19:13 Gar ýaganda | |
GAR ÝAGANDA
Goşgular
Ýene ýylgyryp ýagan gar, Giň dünýäni bezär gider. Beýnide doňan pikirler, Gar ýaganda erär gider. Boýap günleri ak reňke, Göwünleri gülleden gar, Çawuş çakar:,,Ýar ýanyndan gitme,aý,gyz,gül beden,gal!" Şonda seň gar deý päk yşkyň, Girer duýgymyň düýşüne. Ýok, bizi yssy günler däl, Bu garly günler duşurar. Ak atyn atlanyp ylham, ,,Şygyr ýaz!" diýp,hyjuw berer. Kagyza sygmadyk goşgym, Ak gara ýazaryn meger. Ýazaryn ýadaman ýalňyz, Dyňzap gelen setirlerim. Görelde alyp, ak gardan, Göwne gara getirmerin. Gözel, görkli, goja gyşda, Ýerde Hakyň nurun görsem, Ne ajap, şu güni synlap, Geçeni geçmişe gömsem. ...Ötegçi ömri süýt bilip, Yşky gördüm gaýmagynda. Şeýdip, täze şygyr dörär, Gözel bolup, gar ýaganda. 9.01.2023 ý. Nury SAKÇYÝEW. | |
|
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Jojak zalym / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |