22:42 Zenan terbiýesi | |
ZENAN TERBIÝESI
Jemgyýetçilik tankydy
Ata-babalarymyzyñ galdyryp giden ruhy miraslarynda zenan terbiýesi esasy orunlaryñ birini eýeleýär. Çünki, türkmen zenany, esasan, öý bikesi hasaplanypdyr we çaga terbiýesi, hususan-da, gyz-oglanyñ terbiýesi şoña bagly bolupdyr. Şeýle hem ol öz öýüniñ aýnasy, adamsynyñ abraýy hasaplanypdyr. Maşgalasyna seredilip, öýüne, ärine baha berlipdir. Synçy adamlar kimdir biriniñ gapysyndan geçip barýarkalar, şol öýüñ maşgalasynyñ arassaçyl ýa-da hapysadygyny, işeññir ýa ýaltadygyny ýüzugra kesgitläp bilipdirler. Bir pursat turup içerini, öý goşlaryny, biş-düş taýýarlaýşyny, äri bilen gürleýiş äheñini, üst-başyny, girip-çykyşyny synlansoñlar-a, zenan maşgalanyñ aslyýetinde haýsy öýüñ terbiýesini alandygyna, kimlerden gelip çykandygyna çenli soraman bilipdirler. Zenan terbiýesi barada aýdylan-goýlan zat kän. Ýöne, biz ol ony diýipdir, bu muny diýipdir diýip, hemmä belki setirleri sanap oturmalyñ-da, peder pentleriniñ şu günki zenan terbiýesi bilen näderejede badaşýandygy barada pikir ýöredeliñ. Bir dostum bar. Bir şäherde ýaşaýanam bolsak, men ony köpden bäri görmändim. Ine, arada şoña gabat geldim. Hal-ahwal soranymyzdan soñ dynç günüdigine daýanyp, öýe çagyrdym. Ol bolsa gabat garşymyzdaky dokuz gat jaýa tarap elini uzatdy-da: "Ine, öý, size gidip oturandan golaýjak ýer, ýör bize baraly" diýdi. Men onuñ başga ýerde ýaşaýandygyny bilýärdim, ýöne, näme, şäher ýeri, ýa çalşandyr, ýa-da köpelendirler-de, köp otagly täze jaý alandyrlar diýip oýlandym-da sowulmaga razy boldum. Ýöne baranymyzdan soñ assyrynlyk bilen synlaýan welin, öý meniñ öñki gören öýüme meñzänok. Çaý-çörek getirip ýören maşgala-da dostumyñ öñki maşgalasy däl. Çagajyklaram başga. Hemmesem ýaş. Bir iñkise gidenimi ýüzümden añan dostum köpmanyly ýylgyrdy-da: - Häzir barsyny gürrüñ bererin, howlukma - diýdi. Desbe-dähel taýyn bolan üýtgeşik naharyñ gapdaly bilen adama bir käse ajy meýi garnymyza gapgaryp, beýnimizi mazaly surgadanymyzdanam ýuwaşlyk bilen gürrüñe başlady. - Bilýänem dälsiñ, dost. Howwa-da, sataşmasañ, eşitmeseñ nädip biljek. Habar bereýin diýsem, bu bir begençli habar däl. Ana, onsoñ, gabat gelene-hä maýyny tapyp düşündirýän, gabat gelmedigem, näme, gezip ýör, şo-ol öñki durmuşydyr diýip. Mesliginden şeýdip ýörendir diýýänem bar. - Dostum uludan demini aldy. - Men, dogrusy, öñki maşgalamdan näme närazylygymyñ bardygyny özüñ ýaly belet adam bolaýmasa, düşündiribem biljek däl. Ullakan zat ýogam ýaly. Erbetlik etdi ýa aýagyny gyşyk basdy diýsemem ýalançy. Ýöne bolmady. Häsiýetimiz, terbiýämiz deñ gelmedi. Şol bir zadyñ üstünde ömürboýy günümiz bir bolsa, urşumyz iki boldy. Iñ ýamanam, onuñ öz ýalñyşyna düşünesi, düzedesi gelenokdy. Düzetjek bolup edýän duýduryşlaryña bolsa ýamanlyk diýip düşünýärdi. "Sen şu zatlary meni kemsitmek üçin aýdýañ, kowup başga birini almak üçin edýäñ" diýip, düýbünden ters gürrüñ edýärdi. Özem maña nämäniñ ýakmaýandygyny bildigi, günüñ-gününe, ýylyñ-ýylyna hut şol zady gaýtalaýardy. Pylan zat pylan ýerde durmasyn diýdiñmi, şondan soñ, haçan görseñ, şol zat şol ýerde durandyr. Gykylyk edersiñ, aýyrdarsyñ, ertesi şol zat ýene şol ýerde durandyr. Men: nahara noýba atylsa halamok diýdimmi, şondan soñ irmän-arman noýba bazardan daşar, öñ atmaýanam bolsa şondan soñ atar. Özem her gün atar. Içerini wagtynda syr, süpür, tämiz sakla diýersiñ, ol bolsa: sen aýallaryñ işine goşulýañ diýip, gözüni diñ göge diker. Sähelçe tersleşsebem telim günläp torsarylyp, gepleşmän gezer. Çaý berse-de, çagalaryndan iberer, bir zat sorajagam bolsa, çagalara soratdyrar. Ýörite etmeýän bolsa, niýeti düzelmekde bolsa, şol bir zady telim ýyllap gaýtaladyp gezmek mümkin däl. Bäş-alty ýylda instituta giren çagany alym edip goýberýäler. Sirkde sähel wagtyñ içinde maýmynlara, hatda ite, pişige islendik zady öwredýäler, emma men şo bende ýigrimi ýyllap hiç zat öwredibilmedim. Garaz, başyñy agyrdyp nädeýin, aýdyp oturmagam birhili, ýöne näçe uzaga çekse-de, menem talabymy gowşatmadym, o-da meñ ugruma bolubermedi. Ahyram, hakykatdan-da ol şu zatlary bilgeşleýin, zehinimi ýakmak üçin edýän bolaýmasyn diýen düşünje beýnime urdy. Ýöne çagalar ýaşka taşlamaga dözmedim. Ony bilib-ä hasam tersine tutdy. Bir görsem, ulaldyklarysaýy-çagalaram özüne meñzäp barýa. Menem olara gije-gündiz azar berýän adama meñzäp barýan. Bar talabymam ~ arassaçylyk. Tertip-düzgün. Gymmatbaha zadam ýok, ýöne barja zadym ýerbe-ýer dursun, içerim tygşytly bolsun diýýän. Çagalaram düşbüje akylly bolsun diýýän. Emma bolmady. Gaýtam olar maña hakyky içeriniñ hemişe hapa, buýr-bulaşyk bolmalydygyny subut etjek boldular. Şeýdibem sabyr käsämi doldurdylar. Bir günem başymy aldym-da gaýtdym. Iki ýyl onda-munda entedim. Kyn boldy. Bir nesibeli günem ýañky ikimize çaý-çörek beren maşgala sataşdym. Hudaýa şükür, birküç sany çagamyz bar, günümiz gowy, ýaşaýşymyzam erbet däl. Esasy zat aramyzda kejirlik ýok. Düşünişýäs. Birek-birege ýakmajak zady aýdamzogam, edemzogam. O-da aýtdyrjagam bolup baranok. Şujagaz ýönekeýje zatlary başaryp bilseñ, umuman, durmuş gaty bir kynam däl eken. Ownuk dawalaryñ tükezzybana tutan ýerinde welin, öz öýüñ dowzaha döner eken... Dostum dymdy. Menem dymdym. Esli wagtdan soñ ol ýene bir gezek uludan demini aldy-da daş çykyp geldi. Şonda onuñ gözlerinde çyg göründi. Ýöne ol çyg başdaşyndan, başky ojagyndan, ilkinji perzendinden aýrylan adamyñ ajy gözýaşymy ýa gijem bolaa orta ýolda göwün diýen maşgalasyna, hakyky öýüne gowşan adamyñ begenç gözýaşlarymy, ony men bilip bilmedim... Elbetde men dostumyñ öñki durmuşyna-da, maşgalasyna-da beletdim. Her gezek sübsesini eline tutduryp, üstüne düblemese, aýalynyñ içerini süpürmeýäninem, keçä gaçan nan owuntyklaryny, nahardan dökülen şire-şepbikleri çagalary bilen deñine depgiläp ýöreninem bilýärdim. Dogrusyny aýtsam, dostumyñ göwni üçin baraýmasam, şol öýe barasymam gelenokdy. Çünki, öýüñ iç-ä, haçan barsañ, hakykatdanam buýr bulaşykdy. Her burça-da azyndan bir gujak köne-küşül üýşer ýatardy. Jaýlarynyñ depesinden, esasanam aşhanasyndan düş-düş kerepleri sallanyşar durardy. Çaý-nahar getirdigem orta goýan saçagynyñ gatlaryndan, gap-çanaklarynyñ içinden, nanyñ mañyzlarynyñ arasyndan saçakçylar örerdi-de, hersi bir tarapa ýumlugşar giderdi. Şolar ýaly-da dostum çym-gyzyl bolup aşak bakardy. Gepiñ gysgasy, şol maşgalany, tertip-düzgünini öz gözüm bilen görmedik bolsam, dostumyñ sözlerine ynanmazdym. Aý, özüni aklajak bolup, tapyp ýören toslamasydyr diýerdim. Ýöne, şeýle-de bolsa, ol maşgalanyñ kejirligi beýle uzaga çeker, beýdip girdaba giriftar bolýança eñer oturar diýip pikir etmeýärdim. Kem-kemden düzeler, tertip-düzgüne öwrenişer, ondan-mundan görelde alar öýdýärdim. Dostuma-da şeý diýip göwünlik berýärdim. Ýöne o-da edil şol sebäbe görä öýüni, çagalaryny terk eder öýtmeýärdim. Emma ine, görşümiz ýaly, bar zat tersine bolup çykypdyr. Şu ýerde ýene bir dostumyñ kyn ykbaly barada birki agyz söz aýdasym gelýär. O-da edil, ýañky dostum ýaly başky öýünden, ýigit ýeten iki oglundan, bir gyzyndan jyda düşdi. Bir giden kitaplaryny, birem maşynyny alyp başyny gutardy. Sebäbi näme? Sebäbi onuñ aýalynyñ düşewüntlije ýerde işläp, ärine görä köppul gazananlygy. Eýrana, Türkiýä, Arap ýurtlaryna gatnap, birneme dollar eplänligi. Äriniñ bolsa diñe öz aýlygyna kaýyl bolup, boş wagtynam diñe kitaba güýmenip geçirenligi. Elbetde gowy ýaşamak üçin baýlyk gerek. Oña söz ýok. Ýöne, gowy durmuşy baýlyga çalşyp bolmaýar. Agzybirligiñ ýok ýerinde depäñden gyzyl guýup dursalaram durmuşyñ mazasy bolmaýar. Gazançly aýalynyñ minnetli aşyndan gaçyp gaýdan dostum häzir otursa-tursa: "Men özümi şunça ýyllap tussaglukda oturan, indem azatlyga çykan adam hökmünde duýýan" diýýär. Emma, barybir, çyn ýürekden begenibilenok. Öýsüz-öwzarsyz hem bolsa, çöregini biminnet iýýänine begenýär, ýöne köýen ýyllaryna, boýnuny burup galan çagalaryna nebsi agyrýar. Özüm ýaly horluk gören, hakyna kaýyl bir pukara maşgala barmyşyn diýip oba gatnaýar. Onuñ bilen durmuş gurmaly, çaga söýmegi höwes edýär. Belki Hudaý! Ýöne, ol ýene-de bir zady, tutuş ömri täzeden başlamaly. Täzeden jaýa garaşmaly, alýança kimdir biriniñ öýünde ýa şäher adamlarynyb aýdyşy ýaly "wremýankada" kireýine ýaşamaly. Ýaş çaga öndürip, onam edil öñküleri ýaly ösdürip ýetişdirmeli. Kemala getirmeli. Kyn! Juda kyn! Ýöne etjek alajyñ ýok. Durmuş öz hökümini ýöredip gidip otyr. Ol dostumyzyñ indi hiç bolman indiki durmuşynyñ beri öñküsine meñzemän gitmegini arzuw edäýmekden başga edibiljek kömegimiz ýok. Eýsem-de bolsa biz nämüçin bu ýerde diñe ärlerini öýden gaçyrýan zenanlar barada gürrüñ etdik? Ýa-da öýüni-öý, ärini-är edip, bal arysy ýaly gydyrdanyp ýören maşgalalar azmy? Ýok, az däl! Gaýtam köp! Ýöne olar hakda aýratyn gürrüñ etmeli. Bu ýerde biz öz temamyzyñ çygryna görä halkyñ düýp terbiýesinden daşda durýan zenanlaryñ käbiri barada gürrüñ etdik. Olary giñ ýola, akyla, paýhasa çagyrdyk. Maşgala durmuşynyñ bozulmagyna diñe aýallaryñ däl, köplenç erkekleriñ sebäp bolýandygyna-da söz ýok. Ýöne, bu-da özbaşyna başga bir tema. Şonuñ üçinem biz gürrüñimizi öñki röwüşde, zenan terbiýesi, onuñ nogsanlykly taraplary, pederlerimiziñ olara garşy alyp baran ruhy göreşleri boýunça dowam etdirmekçi. Peder pentlerinde zenan terbiýesiniñ iñ esasysy hökmünde maşgala wepadarlygynyñ öñe çykýandygyny biz başda belläp geçipdik. Ýöne, geñ ýeri, durmuşda biwepalylyk sebäpli aýrylyşýanlara garanda durmuşyñ ownuk meselelerine çolaşyp aýrylyşýanlar has kän. Bu - öñi bilen-ä biwepalyk keseliniñ ownuk nogsanlyklara garanyñda azlygy, seýrekligi bilen baglydyr. Aslynda türkmeniñ düýp terbiýesinde zenan biwepalygyna ýol berýän badalga barmyka? Beýle terbiýe, elbetde, ýeke bir türkmeniñ däl, hiç bir halkyñam görüm-göreldesinde ýokdur. Ýöne, "süri agsaksyz bolmaz" diýlişi ýaly, birlän-ikilän bozuk zenanlar islendik halkyñ, şol sanda, türkmen halkynyñ teýkarynda hem bolupdyr. Muny klassyk şahyrlarymyzyñ şol häsiýetdäki zenanlara bagyşlap ýazan ýangynly setirlerem, käbir ertekilerdäki tymsallaram, "it wepa, hatyn biwepa" diýen ýaly nakyllaram subut edýär. Şolar ýaly düýp terbiýeden daş düşen zenanlar, elbetde, şu günki günem bar, ýöne, tutuş halka mahsus bolmadyk zada şol halkyñ psihologiýasyna giren zat adaty zat hökmünde garamak bolmaz. Ekiniñ içinde haşal ot bar bolsa, tutuş bakjanyñ zaýa boldugy däldir. Ol bakjany haşal otlardan arassalamalydygynyñ alamatydyr. Bize görä has kyn, ýowuz şertlerde ýaşap geçen pederlerimiz hem hut şol ýörelgä eýeripdirler. Zenan terbiýesiniñ şol, nogsanly taraplaryna öz ýiti zehinleri bilen garşy durupdyrlar. Olary dogry ýola çagyrypdyrlar. Biziñ şu günki wezipämizem, ana, şondan ybaratdyr. Syýasy, ykdysady, medeni erkinligimiziñ öz ygtyýarymyza geçen güni, ruhy we ahlak terbiýäniñ hut haýsydyr bir gaýry döwlete ýa hökmürowan partiýalaryñ birine däl-de, hut özümize, hut öz gujur-gaýratymyza, añ-düşünjämize bagly bolup galan güni zenan terbiýesi bolsun, erkek terbiýesi bolsun, ogul ýa gyz terbiýesi bolsun tapawudy ýok, pederlerimizden ýeten päkize pentleriñ ýiten ýerlerini tapyp, kem-käsini düzedip, gaýtadan örboýuna galdyryp, täze nesle abat görnüşde gowşurmak, geljek üçin ruhy we ahlak taýdan päk hem sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek biziñ mukaddes borjumyzdyr. Juma HUDAÝGULY. "WATAN" gazeti, 1997 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||