ol gele-gelmäne eýesiniň üst-başyny, ellerini ysgaşdyryp gördi. Janawaryň hereketlerinde eýesine bolan mähir-muhabbet duýulýardy. Eýesi bir döwüm çörek bilen hezzetlände maýanyň göwni aram tapdy. Nazartagan aga maýany awtoulagly alyp gaýtmak pikirindedi. Ýöne körpe köşegi görende bu pikirinden ymykly ýüz öwürmäge mejbur boldy. Ol düýäni çökerip howudyny saldy. Ýolda gerek boljak ýüklerini maýanyň üstüne urdy.Sürüjä ak ýol arzuwlap tizden özi hem ýola rowana boldy. Bahar pasly dowam edýärdi. Howa çigrekdi.Günüň çogy topragy ýeterlik derejede ýylydyp bilmänsoň gyrtyçdyr-ýylaklar heniz boý alyp bilmändiler. Mallar gumda bitýän gaty baldakly ösümlikleriň guran pürlerinden garbanyp oňňut etmeli bolýardylar. Ideg ýüpünden tutulansoň maýa eýesiniň emrine tabyn boldy. Köşek körpe bolansoň ebeteýini tapsa çökýärdi. Şeýle ýagdaýda ýol aşmak kyn we ejirli bolýar. Düýedara ýyldyzlardan ugur alyp, ýoly gije ýüremekden başga çäre galmady. Asmanyň ýüzüni gyssanmaçlyk bilen göç edýän gara bulutlar perdeledi. Olaryň arasyndan käte aý, käte bolsa öçügsi ýyldyzlar jyklaşýardylar. Tozan gatyşykly ýeliň ahyry gaý- tupana öwrülip harasat gopdy. Asman bilen zemin darkaş urýana meňzedi. Şeýle ýagdaýda düýäni çökerip howudyň aşagyndaky halygyň teýinde gizlenmek adamy köp beladan goraýar. Nazartagan aga bir wagtlar kakasynyň öwreden şol usuly gerek boldy. Köşegi-de halygyň teýinde gizledi. Ýagyş çisňäp kiparlajaga çalym etsede soňabaka bedreden guýulýana meňzedi.Biraz salymdan düýnä dar görünen mysaly Nazartagan ornundan çykyp süllümbaý ezildi.Titreýän elleri bilen o agaçlaryň töňňürtgelerini üýşipip ot ýakyndy.Ol öl bolan eşiklerini odyň howruna guradýarka ýagyş diňipdi.. Nazartagan aga özüniň sowuklandygyny ýolda bilip galdy. Onuň bedeni titräp,sesi üýtgäpdi. Dodaklary gurap gözleriniň öňi uçganaklap başlady. Soňabaka haýsy ugra barýandygyny hem kesgitläp bilmedi. Onuň göwnüne maýa ters ugur boýunça barýan ýalydy. “Jüre getirmiş, seniňki näme diýsene?” diýip käýindi. Elindäki çig hamdan ürülen toýrusy bilen maýanyň saýgylap goýberdi. Gamçynyň awusyna janawar bagyryp tasdanam ideg ýüpüni epeneginden sypdyrypdy. Şumlugyň ýoldaşly bolýandygyna Nazartagan aga şol gün anyk göz ýetirdi. “Durna, durnaň üstüne urna” diýenleri ýaly işi asla ugrugyp gitmedi.Suw içmek üçin geçi derisinden eýlenmän edilen tulumy howutdan düşürdi. Suwsuzlygyny gandyrsada ysgynsyz elleri meşigiň bojagyny daňmakdan ejiz geldi.Göz açyp-ýumasy salymda içimlik agyz suwy gumda şekil goýup siňip gitdi. Indi dört gün geçipdi. Nazartagandan hiç-hili habar-hatyr ýokdy. Hossarlarydyr oba adamlary howsala düşüp başladylar. Geläýjek ýoluny çaklap garaşsalarda habar-hatyr alyp bilmediler. Gijara ýatagyna gelen maýa argyn göründi... Howudyň üstündäki adam dünýeden bihabardy. Suwsuzlyk, ýadawlyk düýedary ysgyn- mydardan gaçyryp agyr hala düşüripdi. Dört-bäş gün dem-dynjyny,däri-dermanlaryny alansoň Nazartagan aga kaddyna gelip başlady.. Başyndan geçiren wakalaryny birin-birin aňynda aýlady. Ol diňe häzir nämäniň nämedigine magat göz ýetirip bildi. Halasgäriniň hereketlerine düşünmän oňa nähak jeza berenligiy üçin ahmyr çekdi.. ... Ak maýanyň ýylyjak, goýy we ýagly süýdüni içende birnäçe günde keselden saplanýan Nazartagan aga ejiz görünýärdi. Däri-dermanlaryň hem nepi degmedi. Kesel bu sapar onuň ýakasyndan ebşitläp tutana meňzeýärdi. Hemişe horegini hossarynyň elinden edinensoň maýa özgäniň taýýarlan oty-suwy ýsarap baranokdy. Göwünsiz iýmitlenensoň düýe horlanyp lagar düşdi.. Mal eýesiniň gözünden suw içermiş diýýärler. Ynsanyň-da, malyň-da ýüregi ýagşyny- ýamany öňünden duýýan bolara çemeli. Şol gün irden Nazartagan aga ogluny ýanyna çagyrdy. Düýedaryň nowbahary ýandakdan basylan küdäniň ýanynda agaçdan içi oýulyp ýasalan uly çanakda maýa üçin gaty baldakly otlary kerçeleýärdi. Nazartagan aga maýanyň ýagdaýyny soranda ”Höregini göwünli-göwünsiz iýýäni bilen oňuşsa boljak welin gözlerinden ýaşyň syrygýandygyna düşünmeýärin. Megerem sowuklan bolarly” diýende ýaşulynyň meňzi üýtgäp gitdi. Ol hasasyna zorluk bilen daýanyp maýa golaýlady. Boýdan-başa ak maýasyny synlansoň ýüregi gyýylyp gitdi. Bir wagtlar gujurly görünýän janawardan nam-nyşan galmandyr. Garrylygyndan örküji bir gapdalyna gyşaransoň onuň haly ejiz görünýärdi. Dişleri kütelen ak maýa iýmitini dişläp alyp bilenokdy. Maýanyň gamgyn halyny synlan Nazartagan aga “Hemme zat aýan boldy, janawary öz peýwagtyna göýbermeli wagty gelipdir. Boşat, ogul düýäni“ diýdi. Düýäniň öň aýaklaryna ýüp bilen çatylýan duşak, baldyryndaky jynjyry ýüp çözüldi. Ak maýa ony ilkinji sapar görýän ýaly düýedary boýdan başa synlap el-aýagyny birlaý ysgaşdyryp çykdy.. Nazartagan aga düýesiniň tüýlek dulugyny, baldyrlaryny soňky gezek sypalaýandygyny duýdy. Ak maýanyň kirpikmen gözlerinden pessaýlyk bilen syrygýan gözýaşlaryny aýasy bien syldy. Maňlaýyndan taýly gezek ogşansoň. “Razy bolweri janawar,seniň diňe ýagşylygyňy görendirin” diýende ýaşulynyň gözleri çygjaryp gitdi. Gamgyl maýa üç-dört ädim ädensoň ýeňsesine öwrüldi. Ony şeýle gamgyn bozlan halda heniz hiç kim görmändi. Ak maýanyň zaryn sesine bu ýere ýygnananlaryň ýüregini sarsyp gitdi.. Kesel möwjäp düýedary güýlüp taşlady. Şol gussaly günden soň Nazartagan aganyň ak maýasynyny gören kişi bolmady. Şahymerdan SARY OGLY, Türkmenbaşy şäheri. # “Edebiýat we sungat” gazeti, 20.04.2012 ý. | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |