22:47 Zenan ýüregi | |
ZENAN ÝÜREGI
Goşgular
Daşy-da ereder, daşam bolar ol, Ereýip gözlerde ýaşam bolar ol, Baharam bolar ol, gyşam bolar ol, Damjadyr, ummandyr zenan ýüregi. Şol bolsa dünýä deý giň dar kapas-da, Onsuz hiç ýaşama bu toprak üste. Söýen bir ýürege ahyr nepesde, Iň datly dermandyr zenan ýüregi. Käte güldek solar bir ajy sözden, Syr bermez, hylwatda ýaş döker gözden, Käte çaga deýin, bir ýüreksizden, Söýgä tamakindir zenan ýüregi. Bir namart elinden zäher içenden, Çüýreder ömrüni ol ýas içinde, Käte iň gymmatly lybas içinde, Naladyr, pygandyr zenan ýüregi. Ömre bezeg beren, sagadat guran, Söýeniň kalbyny nurdan dolduran, Päkligi bir nesli arşa galdyran Yşka hökmürowandyr zenan ýüregi. Sensiz el çeker men arzuwdan, gamdan, Ne çykar söýgüsiz - sensiz ylhamdan, Ynjytsaň dözer men, Towfyk Baýramdan, Ynjama, amandyr, zenan ýüregi. Hem-ä mährem, hemem ýowuz - biaman, Şeýle mähribandyr zenan ýüregi. Syndyrsaň gam basar, ynjar bigüman, Aglaýan kemandyr zenan ýüregi. Towfyk BAÝRAM. Azarbeýjan dilinden terjime eden M.Ugurdaşow. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |