19:03 Ýalan eken | |
ÝALAN EKEN
Goşgular
Öýdüpdirin dünýe baky, Dogra meňzeş ýalan eken. Gijeler dälmiş garaňky, Hak yşkynda ýanan eken. Didelerde galmyş ne syr, Söz diňlemez,durmuş kesir. Gylyçdan ýiti hem kesgir, Hak sözleýen galam eken. Garalardan agy gözläp, Gezdim namartdan syr gizläp, Duýgulam aklymda güýzäp, Yşk bolup, görk alan eken. Sogapdyr sabryň dogany, Bezär ýigdi mert-dogumy. Gören barmydyr soňuny?! Ah, hatalam ýaman eken. Gögermez bahylyň bagy, Gögerse-de, bermez bary, Gelse başa synag bary, Tomsuňda gar ýagar eken. Ýol uzyn, düweýin goşum, Gitmäwersin sabyr guşum, Hak sürse, ýalana goşun, Isgender dek ýeňer eken. Ýaýnalaram ýaşlyk içre, Gaýnalaram ýaşlyk içre, ,,Ýaşlykdyr" diýp,günä geçme, Ömrüň güýzem geler eken. Sözüm bar, eý,köňül,diňle! Umydym bolmasyn düňle. Dostumdyr öýdüpdim dünýe, Bir wepasyz, gedem eken! Nury SAKÇYÝEW. | |
|
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |