20:53 Ýylan / hekaýa | |
ÝYLAN
Hekaýalar
Ýyllarboýy gyşyn-ýazyn diýmän, sähra ýollaryny söküp, maldarlara hyzmat edip gelýän baýry sürüji Weli aga ir bilen ýük ulagyny güzledip, şäherçeden çöle sary çykyp ugranda onuň ýanynda iki sany ýolagçysy bardy. Olaryň biri maldarçylyk barada maglumat ýygnamaga barýan gazet habarçysy Orazgeldi aga, beýlekisi bolsa tejribe geçmäge barýan talyp, geljekki weterinar lukman Akmämmetdi. Sürüji ýaňyja tanşyp, özara söhbete girişen ýoldaşlaryna gulagyny gerip, ünsüni öz ýoluna berip barýardy. Gara ýoldan düşüp, çöle aralaşyp ugranlarynda sürüji birden ulagyny saklady. Gürrüňe gyzyşyp başlan ýolagçylar onuň ümlän ugruna seredenlerinde, ýerde tegelenip ýatan ullukan ýylany gördüler. Gyrada oturan Akmämmet aýagynyň aşagyndaky ýeri sermeläp ol ýerden awtoulagyň uly bir açaryny garbap aldy-da, towsup ýere düşdi. Sürüji hem ylgap baranda Akmämmet “şykyr-şykyr” edip haýbat atyp ýatan ýylanyň üstünden elindäki açary indermäge maý alyp durdy. Weli aga “Bolşuň nähili?” diýip, açary onuň elinden silkip aldy-da: -- Inim! Çöli sökýän ençe sürüjileriň uly açarlary bigünä ýylandyr zemzemleriň, sülgündir towşanlaryň galaba ganyna galandyr. Men bolsa bu açary hiz haçan janly närsä salgan däldirin, indem beýtdirmerin – diýip, guraly öňki ýerinde goýdy. Giň göwrümli, şahandaz Orazgeldi aga bolsa talyp ýigidiň egnine elini goýup, ulaga äkidip barşyna: Ýylan guýrugyna basma hiç haçan, Ýagşydyr uzakdan sowulyp geçen. Ägä bolgun, parasada bil bagla, Hoş gylyk ezizdir, her jandar üçin -- diýip, şahyrana dil bilen öwüt-nesihat etdi. Egnine pat-pat kakdy. Akmämmede pälinden gaýdyp, ulaga münmekden başga alaç galmady. Ýerli-ýerlerinde oturyp, ýola düşüp ugranlarynda Orazgeldi aga ebeteýsiz dymyşlygy bozmak üçin ýene-de öz san-sajaksyz rubagylarynyň ýylana degişli birini şagladyp goýberdi: “Ýöräbem bilenok - diýme – ýylana”, Ýa “Uçup bilenok”-diýme asmana”, Şolam nägile däl öz täleýinden, Şükür edýär jan ýaradan Subhana. -- Aý, berekella! – diýip, derrew keýpi öňki ýerine gelen Weli aga onuň häsini ýetirdi. Emma indi Akmämmet dymyp oturansoň gürrüňi ol alyp götermeli boldy: -- Ýaňky alahöwrendir, ölüm howply zäherli ýylandyr. Tegelenip, mysapyrsyrap, güne ýatyrka bimaza edäýseň ýalňyşdyrar. Awa çykanda nazaryny awuna dikip, ondan gözüni aýyrmaýar. Onuň owadan gözüne, sowuk nazaryna janly-jemende aşyk bolup heläk bolýarlar. Ol kowumdaşly ýaly öňe däl-de, gapdallygyna süýşüp hereket edýändir. Çarwadarlar şonuň üçin oňa “keseýörän”, şykyrdap ses edýänligi üçin ”hažlawuk “ diýýändirler. Bu gürrüňler agyr degşän ýaly çytylyp oturan talyp ýigide garap, ol sypaýylyk bilen düşündiriş berdi: -- Köplenç maldarlar bilen işleşemsoň giň sähranyň janly-jemendesini, ösümlikleri bilen içgin tanyşmaly boldum, inibatyr. Alahöwren baharda gyş ukusyndan oýananda pyşdyllaryň, guşlaryň ýumurtgalaryny we jüýjelerini iýip kuwwatlanýar. Tudana we soň injir ýetişende guşlaryň başyna towky bolýar. Şol döwürde kiçijik ýylanlar, gemrijiler, çekirtgeler, tomzaklar, kebelekler, tarakanlar we beýleki mör-möjekler onuň lezzetli höregine öwrülýärler. Kirpi, zemzen, ýyrtyjy guşlar alahöwreniň ganym duşmanlary. Jandarlardan beter ynsanlary has içgin öwrenen Orazgeldi aga türkanarak Weli aganyň böwrüne dürtüp, gürrüňini bes etdirdi-de, bu meselä ugurtapyjylyk bilen nokat goýdy: -- Ýöne ol janawar adamdan has beter gorkýar. Ony gördügi özüni ota-çöpe urup, janyny gutarmak bilen bolýar. Her ýyl Zeminde on müňlerçe adam ýylan zäherinden heläk bolsa-da, beýle ýagdaý ýylanlaryň ýörite kast bilen edýän işi däldir. Ýylanyň birini kowalap ýetip çakan ýeri ýokdur. Ýylan zäherinden ölmek mydama armanly tötänligiň netijesi. Ynsanyň saglygyny goramakda ýylan zäheriniň taýsyz ähmiýeti bar. Ýylanyň zäheri goşulup taýýarlanan däri-dermanlar köp keseliň öňüni alyp, dertlere em bolýar. Ol gadym eýýamlardan bäri lukmançylygyň gudratly serişdeleriniň biri. Lukmançylygyň nyşanynda ýylanyň şekline möhüm orun berilmegi hem şonuň üçin. Soňky sözler Akmämmede has degerli täsir eden ýaly boldy. Emma gep-gürrüňe höwesi gaçypdy. Ýolboýy öz pikirine gümra bolup oturdy. * * * Çopan goşuna baranlarynda baş çopan Begnazar aga myhmanlary gadyr bilen garşy aldy. Akmämmedi hem ençe ýyllardan söň gören ýaly boý-syratyna guwanyp, onuň hossarlarynyň hal-ahwallaryny soraşdyrdy. Günorta naharyndan soň ýaşulylar çaý öňüne çekenlerinde galjaň Akmämmet eýýäm rugsat alyp, saçak başyndan turup gidipdi. Myhmanlar Begnazar aga talyp ýigidiň ýoldaky bolşuny gürrüň berdiler. Goja çopan aňyrrakda gotur düýäniň ýaralaryny barlap ýören ýigide seredip, pessaý ses bilen jogap berdi: - Siz onuň dädesini tanaňzokmy näme? Biziň obamyzdaky Durdy çopan-da. Bile hem işleşipdik, gowy ýigitdi. Ir gitdi neresse. Boljak işdir-dä. “Gije aýakýalaň daş çykma” diýip telim aýdypdym ýogsam. Çölde-de däl, öz öýüniň golaýynda ýylan çakypdy. Garaňkyda aýakýalaň göni üstüne basypdyr. - Akmämmediň hälki bolşunyň şuňa meňzeş bir emmasynyň bardygyny men basym aňdym - diýiň, Orazgeldi aga çaýyny owurtlady. - Akmämmet jan ol wagt mana düşerden kiçijikdi – diýip, çopan dowam etdirdi – Ýylany gören ýerinde öldürmek oňa hossarlaryndan galan terbiýedir. Durdy pahyryň uly ogly Pirmämmedi-hä tanaýansyň, Weli? Seniňki ýaly ulag sürýär, çöle gatnaýar. Olam ýylan gördügi ulagda barýanam bolsa saklap düşer, tirsekli demri bilen urup-owradyp, ahmyryny çykarar. Şol wagt oňa päsgel berjek bolup, öňüne geçen özüň bolma. Akmämmediň ejesem, hatda uýalaram şeýledir. Onsoň ol oglanyňam ur-tut demre ýapyşybermegini geň görmeli däl. Başgaça bolmalydyr diýip pikirem eden däldir. Çagalykdan görüm-göreldesi şeýledir neressäň... - Hýäk, beýle bolsa päsgelem bermezdim oglana– diýip Weli aga hyrçyny dişledi. * * * Bu wakadan soň bir ýyl geçipdi. Weli aga ýene ýük ulagy bilen çopanlaryň ýanyna ugrapdy. Bu gezek onuň ýanynda diňe Akmämmet otyrdy. Ýöne häzir ol talyp hökmünde däl-de, ýokary bilimli mal lukmany hökmünde çöle barýardy. Dertli mallara em etmek we beýlekilerini gözden geçirmek oňa tabşyrylypdy. Däri-dermanly we enjamly gutulary ýanyndady. Aspirantura taýýarlanýandygy üçin ylmy işiniň taslamalary we birnäçe kitaplaram ýantorbasyndady. Özem bir ýylyň içinde akly has goýazylaşyp, sypaty hem has salyhatly görnüşe giren ýalydy. Çölüň bir gyrasyndan ýaňy girenlerinde Weli aga ýene öňki ýaly ulgy saklap, aňyrrakda ýatan tegelek gara ümledi: - Munuň şol öňki sypdyran ýylanyň bolmagam ahmal, inim. Kysmatdan gitme ýok bolarly. Soň ol egildi-de, Akmämmediň aýagynyň aşagynda ýatan tirsekli demri sogrup alyp, onuň dyzynyň üstünde goýdy: - Garaz, haýsy bolanda-da bu gezek men sebäpli armanly galma. Hakyňy al. Ýöne horlanyp ýatmaz ýaly, soňundan hökman kellesini owradyp gaýdaweri, inim. Emma Akmämmet tirsekli demri emaý bilen öňki ýerinde goýdy. - Men lukman, agam. Mal lukmany bolsamam, garaz, lukman. Men çölüň jandarlaryny öldürmäge baramok. Kärime olar ýaly telek iş bilen başlamaýyn. Ýolumyza gideli. Ulag ugrandan soň ol daş-töweregi synlap, öz-özi bilen gepleşýän ýaly oýa batyp gürledi: -- Dagyň-düzüň jandarlaryny her näçe gyranyňda-da içdäki armanyň çykarmyka? Aslynda tebigatdan biziň olar ýaly almaly hakymyz barmyka beri? Tebigat ejiz bolansoň janhowluna goranýar, onuň ynsanlaryň elinden çeken ýaralary has çökder. Bize bolsa gaýtam oňa aýawly, oýlanşykly çemeleşip, akylly-başly ulanmak galýar. Sebäbi tebigat biz bilen bütewi, bizem onuň bir bölegi ahyryn. Diýmek onuň bilen sazlaşykly ýaşamagy öwrenmeli. Jandarlaryň haýsyny gorap, haýsynyň sanyny çäklendirmeldigini bolsa ylmy esasda kanunlar kesgitleýärler. Indi biz tebigata garşy eden-etdilik edip bilmeris. Içinden “Ine, hakyky alym hünärmeniň sözi!” diýip pikir eden Weli aga göwnühoş baş atyp ylalaşdy. Diňe işi üçin ulanýan tirsekli demriniň indem hiç jandaryň ganyna galmandygyna goja sürüji az begenenokdy. | |
|
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |