20:44 Ýürekler sowamasyn! | |
ÝÜREKLER SOWAMASYN!
Goşgular
Has-da sowuk geldi bu gyş, Artdy ownuk gaýgylaram. Uçan şol durnalar bile, Gitdi käbir gargalaram. Aý, howaň sowany hiç-le. Ýöne kä gelýärsiň gabat, Kalby sowan adamlara. Ýeri, muňa näme diýjek, Aýdyň, sözlem bolsa galat. ...Düzedilmedik hatalar, Göwni aldan görksüz günä, Kalbyň ýylysyn ogurlap, Salýar bizi gör ne güne. Ýüregmizi sowadýarys, Göwnümizi tutup uly. Towugna tok diýilmedik, Gara nebsiň bolup guly. Ara düşse, öýke-kine, Ýene bagyşlamak gerek. Gulplama:ly barylmaly gapyny açmaga derek. Dag başynyň doň gary deý Ýüregi gar eýlär gahar. Ýylylyk kalby ýylatmaz, Ony ýyldar diňe mähir. Söýeliň, päk söýgi başy belalardan sowup durar. Eger ýürekler sowasa, Söýgimizi sowuk urar. Bolubersin howalaram, Antarktidadan sowuk. Başaralyň, iň esasy, Ýürekleň sowugyn kowup. ...Galsak birden aýaz gyşda, Gülmese günleriň ýüzi. Mähir-muhabbetden doly Ýürekler ýyladar bizi! Nury SAKÇYÝEW. Çeşmesi: ,,Garagum" žurnaly, 3/2022ý. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |