23:31 Ysraýylyñ demokrat tüýsli diktatory: Binýamin Netanýahu | |
YSRAÝYLYÑ DEMOKRAT TÜÝSLI DIKTATORY: BINÝAMIN NETANÝAHU
Publisistika
Ysraýylda demokratiýa we şahsy gegemoniýa dualizmi Illýustrasiýa: Nash Weerasekera / Majalla Ysraýyl ençeme ýyllardan bäri Günbatar metbugatynda we ylmy-barlag işlerinde "Ýakyn Gündogardaky ýeke-täk demokratik ýurt" hökmünde tanadylýar. Emma jöhit döwleti totalitar režimiñ elementlerini özünde saklaýar. Bu režimin merkezinde Binýamin Netanýahunyñ ýa-da onuñ tarapdarlarynyñ aýdyşy bilen "Ysraýylyñ patyşasy" ýer alýan bolsa, daş-töweregini bolsa Dõwlet Howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gwir ýaly terroruzmde aýyplanyp garşysyna höküm çykarylan, elli ýyl bäri dowam edip gelýän harby okkupasiýany goldaýan we jöhitlere jynsparaz ýokardalyk berýän kanunlaryñ ýany bilen käbir jöhit raýatlaryñ sosial mediýa hasaplarynda Gazadaky urşy ýazgarýandyklary üçin basyş edilmegini we daşary ýurt mediýa organlaryny ýapdyrmagy teklip edýän kanunlaryñ çykarylmagyny goldaýan ekstremistik tarapdarlar bilen doly. Netanýagunyñ Ysraýylynda örän oýlanyşykly diktatura sistemasy agalyk sürýär. "Jadygöý" lakamy bilenem tanalýan we Ysraýylyñ premýer-ministri bolup iñ köp wagt oturan Netanýahu çykyşlara rugsat bermek, erkin saýlawlara gatnaşmak, parlamentdäki oppozision liderler bilen birmeñzeş pikirde bolmazlyk we suduñ kararlaryna eýermek ýaly demokratik hökümetiñ käbir bezegli jäjeklerini şahsy şahsy bähbitleri üçin we inçeden inçe awtoritar hökümet gurmak üçin ulanýar. Şeýtmek bilen Ysraýylyñ hökümet sistemasy hem demokratiýany, hem diktaturany birleşdirýän garjaşyk sistema öwrüldi. Emma aýratynam 1967-nji ýyldan bäri dowam edýän bikanun harby okkupasiýa sebäpli diktaturanyñ aýratynlyklary has agyr basýar. Ysraýyldan başga ýerde goşun başga bir halka genosid edende muny görmezlige salýan demokratik syýasy režime gabat gelemzok. Aslynda demokratik sistemalar köplenç öñüni alyjy uruşlar bilen bir hatarda uruşlara girmekden çekinýärler. Munuñ bilen birlikde adam hukuklarynyñ bozulmalary we uruş jenaýatlarynyñ orta çykmagy gutulgysyz bolanlygyndan halkyñ aglaba bölegi şobada uruş yglan edilmegine garşy çykýar. Sebäbi demokratik ýurtlarda ýaşaýan halklar tokaý kanunlary bilen däl-de, ynsanperwer gymmatlyklar esasynda dolandyrylýarlar. Ysraýylda lideriñ aýdýanlaryny tankydy seljerip bilýän islendik adamyñ alnyna "dönük we komplimasiýaçy" tagmasy basylýar. Ysraýyllylaryñ aglaba köpüsiniñ pikirine görä, Gazada gurbanam ýok, jebir çekenem. Goşun hamana özüni goramagyñ söweşini alup barýar. Olar her gün orta çykýan çagalaryñ ölýän we ýaralanýan gorkunç manzaralaryny görenoklar, görmegem islänoklar. Ysraýylyñ "azat metbugaty" Gazadaky uruş jenaýatlaryny we ol ýerde bolup geçýänler barada halkara jemgyýetçiligiñ we palestin jemgyýetiniñ aýdýanlaryny görmezlige salýar. Olar üçin hamana 7-nji oktýabrdan bäri hiç zat bolmadyk ýaly. Birnäçe gün öñ Gazäniñ merkezindäki "Nuseýrat" bosgun lagerinde "Hamasdyr" palestinaly beýleki ýaragly toparlar tarapyndan alnyp gaçylan dört zamuny halas etmek üçin geçirilen operasiýada müñden gowrak palestinaly öldürildi, köp sanly palestinaly ýaralandy. "Demokratik" döwletiñ metbugaty operasiýany birnäçe günläp "gahrymanlarça amala aşyrylan hirurgiki operasiýa" hökmünde görkezdi. Esgerleriniñ "batyrlygyny" öwüp asmana çykarsa-da, palestinaly ýönekeý raýatlaryñ gyrlyşy hakda ýeke agyzam dil ýarmady. Uruş edebiýatynda köpçülikleýin gyrgynçylyklar etniki ýa-da "kimlik çaknyşyklary" wagtynda syýasy ýa-da ideologiki ýaragly çaknyşyklardan has bolup biläýjek zat. Häkimiýetdäki režimiñ aýratynlygy-da köpçülikleýin gyrgynçylyklaryñ, etniki arassalaýyşyñ we ýok etmegiñ bolup geçmeginde möhüm faktordyr. Ysraýyl häzir aç-açan ýagdaýda palestinalylaryñ öldürilmegine çagyrýan, jöhitler üçin ýeke-täk döwlet we Gazäniñ atom bombasy bilen ýok edilmegini isleýän ekstremistik toparlar tarapyndan dolandyrylýar. Netanýahunyñ syýasy nutugynda ulanylýan söz leksikonyny analiz edenimizde, munuñ iudeýligi syýasylaşdyrýan we ekstremistik dinçi sionizme ýüzlenýän populistik nutukdygyny görýäris. • Demokratiýa taganyñ dört aýagynyñ üstünde guruldy Demokratik ýurtlardaky syýasy režimleriñ öñüni alyjy ýa-da kanuny göreş bolaýanda-da, uruş üçin halkyñ goldawyny gazanmakda kynçylyk çekmegi uruşyñ saýlawçylara ahlak-moral taýdan tutaryklandyrylmagynyñ kynçylygy bilen baglanyşykly ýagdaý. Demokratik ýurtlaryñ liderleri demokratik däl ýurtlaryñ liderlerine garanda has uly guramaçylykly çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Metbugat azatlygy ýa-da beýleki bir ady bilen "dördünji güýç" awtoritar režimleriñ tersine demokratik döwletlerde uruşa garşy oppozisiýanyñ esasy sütünleriniñ biridir. Syýasy partiýalar jemgyýetçiligi barlamalarynda ýa-da sosial mediýadaky duýgulary analiz edip jemgyýetçiligiñ pikirlerine pitiwa etmezden ýeketaraply harby syýasy ugry oñlan ýagdaýynda saýlawçy seslerini ýitirmekden gorkýarlar. Žurnalistiñ Ysraýyla girmezden öñ etmeli birinji zady "harby senzuranyñ" getiren şertlerini kabul etmekdir. Wagtlaýyn metbugat kartyny almak üçin anketa dolduran žurnalistiñ "potensial taýdan jedelli" temalardaky makalalaryny çap etdirmezden öñ ysraýylly ygtyýarlylara ugratmaga borçly bolar. Eger şeýdilmedik ýagdaýynda žurnalistiñ Ysraýylda žurnalist bolup işlemek hukugyndan mahrum boljakdygy we gaýdyp ýurda girmeginiñ gadagan ediljekdigi duýdurylýar. Entek praktikada beýle zat bolup geçmese-de, anketada bu paragrafyñ bolmagy daşary ýurtly žurnalistlere ultimatum berýär we olary şular ýaly awtosenzurany berjaý etmäge mejbur edýär. Netanýahunyñ ýanynda öñki Goranmak ministri Benni Gantzyñ ýer alan saýlaw döwrüne degişli afişa / Fotosurat: Reuters Akylly-başly diktatoryñ synagdan we barlagdan geçen syýasy düzgünleriniñ birem ýurduna gelýän daşary ýurtly žurnaliste ýurdunyñ metbugat azatlygyny basyp ýatyrandygyny we berýän habarlary sebäpli howp astynda saklanýandygy kartinasyny bildirmezlik bolsa-da, Netanýahu kämahal akyllu diktatoryñ şeýle düzgünlerine eýermeýäne meñzeýär. Demokratiýa we azat saýlawlar söz we metbugat azatlygy, demonstrasiýa geçirip bilmek azatlygy we hukugyñ öñdeligi ýaly dörtaýakly taganyñ üstünde gurnalandyr. Taganyñ dördünji aýagyna seredip, Ysraýyldaky kanunlaryñ döwletiñ raýatlaryna arasynda alagöz seredýändigini, jynsparazçylykly we mezhepparazçylykly diskriminasiýany oñlandygyny görýäris. Ysraýyl Netanýahunyñ başlykluk eden öñki hökümet döwründe, ýagny 2018-nji ýylda jöhitleriñ kollektiwleýin statusyny araplara raýatlyk esasynda ykrar edilen şahsy syýasy hak-hukuklaryndan ýokarda görýän "Iudeý Halk Döwleti" kanunyny güýje girizdi. Şeýtmek bilen Ysraýyl 1948-nji ýyldan gurlan wagtyndan bäri eýelik edýän liberal-demokratik prinsiplerinden daşlaşdy. Demokratik ýurtlarda urşy ahlak taýdan dogry hasaplajak bolmak kyn. "Sud reformalaryny", has dogrusy Ysraýylyñ Ýokary Sudunyñ ygtyýarlyklaryny azatlamagy we sud edaralaryny täzeden guramagy teklip edýäm giñ gerimli üýtgeşmeleri geçirmäge synanyşýan Netanýahunyñ halkyñ duýgularyny manipulirlemegi maksat edinýän populistik nutugy demokratik sistemalardaky hukugyñ öñdeligi prinsipine ters gelýär. Munuñ özi "ýurduñ liderine" doly we absolýut goldaw berilmegini talap edýär "milli buýsanç" nutugydyr we lideriñ aýdýanlaryny derñeýän islendik adama "dönük we komplimasiýaçy" tagmasy basylýar. Azat saýlawlar barada aýdanda bolsa, demokratiýany aç-açan paltalaýandygyna garamazdan islendik adamyñ ýa-da partiýanyñ saýlawlar arkaly birnäçe gezek saýlanmagy Ysraýylyñ syýasy syrlarynyñ biri hasaplanýar. Nemes ykdysatçysy we syýasatşynasy Ýozef Şumpeter (1883-1950) şeýle diýýär: "Hemmeleri hemişe aldap bilmeseñizem, ýeterlik derejede adamy aldap bilersiñiz we onuñ zyýany gaty uly bolar". Netanýahu birinji gezek premýer-ministr bolan 1996-njy ýylyndan bäri dürli saýlawlarda birnäçe hökümete başlyklyk etmegi başardy. Syýasy karýerasynyñ dowamynda "uly syýasy tupan" turuzdy. Korrupsiýa aýyplamalary, ekstremistik jynsparaz partiýalar bilen ýaranlyk, dinçi partiýalara we okkupasiýa astyndaky Günbatar Şeriadaky jöhit ilatly punktlaryn ýeñillikler we salgytdan boşatmalar, Gaza urşuny uzaltmak we köp sanly ysraýylynyñ öz islegi bilen işden gitmegi hem-de "Hamas" bilen urşy soñlandyryp, Gazadaky beýleki girewne alynanlaryñ yzyna alynmagyny ýola goýjak ylalaşygyñ baglaşylmagyna edilen çagyryşlara gulak asylmazlykdan dörän tupan. Ýakynda Halkara Jeza beriş sudunyñ baş garalawjysy Netanýahuny we Goranmak ministri Ýoaw Gallanty Gazada uruş jenaýatyny amala aşyrmakda we genosod etmekde aýyplap, ikisini-de tussag astyna almak üçin suda ýüz tutulandygyny mälim etdi. Netanýahunyñ bu ýagdaýy demokratik saýlawlar esasynda häkimiýete gelendigine garamazdan özüni agdarmaga synanyşýandygyny öñe sürüp (Ysraýylda şonsuzam nesli gutaryp barýan) çep ganatyñ goldawy bilen "gizlin döwletiñ" häkimiýetine garşy guran komplimasiýasy hökmünde görkezmegi bolsa, işiñ ironiki tarapy. Netanýahu halkyna özüni gurban hökmünde görkezýär. Tarapdarlaryna halklarynyñ we buýsançlarynyñ öñüni çekýän "zulum astyndaky" liderlerine köre-körlük bilen eýermäge we tankyt edilmesiz wepalylyk görkezmäge çagyrýar. Eger Ysraýyl şu ýagdaýy bilen "Ýakyn Gündogardaky ýeke-täk demokratiýa" bolýan bolsa, görelde alyp bolaýjak model däldigi belli. Ahmet MAHIR. Anna, 21.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |