07:38 "Ýylan" lakamly Garahanjar / powestiñ dowamy | |
Otla täze münen ýolagçy kellesindäki papagyny çykaryp, el ýaglygy bilen ýüzüdir boýunlarynyň derini çalyp oturşyna: – Ýol bolsun! – diýip, salamynyň alynmandygyna garamazdan, küpedeşine habar gatdy. – Daşkende barýaryn. – Ol gözüniň gytagyny otla täze münen ýolagça tarap aýlap goýberdi. Bary-ýogy birki sekuntlyk garaýyşdan soň ýolagçylaryň ikisiniňem ýüregi tisginip gitdi. Ikisem biri-birine hiç hili sowal bermän, bir zady ýatlajak boldy. «Garahanjar, bä, şolmukanaýt? Öz-ä çalymdaş. Ýüzi ýygyrt atyp, başyna çal sepenem bolsa, üýtgemändiräýt. Bu jelegaýlara nädip düşüp ýörkä? Atasy bilen «ilerik» geçeni ýaňy ýaly ýadymda. Ikimiz gözlüje ýaşyt bolmaly. Ýigrimi bäşinji ýyl jahyl çykan wagtymyzdy. Ýer-suw paýlaşygy boljakmyş gürrüňler ýaýrap ugranda bu deýýusyň kakasy ählije baýlygyny altyndyr kümüşe öwrüp, üç aýalydyr ogluny yzyna tirkäp serhetden agypdy. Gyzyny durmuşa çykarany sebäpli özi bilen alyp gidibilmändi. Şol durmuşa çykaran gyzynyň adamsam gum etegindäki baýlaryň biriniň ogludy. Giýewleri gijirägem bolsa, basmaçylyga çykyp okdan ölüpdi. Adamsy ölenden soň, baý gyzydygyna garamazdan, adamsynyň çopanyna ikinji gezek durmuşa çykypdy. Ol neresse-de uruş gutaransoň gumdan öli tapylypdy. Aýal dogany häzirem bar bolsa bardyr. Meniň görmälime-hä eslije wagt boldy. Amanadyny tabşyran bolsa-ha ilçilikdir, eşdilerdi. Şol, serhetden agypdyr habaryndan soň-a, gördüm-bildim bolmandy. Ýa-da geçjek bolanlarynda serhetde dagy tutulyp, jezasyny çekensoň başga; ýerlerde gezip ýörmükän? Men ýalňyşaýan-a däldirin-dä hernä?» Otla soňky münen ýolagçy birwagtky bolup geçen zatlary öwran-öwran ýatlady. «Göwnüme bolmasa, Şirli çopanyň ogly Mälik. Tanamadyk bolsa-da biri. Tanaýsa-ha işimiň gaýtdygy. Ondan bäri eslije ýyl geçdi. Tanaýarmykan? Belkide tanamaz. Kaklap otludan düşäýsemmikäm? Otludan düşen ýeriňde-de daş-töweregiň ýaşyl papaklydan doly. Özüniň dil ýararyna garaşmaly. Meňzeş adam gytmy näme? Meniň dokumentlerim düzüw-ä. Dokument diýýänem welin, dokumentdäki ada-da ol beletdir. Näme etsemkäm. Munuň duşýan wagtyny diýsene». Belli bir netijä gelip bilmän beýleki ýolagçy uzalyp gidýän dag gerişlerini synlaýan kişi bolup pikirlenmesini dowam etdirdi. – Sakgaldaş, onda näme çaýlaşaýsak kem bolmazmyka diýýän. Çaý başynda gümür-ýamyr edişeris. Men çaý alyp geleýin – diýip, otla soňky münen küpeden çykdy. – Bolsa-da tanamady öýüdýän – diýip, öz ýanyndan ýuwaşja seslendi-de, küpede galan birneme arkaýynlaşdy. Çaýyň ugruna çykan wagonyň konduktorynyň küpesine kürsäp girdi. – Ýuwaş! – diýip, süýem barmagyny dodagyna ýetirdi. – Nämäň ýuwaşy? Onuň «ýuwaşyna» düşünmedik konduktor ýolagçynyň ýüzüni aldy. – Maňa tizräk çaý demle-de, otlynyň üstündäki gezýän ýaşyl papaklylary çaltrak çetki küpä alyp gel. Galanynam soň bilersiň! * * * Ol çaý alyp gelende küpedeşiniň şol, penjireden seredip oturşydy. – Sakaldaş, çaýlaşaly. Görýän welin kän pikir edýäň. Dünýäni pikir bilen alyp bolmaz. Ol gürläp oturşyna çaýy yzly-yzyna agdaryşdyrdy. – Hany göreýin birneme gandymam bar ýalydy – diýip, portfelini açyp sermenmäge başlady. – Sakaldaş, hany alsana-how! Küpedeşinene-de mürähet etdi. Onuň bu hereketleri wagt utmak üçindi. Şol wagtam küpäniň gapysy açylyp, iki sany serhetçi bilen wagonyň konduktory peýda boldy. – Dokument barlagy! Serhetçileriň çini boýunça ulusy oturanlara ýüzlendi. Ýolagçylaryň biriniň ýüzi agaryp gitdi. Beýlekisi bolsa, derrew goltuk jübüsinden pasportyny çykaryp: – Ynha, meniň-ä başbildim! Tejene barýan – diýdi. – Hany siziň dokumentiňiz? Serhetçileriň biri dokumentlerini tapmadyksyran bolup oturan beýleki ýolagça ýüzlendi. Ol pasportyny çykaryp, serhetçilere uzatdy. Onuň dokumentini barlan serhetçi pasporty, eýesine uzadyp durşuna: «Hemme zat ýerbe-ýer-le» – diýen äheňde konduktoryň ýüzüne seretdi. Küpedeşi pasportyny serhetçilere uzadan wagty, onuň keşbini doly synlan ikinji ýolagçynyň nazary garşysyndakynyň gaşynyň ýokarsyndaky çapyk yza kaklyşdy. Şondan soň, ähli zat aýan boldy. – Bu şol, bu şol nejis! Ikinji ýolagçy şobada zöwwe ýerinden turdy. – Bu şol. Serheň baýyň ogly Garahanjar. Ýer-suw paýlaşygynda ähli maşgalasy bolup «ilerik» geçipdi. Bu şol. Edil özi. Başga adam bolmaga haky ýok. Ol yzyny üzmän gaty sesi bilen serhetçilere düşündirmäge durdy. Wagonyň penjiresiniň öňünde som-saýak bolup duran ýolagçy ýüzüni aktam ýaly edip durdy. Ol: – Siz, näme dälirediňizmi? Haýsy Serheň baý? Haýsy Garahanjar? Men, uly bir kärhananyň baş buhgalteri. Siz edýän töhmetiňiz üçin jogap bermeli borsuňyz! – diýip, syr bildirmejek bolup, sesini gataltdy. Baş buhgalterdigini tassyklaýan dokumenti serhetçilere uzatdy. Dokumente göz gezdiren serhetçi ony yzyna gaýtaryp berdi. – Şol, şol. Ynanmasaňyz serediň, sag gaşynyň ýokarsyndaky çapyk yzy henizem bildirip dur. Gurbanlykda hiňňillikden ýykylyp bolupdy. Şu günki ýaly hemmesi ýadymda. Ol serhetçilere düşündirmesini dowam etdi. – Şeýle bolsa, indiki duralgada ikiňizem düşmeli borsuňyz. Şol ýerde düşünişeris. Serhetçileriň ulusy buýruk beriji äheňde gürledi. O nähili? Men şu otly bilen Daşkende ýetişmeli ahyryn! – Saklanyňyz üçin size kepilnama bereris. – Meniň üçin-ä parhy ýok. Düşmelimi, düşmeli. Ýöne şu adamy sypdyrmajak boluň! * * * Serhet zastawasynyň naçalniginiň kabinetinde döwlet howpsuzlygy komitetiniň işgäri Batyr Amanow otludan alnyp galanlardan sorag etmäge başlanda gün öýleden agypdy. – Siz, hakykatdanam şu adamyň Serheň baýyň ogly Garahanjardygyna güwä geçýärmisiňiz? – diýip, ol Mälik Şirliýewe gaýta-gaýta sowal berdi. – Men bularyn tohum-tijine belet-le Gum etegindäki kolhozda şu peläketiň özünden uly uýasy Gülsenem Arlaňowa-da ýaşaýar. Mälik Şirliýew şol bir diýenini tutdy. Mälik Şirliýewden Gülsenem Arlaňowanyň ýaşaýan ýerini salgy alan howpsuzlyk komitetiniň işgäri serhetçileriň eline Arlaňowany we kolhozyň partiýa guramasynyň sekretaryny alyp gelmäge degişli çakylygy tutdurdy. – Siz, Mämmet Arlaňowyň portfelinden alnan pullary hasaba aldyňyzmy? Näçeräk? Onsoňam, onuň eline «TT» markaly sapança nähili düşüp ýörkän? Batyr Amanow zastawa naçalnigi Iwan Wasýilýewiç Zotowa ýüzlendi. – Pullary hasapladyk. Bir ýüz ýigrimi iki müň bäş ýüz kyrk manat. – Şunça pul onuň eline nireden düşüp ýörkän? – Baş buhgalter bolup işlän bolsa, gyrp-çyrpy bardyr-da. – Anygyna ýeteris-dä. Onsoňam ol, nädip Mämmet Arlaňow bolýarkan? Şirliýewiň aýtmagyna görä-hä olaryň şol gumda öli tapylan giýewleri Mämmet Arlaňow bolmaly. Şirliýew ýalňyşýan bolmaly däl. Şirliýewiň ony tanamagy, onuň familiýasynyň we adynyň giýewleriniňki bilen gabat gelmegi, galyberse-de, köp pul, sapança şol «ilerik» geçen. Serheň baýyň oglundan çykaýjak zat. Ýöne, bir zat düşnüksiz. Onuň kakasy bilen serhet bozanlygy barada bizde takyk maglumat bar. Ol, haçan, bärik geçip, haçandan bärem bu ýerde işläp ýörkä? * * * Gijäniň bir wagty kolhoza giden serhetçiler Gülsenem Arlaňowanam, kolhozyň partiýa guramasynyň sekretary Güýçgeldi Berdiýewem alyp geldiler. Güýçgeldi aga ýaşy altmyşa golaýlan dolmaç garaýagyz adamdy. Ol gapydan rugsat sorap girenden, Batyr Amanow ýerinden turup, ony garşy aldy. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň: – Bagyşlarsyňyz-da! Gijäniň içinde zerur iş çykansoň çagyrmaly bolduk. Siziň kömegiňiz gerek boldy. Ol ýaşulydan ötünç sorady. Soňam: – Kolhozyňyzda işleýän Gülsenem Arlaňowanyň aslyna beletmi? diýip, soraga geçdi. – Hawa. Bir obada önüp-ösdük. Serheň baý serhetden geçende men jahyl oglandym. Şol wagt Gülsenem gum etegindäki baýlaryň biriniň gelnidi. Onuň başdaş adamsam eşidişime görä, basmaçylyga çykyp, okdan öläýen ýaly. Soň Gülsenem ölen adamsynyň çopanyna durmuşa çykdy. Adamsyny yzyna tirkäp dogduk obasyna göçüp geldi. Gelibem kolhoza girdiler. Häzirem güýjüniň ýetdiginden kolhozda zähmet çekip ýör. Adamsy Mämmet neresse uruş başlanan badyna urşa gidip ýaraly bolup geldi. Gelibem kolhozyň bir süri goýnunyň yzyna düşdi. Uruş gutaran badyna ony çopan goşunda öli tapdyk. Oňat ýigitdi. Ýöne ömri gysga eken-dä. – Şol çopanyň ady Mämmet Arlaňowmydy? –Hawa. Frontdan ýaraly bolup gelenimde meni kolhoza başlyk saýladylar.Şoň üçin men oňa gaty belet. – Serheň baýyň oglunyň ady kimdi? – Garahanjar. – Şol Garahanjar diýilýänini häzir görseňiz tanarmysyňyz? – Tanaýmagym ahmal. Esli wagtam-a geçendir. – Mälik Şirliýewem tanaýarmysyňyz? – Tanaýan. Onuň bilenem bir obada önüp-ösdük. Bu zatlara onuň näme dahyly...? – Dahyly, Garahanjary otlynyň üstünde tanan şol. – O nähili? Garahanjar kakasy bilen «ilerik»... – Gepem şonda. – Mälik Şirli tanan bolsa, şoldur. Onda näme, beýdişip oturmaly. Sizem yzyňyza ugratmalydyrys – diýdi-de, işikde duran serhetçiden Gülsenem Arlaňowany çagyrmagy haýyş etdi. Gülsenem Arlaňowanam Batyr Amanow mylakatly garşylady. Oturmaga ýer görkezdi. – Siz, Gülsenem Arlaňowamy? – Hawa. – Onda ýeňňe, sizden bir zadyň anygyna ýetmeli. – ...? – Siz, dogansyz Garahanjary soňky sapar haçan gördüňiz? – Ýer-suw paýlaşylan ýyly. – Has takygy? – Güýzräkdi öýüdýän. Atam öýüne gezmäge gelipdim. – Doganyňyzy görseňiz tanarmysyňyz? – Hi, doganam tanaman bolarmy? Beterem tanaryn. – Doganyňyzyň ady kimdi? – Garahanjar. – Biziň häzir size görkezjegimiz Mämmet Arlaňow. Bu ady eşiden Gülsenem ýerinden turanynam duýmady. – Tussagy getiriň! «Tussagy getiriň!» diýen sesi eşiden Gülsenemiň maňlaýynyň gasynlary birden ýazylyp, birdenem büzüldi. Tussag işikden ätländen Gülsenem ýene-de ýerinden turanyny duýman galdy. Hanjarym, bu senmi? Ýuwaşjadan pyşyrdady. – Ýeri, Garahanjar. Sen onsoň nähili Mämmet Arlaňow bolup ýörsüň? Ýa-da henizem Garahanjardygyňy boýun alasyň gelenokmy? Batyr Amanow tussaga bakan gözüni alardyp, sözüni dowam etdi. –Güýçgeldi aga, ynha, men baş buhgalter Mämmet Arlaňow diýýän şu adam. Ýanyndanam bir ýüz ýigrimi iki müň bäş ýüz kyrk manat pul bilen sapança çykdy. Eger obadaşyň bolsa, sizem tanamaly. – Tanadym. Asyl üýtgemändir. * * * Faşizm labyryny Sowet ýurdunyň üstüne oklanda ýurduny terk eden baýlaryň ençemesi Gitlerden we onuň döreden faşizminden uly öwrülişige garaşdylar. Hat-da Gitleri özleriniň uly howandary hasaplamaga başladylar. Gitleriň agenturasy özlerini gözläp tapmadyk mahalynda olaryň özleri baryp, faşistik wekilleri tapýardylar, özleriniň ähli ýumuşa taýýardygyny kepillendirýärdiler. Olara gulluga durýardylar. Faşizm üçin bolsa, Sowet tylynda şeýle adamlaryň üsti bilen ýykgynçylykly işleri geçirmek amatlydy. Olar ýerli ýagdaýa belet we ygtybarly adamlar hasaplanylýardy. Faşistik wekillerini öz gözläp tapan we Türkmenistanyň territoriýasynda ähli ýykgynçylykly işleri geçirmäge taýýardygyny mälim edenleriň birem Serheň baýyň ogly Garahanjardy. Ol Eýranyň demirgazygyndaky Wolfiň ýolbaşçylyk edýän nemes razwedkasynyň hakyna tutma adamsy boldy. Garahanjaryň düşündirşinden. «1942-nji ýylyň ýazynda bizi gijäniň bir wagty Derwezäniň golaýynda gum içine okladylar. Biz on bäş adamdyk. Biziň esasy wezipämiz Türkmenistanyň territoriýasynda bar bolan senagat kärhanalaryny partlatmakdan ybaratdy. Biziň her birimiziň öz lakamymyz bardy. Meniň lakamym «Ýylandy». Toparymyza kimiň ýolbaşçylyk edenini şol wagt bilemokdym. Ýöne, her on günden diýen ýaly biz dürlitabşyryklar alýardyk. Her näçe tabşyryk alsagam bir kärhananam partlatmak bize başartmady. Soňky gezek Ufra posýologyndaky nebit bazasyny partlatmak barada tabşyryk boldy. Bakuwyň we Türkmenistanyň ähli nebidi şol ýerden fronta ugradylýardy. Bazany her etmeli-hesip etmeli partlatmalydyk. Biz muňa iki aýlap taýýarlyk gördük. Hatda gum içine taşlanan dinamitli ýaşikleri-de posýologyň golaýynda bukup goýduk. Bazany welin partlatmagy başarmadyk. Aragatnaşygy ýola goýmak üçin ynanan işçimiz biziň, ähli planlarymyzy puja çykardy. Şonda näçämiziň ele düşenini bilemok. Maňa-ha gaçyp gutulmak başartdy. Her bir dokumentsiz Krasnowodskide aýlanyp ýörkäm, meni bir adam saklap, çete çekdi we meniň «Ýylandygymy» aýtdy. Şol adam çalgyrt türkmençe gürläp: «Sen häzirlikçe Tejene, aýal doganyňka git-de, şol ýerde gizlen. Gerek bolsaň, seni özümiz taparys» diýdi. Dogrusy, aýal doganymy köp wagtlap görmedigem bolsam tapdym. Birnäçe wagtlap aýal doganymyň öýünde gizlendim. Soňra ätiýajy elden bermejek bolup, Tejeniň ýylgynlygyna siňdim. Aýal doganymyň iýer-içer ýaly zat getirmedik wagty gijelerine özüm oba gelerdim. Bir gezek dört-bäş günläp aýal doganymdan habar bolmady. Özüm habar tutmak üçin gijäniň bir mahaly oba geldim. Hemişeler gapy içinden ildirilmezdi. Bu gezek gapy ildirilgi eken. Ýuwaşjadan gapyny kakdym. Kimdir erkek kişiniň ardynjyran sesi eşidildi. Sesi eşiden dessime öýden daşlaşmak bilen boldum. Iki gün geçenden soň, aýal doganym ýylgynlyga iýer-içer ýaly zat getirdi. Menem ondan hiç zat soraman garbanmaga, başladym. Aýal doganym bolsa, aglap adamsy Mämmediň ýaraly bolup, uruşdan gelendigini, iki günläbem: «Men Watan üçin gan döküp geldim. Sen bolsaň yzymda oýnaş tapynypsyň» diýip azar berdi. Şu «günem irden gum içine çopançylyga ugrady. Indi, men nätsemkäm?» diýdi. Menem birneme pikirlenenimden soňra «sen Mämmede aýt. Gapyny kakan doganym Hanjar eken. Ilerik geçilende ele düşüp, uzak wagtlap Sibire ugradylyp, wagty dolansoň boşadypdyrlar, özem Tejende işe durupdyr» diýäý. Galanynam soň görübereris diýdim. Adamsy azyk üçin oba gelende al doganym meniň salgy beren zatlarymy aýdandan soň, Mämmet köşeşipdir. Şeýdip ýylgynlykda gezip ýörşüme, wagtyň nähili geçeninem bilmändirin. Bir gün: «Hanjarym» diýen aýal sesine oýandym. Düýşümmikä diýsem dälekeni. Meniň bolýan ýylgynymyň golaýynda aýal doganym dur. Bir gorkunç habar getirendir diýip endam-janym jümmüşläp gitdi. Ol ýuwaşjadan: «Urşam-a gutarypdyr. Öten agşam gapym kakyldy. Senmikäň diýip açsam bir gysga boýlurak adam dur. Şol adam çalgyrdyrak gürläp seni sorady. Menem ol ilerik geçirdi ahyryn diýdim welin: «Sen gorkma, men öz adamyňyz. Eger bir ýerlerde gizlenip ýören bolsa, sen şujagaz haty gowşur» diýip, bölejik kagyzy elime tutdurdy-da, hoşlaşyp gitdi» diýdi. Men haty garbap diýen ýaly aldym. Alagaraňkyda otly çöp çakyp haty okadym. Bary-ýogy iki setir ýazylan: «Ýylan, men Şagadamda. Işçiler şäherjiginiň 15-nji jaýy» diýip ýazylgydy. Şujagaz hat meniň üçin buýrukdy. Men hökman haty ýazany tapmalydym. Ýöne hiç hili dokumentsiz ýerimden nähili gozganyp bileýin. Öňki ýasama dokumentlerimem bazany partlatjak bolanymyzda gaçyrypdym. Aýal doganym gaýdansoň kän pikir etdim. Agşamam oba geldim. Ertesi aýal doganym kolhoz işine gidende daşymdan gulplap gitmegini tabşyrdym. Ýeke özüm öýde galyp ähli düwünçekleri dörüp çykdym. Bagtyma Mämmediň ähli dokumentleri we şol kolhozda ýaşaýanlygy hakynda oba Sowetiniň beren sprawkasy bar eken. Maňa-da geregi şoldy. Şol döwürde oba adamlaryna pasportyň ýerine oba Sowetiniň sprawkasy berlerdi. Aýal doganymyň işden gelerine howlukdym. Ol gelenden soň, adamsynyň goşunyň haýsy guýudadygyny osmaklap soradym. Soňam häziriň özünde şol hat goýup giden adamyň yzyndan gitjekdigimi aýtdym. Eger Mämmet soraýsa-da, şol Sibirde bolan ýerinde aýaly, çagalary barmyşyn, şolaryň ýanyna gitdi» diýäý diýdim-de çykyp gitdim. Iki günden soň, Mämmediň bolýan guýusyny tapdym. Bagtyma goşda çolugam ýok eken. Ol azyk üçin oba gidipdir. Menem ýörite giýewisi bilen salamlaşmaga gelen adam ýaly bolup, bütin gün çopan goşunda boldum. Agşamam şu ýerde bolup ertir gaýtjakdygymy aýtdym. Özümem ýetişibildigimden Sibiriň sowugy, gören horluklarym barada köp zady toslap, Mämmediň ynamyna girdim. Agşam uka gidende-de ýüzüni ýorganynyň çeti bilen ýapyp, ähli güýjüm bilen agramymy üstüne okladym. Şeýdibem Mämmedi demikdirip öldürdim-de, onuň frontdan alyp gelen şinelini egnime atyp, suwdur ýarty çöregini alyp, şol ýerden gönüläp Aşgabada gaýtdym. Aşgabada gelibem aýal doganymyň düwünçeginden alan puluma Şagadama bilet aldym. Hatda görkezilen adresi tapdym. Pasport edinmekligiň pikirini etdik. Mämmede oba Soweti tarapyndan berlen sprawkanyň ýazgysy bilen oba Sowetiniň golunyň tarapyndan berlen sprawkanyň ýazgysy bilen oba Sowetiniň golunyň we möhüriniň arasynda ýoňsuz boş ýer galdyrylypdyr. Şol boş ýere: «Oba Sowetiniň hasabyndan çykyp, şähere gidýär. Sprawka şäherde pasport almak üçin berildi» diýip, sprawkany dolduranyň hatyna meňzeş hat bilen goşmaça ýazdyk. Şondan soň, hat goýup gaýdanyň maslahaty bilen Nebitdaga gaýtdym. Şol ýerde burawda işe ýerleşdim. Sprawkanyň kömegi bilenem pasport edipdim. Şeýdibem Mämmet Arlaňow boldum. Şondan soňky işlän ýerlerimem zähmet depderçämde ýazylgydyr. Sapança özümiňki. Pullar bolsa ogurlyk däl. Ýeke özüm ýaşamsoň ýygnan pullarym. Garahanjar Serheň ogly» Garahanjar Serheň ogly başyndan geçirenlerini kagyza geçirip boýun alandan soň, ol Krasnowodskä jenaýat agtaryş bölümine derňewi dowam etdirmek üçin ugradyldy. * * * Içki telefon arkaly Etrek Mollaýewi ýanyna çagyran kapitan çilim otlandy, endigine görä, kabinetiň içinde gezmeläp ugrady. Etrek Mollaýew kabinete girenden, kapitan: – Ogrymyz-a tapylaýdy öýüdýän, Etrek – diýdi. – Haçan? Kim ekeni? – diýip, Mollaýew geňirgendi. – Ýaňy, Kakanyň serhetçileri jaň etdiler. Iki gün bäri tapylman ýören Mämmet Arlaňow köp pul we sapança bilen şol ýerde ele düşüpdir. – Onda komendanty öldürenem şol-da? Mollaýew soragly nazaryny kapitana dikdi. – Onuň komendanty öldürenini ýa-da öldürmändigini getirenlerinden soň bileris. Sen ýaňy laboratoriýadakaň kassir aýal gelip, öňki aýdanlaryna goşmaça düşündiriş ýazyp gitdi. – Indi düşündirşine nämeleri goşanmyş? – Seýfi ýapyşdyr diýip, özi hajathana çynakmyş. Kassir hajathana çykanda seýfi ýapan Arlaňow eken. Soň zawoddan çykanlarynda: «Men häzir öýe baryp geleýin» diýip, portfelini alyp öýüne gidipdir. Kän wagt geçmänem portfelini öýünde goýup kassiriň öýüne gelipdir. Ýöne kassanyň ýarylan wagty ol kassiriň öýünde eken. – Onda, kassany ýaran komendant. Arlaňow komendantyň kassany ýaranyny bilip, ony öldürip, pullaram «Ogrudan ogurlamak halal» – diýip, alyp gidipdir-dä? – Komendant agşam sagat dokuzlarda öldürilipdir. Arlaňow bilen kassiriň biziň ýanymyzdan giden wagty sagat ýedi töweregidi. Sagat sekizden on biriň ýaryna çenli ätiýaç şaýlary sehiniň naçalnigi Wiktor Grigorýewiç bilen restoranda oturypdyr. Muny gören adamlar aýtdylar. Wiktor Grigorýewiçiň özündenem sorag etdim. Olam tassyklady. Kassiriň aýtmagyna görä, olar bölümden gidenlerinden soň, Arlaňow: «Men birki sagat kabinetde işlejek, gijiräk gelerin – diýip, zawoda tarap gidipdir. Ýöne gelmändir. Zawodyň geçelgesinde Wiktor Grigorewiçe sataşypdyr, şondanam restorana barypdyrlar. – Biziň komendantyň gapysyndaky tutawaçda galan yzlary wagtynda alyp ýetişmedik. Ýetişen bolsak, Arlaňowyň komendantyň öýüne barany-barmany belli bolardy. Indem giç. – Sende näme täzelik bar? – Gulyýewe seýfiň kesilişinem, komendantyň öldürilişinem görkezdim. Ol gören zatlary barada hiç zat aýtmady. Onuň bilen ýene duşuşmaly. Komendantyň saçyndan ýolunan bölegi laboratoriýada barladyk. Onuň dokumentlerinde milleti ermeni ýazylypdyr. Saç bolsa, milletiniň azerbaýjandygyny subut edýär. Ine, ýene-de bir düşnüksizlik. * * * Kapitan Babaýew iş wagty başlanmazyndan öňräk gelip kabinetiniň penjirelerini açyşdyrdy. Oturgyjy penjirä golaý süýşürip çilim otlandy. Çilimini burugsadyp oturşyna işe howlugyp barýanlary synlaýana çalym edýärdi. Ol köçeden geçip barýanlaryň ýekejesinem görenokdy. Hyýalynda Arlaňow bilen boljak duşuşyga taýýarlyk görýärdi. Oňa çylşyrymly soraglary berip görýärdi. Berýän soraglaryna Arlaňow bolup özi jogap berýärdi. Şeýdip, özbaşyna gümra bolup oturşyna ol nobatçy milisioneriň gapydan gireninem duýmady. – Ýoldaş kapitan, sizi bir, zenan maşgala soraýar, – Zenan, o nähili zenan? – Bilmedim. Sizi soraýar. – Onda çagyryň! Kapitan ýerinden turup, kabinetiň içinde gezmeläp ugrady. Işikden salam berip giren zenan Gulyýewiň aýaly Walentina bolup çykdy. Heniz iş wagty-da başlanmanka Gulyýewiň aýaly özüni sorap geler diýip hiç wagt pikir etmedik kapitan geň galdy. – Geç otur. Näme habar? Saglykmy? Görkezilen ýere geçip oturan Walentina aglamjyrap: – Ol, agşam öýde bolmady – diýdi. – Iş wagty gutarandan soň welin, öýe geldimi? – Geldi. Iş eginbaşyny çalşyrynyp, arassa eşik geýdi. Işikdäki oturgyçda oturyp yzly-yzyna çilim çekdi. Hiç zat aýtmanam şol gidişi. Goňşy-golamlar-a: «Kassanyň ýarlanyny şondan görülýärmişin. Düýnüň özünde siziň işgäriňiz ondan soragam edipmişin» diýýärler – diýip, gözüniň ýaşyny süpürişdirdi. – Ýok, ondan sorag edemzok-da, ondan kömek soradyk. Sebäbi ol kassanyň ýarylan güni şol ýerde işläpdir. Onsoňam seýf onuň işlän guraly bilen kesilipdir. Bu zatlaryň ogurlygy onuň üstüne atmak üçin edilen bolmagam ahmal – diýip, Gulyýewiň aýalyny köşeşdiren kapitan ony öýüne ugratdy. Gulyýewiň aýaly gidensoň, Mollaýew işikden ätledi. – Gulyýewem ýitirim bolupdyr. Kapitan täzeligi habar berdi. – O nähili? – Nähilisi şol. Ol öten agşam öýünde bolmandyr. Aýaly gelip gitdi. – Polkownige habar etdiňizmi? – Ýok. Ýöne habar etmeli bolar. Kapitan telefona ýapyşdy-da, polkownigi Gulyýewli waka bilen habardar etdi. – Sen düýn Gulyýew bilen duşuşaňda gereginden artyk soraglar bilen öte geçen-ä dälsiň-dä? – Men onuň diňe kömek bermegini haýyş etdim. Onsoňam kassanyň ýarylmagyny onuň üstüne ýüklenmek üçin ýörite gurnalan zatdygyny aýtdym. – Sen, Gulyýewiň ogurlyga hiç hili dahyly ýok diýen pikire gulluk edýärsiň. Men oňa bolan betgümanlygymdan el çekip bilemok. Eger onuň ogurlyga dahyly bolmasa, ol nirä ýitirim bolýar? – Belki, onuň başga bir işi çykandyr. Aňyrsyna ýetmegimiz gerek. * * * Polkownik Haýdar Ataýewiň döwlet howpsuzlygy komitetiniň işgärleriniň gatnaşmagynda kapitan Babaýew, kriminalist Mollaýew bilen baş buhgalter Arlaňowdan soraga başlady. Arlaňowa ilkinji sowal berilmezinden ozal döwlet howpsuzlygy komitetiniň işgäri onuň ele düşen wagtynda sowallara beren jogaby bilen tanyş etdi. – Siziň hakyky adyňyz, familiýaňyz? Kapitan hiç hili gymyldysyz aşak bakyp oturan baş buhgaltere sorag berdi. – Garahanjar Serheň ogly. Lakamym «Ýylan». – Siz nähili Mämmet Arlaňow bolup ýörsüňiz? – Meniň nähili Mämmet Arlaňow bolanymy ýaňy okap berdiler-ä. – Onda Mämmet Arlaňow bolşuňyza başga goşjak zadyň ýok-da? – Ýok. – Siz Mämmet Arlaňowyň dokumentlerini ogurlanyňyzdan soň, ony öldürmäge näme mejbur etdi? – Eger ony öldürmedik bolsam, dokumentiň ogurlananynyň üsti açylardy. – Seniň giýewiňizi öldüreniňden aýal doganyň habary barmy? – Şondan soň, aýal doganyň bilen aragatnaşyk sakladyňmy? – Ýok. – Onda giýewiňizi öldüreniňi doly boýnuňa alýaň-da? – Hawa. – Munça köp mukdardaky puly nireden aldyňyz? – Pul özümki. Näme meniň pul ýygnamaga hakym ýokmy? – Şonça puly ýygnar ýaly seniň aýlygyňam-a köp däl?Onsoňam sapança siziň eliňize nireden düşüp ýör? – Nädip düşende näme! Sapança meniňki, Sapança hem-de serhedi bozanym üçin nähili jeza bolsa çekmäge taýyn. – Pul özüňki bolsa, sizi näme gaçmaga mejbur etdi? – Men gaçamok. Uzak wagtdan bäri aýal doganymy görmändim. Şony görmekçi boldum. Hem-de ýygnan pullarymy şoňa ertip bermekçidim. Iş ýerimde-de birki gün üçin zat diýesleri ýokdy. – Ätiýaç şaýlary sehiniň naçaligi Wiktor Grigorýewiç bilen ikiňiziň araňyzda restoranda nähili gürrüň boldy? – Ony özünden soraň! – Kassir Stroýewskaýa goşmaça düşündirşinde onuň hajathana çykan wagty seýfi özüňiz ýapypsyňyz. Dogrumy? – Onuň näme dahyly bar. Kassany gije ýarypdyrlar-a. Şu ýerde Mollaýew: – Siz restorandan çykanyňyzdan soň, sagat ýigrimi üç töwereginde komendant Aganowyň kwartirasyna barypsyňyz. Bu barada onuň goňşularyndan sorag edilende aýtdylar – diýdi. Mollaýewiň howaýy soragy kapitanyň göwnüne batmadymy nämemi, ol aýdýanyň näme diýen garaýyşda soragly nazaryny oňa dikdi. – Bardym. Ýöne, komendantyň öldürilmegine meniň dahylym ýok – diýip, ol Aganowyň öldürilendiginden habarlydygyny boýun aldy. Kapitan soragy dowam etdirdi: – Onda ony kim öldürýär? – Bilemok. – Siz komendantyň kwartirasyna näme üçin bardyňyz? – Wiktor Grigorewiç komendantyň ýasadan açary bilen ýerzemin açylypdyr diýdi. Eger ýerzemin komendantyň ýasadan açary bilen açylan bolsa, oňa «köpeý ogly pullary ýerinde goý». diýmek üçin bardym. Barsam, ol gapysynyň iç ýüzünde gana bulaşyp ýatan eken. – Sen baraňda onuň gapysy açykmydy? – Hawa. Gapy ýöne itiläýipdir. – Eger siz kassany komendant ýarandyröýdip onuň öýüne baran bolsaňyz, kassanam hakykatdanam Aganow ýaran bolsa, onda ogurlanan pullar nirede bolmaly. – Bilemok. Ony kim öldüren bolsa şolam alandyr. – Aganowy öldürenem, pullary onuň öýünden alanam siz bolmaly. Ýogsam sizi gaçmaga näme mejbur edip bilerdi. Polkownik soragyň arasyna goşuldy. Şol wagtam nobatçy milisioner: – Ogryny getirdiler – diýip habar berdi. Şondan soň Garahanjardan sorag etmekligiň arasy kesildi. * * * Nobatçy eli arkasyna daňylan, aýagy kedili inçedenuzyn adamy we Gulyýewi kabinete alyp geldi. – Siziň haýsyňyz ogry bolmaly? Kapitan gapydan girenleriň ýüzüne seretdi. – Ogr-a men bolmaly. Eli arkasyna daňylgy pyýada jogap berdi. – Onda siz näme üçin bu ýerde? Kapitan Gulyýewe tarap barmagyny çommaltdy. – Meniň näme üçin bu ýerdedigimi şu oňat düşündirer. Siz ýöne meni saklandygyňyz barada iş ýerime kepilnama berseňiz boldugy – diýip, Gulyýew kapitana ýüzlendi. – Sen häzir öýüňe git-de, gel. Iş ýeriňe seniň bizdedigiňi habar ederis – diýip, kapitan Gulyýewi öýüne ugratdy. – Biziň gözleýän şol kedilimiz. Indi «iksam», «igrigem», «zetem» belli bolaýsa gerek – diýip, Mollaýew işikde duranyň kedisini synlap oturşyna dillendi. – Gapdaldan ýene-de bir zat çykaýmasa, ählis-ä üýşäýdi öýüdýän. Sen munuň elini bir çöz. Munuň nähili ogry bolşuny bir anyklaly. Eli çözülip, oturmaly ýeri görkezilen kedilä: – Adyň, ataň ady, familiýaňyz, adresiň, doglan wagtyň? – diýip, kapitan soraga başlady. – Dmitriý Arsenýewiç Filippow, 1935-nji ýylda doglan, Adresim, Sowet Soýuzy. – Diýmek, belli bir ýaşaýan ýeriň ýok-da? – Ýok. – Ýanyňda näme dokumentiň bar? – Pasportym bolýan ýerimde. – Bolýan ýeriň nirede? – Ufrada. Bir tanyş aýalymyň öýünde. – Ol ýerde näçe wagtdan bäri bolýarsyň? – Üç aýdan bäri. – Öň niredediň? – Uralda. On ýyl koloniýada oturdym. – Düşnükli. Bärik näme maksat bilen geldiň? – Koloniýada oturan wagtym iki sany türkmen bilen bile boldum. Onuň biri serhedi bozany, SSSR-iň territoriýasynda diwersion işleri geçirmäge synanyşyk edeni üçin ele düşüpdir. Ol oturmaly wagty gutarandan soň, şol ýerde galyp işe ýerleşdi. Menem wagtym dolansoň çykyp, onuňka bardym. Ol maňa komendant Aganowyň adresini berdi. Özem ondan meni işe ýerleşdirmek barada haýyş edýän haty elime tutdurdy. Menem üç aýlap onuň ýanyna gatnadym. Bu gün ertir diýip, üç aý bärem aldap işe ýerleşdirmedi. Beýleki türkmen ogurlyk üçin häzirem otyr. Ol maňa Gulyýewiň şu ýerdedigini aýtdy. Şony tapsaň hor bolmarsyň diýdi. Gulyýewi Aganowyň üsti bilen tapdym. – Seniň şu ýerik gaýtmagyňy maslahat berenleriň atlary, familiýalary? – Uralda ýaşaýan Muhammet Böriýew, beýlekisi Halykberdi Gurbanow. –Muhammet Böriýewiň adresi? – Swerdlowsk, Petrow köçesiniň 15-nji jaýynyň 105-nji kwartirasy. – Böriýewiň Aganowa iberen hatyny okap görüpmidiň? – Mende kişiniň hatyny okamak endigi ýok. – Kişiniň puluny ogurlamak endigi bar bolsa-da, hatyny okamak endigi ýok diýsene. – Kapitan sesini gataltdy. Soňam: – Öňem ogurlyk sebäpli oturypmydyň? – diýdi. – Hawa. – Onda näme bu ogurlygyňyzam çöşläp ugraly. Özüň hemmesini gürrüň berjekmi ýa-da sorap ugralymy? – Özüm. – Onda ählisini bolşy-bolşy ýaly edip aýt. – Men Şagadama gelen günüm Aganowy tapdym. Haty berdim. Ol haty okap kömek etjekdigini aýtdy. Şol gün men onuň kwartirasynda galdym. Ertesi işden soň, Ufra posýologyna gidip, onuň bir tanyş aýalynyňkyda bolduk. Şol ýerde ol meni goýup gaýtdy. Özem: «Yzyňdan gelerin» diýdi. Ol aýalyňkyda iki gün bolanymdan soň öwrenişdim. Goş birikdirmek barada gürrüňem etdik. Bir hepde geçeninden soň, gelip meniň dokumentlerimi alyp gitdi. Ýene-de «Sen howlukma, dynjyňy al. Pul gerek bolsa aýdaýyň» diýdi. Şonda men Gulyýew bilen gyzyklandym. Ol onuň öz işleýän zawodynda işleýändigini, adresini aýtdy. Emma onuň adresini özüniň berendigini hiç kime aýtmazlygymy tabşyrdy. Men bu syrly adamyň hereketlerini geň görsemem ondan hiç zat soramadym. Onuň goýup gaýdan adresi boýunça Gulyýewi öýüniň töwereginde garawullamaga başladym. Bir günem işden gelýärkä ony saklap, Halykberdi Gurbanowyň salamyny aýtdym. Ol begenermikä diýdim. Emma, begenmedi. Gaýtam ol meniň özünden daşda bolmagymy duýduryp, öýüne tarap gitdi. Şol gün Aganowam gördüm. Ol maňa: «Sen arkaýyn dynjyňy alyber. Golaý wagtlarda bir uly bölegi ele düşüris. Sen meniň çakylygyma garaşyber. Soňam seni gowja bir ýere işe ýerleşdirerin. Gepleşip goýdum – diýdi-de iki-sany ýüzlügi elime tutdurdy. Şundan dört-bäş gün öňem ol meniň bolýan ýerime geldi-de agşam sagat onlarda meni taparsyň diýip gitdi. Agşam sagat onlarda men onuň kwartirasyna bardym. Ol: «Zawodyň kassasynda örän köp pul galdy. Men saňa ähli mümkinçilikleri döretdim. Sem hiç zatdan çekinme. Kassanyň ýarylanyny başga adamdan görerler» diýdi. Menem: – Kimden? – diýip, soradym. «Öň ýakasyny ogurlykda tanadan, şol seniň soraýan Gulyýewiň şu gün şol ýerde işledi» diýdi. Men birsalym sesimi çykarman oturdym. Ol: «Näme gorkýarmyň?» diýip ýüzüme seretdi. Menem: – Ýok – diýip, diýmänkäm elime açar tutdurdy-da: «Şu ýerzeminiň açary. Giren ýeriňde benzinde işleýän kesiji guraly goýandyryn. Kassa geçilmeli tirsege lom söýelgidir. Tirsegi döwüp geçen ýeriň kassa. Sen bu işleri gije ýarymdan agandan soň edersiň» diýdi. Özem meniň bile daşary çykyp, haýatdan zawoda geçmeli ýeri salgy berip öýüne gitdi. Menem zawoddan birneme daşlaşyp: «näme etmeli?» diýip öz göwnüme geňeşdim. Pulam bir gowy zat. Onda-da azapsyz gazanylan. Soň sagat onbirlerde Gulyýewleriň gapysyny kakdym. Kän garaşdyrman ol gapyny açdy. Meni görüp: «Men saňa aýtmadymmy» diýdi. Seniň bilen gürrüň – bar! diýenimsoň ol gapyny itip öýünden çete çekildi. Ol: «Meniň bilen näme gürrüňiň bolup biler?» diýip, sorady. – Seniň şu günki işlän ýeriňdäki kassany ýarmakçy – diýip, oňa etjek işimi bassyr-ýussursyz aýtdym, «Ony näme üçin maňa aýdýarsyň!» diýdi. – Bile gidäýsek nädýär? – diýdim. «Ýok» diýdi. Soňam: «Sen häzir nirede bolýarsyň?» diýip sorady. – Ufrada – diýdim. «Onda sen şu ýerden göni şeýläk git. Gaýdybam meniň gözüme görünme» diýip, yzyna öwrüldi. Şondan soň gelibem Aganowyň görkezen ýerinden ýerzemine girdim. Tirsegi döwüp kassa geçdim. Seýfem kesdim. Soň aldananyma düşündim. Seýfde diňe bir haltajyk ownuk şaýy pul bar eken. Haltajygy we seýfiň içindäki kagyzlaryň ählisini sumkama salyp, töwerege-de temmäki baryny sepip, daň saz berende zawoddan çykdym. Iki günden soňam Aganowyň öýüne bardym. – Sagat näçelerde? – diýip, ogrynyň gürrüňini diňläp oturan Mollaýew onuň gürrüňini böldi. – Agşam sagat dokuzlarda. Ähli zat gabat gelýär diýen äheňde Mollaýewiň ýüzüne sereden kapitan: – Dowam etdiriber! – diýip, Filippowa yşarat etdi. – Baryp aldandygyny aýtdym. Ol gaýtam öz üstümden düşüp ugrady. «Sen ähli puly özüň aljak bolýarsyň. Puluň ýarysyny getir. Ýogsam göni baryp aýtmaly ýerine aýdaryn» diýip, haýbat atyp ugrady. Saklanyp bilmedim. Saçyndan tutup, içine depenimden gapynyň iç ýüzünde ýykyldy. Soňam oturgyç bilen kellesine urdum. Gözläp pasportymy tapdym-da çykyp gitdim. Şu gün şäherden çykyp gitjekdim. Gulyýew pete-pet gabat geldi. Maňa çete çekilmegi yşarat etdi. Çete çekilenimizden ol: «Özüň barjakmy, ýa-da?» diýip sesini sandyratdy. Menem pyçaga ýapyşdym. Sebäbi özümiň çenim däldigini öňem eşidipdim. Pyçagyň zyňylyp gidenini bilýän. Özüme gelsem, öz guşagym bilen elim yzyma daňylgy. – Kassadan alan ownuk pully haltaň nirede? – diýip, kapitan sorag berdi. – Zawoddan çykanymdan soň, Ufra pyýada gitdim. Ýolda sumkany şol durşuna gömdüm. Şu gün şäherden çykmankam almakçydym. – Häzir şol ýeri görkezip bilermiň? – Hawa. Kapitan ýerinden turdy-da, seýfi açdy. Seýfden demir halkany alyp, Filippowyň eline geýdirdi. Işikde garaşyp oturan Gulyýewi çagyryp, hiç zat soraman, onuň eline kepilnamany tutduryp, arkasyna kakdy. Bu onuň Gulyýewe bildirýän minnetdarlygydy. * * * Soragy bes eden kapitan ýanyna şaýatlarydyr Mollaýewi, kassany ýaran Filippowy alyp sumkanyň ugruna çykdy.Şagadamyň dördünji kilometrliginde sumkany gömlen ýerinden tapdylar. Filippowyň aýdyşy ýaly, sumkada bir haltajyk ownuk şaýy pul, ýerzeminiň açary, işçileriň aýlyklary ýazylan wedomostlary hem-de jübi çyrasy bar eken. Şaýatlar tarapyndan pul sanaldy. Haltajykdaky ownuk şaýy puluň möçberi dört ýüz ýetmiş bäş manat boldy. Şondan soň, bu topar göni Aganowyň kwartirasyna geldi. Kwartirada Filippow Aganowy öldürendäki hereketlerini birnäçe gezek gaýtalady. Mollaýew onuň hereketlerini surata düşürdi. – Ýanyň bilen Aganowa getiren hatyň mazmuny dogrudanam saňa mälim dälmi diýip, kapitan ýene-de Filippowa ýüzlendi. – Ýok. Filippow gerdenlerini hereketlendirdi. – Bukjanyň daşynda adres ýazylgymydy? – Hawa, Aganowyň adresi. – Şol bukjany görseň tanarmyň? – Tanaryn. – Onda näme, Etrek başlaber! Mollaýew otagyň içindäki ähli zady ýekän-ýekän gözden geçirdi. Görünäýjek ýerden ýekeje hatam göze ilmedi. – Aganowa hat ýollanyň serhedi bozany, diwersion işleri geçireni üçin oturany beri dogrumy? Kapitan Filippowa tarap öwrüldi. – Öz-ä uruşdan gaçyp dezertirlik edenim üçin diýýär. Ýöne, beýlekiler welin serhedi bozan, diwersion işlere gatnaşan baý ogly diýýärdiler. Filippow göwni bir ýaly jogap gaýtardy. – Diýmek sen, diňe bir ogurlyk bilen meşgullanman, eýsem, serhet bozanlar, dönükler bilenem aragatnaşykda-da? – Aýdýanyňyz näme, ýoldaş naçalnik. Ogurlyk edenimi, Aganowy öldürenimi boýun alýan. Ýöne ýurduma dönüklik edemok. – Döwletiň puluny ogurlamaklygyň dönüklikden tapawudy näme? Kaptan gatyrganyp ýerinden turdy – Belki, bu deýýusyň gizlin zatlaryny goýýan buky ýeri bardyr – diýip, Mollaýewe tarap öwrüldi. Mollaýew: – Mümkin – diýdi-de, çemodanyndan agaç çekiji çykaryp, diwary tyrkyldatmaga başlady. Diwarda gizlin ýer üçin boşluk bolaýmasyn diýip guman eden ýerlerinden hiç zat çykmady. Mollaýew ýüzüniň derini çalyp oturgyçlaryň birinde oturdy. Nazaryny bir nokada dikip oturan kapitan: – Etrek – diýip, birden seslendi. – Otagyň içinde iki peç bar. Şu duran golland peç-ä onuň ulanýany bolmaly, bu kerpiçden örlen peçem ulanmadan galana çalym edýär. Siňe seretseň howurhanasynyň aşagy golaýda agardylana meňzeýär – diýip, peçe tarap barmagyny çommaltdy. Kerpiç peçiň gapysyny açyp, içine sereden Mollaýew: – Peç soňky on ýylda ýakylana meňzänok – diýip, peçiň soň agardylan ýerini synlamaga durdy. Çekiji bilen tyrkyldadyp gördi. Ol bir ýerden ujy çiş demir tapyp geldi-de emaý bilen täze agardylan ýeriň suwagyny gopardy. Suwagyň goparylan ýerinden göwrümi bir gujak azbess trubasy göründi. Trubany agzy keçe bilen ýapylypdyr. – Hazynasynyň bir çet-ä görnäýdi öýüdýän – diýip, Mollaýew keçe ýapyny aýyrmanka surata düşürdi. Soňam azbess trubany ýeňillik bilen sogrup aldy. Peçde golaýda ot ýakylmadygam bolsa trubanyň daşy tütünden ýaňa garalyp gidipdir. Mollaýew trubanyň içine elini sokup yzly-yzyna iki sany ep-esli ululykdaky agaç gutyny çykardy. Ilkinji açylan gutudan ýüzlük puldan gyradaň edilip doldurylyp goýlupdyr. Pullaryň aşagynda bolsa, Aganowyň puluň hasabyny ýöredýän depderçesi bar eken. Şol depderçäniň içinde pul ugradylandygy baradaky elli töweregi poçta kwitansiýasam çykdy. Şaýatlaryň gatnaşmagynda depderçedäki pul ugradylan adamlaryň spisogy ugradylan wagty bilen kwitansiýalar deňeşdirilip görüldi. Ählisi gabat geldi. – Buhgalteriýasyna dogry ýöredýän eken diýip, ýylgyran Mollaýew: – Diňe Swerdlowskide ýaşaýan Muhammet Böriýewe on bir gezek bäş ýüz manatdan ugradypdyr – diýdi-de, birden sygyryp goýberdi. – On bir gezek? Kapitanam geňirgenýän ýaly Mollaýewiň aýdanlaryny gaýtalady. – Hawa, on bir gezek. Özem şol pullar Aşgabadyň, Nebitdagyň poçtalaryndan ugradylypdyr. Mollaýew kwitansiýalara seredip oturşyna başyny ýaýkap gürledi. Soňam: – Ynha bu ýigide beren pulam kwitansiýasy bolmasa-da depderçe-de bellik edilipdir – diýip, depderçäni kapitana uzatdy. – Muhammet Böriýewe munça pul ugradylýan bolsa, olaryň aragatnaşygy hökman bolaýmaly. Depderçedäki atlary gözden geçirip oturan kapitan dillendi. – Görýän welin işimiz gitdigiçe çylşyrymlaşyp barýar. Işi dowam etdirmek üçin ýene-de wagt soramaly bolaýmasak ýagşy diýip, Mollaýew kapitanyň pikirini bilmekçi boldy. – Hawa, iş-ä köpeldi. Biziň birden birimiz Swerdlowskä-de gitmeli bolaýmasak. Belki, ýene-de birnäçe zadyň üsti açylar – diýip, kapitan onuň aýdýanlary bilen razylaşdy. Şondan soň şaýatlaryň gatnaşmagynda puluň hasaby dogry bir ýüz elli müň manat boldy. – Arlaňowyň elinden alnan pullar bilen Aganowyň, gizlin gutusyndan çykan pullaryň möçberem-ä deňeçerräk. Bularyň haýsysy hakyky ogrukan? Ýene-de bir bulaşyklyk. Kapitan açylmadyk guta tarap ümledi. Ikinji gutudan bir petde Aganowyň adyna ýazylan hatly bukja, üç sany täze pasportyň nusgasy, Arlaňowyň suraty ýelmenilip möhür basylyp heniz doldurylmadyk pasport. Aganowyň suraty ýelmenip möhür basylan hem-de Mämmet Alekper ogly diýip, doldurylyp goýlan täze pasport. «TT» markaly sapança, ýüze golaý ok çykdy. Gutudan uruş döwründen ozalky berlen pasportyň çykmagy hasam geň galdyrdy. Bu pasportda hem Mämmet Alekper ogly diýlip ýazylypdyr. Özem Aganowyň ýaş wagtyndaky suraty ýelmenen. Pasportyň berlen ýerem Baku şäheri. – Meniň-ä başym çykýan däldir, Etrek! – diýip, kapitan ýerinden turdy. – Goltugymyzda ýylan saklap ýörüpdiris-ow. Hiç zat oslanmadyk bu adamyň üstüni açmak ikimiziň üstümize düşýär, ýoldaş kapitan! Sen öz getiren hatly bukjaňy şularyň içinden tanap bilermiň? – diýip, kapitan Filippowa ýüzlendi. Bukjalaryň daşyndaky poçerkiň bir adam tarapyndan ýazylandygy, ählisiniňem meňzeş bukjada ugradylandygy sebäpli Filippow öz getiren hatyny tapyp bilmedi. – Getiren hatyň eger şularyň içinde bar bolsa, häzir taparys. Sebäbi seniň getiren hatyňda poçtanyn möhri bolmaly däl. Mollaýewiň özi bukjalary täzeden gözden geçirip durşuna dillendi. Dessine-de: – Ynha, şu bukja poçta bilen gelmändir – diýip, bir bukjany aldy-da içindäki eplengi kagyzy çykardy. Poçtanyň möhri basylmadyk bukjadan çykan hat hakykatdanam Filippowyň Aganowa getirip beren haty eken. Hat türkmençe-ýazylypdyr. Hatda, şeýle ýazgy bar: «Iberen puluňy aldym. Köp sag bol. Men seniň ýanyňa ynamly adamy ugradýaryn. Kömek et. Peýdasy deger. Dynç alşa çykan badyna ýylany meniň ýanyma ugrat! Gürrüň bar! Muhammet Böri.» Şu gysgajyk haty okan Mollaýew: – Bo, bularyň biri Şir, birem Ýylan – diýdi. – Şir diýip ýüzlenilipdir welin, göwnüme bolmasa, topara ýolbaşçylygy şu Aganow edene meňzeýär – diýip, kapitan söze goşuldy. – Ahmal. Ilki bir Aganowyň hazynasyny dokumentleşdireli. Soňam näme, görübermeli bor-da diýip, Mollaýew komendantyň öýünden çykan zatlary şaýatlaryň gatnaşmagynda aktlaşdyrmaga durdy. * * * Olar bölüme baranlarynda iş wagty tamamlanypdy. Kapitan Filippowy nobatça tabşyryp, özem Mollaýew bilen polkownik Haýdar Ataýewiň kabinetine girdi. – Näme täzelik? Olar işikden giren badyna polkownik ýerinden turdy. – Täzelig-ä garaşyşymyzdan has kän – diýip, kapitan stula geçip jaýlaşykly oturdy. Mollaýew bolsa, gutulary we Filippowyň gömüp goýan sumkasyny polkownigiň stolunyň üstünde goýuşdyrdy. – Size asyl, iş baryny bitirene meňzeýärsiňiz – diýip, polkownik gülümjiredi: – Etrek onda näme tapylan zatlar bilen polkownigi tanyş et – diýip, kapitan çilim otlandy. Etrek Mollaýew ähli zat bilen tanyşdyrandan soň, polkownik: – Görýän welin siz diňe ogurlygyň üstüni däl, eýsem uruş döwründe hereketde bolan uly bir diwersiýa toparyňam üstüni açaýdyňyz öýüdýän. Indem meniň berjek görkezmelerimi belleşdiriň – diýip, kabinetde gezmelemäge başlady. – Birinjiden, Bakuwyň harby komissariatyndan Mämmet Alekper oglunyň kimdigini anyklamaly. Şeýle hemAganowyň kimdigi barada Ýerewandan habar tutmaly. Ikinjiden, Aganowyň kwartirasyndan tapylan pullary we pasportlary barlagdan geçirmeli. Belki, pulam, pasportlaram ýasamadyr. Üçünjiden, Swerdlowskä habar edip, bularyň, aragatnaşyk saklaýan Muhammet Börüsiniň şu ýerik ugradylmagyny haýyş etmeli. Häzirlikçe şulary ýerine ýetiriň – diýip, polkownik ýerine geçip oturdy. – Aganowyň kwartirasyndan alnan pullaryň zawodyň kassasyndan ogurlanan pullara dahyly bolmaly däl. Sebäbi kassadan ogurlanan dürli möçberdäki pul. Aganowyň öýünden alnan pullar diňe ýüz manatlyk pullardan ybarat. Mollaýew gürrüňe goşuldy. Soňam: Biz ony derrew bileris. Sebäbi, Arlaňowdan we Filippowdan alnan pullary goşup göreris. Filippowyň sumkasyndan alnan wedomostlardaky heniz işçileriň alyp ýetişmedik aýlyklaryny hasaplarys. Ine, şeýle etsek kassadaky pullary kimiň ogurlany belli bolar diýdi. – Arlaňowam-a «pullar özümki» diýýär – diýip, polkownik ardynjyrady. – Biz bir pullary hasaplap göreli. Galanynam soň görübermeli bolarda. * * * – Etrek men häzir Bakuwa, Ýerewana, Swerdlowskä şifirlenen telegramma ugradaýyn. Sen bolsa, pullaryň pasportlaryň asyl nusgasymy ýa-da ýasamadygyny anyklaşdyr. Arlaňowdan, Filippowdan alnan pullaryň we wedomostdaky işçileriň heniz alyp ýetişilmedik aýlyklarynyň hasabyny çykar. Şu zatlary etmäge iki gün dagy gerek bolar – diýip, kapitan edilmeli işleri kesgitledi. – Pullar-a agşam öýde hasaplap gördüm. Hemmesi ýerbe-ýer. Hasaby dogry çykýar diýip, Mollaýew pullaryň hasabyny çykarandygyny mälim etdi. – Hany, onda aýdyp otyr – diýip, kapitan ýerinden gozgandy. – Arlaňowdan alnan bir ýüz ýigrimi iki müň bäş ýüz kyrk manat. Filippowyň sumkasyndan çykanam dört ýüz ýetmiş bäş. Jemi bir ýüz ýigrimi üç müň on bäş manat. Wedomost boýunça işçileriň alyp ýetişmedik aýlygam şonça. Diýmek kassa iki adam – Arlaňow bilen Filippow tarapyndan ýarylypdyr. – Onda diňe ogurlygy Arlaňowyň, boýnuna dakmak galýar-da? – Hawa meniň pikirimçe, Arlaňow pullary, gündiz Stroýewskaýa hajathana çykan wagty porfeline salan bolmaly. Bu iş öňden taýýarlykly edilene meňzeýär. Sebäbi Arlaňowyň kassadaky puly ogurlanyny Aganow hökman bilýän bolmaly. Ogurlygy başga biriniň üstüne atmak üçin onda-da Gulyýewiň üstüne atmak üçin Aganow Filippowy kassany ýarmaga yrýar. Filippowy «Bu gün-erte» diýip saklap ýörmesem şonuň üçin. Başga hiç hili bolmaga haky ýok – diýip, Mollaýew janygdy. – Diýmek Arlaňow boýun almasa-da ähli deliller diňe şony tassyklaýar-da? – Hawa. * * * Iki günden soň Şagadamyň içeri işler bölümine Bakuwdanam, Ýerewandanam Aganowyňam, Mämmet Alekper oglunyňam şahsyýetini tassyklan gysgajyk telegramma gelip gowuşdy. ■ TELEGRAMMA: Benik Aganow 1902-nji ýylyň 15-nji martynda Ýerewan şäherinde işçi maşgalasynda doglan, 1941-nji ýylyň sentýabr aýynda Watan goragyna giden. Leningrad frontunyň goşun bölümleriniň birinde gulluk eden. 1942-nji ýylyň mart aýynda wepat bolan. Ýerewan şäheriniň harby komissariaty ■ TELEGRAMMA Mämmet Alekper ogly 1910-njy ýylda Baku şäherinde öňki Nebit promyseliniň hojaýyny Alekper Aly oglunyň maşgalasynda doglan. Kakasy Türkiýä geçenden soň, kakasynyň aýal doganynyň elinde ulalan. 1941-nji ýylda goşun gullugyna çagyrylan. Leningrad frontunyň goşun bölümleriniň birinde gulluk eden. Gulluk edýän bölümi gabawa düşende meýletinlik bilen ýesir düşen. Soňky ykbaly näbelli. Baku şäheriniň harby komissariaty – Indi kabir zatlar aýdyňlaşaýýar öýüdýän ýoldaş kapitan – diýip, telegrammalary okan Mollaýew dillendi. – Öz-ä şeýle ýaly. Diýmek, olar bir goşun bölüminde gulluk edipdirler. Benik Aganowyň dokumentleriniň onuň eline düşmegi bolaýjak zat. – Belki, onuň dokumentlerini almak üçin Mämmet Alekper otly Aganowyň janyna kast edendir. – Olam bolaýjak zat. Ýerewanyň harby komissariatyna täzeden ýüz tutmaly. Eger Aganowyň ogly-agtyklary Ýerewanda ýaşaýan bolsa, belki, onuň ölümi baradaky habary alga gelen hat maşgalasynda saklanýandyr. – Näbileýin-dä? Synanyşyp göräýeli. – Hökman habar tutmaly borus – diýen kapitan: – Sende näme täzelik bar? – diýip, Mollaýewe tarap öwrüldi-de çilim otlandy. – Pullaram, pasportlaram ýasama däl. Ýöne şonça pul bilen pasportlar onuň eline nädip düşüp ýörkä? – diýip, Mollaýew barlagyň gelen netijesini mälim etdi. – Köp mukdardaky puluň olaryň eline nähili düşenini çaklamak boljak. Nemesleriň basyp alan ýerlerinden olaryň ellerine sowet pullary düşüpdir. Şol pullar bilenem öz ugradýan diwersion toparlaryny üpjün edendirler. Soňam näme pul iki gezek çalyşdy. Az-azdan çalşyp basyp goýandyr. Onsoň topara şu «Şir» ýolbaşçylyk eden bolsa, ähli pullara şol hojaýynlyk eden bolmaly. Bu-ýa düşnükli. Pasport meselesinem bilip bolar. Häzir «Şiriň» öýünden tapylan pasportlaryň nomerlerini deňeşdirip göreris. Belki şeýle taýýar edilen pasportlaryň «Şiriň» eline düşmegine, biziň işgärimizden kömek edeniň bolaýmagam ahmal. Barlap görmeli. – Onda näme, men-ä işiň ugruna gidiberjek. Pasportly meseläni birýüzli edenimizden soň täzeden soraga başlaýsak nädýä? – Bolýa-da. * * * Otludan düşen Mollaýew göni Nebitdagyň şäher içeri işler bölümine bardy. Bölümiň naçalnigi polkownik Gaýnarowa gelmeginiň sebäbi aýtdy. – Onda näme, pasportlar biziň içeri işler bölümimizden alnan bolsa, ony bilmek kyn däl. Ähli zat hasapdadyr – diýip, Gaýnarow telefon arkaly pasportlaryň seriýalaryny we nomerlerini pasport stolunyň naçalnigine habar etdi. Heniz telefon trubkasyny goýmanka-da: – Bu zatlary anyklamaga näçe wagt gerek bolar? – diýip sorady. Soňam minnetdarlyk bildirip trubkany ýerinde goýdy. – Ýene-de iki-üç sagatdan diýýär – diýip, özüniň näme aýdaryna garaşyp oturan Mollaýewe tarap öwrüldi. – Iki-üç sagatdan diýýän bolsa, menem birneme aýlaň-çaýlaň edip gelerin-dä – diýip, Mollaýew çykyp gitdi. Diýlen wagty Mollaýew bölüme gelende pasportly mesele eýýäm çözülen eken. – Ynha, pasportlaryň bäşisem seriýasy we nomeri boýunça biziň pasport stolumyza degişli. Özlerem 1957-nji ýylda zaýalandy diýlip akt bilen hasapdan çykarylypdyr. Polkownik aýdýan zatlaryny tassyklaýan kagyzy Mollaýewiň öňüne süýşürdi. – Bä, uly kömek etdiňiz, – Ýok, biz size däl-de, siz bize uly kömek etdiňiz. – O nähili? Mollaýew bilesigelijilik bilen ýylgyrdy. – Nähilisi şol, ynha, bu pasportlary akt bilen hasapdan çykaran bilenem sizi tanyş ederis. Onsoň özüň ondan aňyrsyna ýetersiň. Bizem pasport stolumyzda täzeden barlag geçireris. Belki, beýleki pasportlara ýazylan aktlaram edil şu pasportlaryň hasapdan çykarylyşy ýaly bolaýmagam ahmal. Garaz, siz biziň gözümizi açdyňyz. Polkownik kabinetde gezmeläp başlady. Şol gezmeläp ýörşüne-de: «Biz ony hezzet-hormat edip, otstawkada ugratdyk. Ol bolsa öz işleýän kärine, onda-da halkyň bil baglap, ynanýan, haraý isleýän edarasyna ysnat getiren bolup çykdy» diýip, öz ýanyndan hüňňürdedi. Edil şol wagtam egni graždan eşikli dolmaç adam işikden: – Salam, ýoldaş polkownik! Çagyran ekeniňiz diýip, gelşine elini polkownige tarap uzatdy. Polkownik özüne uzan elden yza çekildi. «Salam, ýoldaş polkownik» diýen adamyň eli şol uzadylgylygyna galdy. – Oturyň, ýoldaş podpolkownik! Gaýnarow garşysyndaky durana buýruk beriji äheňde ýüzlendi. Soňam: – Ýoldaş Mollaýew, başlaber! Ýaňky tanyş etjek diýýän adamym şu bolmaly. Gerek-ýarak zadyň bolsa-da nobatça ýüz tutarsyň – diýip, kabinetinden çykdy. Polkownik Gaýnarow çykyp gidenden soň, Mollaýew nämeden başlajagyny bilmän esli pikir etdi. «Çinim boýunça men bary-ýogy starşiý leýtenant. Men nädip podpolkownikden sorag edip bilerin» diýip içini gepletdi. Ahyram: – Men, Şagadamyň içeri işler bölüminden. Starşiý leýtenant Mollaýew – diýip, aktdyr pasportlary garşysyndakynyň öňüne süýşürdi-de ýerinden turdy: – Ýoldaş podpolkownik, men sizden hiç zat soramakçy däl. Siz diňe şu dokumentlere degişli zatlary kagyza geçirseňiz, meniň sizlik başga işim ýok – diýip, penjiräniň öňüne bardy. Podpolkownik sesini çykarman aktdyr pasportlary öwran-öwran gözden geçirdi. Uludan demini aldy. – Çilim otlanmak bolýamy? – diýip, zordan düşüner ýaly edip, Mollaýewden rugsat sorady. – Çekiberiň, çekiberiň! Mollaýewem çalajadan baş atdy. – Onda maňa kagyzdyr galamam beriň! – diýip, podpolkownik ikinji gezek haýyş etdi. ■ DÜŞÜNDIRIŞ «Men Baýramdurdy Balkanow, otstawkadaky podpolkownik. Bütin ömrümi pasport stolunda işläp geçirdim. Şeýle duşuşygyň ahyry boljakdygyna köp wagtdan bäri garaşýardym. Bu etmişim üçin özümden başga hiç kimi günäläp bilmerin. Men ilkinji gezek galplyga 1945-nji ýylyň tomsunda baş goşdum, Bir işim çykyp Şagadama baranymda günortanlyk edinmek üçin naharhana bardym. Başga boş ýer bolmansoň ýeke özi içip oturan bir adamyň oturan stolynda ýerleşdim. Oturan badyma onuň bilen bir hili gürrüňim alşyp gitdi. Içip oturan aragyndan hödür etdi. Belki, ýaşlyk edendirin-dä, içipdirin. Soň, kelleler gyzyşyp mazalyja ýetipdiris. Serhoş halda arak hödür edeniň öýüne barypdyrys. Ertesi kelleler sämäp duransoň ýene-de içipdiris. Garaz, bolubilenimizi bolupdyrys. Gaýtmakçy bolanymyzda öýünde myhman bolan adamym çalgyrt türkmençe gürläp bir haýyşynyň bardygyny aýtdy. «Eger pasport stolunda işleýän bolsaň meniň bir türkmen dostum bar. Frontda bile bolduk. Öň Tejende çopan bolup işleýärdi. Häzir kolhozdan çykyp gaýdypdyr. Ol barada sprawkasy bar. Şol Nebitdagda işläýsem diýýär. Şoňa pasport almaga kömek edäýseň» diýdi: Kellämiň gyzgynyna boýun alaýypdyryn. Soňam meniň bilen hoşlaşanda: «Men, Aganowyň iberen adamy! diýip ýanyňa barar» diýdi. Diýşi ýalam boldy. Aradan bäş-on gün geçensoň şol adam gelip Aganowyň iberendigini aýtdy. Söz beremsoň ony pasportly etdim. Özünem Wyşka posýologynda ýaşaýar diýip, hasaba aldym. Olam öz gezeginde şol döwrüň pulunyň on müň manadyny öňüme oklady. Almajak boldum.Garaz puly aldyrdy. Pasportly eden adamymy ýalňyşmaýan bolsam Mämmet Arlaňow bolmaly. Men ony soň ýeke gezek gördüm. Onda hem ol özüniň pasportyny Nebitdagyň hasabyndan çykartmak üçin geldi. Men ony şu töwereklerde görünmese bolýar diýip, derrew hasapdan çykardym. Ol ýene-de bir petde pul taşlap yzyna-da öwrülmän kabinetden çykyp gitdi. Şondan on-onki ýyl geçensoň, Şagadamdaky tanyşym geldi. Biz ýene-de köne tanyşlar kimin içdik. Ol indi özi üçin dört-bäş sany ýazylmadyk boş pasportyň gerekdigini ýaňzytdy. Men ilki beýle zady edip bilmejekdigimi aýtdym. Olam: «Ýadyňa düşýän bolsa, şol pasportly eden adamyň kimdigini beri bilýäňmi?» diýdi. Menem: «Ýok» diýdim. «Ýok bolsa şol hiç hili Mämmet Arlaňow däl. Serhedi bozup Eýrana geçen Serheň baýyň ogly Garahanjar. Özem uruş döwründen bärik geçip, ýykgynçylyk eden adam» diýdi. Meniň huşum başymdan uçdy. Eden işimiň üsti açylmasa bolýar diýip, bäş sany arassa pasporty onuň eline tutdurdym. Olam meniň öňüme pully bukja oklady-da hoşlaşdy. Soň ony göremok. Balkanow BAÝRAMDURDY, otstawkadaky podpolkownik.» Podpolkownigiň ýazanlary bilen tanyşan Mollaýew düşündiriş ýazylan kagyzy portfeline salyp durşuna: – Ýoldaş podpolkownik! Meniň-ä, siziň bilen häzirlikçe işim gutardy. Gerek bolsaňyz özümiz habar ederis – diýdi-de, sagadyna seretdi. Şagadama tarap gidýän otla ýene-de ýarym sagat wagt galypdy. * * * Haýdar Ataýewiň kabinetine ýygnanlarynda iş wagty tamamlanypdy: Polkownik kabinetde gezmeläp ýörşüne: – Näme täzelik? – diýip, kapitandyr Mollaýewe başlaberiň diýen äheňde söz gatdy. – Täzelig-ä gün geldikçe köpelip barýar – diýip, kapitap çilim otlandy. – Ýygnan täzelikleriňizem-ä jemlemäge-de wagt bolaýdy öýüdýän. – Ýene-de iki-üç günden jemläris diýen tamamyz-a bar. – Bary-ýogy iki-üç gün bolsa, olam daş däl – diýip, polkownik ýerine geçip oturdy. – Onda näme soňky iki günde eden işimiz bilen sizem tanyşdyraýsak kem bolmajak ýaly. Şu wagt Etrek bilen maslahaty bir ýere jemläp, ýanyňyza gelşimiz – diýip, kapitan soňky ýygnanan materiallary bilen polkownigi tanyşdyrmaga başlady. – Benik Aganow barada Ýerewandan ikinji telegrammany aldyk. Şol gelen telegrammanyň özem bize käbir zatda tutaryk boljak ýaly. ■ TELEGRAMMA «Siziň ogluňyz Benik Aganow Leningradyň eteginde gahrymanlarça wepat boldy. Onuň bilen bölümdeş esger Mämmet Alekper ogly.» – Ynha, Benik Aganowyň öldi habaryny alyp gelen hatyň mazmuny. Özem şu güne çenli men Benik Aganow diýip; gelen Mämmet Alekper ogly bilen bir bölümde söweşipdir. Indem, Mämmet Alekper oglunyň nädip Aganow bolýandygyny bilmek üçin artykmaç bir kelle döwüp oturasy işem ýok.. Pasportly meselänem häzir Etregiň özi gürrüň berer – diýip, kapitan telegrammany polkownigiň öňüne süýşürdi. – Pasportly meselämizem doly bolmasa-da çözüläýdi öýüdýän – diýip, Mollaýew ardynjyrady-da dowam etdi. – Pasportlaryň seriýasydyr nomerleri biziň pasport stolumyzdan berlen pasportlaryň hiç birisi bilenem gabat gelmedi. Arlaňowyň soňky alan pasportynda Nebitdagyň içeri işler bölüminden berlen pasportyň hasabyna täzelenendigi barada ýazgy bar. Şol ýazga, betgüman bolup Nebitdaga gidip geldim. Hakykatdanam Arlaňowy ilkinji gezek pasportly edenem, soňky bäş sany doldurylmadyk pasporty Aganowa berenem şolar bolup çykdy – diýip, Mollaýew podpolkownik Balkanowyň ýazan düşündirişini polkownige uzatdy. Düşündirşi okap polkownik gaharly başyny, ýaýkap: – Ýylan lakamly Garahanjar ýene-de bir ýylanyň üstünden getird-ow – diýdi. – Ýoldaş polkownik, şu ýerde ýene-de bir düşnüksizlik bar. Şol boş pasportlaryň biri Mämmet Alekper oglunyň adyna doldurylypdyr. Oňa basylan möhürde bolsa, Şagadamyň içeri işler bölümi diýen ýazgy bar. Beýleki bir pasportda bolsa, Arlaňowyň suraty ýelmenip, pasport doldurylman möhür basylypdyr. Ol möhürde hem biziň içeri işler bölümimize degişli ýazgy bar. Indi biz şol möhri tapmaly. Möhür biziň içeri işler bölümimize degişlidigini aňlatsa-da möhür biziňki däl. – Sebäbi diýip, polkownik ýerinden gozgandy. – Sebäbi şeýle. Men möhürleriň suduryny deňeşdirip gördüm. Mämmet Alekper oglunyň adyna doldurylan we Arlaňowyň suraty ýelmenen pasportlara basylan möhür bir meňzeş. Emma, şol möhür biziň içeri işler bölümimiziň hakyky möhründen birneme ulurak – diýip, Mollaýew düşündirdi. – Möhri özleri ýasaýdymykalar? – diýip, kapitan ara goşuldy. – Häzir belli zat aýdardan irräk – diýip, Mollaýew polkownigiň nämedir bir zat aýdaryna garaşdy. Polkownik sesini çykarmansoň: – Aganowyň hasabat depderçesinde podpolkownik Balkanowa berlendigi barada şonuň adyna ýazylan ýigrimi müň manat pulam bar. – Belki, şol hasabat depderçede möhür ýasana berlen pulam ýazylgydyr – diýip, polkownik Mollaýewe tarap öwrüldi. – Bir Iwanow diýen adamyň adyna ýazylan müň manadam bar. – Onda näme, bu günlükçe bes edeliň. Ertir şu delilleri tutaryk edinip, Garahanjardan soraga başlaň. Möhürli meselänem şonuň özi gowy bilýändir. Bolsa-da uly iş bitirdiňiz – diýip, polkownik minnetdarlyk bildirdi-de, ýerinden turdy. * * * Ertesi irden soraga başlanylanda kapitan ilki bilen soňky iki-üç günüň içindäki ähli ýygnanan materiallar bilen Garahanjary tanyş etdi. Soňam: – Ýeri Garahanjar, bulara näme diýjek? – diýip, çilim otlandy. – Utuldym ýoldaş kapitan – diýip, Garahanjar täzeden düşündiriş ýazmaga girişdi. ■ DÜŞÜNDIRIŞ «Men şu düşündirişi öňki ýazanymyň üstüne goşmaça hasap edýärin. Etmeli işimiz başa barmansoň meni Tejene ugradanam, şol ýerden çagyryp gaýdanam «Şir» lakamly Benik Aganow. Ol biziň Eýrandan geçen toparymyza ýolbaşçylyk eden adam. Onuň hakyky ady Mämmet Alekper ogly. Milletem azarbaýjan. Men onuň öz toparymyza «Şir» lakamy bilen ýolbaşçylyk edendigini uruş gutaransoň bilip galdym. Onuň Mämmet Alekper ogludygyny bolsa diňe Nebitdagdan Şagadama işe gelenimde bildim. Uruş döwründe bolsa, bölümleri gabawa düşende öz söweşdeş ýoldaşlaryny öldürip, onuň dokumentlerinem alyp nemeslere meýletin geçen. Soň nemeslerde ýykgynçylykly işleri geçirmek ugrunda ýörite türgenleşik geçenden soň, şu ýerik Benik Aganowyň dokumenti bilen ugradylýar. Öz ýany bilen urşa ýarawsyzlygy hakynda delilnama-da getirýär. Şonuň üçinem ony gaýtadan fronta ugratsagam bolmandyrlar. Ol ölýänçä bize ýolbaşçylyk etdi. Pullar barada aýdanymda bolsa, puly dürli şäherlerden men ugradýardym. Onuň özi hiç ýerik gitmezdi. Ugradylan pullaryň kwitansiýalaryny getirip şoňa bererdim. Onuň, şeýle köp mukdardaky puly nireden alýandygyny henizem bilemok. Pasport meselesinde siziň delilleriňiz dogry Pasportlary biz diňe Nebitdagyň pasport stolundan edindik. Has dogrusy, satyn aldyk. Möhri meniň özüm Aşgabadyň poligrafkombinatynda Iwanow diýen birine pul berip ýasatdym. Ol möhri meniň öz pasportymyň möhrüne seredip ýasady. Şol möhri diňe iki sany boş pasporta basyp berdi, Başgasyny etmedi. Sebäbi üsti açylaryndan çekindi. Meň hernäçe ýalbarsamam möhri maňa bermedi. Kassany ýarmaga biz köp wagtlap taýynlandyk. Kassadaky puly men gündiz aldym. Komendantyň eden işleri bolsa, diňe hakyky ogrydan organ işgärleriniň ünsüni sowmak üçin edilen zat. Biziň ýalňyşymyz Filippow komendanty öldürer diýip pikirem etmändigimiz. Eger komendant öldürilmedik bolsa, men onuň bilen bile gaçmalydym. Sebäbi komendantyň yzarlanyp ugralandygyny men ätiýaç şaýlar sehiniň naçalnigi Wiktor Grigorýewiçden eşitdim. Diňe gaçmak maksady bilenem men onuň kwartirasyna bardym. Emma, ol öldürlen eken. Soň, ýeke özüm gaçmaly boldum. Garahanjar Serheň ogly». * * * Düşündirşi оkар: – Ýоldaş роlkownik, siziň «iks», «igrik», «zеt» diýýänlеriňiziň üsti аçylardy öýüdýän – diýiр, Моllaýew gülümjirеdi. – Нawa, Еtrek, indi «Ýуlan» lakаmly Gаrahanjar wе bеýlekiler...» diýiр işi sudа gеçiräýmek gаldy – diýdi-dе, Еtrekdir kaрitana bаkyp рolkownigem ýуlgyrdy. Вu оnuň «Iş bitirdiňiz ýigitlеr» diýdigidi. Sоñу. 1985 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||