22:29 Zandyýamanlar | |
ZANDYÝAMANLAR
Goşgular
![]() Zandyýaman gan isleýär, Adam döräli bäri. Dawa-jenjel, goh-galmagal, Gadymy käri. Adamyň guran zadyny Paýhynladyp, Weýran etmekdir täri. Adam jan isleýär, Hem şan besleýär. Adamyň kän kemi, Ýöne weli zandyýaman, Kän isleýär. Gaharyndan, Zäherinden ýarylyp, Soň gidýär oň özi, Guma garylyp. Leşger toplap, Leşger üste gidenler, Ýurt basyp, tozduryp, Gitdi gedemler. Niçeleriň boşap galdy gujagy, Ýykylandyr niçeleriň ojagy, Lowlap gitmiş oda düşen saçagy, Öý-öwzarsyz, galan däldir paçagy, Adamlaryň garnynda Dürtülgi dur pyçagy. Garaz, weýran bolanyň ýokdur sany-sajagy. Zandyýaman zulumy Kändir, hebesdir. Muňa sebäp diňe gara nebisdir. Eger goramasaň özüň zulmatdan, Düşersiň dünýäde abraýdan-atdan. Çingiz nany getiren hem nebisdir, Napoleny ýatyranam nebisdir, Gitlerem birdemde ýitiren nebis, Öz oduna ýandy, ol faşist-nemis... Tükeniksiz mysaly kän bularyň, Sütem etse adam adama eger, Dowzahydyr özi, zürýadam meger... | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |