21:35 Gyş goşgusy | |
GYŞ GOŞGUSY
Goşgular
Ýagty bolýar garly gije, Ýeňen çagy ak garany. Garlar päklik bu zemine, Dünýä gar bolup garaly. Özi sowuk, kalby ýyly Dana hem dogumly gyşym, Ýylgyryp gar ýagan ýyly, Men täzeden dogulmyşam. Günler kyrk tüýsli bolsa-da, Däldir bu dünýä geň gylyk. Seleň, senem sähralarym, Misli unly ak kendirik. Daglaň gary ýaldyraplar, Baglara lak atar sowuk. Doňsa-da, bu ýollar,ýaplar Galmasyn ýürekler doňup. Sowuk diýmäň bu garlara, Aýazyň ýylysyn duýuň. Ýyly:ň gadryn bilmek üçin, Käte biraz üşäp duruň. Galkynyp gar ýagan çagy, Gaýgym ýalňyz, şatlyk goşa. Möwjäp duýgyň ýanardagy, Ýürek şygra sesin goşar. ...Bu günler töwerek-daşa Aklyk, aýdyňlyk ýörelge. Şirin şygyr bolup gyşda, Ýyljak gar ýagar ýüregme. Nury SAKÇYÝEW | |
|
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Hyzmatkär bolar / Goşgular - 30.08.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |