01:27 "Ýylan" lakamly Garahanjar / detektiw powest | |
«ÝYLAN» LAKAMLY GARAHANJAR
Detektiw proza
Meýlis Hasar lakamly zehinli ýazyjy Annameret Durdymämmedowyň "Ýylan" lakamly Garahanjar" detektiw powesti okyjylary özüne imrindiriji wakalara baý. Powestiň dili ýeňil, akgynly okalýar. Birinji bap ...Zawodyň merkezi kassasynyň kassiri Olga Iwanowna Stroýewskaýa öňki endigine görä, plombany barlap, kassanyň gapysyny açdy. Birdenem: – Dat, ýeteweriň, kassany ýarypdyrlar – diýip, agy gatyşykly sesi bilen geçip barýanlary kömege çagyrmaga başlady. Gykylyga adam bary üýşdi. Kän wagt geçip-geçmänkä-de jenaýat agtaryş işgärleri yz çalýan it alyp geldiler. Olaryň alyp gelen iti sepelenen temmäki zerarlymy, garaz yz çalyp bilmedi. It janawer kömek edip bilmeýänine gynanýan ýaly çyňsap başlady. Ýene-de al saldylar-ow – diýip, şäher içeri işler bölüminiň jenaýat agtaryş işleri boýunça naçalnigi kapitan Guldurdy Babaýew ite seredip durşuna dillendi. Soňra bolsa: – Başlaber! – diýip, kriminalist Etrek Mollaýewe tabşyryk berdi. Komendantyň darajyk kabinetinde jaýlaşykly ornaşan kapitan: – Agşamky nobatçylyk çeken wahtýoryňyzy tapyň! – diýip, ýuwaşlykdan talap ediji äheňde zawodyň komendantyna ýüzlendi. Kän wagt geçmänkä, heniz öýüne-de gaýtmaga ýetişmedik wahtýory hammamdan suwa düşüp duran ýerinden alyp geldiler. Nobatçy garaýagyzdan dolmaç adamdy. Zawoddaky gyzgyn sehleriň birinde işlänsoň, elli ýaşynda dynç alyşa çykanam bolsa, kärhanadan gitmän, wahtýor bolup üç günden bir gezek nobatçylyk çekýärdi. Ol özüniň nobatçylyk çeken wagty kassanyň ýarylandygyny-da hammama yzyndan baranlardan eşidipdi. Kapitan oturmaga ýer görkezen dessine sorap başlady. – Adyňyz, familiýaňyz? – Adym Gandym, familiýam Orazow. – Nobatçylyk çeken wagtyňyz üýtgeşiklik duýmadyňyzmy? – Ýok. – Kassada puluň galanyndan habarlymydyňyz? – Hawwa. Şu ýerde işleýänleriň hemmesem... – Düýn, kassany size nähili ýagdaýda tabşyrdylar? – Kassir gapyny plombalady. Menem gol çekip, kabul etdim. Ertir irdenem gündizki nobatça tabşyrdym. Şonda plomba ýerindedi. – Siz plombany goraýaňyzmy ýa-da kassany? – diýip, kapitan sesini gataltdy. – Plomba ýerindemi? Ýerinde! Men başga zady bilemok. Wahtýoram öz gezeginde sesine bat berdi. – «Kassanyň ýarylmagyna belli bir derejede munuň gatnaşygy bolmagy ahmal. Düzgün boýunça köp mukdardaky puluň kassada saklanylmaly däldigini buhgalteriýa işgärleri bilselerem düzgüni yzygiderli bozupdyrlar. Ynha-da netijesi – diýip, kapitan içini gepletdi. – Wahtýory birneme gyssasam, belki-de, bir ýerden yş açylar» diýip, öz ýanyndan netijä geldi. Şäher prokuroryna jaň edip, wahtýory häzirlikçe içeri işler bölüminde saklamaklyga rugsat aldy. Soň kassirden sorag etmäge başlady. – Kassada näçeräk pul galypdy? – Kassany ýapanymda galan pullary hasaba almandym. – Hemme sehleriň işçileri aýlyklaryny şu kassadan alýarlarmy? – Ýok, işçiler gelip alanok. Her sehde ynanylan adam bar. Şol adamlaram öz sehleriniň işçileriniň aýlyklaryny wedomst boýunça alyp gidýärler-de, sehde... – Zawod üç smenalaýyn işleýär. Sehleriň ähli işçisi birbada aýlyklaryny alyp bilýän däldir. Galan pullar nirede saklanýar? – Galan pullarmy? – Hawa. – Men yzyna kabul edip alýaryn. – Düýn ähli sehlerdäki paýlanylman galan pullar yzyna getirilipdir-dä? – Hawa. – Seýfde nähiliräk görnüşdäki pullar bardy? – Ähli görnüşdäki pullardanam bardy. Ýene-de bir haltajyk doly şaýy pulam galypdy. – Şaýy pullaryň hasaby näçeräkdi? – Bäş ýüz manat çemesi. – Şonça puly kassada saklamaga size ygtyýar berlipmidi? – Ýok! – Onda näme üçin?.. – Ähli işçileriň aýlygyny bir günde paýlap gutarmak asla mümkin däl. Bizde dört müňe golaý işçi bar. Düzgün boýunça kassada galan puly ýene-de yzyna, döwlet bankyna tabşyrmaly. Puly yzyna tabşyryp, ýene-de almaklyk hysyrdyly. Şol sebäpli, her sapar düzgüni bozýardyk. Ýöne merkezi kassada işlän onbäş ýylymyň içinde ýeke köpügem ne eýläk, ne-de beýläk bolupdy – diýip, Olga Iwanowna aglamaga başlady. Agy arasynda: – Şunça puluň ogurlanmagyna meniň geleňsizligim sebäpli boldy. Ýene pullary meniň almandygyma beri ynanyň – diýip, gözüniň ýaşyny el ýaglygy bilen süpürişdirdi. Kassiriň köşeşmegine garaşyp oturan kapitan: – Biz pullary özüňiz alansyňyz diýemzok. Köşeşiň, özüňizi dürsäň. Sorag etmek, ogurlanan pullary tapmak biziň borjumyz. Belki-de, ýüregiňizde kimedir birine çiglik gidýändir? – Ýok, ýok. Kassir aýal iki elini ýüzüne tutup, ýene-de aglap başlady. – Siziň şu wagtky bolşuňyz bize kömek etmekden-ä geçen, käbir zatlary anyklamaga-da päsgel berýär. Köşeşiň-de, kömek etjek boluň ahyryn. Siziň ýönekeýje deliliňizem bize käbir zatlary aýdyňlaşdyrmagy mümkin. Hany aýdyň, kassany haçan ýapdyňyz? – Sagat sekizlerde. – Kassa iň soňky bolup kim girdi? – Energetik sehiniň kassiri Klawdiýa Wasilewna. – Klawdiýa Wasilewnanyň familiýasy? – Karabut. – Ol kassada kän eglendimi? – Ýok. Heniz alyp ýetişmedik on iki adamynyň aýlygyny yzyna tabşyryp gitdi. – Energetik sehiniň kassirinden soň kassa giren boldumy? – Ýok. Kassir aýal «ýok» diýse-de diýdi, emma kassa iň soňky bolup, baş buhgalter Arlaňowyň girendigini, oňa seýfi ýapyşdyr diýip özüniň hajathana gidip gelendigini ýatlatsa-da bu barada sesini çykarmady. «Onsoňam kassa gije ýarylypdyr ahyryn. Muňa iň soňky gireniň näme dahyly bolup biler» diýip, öz-özüni köşeşdirdi. Kassiri ugradan kapitan zawodyň baş buhgalteri Mämmet Arlaňowdan sorag etmäge girişdi. – Siz haçandan bäri baş buhgalter? – Üç ýyldan... – Öň nirede we haýsy kärlerde işläpdiňiz?. – Öňmi?.. Umuman, men şu ýerde on ýyldan gowrak wagt bäri işleýän. Zawodda ilki ekspeditor bolup iki ýyl işledim. Soňam buhgalteriýa starşiý buhgalter edip işe aldylar. «Okuwa garrama ýok» diýibem gaýybana okuwa girdim. Okuwy gutaran ýylymam öňki baş buhgalter pensiýa çykdy. Meni şonuň ýerine bellediler. – Diýmek, on ýyllap şu kärhanada-da? – Hawa. – Ozal nirelerde işläpdiňiz? – Aý, kül dökülmedik ýer ýokdur. Nebitdagda, Çelekende burawda işledim. Ilki işçi boldum. Soň ekspeditor bolup, buraw üçin gerek zatlary gözläp barylmadyk ýer galan däldir. – Siziň ýaşyňyzy göz öňünde tutsaň-a urşa-da gatnaşan bolmaly? – Hawa. Urşa-da gatnaşdym. Arlaňow bu soraga jogap berse-de berdi welin, şondan soň ýüzi birhili üýtgedi. Öz içki tolgunjyny duýdurmajak bolup, tutuksy üsgürinjiredi. Baş buhgalteriň birbada üýtgändigi kapitanyň synçy nazaryndan sypmady. Onda-da üns bermedik bolup. – Kassadaky ogurlanan puluň takyk mukdaryny bilmek üçin size näçe wagt ýeterlik? – Iki gün. – O nähili iki gün? – Özüňizem gördüňiz-ä, wedomostlary hem alyp gidipdirler-ä. – Ýok, ol bolmaz. Ertir, irden sagat dokuzda hasabyňyzy meniň stolumyň üstünde goýuň. Düşnüklimi? – Düşnükli. – Onda gidip bilersiňiz! * * * – Kassada bolan işleri anyklamak barada tabşyryk beren kapitan bir zada güýmenip duran Etrek Mollaýewiň yz tarapyndan geldi. Mollaýewiň her bir kiçijik zady hem dykgat bilen synlaýşyna esli salym seredip durdy. Mollaýew ýaşlygyna garamazdan, eýýäm birnäçe jenaýatyň üstünem açypdy. Ýöne, benzinde işleýän kesiji guralda seýfiň kesilmegine iş tejribesinde onuň ilkinji gabat gelşidi. Ol kassanyň jaýynda göze ilýän zatlary surata düşürdi. Seýfde galan barmak we poldaky aýak yzlarynyň galdyran suduryny aldy. Ähli işleri gutardym eden wagty penjiräniň tekjesindäki çekilip taşlanan çilim galyndysyna gözi kaklyşdy. Käbir zatlary gözden sypdyrýandygyna öz ýanyndan käýindi. Kriminalistikada gerek zatlary salynýan ýol çemodanjygyndan arassa salfetka çykaryp, çilim galyndysyny eline aldy. Çilim galyndysynyň «Belomor-kanal» hem-de müşdükde çekilendigini anyklady. Salfetka dolap çemodanjyga saldy. * * * Zawod uprawleniýäniň iki gat jaýynyň ulanylmaga berlenine köp wagt geçmändi. Jaýyň aşagyndaky ýerzeminden kommunikasiýa degişli turbalar heniz düýpli çekilmändi. Turbalary çekmek işi kassanyň ýarylan gijesiniň öň ýanyndaky günem dowam etdirilipdir. Kassa-da şol ýerzeminden geçilipdir. Kanalizasiýa üçin ýokary gata çekiljek turbany oturtmagy taýýarlanylyp goýlan çoýun tirsek döwlüp, tirsegiň töweregindäki kerpiçler aýrylyp, deşik adam sygar ýaly giňeldilipdir. Kassanyň agaç polam bölek turbanyň kömegi bilen gaňrylyp, keseliginden ýokary galdyrylypdyr. Ogurlykda ýerzemine belet adamyň eliniň bardygy bildirip durdy. Ýerzemine iň belet adam zawodyň komendanty Aganowdy. Asyl zawod uprawleniýede geçirilýän remont işlerine-de şol jogapkärdi. Altmyş ýaşy arka atan Aganowyň komendant bolup işleýänine esli wagt geçse-de, oňa diňe zawodyň komendanty hökmünde beletdiler. Tanyşlygyň çägi şondan aňry geçmeýärdi. Kassanyň ýarylan gününiň öýläni kapitan Babaýew ony içeri işler bölümine çagyrdy. Kapitanyň garşysynda oturan komendantyň ýüz keşbinden üýtgeşiklik aňmak kyndy. Onuň ýüzüniň elmydama şol bir bolşudygyna kapitanam öwrenşiklidi. Zawod bilen baglanyşykly iş bilen ýanyna çagyrýany ilkinji gezek däldi. – Bolan işlerden-ä siz doly habarly. Wahtýoryňyzyň beren jogabyny özüňiz eşitdiňiz. Kassa-da ýerzeminden geçilipdir. Ýerzeminiň açaram diňe sizde bolmaly. Onsoňam ýerzeminiň gapysy döwülmän girilipdir. Belki-de, gapy açar bilen açylandyr. Ýa-da gapy aslynda gulplanan däldir? Kapitan bolan zatlary gürrüň berýän ýaly edip sorag berdi. – Açaryň mendeligi-hä hak. Ýöne, ýerzeminiň gapysynyň açyk galmagy mümkin däl. Iş wagty gutarandan soň, şol ýerde işlänleriň gözleriniň alnynda gapyny özüm gulpladym. – Onda ýerzeminiň gapysy kimdir biri tarapyndan açylypdyr-da? – Şeýle bolup çykýar. – Siz iş wagty gutarandan soň, açary näme üçin nobatçy wahtýora tabşyraňzok? – Gep açarda däl-de. Onsoňam ol ýerde ogurlanar ýaly zadam-a saklananok. Gulpam näme eli arassa adamlardan goranmak üçin gerek. Niýetini ogurlyga diken adamyň öňünde gulp böwet bolup bilmez. Ol göwni bir ýaly jogap gaýtardy. – Ýerzeminde şu günler remontçylar işleýär diýäýmeseň, sizden başga şol ýerik girip çykýanam, beledem ýok. – Dogry. Ýöne niýetini ogurlyga düwen adam üçin ol ýere belet bolmak kyn däl. – Düýn ýerzeminde kimler işledi? – Düýn?.. Slesar santehnik Gulyýew bilen onuň kömekçisi Gusýew. Özlerem şol döwlen çoýun tirsegi oturtdylar. Komendant hereketsiz nazaryny kapitana dikdi. – Aman Gulyýewmi? – Hawa, şol iki-üç ýyl bäri bizde gurluşyk sehinde işleýär. Eşidişime görä-hä ol koloniýadan dogry şu ýerik geläýen ýaly. Dogduk mekanyna barmaga bogny ysan däldir-dä. Köpeý oglunyň işleýşine-hä söz diýer ýaly däl. «Il agzyny ýygyp bolmaz...» diýleni-dä. Oturan ýeriň «demir gapynyň» aňyrsy bolsa, gybatyňy edenem tapylaýýar. Aman Gulyýewiň adyny eşiden kapitanyň gulagyna komendantyň soňky aýdanlarynyň ýekejesi-de ilmedi. Ol ýerinden turup penjiräniň öňüne bardy. Gulyýewiň geçmişi baradaky pikir kapitanyň bar ünsüni on ýyl mundan ozal onuň bilen ilkinji duşuşygyna alyp gitdi. Aman Gulyýew öz ülpetleri bilen birnäçe gezek uly ogurlyk edip, ahyram ele düşüpdi. On iki ýyllap azatlykdan mahrum edilipdi. Jezasyny çekibem, önüp-ösen şäherine gitmän şu ýerik gelipdi. Gelibem, baryny bolşy ýaly gürrüň berip, işe ýerleşdirmeklerini haýyş edip, içeri işler bölümine ýüz tutupdy. Onuň haýyşyny Babaýewiň özi ýerine ýetiripdi. Zawoda işe ýerleşdirenem, umumy ýaşaýyş jaýyndan otag alyp berenem kapitanyň özüdi. Soňra onuň öýlenişini, zawodyň wagtlaýyn jaýyndan iki otagly kwartiranyň berlişini, häzir bolsa, bir ýaşlyja gyzlarynyň bardygyny göz öňüne getirdi. Duran ýerinden yzyna öwrülip, komendantyň ýüzünden nämedir bir zatlary okajak bolýan ýaly, siňe-siňe seredip, uludan demini aldy. – Bä, ýene-de «aýlanaýyn könäm senden» edip, öňküje kärine baş goşaýdymykan? Asyl, şondan başga adam däldir-le – diýip, öz ýanyndan gürläninem duýmady. – Aý, şoldur-la! Başga ýerden ogry gelip durasy ýok-la – diýip, komendant kapitan özi bilen gürleşýändir öýdüp söze goşuldy. Gulyýew barada pikire batan kapitan komendantyň göni ýüzüne seretse-de, garşysynda adamyň oturandygyny unudypdy. Komendantyň «aý şoldur-la» diýenine ukudan açylan ýaly boldy. Şeýle-de bolsa, syr bildirmejek bolup, yzly-yzyna ardynjyrady. – Gapy döwülmedik bolsa, gulplanam özüňiz bolsaňyz, açaram diňe sizde bolsa, onda ol ýerzemine gije nädip düşüp ýör? Kapitanyň gatyrganmasyna komendant iki egniňi ýygyrmak bilen jogap berdi. Kapitan Babaýew bolsa, ondan başga hili jogaba garaşmadyk ýaly pikirlenmesini dowam etdirdi. Öz ýanyndan: «Be, ýene-de öňküsine başlaýdymykan? On iki ýyllap çeken jezasyny ýadyndan çykaraýdymykan? Ýerzeminiň açaryny ýasaýdymykan? Bu onuň elinden geläýjek zat. Ýanyndaky kömekçisine-de men belet. Olam, ownuk-uşak ogurlykda tutulyp, jerime çekmeli bolupdy» diýip pikirini jemlemekçi boldy. Stoluň bir çetinde ýatan çilim gutusyndan çilim alyp otlandy. Çilim çekip durşuna ikiýana gezmeledi. Çilimini çekip bolandan soň, gaharyny çiliminiň galyndysyndan çykarjak bolýan ýaly, ody öçen çilimini küldana basyp, pugta mynçgylap, komendantyň göni garşysynda saklandy. – Olar turbalary näme bilen kesdiler? – Benzinde işleýän kesiji guralda. – Şol hili gurallar iş wagty gutarandan soň, düzgün boýunça jogapkär adamlara gowşurylýar. Şol guralyň ýerzeminde galdyrylmagyny belki-de siz düşündirersiňiz? – Iş gurallaryňyzy ýerzeminde goýup gidäýiň, hiç zat bolasy ýok-la diýemsoň goýaýdylar. Zawodyň o çetine gidip gurallary tabşyrýançalar, ertesem gidip getirýänçäler birnäçe wagt gidýär. Men şoňa görä aýdaýdym. Onsoňam olaryň gözüniň alnynda gapyny gulpladym ahyryn. – Gapyny gulplanyň-ha öňem eşitdim. Ýöne, sen aýt, gündiz olaryň işlän wagty açary galdyrýana dälsiň-dä hernä? – Başda günorta naharyna çykanlarynda gapyny gulplamaklaryny tabşyryp, açar-a goýupdym. – Bu aýdýanlaryň näçe gün mundan ozal bolup geçen zat? – Bäş gün. – Näme üçin soňra açary goýmadyň? – Soňra?.. Olar nahar üçin hiç ýerigem gitmediler. Şol günem hiç ýerik gitmän iş ýerinde naharlanan ekenler. – Ýoldaş Aganow, gidip bilersiňiz, gerek bolsaňyz çagyrarys. Kapitan komendanta gitmäge rugsat berdi. Soňam: – Biraz aýak çekiň – diýdi. Telefon trubkasyny galdyryp gerekli nomeri aýlady-da, bölümde wagtlaýynça saklanýan wahtýory goýbermeklerini tabşyryp, kepilnamany eline tutdurdy – Wahtýoryňyzam özüňiz bilen alyp gidiň – diýip, täzeden, çilim otlandy. Soňam Mollaýewi çagyryp, barlagyň netijesi bilen tanyşdy. – Ýerzeminiň ýasama açar bilen açylan bolaýmagam ähtimal. Sen haýal etme-de, şonuň bilen gyzyklan. Gulp ýasama açarda açylan bolsa, yz galdyrmagy mümkin. Häzir git-de, komendantdan ýerzeminiň gulpunyň iki açarynam al. Gulpam, ýerinden goparyp barlagdan geçiriň. Netijesinem ertir habar berersiň – diýip, täzeden tabşyryk berdi. * * * Şäher içeri işler bölüminiň naçalnigi polkownik Haýdar Ataýew: – Oblast içeri işler uprawleniýesinden jaň edip, eger kömek gerek bolsa habar etmegimizi soradylar – diýip, kabinetine ýygnananlaryň ýüzlerine soragly nazaryny aýlady. Hiç kimden ses çykmady. Polkownik bolsa, oturanlaryň ýüzlerine täzeden nazar aýlap ardynjyrady. Soňra bir tagta kagyzy alyp, «Iks» belgisini çekdi. Özüne golaý oturan kapitan Babaýewe göni seredip: – Jenaýatçy ýeke bolmaly däl. Kömekçisem bolmaly. Ony «Igrik» – diýip alalyň. Polkownik näbelli, «Iksiň», gapdalynda «Igrik» belgisini goýdy. Ol oturanlardan jogaba garaşýan ýaly, ýekän-ýekän olaryň ýüzlerine seretdi. – Jenaýatçylara ýol salgy beren üçünji bir adam hem bolmaly. Ony bolsa, geliň «Zet» – diýip alalyň. Polkownik dowam etdi. – Edil, algebra deňlemesi ýaly – diýip, onuň hereketlerini synlap oturan Mollaýew seslendi. – Dogry. Ýöne, matematikleriň tassyklamaklaryna görä, üç näbelli sandan ybarat deňlemäni çözmek mümkin däl. Emma biz üç näbelli adam tarapyndan edilen , ogurlygyň üstüni hökman açaýmaly. Bu biziň borjumyz. Polkownik galamyň kütek tarapy bilen stoly tyrkyldatdy. – Näme täzelik? – diýip, soňra polkownik nazaryny kapitan Babaýewe gönükdirdi. – Häzir-a hiç zady doly kesgitlemek başardanok. Diňe ekspertizada surata geçirilen yzlar bolaýmasa. Sorag eden adamlarymyzyň berýän maglumatlary belli bir zat aňladanok. Kapitan Babaýewem öz gezeginde Mollaýewe tarap göz aýlady. – Ýoldaş polkownik, käbir zatlary habar bermäge rugsat ediň! Heniz sözlemäge rugsat berilmändigine garamazdan, Mollaýew Haýdar Ataýewe ýüz tutdy. – Aýdyberiň! Polkownikden rugsat alan Mollaýew nämeden başlajagyny biraz pikirlendi. Soňam: – Birinjiden – diýip, söze başlady. Kassadaky aýak yzlarynyň galdyran sudury kyrk üçünji, kyrk birinji, otuz sekizinji ölçegli aýakgap yzlary. Aýak yzlarynyň aýratynlyklary barada aýtsak, şeýle, kyrk üçünji ölçegliaýakgap yzy boýunça kedi. Kyrk birinji ölçegli ujy çüri köwüş. Göwnüme bolmasa, çehoslowak önümi. Otuz sekizinji ölçegli aýal aýakgaby bolsa, kassir aýala degişli bolmaly diýip çak edýän. Şol kedili yz ýerzeminiň içinde-de, ýerzeminiň gapysynda-da gabat gelýär. Eger biz kedili adamy ýerzeminden kassa geçen hasaplasak, onda kyrk birinji ölçegli ujy çüri köwüşli adam kassa nähili düşüp ýörkä? Kassir aýalyň aýtmagyna görä, kassa özünden başga giren adam ýok. Şol kyrk birinji aýakgap yzy ýerzeminiň agzyndan kassa çenli hiç ýerde sudur galdyrmandyr. Ýa-da ýerzeminde kassa kedili geçen adam, kyrk bir ölçegli aýakgaby öz ýany bilen alyp geçip, kassa iki adam giripdir diýdirjek boldumykan? Ýerzeminde ýene-de üç adamynyň aýakgabynyň sudury gabat gelýär. Olaram ekspertizadan geçirdik. Yzlaryň biri kyrk altynjy, birem kyrkynjy işçi aýakgabynyň yzy. Bular belli zat. Şol ýerde işlän işçileriň yzy bolmaly. Şol yzlaryň üçünjisi ujy ýasy kyrk birinji ölçegli aýakgap yzy. Ynha, aýak yzlary baradaky ekspertizanyň jemi – diýip, sözüne dyngy berdi. – Ikinjiden – diýip, Mollaýew demini dürsän ýaly täzeden gürläp başlady. – Indi bolsa, barmak yzlary barada. Seýfde üç adama degişli barmak yzlary galypdyr. Barmaklardan has oňat sudur galypdyr. Şol barmak yzynyň biri seýfde, penjiräniň tekjesinde galdyrylan çilim galyndysynda, ýerzeminiň gapysynda, döwlüp-aýrylan çoýun tirsekde, kesiji guralda gabat gelýär. Ýene-de bir zat seýfdäki ikinji barmak yzyny kassir aýala degişli hasaplalyň. Üçünji kime degişli bolýarkan? Ýa-da şol ujy çüri kyrk birinji ölçegli köwüşli adama degişlimikän? Barmak yzlary barada aýtjak goşmaça zadym bar. Kesiji guralda dört adamyň barmagynyň yzy galypdyr. Öň aýdyşymyz ýaly, olaryň biri şol seýfdäki galdyrylan barmak yzyna gabat gelýär. Ikinji-üçünji barmak yzlaryny şol ýerde işlänleriňki hasaplalyň, sebäbi olaryň barmak yzlary turbalarda hem bar. Dördünji barmak yzy kimiňki-kä? Bu barmak yzy seýfdäki yz galdyran ikinji, üçünji adamyň barmak yzyna-da gabat gelenok. Ýa-da kesiji guraldaky dördünji adama degişli barmak yzy ýerzemine giren ujy ýasy kyrk birinji ölçegli aýakgaply adama degişlimikä? Mollaýew soragly nazaryny polkownige dikdi. – Üçünjiden – diýip, Etrek Mollaýew ýene-de sözüni dowam etdirdi. – Ýerzeminiň gulpy barada ekspertizanyň netijesi. Gulpuň iki açary bar. Olaryň ikisinem komendantdan aldyk. Emma, ýerzeminiň gapysy üçünji bir açar bilen açylypdyr. Sebäbi, üçünji açar latundan ýasalan bolmaly. Açar öz durkundan ulurak ýasalandygy üçin gulpa zor salnyp açylypdyr. Gulpuň içki mehanizminde latun galyndysy bar. Diýmek, gulp ýasama açarda açylypdyr. Meniň aýtjak zatlarymyň barysy şundan ybarat – diýip, ol ýene-de sözüne dyngy berdi. – Berekella, siz-ä uly iş bitiripsiňiz, Guldurdy Babaýewiç bolsa: «Heniz hiç zat kesgitlenenok» diýýär. Umuman, işiň deň ýarysy edilipdir – diýip, polkownik Mollaýewiň aýdýan zatlaryny bloknotyna belläp oturşyna oňa oturmaklygy yşarat etdi. –Men, umuman, ogrularyň heniz ele salynmandygy barada aýdýaryn. Polkownigiň oýunlyga salyp aýdan sözlerini gaty gören kapitan nägileligini daşyna çykardy. Polkownik gülümjiräp ýerinden turdy. Kapitanyň göwnüni göteriji äheňde: – Guldurdy Babaýewiç, onda näme, men oblastdan kömek sorabam durjak. däl. Siz öz toparyňyz bilen bu jenaýatyňam üstüni açarsyňyz diýen tamam bar. Indi bolsa, meniň aýtjak zatlarymy belläp alyň – diýip, oturanlaryň ünsüni özünde jemledi. – Kassiriň, baş buhgalteriň komendantyň, şol ýerde işlän işçileriň aýak we barmak yzlarynyň sudurlaryny alyň, seýfdäki we ýerzemindäki yzlar. bilen deňeşdiriň. Eger gulp latundan ýasalan açarda açylan bolsa, belki, zawodyň özünde ýasalandyr. Ýuwaşlyk bilen onuň, hem ugruna çykyň. Bu işleri ýerine ýetireniňizde hiç kim özüne bolan müňkürligi duýmaly däldir. Ynha, barysy şular. Soňam, netijesini maňa habar beriň. * * * Täze görkezme alan kapitan Mollaýewi ýanyna alyp zawoda ugrady. Zawodyň derwezesinden giren ýerinde komendant Aganowy tapdy. Onuň eline çagyrylmaly adamlaryň spisogyny berip, arakesmeden soň içeri işler bölümine barmalydygyny tabşyrdy. Zawodyň derwezesinden arany açanlaryndan soň: – Sen mehaniki sehe bar. Belki-de, açar şol ýerde ýasalandyr. Sehiň naçalnigi bilen gürleşip gör. Eşidişime görä, şol ýerde her dürli açary ýasamaga ukyply slesar bolmaly – diýip, kapitan ýerzeminiň açaryny Mollaýewiň eline tutdurdy. Etrek Mollaýew mehaniki sehe giren ýerinde tokar stanogynda işläp duran gyzdan seh naçalnigini sorady. Ol gyz, öz stanogyndan daş bolmadyk tokar stanogynyň ýanynda haýsydyr bir detaly eline alyp, ýaş ýigide bir zatlar düşündirip duran başy kaskaly uzyn boýly adama tarap baş atyp görkezdi. – Bagyşlaň! Oňa nähili ýüzlenýärler? Mollaýew olara tarap ýöneljek ýaly etdi-de, gyzdan sorady. – Wiktor Grigorýewiç. – Sag boluň! Ol baryp gürleşip duranlara çalajadan baş atyp salam berdi. Olar onuň salamyny alsalar-da, gürrüňlerini dowam etdiler. Mollaýew olaryň gürrüňleriniň arasyny kesmejek bolup, çete çekildi. Diwardan asylgy ýaryşyň gündeligi bilen tanyşmaga durdy. Gürrüňlerini gutarandyrlar-da, Wiktor Grigorýewiç gaty-gaty ädimläp sehiň çykalgasyna ýöneldi. – Wiktor Grigorýewiç! Mollaýew birden dillendi. Seh naçalnigi öz adynyň haýsy tarapdan tutulanyny aňşyrjak bolup, töweregine garanjaklady. Mollaýewe seh naçalnigi baş atyp görkezen gyz ýylgyryp, seh naçalnigine-de Mollaýewi barmagyny çommaldyp görkezdi. Olar öň salamlaşandyklaryna garamazdan, elleşip görüşdiler. – Näme gulluk? Wiktor Grigorýewiçiň özi gürrüňe ýol açdy. – Wiktor Grigorýewiç, men jenaýat agtaryş bölüminden. – Düşnükli. Onda kabinete baraly. Seh naçalnigi Mollaýewiň öňüne düşüp ugrady. – Men diňleýän! Aýdyberiň! Kabinetine girip jaýlaşykly ornaşan seh naçalnigi diňlemäge taýyndygyny mälim etdi. – Wiktor Grigorýewiç! Zawodda bolan wakadan-a habarlysyňyz. Gönüläýin. Sehiňizde açar ýasap bilýän adam bardiýip eşitdim. Ýerzeminiň gapysam ýasama açar bilen açylypdyr. Şony siziň bilen maslahatlaşmaga gelişimdi. – Dogry edipsiňiz. Bizde şeýle adam bar. Ol gaty arassa adam. Indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri bile işleşip gelýäris. Açar sehimizde ýasalan bolsa, menden idinsiz däldir. Käwagtlar menden gelip haýyş edýärler. Ýüzden geçip bilmän şoňa tabşyrmaly bolýan. – Soňky dört-bäş günüň içinde haýyş eden bolupmydy? – Soňky gezek haçan haýyş edipdiler? – Soňky gezek, soňky gezek – diýip, birnäçe gezek gaýtalan seh naçalnigi: – Bir aý töweregi – diýdi. – Kim? – Zawodyň komendanty: «Kwartiramyň daşky gapysynyň iki açary bardy, şonuň birini ýitiräýdim, gaýrat et» diýip geldi. Ol bir haýyş edip ýören adam bolmansoň ýasadaýdym. – Şol açaryň nusgasyny görseň tanarmyň? – Tanaryn. Mollaýew jübüsinden açarlaryň ikisinem çykaryp seh naçalniginiň öňünde goýdy. – Edil özi. Ýöne meniň Malahowa ýasadan açarym latundandy. Wiktor Grigorýewiç ýüzüni ak-tam edip ýerinden turdy. – Wiktor Grigorýewiç, siz rahatlanyň! Bolsa-da uly kömek etdiňiz. Ýerzeminiň hakykatdanam sizde ýasalan açar bilen açylan bolaýmagy ahmal. Açarly mesele şeýle tiz çözüler öýdemokdym. Ýene-de bir gezek sag boluň! Ýagdaý şeýle bolansoň siziňem wagtyňyzy almaly bolduk. Ol kabinetiň bütin bir diwaryny tutup duran witrinasyna göz aýlady. – Ynha, şol açaryň ýasalan metaly. Mollaýewiň latundan ýasalan detaly gözleýändigini aňan Wiktor Grigorýewiç diş-diş bolup duran detaly Mollaýewiň öňünde goýdy. – Wiktor Grigorýewiç! Size gelýän latunyň ählisiniň markasy bir meňzeşmi? – Hawa. – Siz maňa bir latun bölejigini berip bilmezmisiňiz? – Näme bermän. Mollaýewem onuň bilen bir wagtda aýak üstüne galdy. Olar tirkeşip kabinetden çykdylar. Ýol ugruna Wiktor Grigorýewiç latun ýonuşgalarynyň oklanýan ýaşiginden bölejik latun galyndysyny alyp, Mollaýewe uzatdy. – Wiktor Grigorýewiç, şol açar ýasaýan slesaryňyza kim diýdiňiz? Mollaýew latun bölejigini kagyza dolap durşuna sorady. – Malahow. – Bu zatlary size duýdurmagyň geregem ýok. Aramyzdaky bolan gürrüňden komendantam, Malahowyňam, asla hiç kimiň habary bolmaly däl. Beren kömegiňiz üçin bolsa ýene-de bir gezek sag boluň! Mollaýew hoşlaşyp, sehden çykyp gitdi. * * * Mollaýew bölüme baranda çagyrylan adamlar garaşyp otyrdylar. Çagyrylanlaryň aýakgaplarynyň, barmak yzlarynyň suduryny aldy. Ekspertizanyň netijelerini öňküleri bilen deňeşdirdi. Olaryň spisogyny düzdi. Düzen spisogyna käbir bellikleri etdi. 1. Gulyýew: Aýakgabynyň ölçegi kyrk alty, ýerzeminde galan işçi aýakgabynyň sudury bilen deň gelýär. Bu adaty zat. Ol şol ýerde işlän. Barmagynyň yzlary turbada, kesiji guralda bar. Ol şol guralda işlän. 2. Gusew: Aýakgabynyň ölçegi kyrkynjy. Ýerzeminde galan işçi aýakgabynyň yzy bilen deň gelýär. Barmaklarynyň yzlary kesilen turbada, kesiji guralda. bar. Bu-da şol guralda işlän. 3. Aganow: Aýakgabynyň ölçegi kyrk birinji. Ýerzemindäki ujy küti aýakgap yzyna gabat gelýär. Ol zawodyň komendanty. Şol ýere girip çykýandyr. Barmagynyň yzy kesiji guralda galan sudura gabat gelýär. Näme gerek bolup, ol kesiji guraly elledikän? 4. Arlaňow: Aýakgabynyň ölçegi kyrk birinji. Ujy ýiti. Çehoslowak önümi bolmaly. Men ýalňyşman ekenim. Kassanyň içindäki yza gabat gelýär. Seýfde-de barmagynyň yzy bar. Ol bu ýerde näme işledikän? 5.Stroýewskaýa: Aýakgabynyň ölçegi otuz sekiz. Kassadaky aýak yzy bilen deň. Eliniň barmaklarynyň yzy hem seýfde galdyrylan barmak yzlarynyň suduryna gabat gelýär. Bu adaty zat. Kassa onuň iş ýeri. 6. ...? Kyrk üçünji ölçegli kedili kimkä? Ynha, şu hakykatdanam polkownigiň «iks» diýýäni bolaýmasa. Seýfdäki galdyrylan barmak yzlarynyň sudury şol kedilä degişlimikän? Kassany ýaran professional ogry bolsa, näme üçin ellikde işlemedikän? Ýok, bu bolup biljek zat däl. Sebäbi şol barmak yzynyň sudury seýfiň yz tarapynda,döwlüp aýrylan turba böleginde, kesiji guralda-da bar. Ýa-da Gulyýew öz aýakgabynyň astyna kedi berkidip ellikde işläýdimikän? Bu-da ondan daş däl. Ol ogurlyk babatda ähli tejribäni geçen adam. Ýöne, barmak yzlarynyň sudury oňa degişli däl. Ogurlar aňsat biri-birini aýtmaýar. Eýsem, ol bulaşyklyga salmak üçin ýanyna daşdan gelen bir adamy alyp geçäýdimikän? Şeýle bolsa, hany onuň aýakgabynyň galdyran yzy? Belki-de, Gulyýewiň ogurlykda hiç hili dahyly hem ýokdur. Açary ýasadan komendant. Oňa üçünji açar nämä gerek bolup ýasatdykan? Ýa-da: «Ynha ýerzeminiň. açarlarynyň ikisem öz ýanymda, başga bir açardan habarym ýok» diýip, özüne tutaryk edinmekçi boldumykan? Onsoňam näme sebäpli öň ogurlykda ýakasyny tanadan Gulyýewiň şol ýerde işlän wagty kassa ýarylýar? Ynha, pikir etmeli zat. Meniň pikirimçe, tejribeli ogry goňşy-golamda ýa-da işleýän ýerinde ogurlyk etmeýär. Bu zatlaryň bary komendant Aganowyň gurnap ýören zatlary bolaýmagam ahmal. Belki-de, şeýledir. * * * Bloknotyna eden belliklerini ýene-de bir gezek gözden geçiren Mollaýew, işiň netijesini kapitana habar bermäge howlukdy. Ekspertizanyň netijesi bilen tanşan kapitan soragy täzeden başlamaly diýen netijä geldi. Soňam: – Etrek, açarly meseläni sen laboratoriýada işläp otyrkaň barlap gördük. Komendantyň şu ýerdeliginden peýdalanyp, seržant Wepaýewi onuň öýüne ugratdym. Açarlar onuň gapysyndaky gulpa düşenok. Açar ýerzemine geçmek üçin ýörite ýasadylypdyr. Şuny bilmeli. Onsoňam onuň öýüni gijelerine nähilidir gözden salmaly däl. Kimiň gelip gidýänini anyklamaly. Häzir bolsa, kassir bilen baş buhgalterden başgasyny ötünç sorap ugrat – diýdi. Uzyn koridoryň ugrundaky oturgyçlarda oturan kassir bilen baş buhgaltere kapitanyň ýanyna girmeklerini Aganowyň ýanyna bardy. – Siz, ýoldaş Aganow, gidip bilersiňiz! Wagtyňyzy alanymyz üçin bagyşlaň! Ol Gulyýew bilen Gusýewe-de baş atyp, gidiberiň diýip yşarat etdi. Mollaýew kabinete girende kapitan eýýäm soraga başlapdy. – Ýoldaş Arlaňow, ekspertizanyň netijesi bilen sizi tanyş etdim. Indem aýdyň, seýfiň ýanynda siz näme işlediňiz? Ol ýerik kassirden başga adamyň girmäge hakynyň ýokdugyny siziň özüňiz oňat bilýänsiňiz – diýip, äýneginiň üstaşyry baş buhgalteriň aýagyndaky ujy çüri goňur köwşe göz aýlady. – Men... Men – diýip, ýuwdunan Arlaňow ardynjyran boldy. – Şol ýerik Olganyň yzyndan bardym. Baş buhgalter dalda gözleýän äheňde kassire tarap gözüniň gyýtagyny aýlady. – Men senden kassiriň ýanyna baranyňy soramok! Seýfde seniň barmaklaryň sudurynyň nähililik bilen galanyny soraýan? – Men Olga Iwanowna seýfi ýapyşmaga kömek etdim. Ol ýene-de kassiriň ýüzüne seretdi. Onuň bu seredişinden: «Senem tassykla ahyryn» diýýän naýynjarlyk göründi. – Siz Olga Iwanowna seýfi ýapyşmaga kömek edeniňizde pullar ýerindemidi? – Hawa, pullar ýerindedi. Kassir gürrüňe goşuldy: – Ol diňe men seýfi ýapjak bolup durkam geldi. Seýf kynlyk bilen ýapylansoň özüm haýyş etdim – diýdi. – Siz seýfiň golaýyna başga adamyň barmaly däldigini oňat bilýänsiňiz. Indi bolsa, Arlaňowyň barmaklarynyň galdyran sudury sebäpli köp zadyň bulaşmagy mümkin. Kapitan pessaý sesi bilen kassire ýüzlendi. – Maňa dogry düşüniň. Oňa durmuşa çykmakçy. Onsoňam men oňa ynanýaryn. Biz nikalaşmak üçin arzamyzam ýazdyk. Kassir aýal ýene-de aglamaga durdy. – Onda näme? Ynha, kagyz. Ynha-da ruçka. Ählisini bolşy ýaly ýazyň. Eger şu aýdýan zatlaryňyzy öňki soragda aýdan bolsaňyz häzir gürrüň başgaça bolardy. Haçan-da ähli zat äşgär bolandan soň, boýun alsaňyz isleseň-islemeseňem gümürtik bolýar. Kassirdir baş buhgalter tä öýlerine gelýänçäler biri-birine söz gatmady. Ýolda gelýärkäler hersi özüçe pikir etdi. Arlaňow: «Şu organ işgärlerinden gaçyp gutulmak kyn-ow. Şol ýerik meniň girenime çenli aýdyp otyrlar. Indi, nähili bolarkan?» diýip pikir etse, kassir: «Öň barysyny bolşy ýaly aýdaýmaly ekenim. Seýfi gulplan Mämmet ahyryn. Ol seýfi gulplanda men hajathana gidip gelipdim. Gelen badyma-da: «Olinka basymrak gideli. Meniň barmaly ýerim bar» diýip howlukdyrypdy. Zawodyň işiginden çykan wagtymyzam: «Sen iýer-içer ýaly zat taýýarla, menem häzir gelýän» diýip, elindäki portfelini galgadyp gaty-gaty ýöräp gidipdi. Basymam öwrülip gelipdi. Ýöne portfelsiz. Agşamam meniň ýanymda galdy» diýip bolan zatlary ýatlady. Soňam: «Bu zatlardan Mämmediň näme dahyly barkan? Ýaňy kapitanam: «Seýfi ýapanyňyzda pullar ýerindemidi?» diýip sorady. Menem: – Hawa, pullar ýerindedi diýdim. Meniň Mämmede betgüman bolmaga hakym welin barmykan? Ol elmydama-da seýfi açýardam, ýapýardam. Ýekeje köpügiňem kem bolýan wagty ýokdy. Kassa gije ýarylypdyr ahyryn. Kassada puluň galanyny, kassa nädip geçmelidigini kimdir birine aýdandyr öýdüp betgüman bolaýýarmykalar. – Olinka! Sen, hiç zady gaýgy etme. Onsoňam kassa gije ýarylypdyr. Oňa ikimiziň näme dahylymyz bolup biler. Sen öýe bar. Menem kabinete baryp birki sagat işläýin. Ertire taýýarlyk görmelidir! – diýip, Arlaňow zawodyň girelgesine tarap ugrady. Olga Iwanowna işikden ätlän dessine özüni tördäki diwanyň üstüne oklady: «Mämmet näme meni köşeşdirjek bolýarkan? Beýle masgaraçylykdan soňam bir köşeşmek bolarmy?» diýip, Olga Iwanowna kimedir birine sorag berýän ýaly öz-özi bilen gürleşdi. Şol diwanda oturşyna ýene-de pikire batdy: «Düşündiriş ýazanymda ýene-de hemmesini bolşy ýaly ýazmadym. Ýa-da ertir baryp kassany ýapyşymyz barada täzeden düşündiriş ýazaýsam nähili bolarkan? Beýtsem-ä olaryň betgümanlygy has-da artar» diýip, pikir edip oturşyna, agşamlygam edinmän uka gideninem duýmady. Gijäniň bir wagty oýananda diwardan asylgy sagadyň peýkamjygy sagat üçi görkezýärdi. Arlaňow bolsa henizem gelmändi. Olga Iwanowna düşegine geçdi. Uklajak boldy. Bolmady. Ol daňyň ataryna garaşdy. * * * Kassir bilen baş buhgaltere gitmäge rugsat berensoň kapitan seržant Wepaýewi çagyryp: – Sen git-de dynjyňy al. Il aýagy çekilenden soň, komendant Aganowyň öýüne gözegçilik et. Goňşy-golam hiç zat aňmasyn. Düşnüklimi? – diýip tabşyryk berdi. – Düşnükli. Gitmäge rugsat ediň, ýoldaş kapitan! – Gidip bilersiňiz! Wepaýew çykyp gidenden soň kapitan: – Etrek, ýör bizem açyk howa çykaly. Eger başga işiň ýok bolsa meni ugrat. Belki-de, ýeňňeň bir zatlar taýýarlandyr. Soňky wagtlarda wagtym ýok bahanasy bilen myhmançylyga-da baraňok – diýdi. Mollaýew nähili boýun gaçyrjagyny bilmän razylaşdy. – Geçen ýyl eginbaş magazini ýarylanda... kimdir onuň ady? Kapitan bir zady ýadyna saljak boldy. – Bähramowmy? – Hawa, hawa Bähramow. Şolam aýagynyň razmerinden has uly aýakgap geýip al saljak bolupdy. – Ýadymda. Ýöne ol magaziniň içinde ellikde işläpdi. Şol jenaýaty magaziniň penjiresinde galan şarfynyň sapagyndan çen tutup açypdyk Dogry. Häzirem komendant bilen Gulyýew bile işländir, diýip çen edeli. Aganow açar ýasadyp Gulyýewe beren bolsa, olam aýagyna kiçi ölçegli kedi geýip, ýanynda al salmak üçin başga bir adamy alyp, ellikde işlän bolsa bildiňmi? Onsoňam Gulyýewiň bu ugurdan gaty tejribeli adamdygynam unutma. Kapitan Gulyýewe bolan betgümanlygyny daşyna çykardy. – Kedili kassa geçen Gulyýew diýeli. Goý, ol, ellikli işlän ekeni. Hany onda seýfde, çilimiň galyndysynda we beýleki ýerlerde galan barmak sudurlaryna müňkürlik eder ýaly aýak yzy galmandyr. Ýene-de bir zat, temmäkiniň düzüminde meňiň bardygam äşgär boldy. Özem «Belomor kanaly» müşdükde çekýäne gabat gelmek kyn. Bu, bir – diýip, Mollaýew sözüne dyngy berdi. – Ikinjiň näme? – diýip, kapitan gülümjiredi. – Ikinjim, eger-de öz ölçegiňden uly aýakgap geýseň, aýakgabyň ujy känbir agram düşmänsoň yz galdyrmaýar. Eger yz galdyraýsa-da aýakgabyň beýleki ýerlerinden öçügsi sudur galdyrýar. Emma, öz ölçegiňden kiçi aýakgaby aýakgabyň daşyna daňsaň, aýakgabyň ýa uç tarapyndan ýa-da ökje tarapyndan goşa yz düşýär. Kassadaky kedili yzda bu zatlar ýok. Aýagyň kedä salan agramy hemme ýerde deň düşüpdir. Hatda ýerzemindäki gurak ýerde-de hiç hili üýtgeşiklik bildirenok. Gulyýewiň geýýäni kyrk altynjy ölçegli aýakgap. Kedili bolsa, kyrk üçünji. Arasynda tapawut bar. Bu hökman bildiräýmeli. – Onda Gulyýewiň ogurlyga gatnaşygy ýok diýjek bolýaňmy? – Häzir belli bir zat aýdardan irräk. – Seniň pikiriňçe, Aganowyň haýsydyr başga bir adam bilen gatnaşygy bolmaly-da? – Hawa, şol näbelli adam polkownik aýtmyşlaýyn «iks-dä». Şol näbelli «ikse» kömek edenem komendant «igrik» bolmaly. Belki-de, «zet» şolardan daşda däldir. Kassany ýarmaklyga bolsa şol «zet» ýolbaşçylyk edenem bolsa ahmal. – Gulyýewe iş ýerinde uly ynam bildirýärler. Ol hakda kollektiwiň pikiri gowy. Emma onuň geçmişi ýadyma düşende şoňa betgüman bolanymam duýman galaýýan. Belki-de, men ýalňyşýandyryn. – Şol «iks» kimkä? Özümizde bar bolan kartotekadaky ogurlyk bilen meşgullanýanlaryň barmaklarynyň sudurlaryny şol «iksiň» barmak sudury bilen deňeşdirip gördüm. Asyl, ýekesem gabat gelenok. Ogrynyň başga ýerden gelen bolmagam ahmal. – Mümkin. Gulyýew bilen gürleş. Ol tejribeli adam. Ogrular biri-biriniň «poçerkini» köplenç tanaýar, ýöne olara ony aýtdyrmak kyn bolar. – Bir ogry başga bir ogrynyň «poçerkini» açmaga organ işgärlerine, kömek etse, onda-da şol syry açany «gümlemek» bilen bolýarlar. – Gulyýew «poçerki» açmaga kömek etse, soň onuň janyny goramagam bize iş bolar diýjek bolýaňmy? – Ýok. Ol öz siňegiňi gorajaga çalym edýär. – Onda näme? – Nämesi, onuň ugruny tapyp, şol işe çekmekde. – Sen ertir Gulyýewiň ýanyna bar. Onuň iş ýerinden rugsat alyp, seýfiň kesilen ýerini görkez. Maslahat sora. Ol örän tutuk adamdyr. Garşysyna gaýtman ugruny tapjak bol. Görýän welin bu zatlar onuň şol ýerde işlän güni ýörite gurnalan bolaýmagam ahmal. Sebäbi ol öň bir şolar ýaly işde ýakasyny tanadan adam. – Eger oňa ýaňky aýdanyňy duýduryp bilsek, gaharyna kömek edäýmegem mümkin. Mollaýewem pikirini orta atdy. * * * Arlaňow zawodyň girelgesinden geçen badyna mehaniki sehiniň naçalnigi Wiktor Grigorewiçe gabat geldi. Olar biri-birini günüň dowamynda telim gezek görenem bolsalar-da elleşip görüşdiler. – Iş wagtam gutardy. Ýör restorana baryp ýüzleşeli! Wiktor Grigorewiçe teklip etdi. – Ýok. Sag bol. Birneme işim bar. Kabinetde birki sagat işläýsem diýýän. – Aý; senem-ä walla, hi-de işe gutarma barmy? Ýör! Onsoňam men saňa heniz «gyly gyrylmadyk» täzeje bir «gizlin syram» açmakçy. – Ýör onda. Barsak baraly. Olar zawoddan uzakda bolmadyk restorana baryp boş stollaryň biriniň başyna geçdiler. «Gizlin syry» näçe tiz eşitjek bolup, «içini it ýyrtsa-da» Arlaňow hiç zat soramady. Ofisiantka getirmeli zatlaryny getirip giden dessine Wiktor Grigorewiç bulgurlara ýüz elliden arak guýdy. – Hany götereli! Saglyk bolsun! «Ýeke öýliň horazy ýaly» döşüni gaýşardyp, ýoldaşyna-da garaşman, ol arakly bulgury başyna çekdi. Seh naçalnigi «gizlin syr» açmakçy diýip ýalňyşandygyny aňanam bolsa, aragyň täsirindenmi, garaz, ýene-de keýp göterildi. – Meň saňa bir zat aýtjak weli, ýöne bir ýerde dil ýarma. Aýtman diýip söz berendirin. – Kime, nämäň sözi? – Organ işgärlerine. – Men-ä walla, asla düşünýän däldirin. – Howlukma, häzir hemmesine.... – Sen hiç zat aýtmasaň, men nämä düşüneýin. – Onda gulak as. Şu gün arakesmäniň öň ýany organ işgärlerinden bir ýaş ýigit geldi. Ol ýerzeminiň gulpuny açan açar barada gyzyklandy. – Ýerzeminiň? – Hawa, ýerzeminiň. Golaýda komendant Aganow: «Kwartiramyň iki açary bardy, birini ýitiräýdim. Maňa gaýratet-de, şu açaryň nusgasy boýunça ýasap beriň» diýip haýyş etdi. Ol bir adama ýüz tutup ýören bolmansoň, bolýa diýdim-de, Malahowa ýasatdym. Şol açar bilenem ýerzemin açylypdyr – Aýdýanyň näme? Baş buhgalter ör-gökden geldi. – Diýmek, ýerzeminiň açylmagynda komendantyň eli bar-da? – Ony-ha bilmedim. Organ işgäriniň getirip görkezen açary komendantyň nusgalyk üçin getirip beren açary bolup çykdy. Men tanadym. Şol nusga boýunça latundan açar ýasadypdym. – Hm... diýmek, olar bir ýerden yş açyp ugrapdyrlar-da? – Şeýle ýaly. – Ýene-de gaýtaladaýsak nädýär? – Bolman durjak däl. Gaýtaladaýaly. Baş buhgalterden razylyga garaşyp oturan ýaly Wiktor Grigorewiç goňşy stollardaky gap-gaçlary ýygnaşdyryp ýören ofisiantkany eli bilen yşarat edip çagyrdy. Olar restorandan çykanlarynda restoranyň garşysyndaky köçe sagadynyň peýkamjyklary agşam sagat on biriň ýaryny görkezýärdi. – Olýa gelinem garaşyp oturandyr. Derrew gelerin diýipdim – diýip, Arlaňow ýoldaşy bilen hoşlaşdy. Köçäniň ilkinji öwrüminden dolanan Arlaňow saklanjak ýaly etdi-de, badyny gowşatdy. * * * Sagat sekiz otuzda kapitan Guldurdy Babaýewiň daryşgan kabinetine ýygnanan jenaýat agtaryş bölüminiň işgärleri şu günki edilmeli işler barada görkezme alyp çykyp gitdiler. Kabinetde Aganowyň kwartirasynyň töwereginde nobatçylyk çeken Wepaýew bilen Mollaýew galdy. – Näme üýtgeşiklik? Guldurdy Babaýew Wepaýewden nobatçylygyň geçişini sorady. – Gije sagat on ikiden ertir sekize çenli komendantyň kwartirasyna gözegçilik etdim. Üýtgeşik zat bolmady. Ýöne uzak gijeläp çyrasy öçmedi. – Çyrasy öçmedi? – Hawa Men bärik gaýdanymda-da otagda çyranyň öçürilmändigi bildirip durdy. – Komendant işe gaty ir barýar diýýärdiler-le. Onuň işine ugranyny gören-ä dälsiň? – Ýok. – Onda näme, gidip bilersiňiz! – Etrek, senem öten agşamky diýenimiň ugruna çyk. Ol ýanyna biziň işgärlerimiziň barmagyny halaýan-a däldir. Ugruny tapaýmasaň gürletmek ýeňil-ä düşmez. Senem indi bu ugurdan öwrenje däl. – Düşnükli. Etrek Mollaýew ýerinden turup gapa ýöneldi Şol wagt: – Ýoldaş kapitan! Habar bermäge rugsat ediň – diýipnobatçy milisioner işikden ätledi. – Aýdyberiň! – Zawoddan jaň etdiler. Komendant Aganow öldürilipdir. – Haçan? Kim jaň etdi? Kapitan syçrap ýerinden galdy. – Bilemok, ýoldaş kapitan! Ýetişiň diýip trubkany goýdular. – Polkownige habar etdiňizmi? – Ýok, ýoldaş kapitan! – Tiz habar ediň! Nobatçy milisionere tabşyryk beren kapitanyň özem polkownigiň kabinetine tarap ylgaşlap gitdi. Komendant Aganowyň kwartirasyna baranlarynda eýýäm goňşy-golamlar ýygnanşan eken. Ikinji bap Kakanyň demir ýol duralgasynda az salymlyk saklanan ýolagçy otlusy, dynjyny alan ýaly täzeden haşşyldap gündogara süýşüp ugrady. Otla münen elli ýaşlaryndaky eli könelişen porfelli, kellesi uly gaşly papakly, agajet adam wagonyň ýarym-açyk gapyly küpeleriniň agzyndan yşyklap çykdy. Boş ýere gözi kaklyşmansoň wagonyň çetki küpesiniň gapysyny çekdi. Küpede ýeke adam penjireden daşaryny synlap otyrdy. Portfelli ýolagçy ondan ýanynyň boşdugynam soraman, göni girdi. Daşaryny synlap barýan ýolagçy özüne üns bermese-de oňa salam berdi. (dowamy bar).. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |