GERDIŞ
1941-nji ýylyň Nowruzy yzgytsyz geldi. Ilki bilen günbatardan ýel öwsüp asman garaldy. Emma o-da uzaga çekmedi. Yzy ýagyşa ýazdy. Ine şeýdip, daýhan baharyň gymmatly günleriniň bir gidenini bialaç öýde geçirdi. Ýöne welin, «öňüm bolandan soňum bolsun» diýýänleri. Yzyny üzmän ýagan ýagyş ene toprak üçin şeker-şerbete öwrülip, ýüzüne gül pürküldi. Gününi sanap galýan maýsalar ygşyldaşyp, ajybalgaz gülledi.
Ne gözellik. Owlak guzy mä-de mä. Gölelerem mo-da, mo. Garlawaçlaram uçup geldi. Legleklerem göçüp geldi. Garga gitdi gyşy gözläp, ak aýazlaň yzyny yzlap. Kömelekler dömüberdi. Gije-gündiz daýhanlaram ýere tohum gömüberdi, ýere tohum gömüberdi.
Bahar geçdi. Özüniň uzyn-uzyn günleri bilen tomus geldi. Okuwam gutardy. Elime dokument berdiler. Begene, begene öýe gelsem garry mamam galman ýatyr.
Bu öýde iki kempir bar. Olaryň biri-hä meniň mamam Akjagül. Beýleki kempir ejemiň enesi – Orazbike. Garry mama. Diýmek bu öýde iki kempir – iki mama. Birine uly, beýlekisine kiçi mama – diýip ýörmegiň özi bioňaý dälmi näme? Şonuň üçin mamalarymyň ulusyna ene diýýän.
– Ene, saňa näme boldy?
Enem göz agyrysy zerarly, kirpikleri bir eýýäm dökülip, gabaklary gyzyl et bolup galan gözlerini gyrpman bir nokady yzarlap ýatyşyna maňa jogap bermän, bir salym dymdy. Soňra:
– Ah, balam, balam. Mende dert kän, saňa olaryň haýsy birini aýdaýyn. «Ýykylan tamy bir kerpiç saklamaz» di- ýipdirler, guzym. Sen maňa üns berme. Men bir çöken arwana, bir çöksem turmam kyn, tursam çökmäm. Gowusy, guzym küýzeden gatyk guýup, isleseň haltada çekize bar, Ajygansyň – diýdi.
– Ene, okuwam gutardy. Indi men boş. Okamaly däl. Ynha-da şahadatnama – diýip, mekdepden öýe ýetýänçäm, bukjama-da salman elimde göterip gelen küti kagyzymy görkezdim.
– Oňarypsyň balam, ine iş bitirdiň – diýip, enem gözlerini hoşnut ýumdy.
Bu sapar enem galmady. Uzak ýatdy. Işdäsi tutulyp horlandy. Etden-gandan düşüp, bir geňsi üýtgedi. Durşuna süňk bolup galdy. Uzyn, çarçuwa bilen deň boýy gysgalyp, tanar ýaly bolmady. Ýöne welin, hereketden galmady. Gabygy soýulmadyk söwüt hasasyna söýenip, turup, içe-daşa girip-çykmany entek özi oňarýardy.
Ine, şeýdip gün yzyna günler geçip, hepde yzyna hepde ötýärdi. Günler uzalyp, gijeler gysgaldygyça alada artyp, iş köpelýärdi.
Ir oýandym. Ilkagşamdan taýýarlap goýan ýaýjykly kepjämi elime alyp atyza ugradym. Çöp basan joýalaryň otuny kerçäp, gawun garyklarynyň arkasyny ýumşadýardym. Gijigiberseň gün göge galyp, depäňden howur bolup inýärdi. Gara der bolup haýdap işleýärdim. Birden adym tutuldy.
– Gurban, Gurban diýýän-ä!
Başymy galdyrsam, esgere giden daýymyň ýekeje perzendi, bäş ýaşlyja Nargül, burunjagazynyň ujyny derledip ýanymda dur.
– Enem o zat diýýä. Saňa deýýöw gelsin diýýä.
Nargül sümügini çekip, gözjagazyny tegeläp ýanymdan aýrylmady. Men çaganyň diýýän sözlerine üns bermän işläberdim. Gyzjagaz has hem golaý geldi. Eljagazy bilen synymdan ýapyşyp, ýene-de şol sözlerini gaýtalady.
– Eneň nämetjek meni. Bir salym işläýin, onsoň barsam bolmazmy?
– Deýýew gelsin diýýä diýip, Nargül jidir-jidir etdi. Ýygnan otlarymy bogdaklap arkama alyp öýe gelsem, enem geýinipdir.
– Balam düýäňi getir-de, howut at!
– Hä, ene?
– Gün gyzýança hol, ilerki guma ýetli.
– Haýsy guma?
– Derýalygyň çägesine. Ozalam birki sapar şoňa gömülipdim. Peýda beripdi. Ýene-de bir synanyp göreýin. Ýa kerim, belkäm, şypa bersin-dä, ýogsam, bu gezek uzak ýatdym, guzym.
Bir golça suw, bir golça-da çal, iki bütin çörek alyp ýola düşdik. Derýalygy gumy bilen mamamlaryň obasy ep-esli ýol bardy. Has dogrusyny aýtsam, ýol ilki bilen-ä Homaý obanyň içinden, soňra-da ejemleriň obasyny ikä bölüp geçýärdi. Başga ýerden ýol, ýokdy. Enemiň Garagumyň ürgün çägesinden özüne şypa hantamalyk edip ýola çykmasy meni begendirdi. Ejem dagyny, jigimi göresim gelip ýörkäm tüýs jüpüne düşen iş boldy.
– Ene, ýolda ejemlere sowularysmy?
– Ýok.
– Ýol biziň öýümiziň gapdalyndan geçýär-ä.
– Geçse-de, sowulmarys.
– Näme üçin? Ejemi görmänime kän wagt boldy. Jigimem küýsäp durun, ene.
– Bilýän oglum, bilýän. Meniňem ýüregim daşdan däl. Ýöne çäge gyzýan wagty baryp gömülmeseň bolmaz. Gidişin wagt ýitirmän göni geçeli. Gaýdyşyn welin, sowularys – diýip, enem sözüme garşy çykdy. Nähoş bilen menekleşip durmadym-da, ylalaşdym. Ýolumyz mekdepden geçdi. Honha-da ejemler. Ine-de meniň göbek ganymyň dökülen ýeri. Tozana bulaşyp, ylgap, top oýnan ýollarym. Ýaý atyp, guş awlan düzlerim. Göwnüme bolmasa, bu ýerlerde men bütin bir ömür bolmadyk ýaly. Her öýler, her düýp baglar, çöp-çalamlar atyz-çiller, hatda geçip barýan ýellerem maňa diýseň, mährem göründi. Heý goýaý. Hanha-da ejem janyň girip çykýan gapysy. Ol näme üçindir şu wagt ýapyk. Daşarda oýnaýan çagajyklar ylgaşyp öňümizden bir çyksady, olar meniň, gop-golaýjakdan ýol bilen geçip barýanymy ejeme derrew habar ýetirdiler. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly olaryňam biz bilen işi ýok. Gaňyrla-gaňyrla mähriban ojagyň deňinden ötmeli boldum.
Gün depä çykyp, çagarykdan jyklanda biz gadymy Derýalygyň üňzünden inip, kenaryň sag tarapyndaky gum depeleriniň arasyna siňip gitdik.
Enem bu ýerlere belet ekeni. Ol münüp oturan goňras arwanasynyň owsaryny çekip, ony ýoldan bir gapdala sowdy-da, çöpsüz-çörsüz, äpet bir harman çäjini ýatladyp duran depäniň güneý ýüzüne geçip düýäni çökerdi. Hemaýada garaşman, howutdan syrylyp düşen kempir, aýak teýinde çaýkanyp ýatan çägä ýarmaşyp, syryk boýly depäniň üstüne çykaryna garaşyp durubersem nätjek.
– Gel, guzym, howudyň gapdalyňda daňylgy piliňi getir-de, şu ýerden joýalap, uzyn çukur gaz. Ýatamda boýum sygsyn. Amatly ýeri-hä depäniň üsti – diýdi.
Lüýk-läbik ýaly iki ýana çaýkanyp, pil uran ýerinden süýşüp ýatan gök çägäni iki ýana, peşäp, gara der bolup durşymy synlap oturan enem maňa täzeden ýüzlendi.
– Besdir, guzym. Indi sen düýäniň o ýüzüne geç-de otur. Maňa görünme, men çykarynyp şu çukura gireýin. Uzyn düşüp ýatamsoň eýdip-beýdip elýeter ýerlerimi özüm gömerin welin, sen gelip, üstümi gyzgyn çäge bilen ykjam gömersiň – diýdi.
Men ähli zady enemiň aýdyşy ýaly etdim. Bir bogdak selin getirip, enemiň ýüzüni Günden gorar ýaly kölege ýasadym. Soňra enem göwresiz kelle bolup çägeden çalaja çykyp ýatan ýerinden:
– Özüňem uzak gitme. Golaýda bol. Hol bärki sazaklaryň biriniň saýasynda otur. Suwkädinem1 çally golçanam ýanyňa al, olary saýada sazagyň düýbünde söýe, üstüne gün düşmesin. Ajyksaň çörek iý, suwsasaň çal iç. Arwanany kössekle. Ahmal bolma, haýwan bizi taşlap gidibermesin – diýip, sargyt etdi-de owasynyň içinde çalaja ýyldyrap görünýän kiçijik gözlerini ýumdy.
Diýilen zatlaryň baryny berjaý edip, bir gapdala gyşaryp, pürleri ýere ýetip duran sazagyň aşagynda süýndüm. Ýekelikde näçe wagt geçenini bilemok, gulagyma bir iňňildi eşdilen ýaly boldy. Saýada bolsam-da tamdyryň agzyndan çykýan howura deň epgege meýmiräp oturşuma iňňildä üns bermedim. Nähoş irkilip düýşürgeýändir.
Kän gijelerini birahat geçiren bimar şypa tapsyn diýip oturyberdim. Asla, özümem irkiläýsem nätjek. Hopugyp oýansam, üstümden kölge aýrylyp, Gün depä çykypdyr. Ýerimden turup seretsem, üýtgeşik bir zat ýok. Töwerek-daş asuda. Düýäm otlap ýör. Çal guýunyp bir döwüm çörek iýdim. Ýanyna gelsem enemiň şol bir ýatyşy. Ýene-de bir salym ýatsyn diýip, oýarjagam bolmadym. Goşumy täzeläp kölegä süýşdüm. Garasaý, gün öýleden ötdi. Indi enemi oýaraýmasam boljak däldi. Ýolda ejemlere sowulyp oba ýetýänçäk Gün batjakdy.
– Ene!
Enem hä bermedi. Ýuwaşlyk bilen ýüzüne kölege bolup duran seliň bogdagyny aýyrdym. Enem indi bir geňsi, ak çägäniň üstünde diňe bir kelle bolup ýatyrdy. Gözlerimi ýumup ýüzümi kesä sowdum. Birdenem gözüme bir aýylganç görünýän «göwresiz» kelleniň jadyly ertekilerdäki ruh däl-de, meniň mähriban mamamdygy ýadyma düşüp goşuma tarap ylgadym Şeňňile çal guýdum.
– Ene, tur! Uzak ýatdyň. Besdir... Suwsadyň, tur ene. Bir owurt çal iç...
Nähoşuň, gulaklary gapylaýan ýaly meniň sesimi eşitmedi. «Bä... ä, beýle-de uky bolarmy» diýip, hüňňür-hüňňür edip çally şeňňilimi çägäniň üstünde goýup, boýnumy diklesem, düýämiň örküji çalaja göze ilýär. Ylgadym. Edil golaýymyzdan güzeran ýol geçýän bolsa nätjek. Haýwan ýola çykyp, ýüzüni oba gönüläp dur. Düýämiň aýagyny çözdüm. Owsaryndan çekip ugradym. Bagyrawyk arwana ýagdaýyň gowy däldigini aňýan ýaly sesini çykarman yzyma düşdi. Goşa gelsek, enem-henizem oýanmandyr. Ol owasyna çöküp giden gözlerini bek ýumup, agzyny çalaja açyp ýatyrdy.
– Bä-äý, ene! Ukyň gaty ekeni. Tur ahyr indi. Gün batyp barýar. Garaňka galman gideli.
Bu sapar kempir oýanar öýtdüm. Her neneň sesimi gataltsam-da, enem oýanmady. Sesim, gykylygym derde aşmady. Ahyry dyza çökdüm. Enemiň
__________
1 Suw kädi.
maňlaýyna elimi goýup ony yraladym. Enemiň göwresi doňupdyr. Ol adam däl-de, ýerden ujy görnüp duran pürs ýaly sarsmady.
– Ene!
Öz sesimden özüm gorkup, ýerimden syçrap turdym. Töweregime ýaltakladym. Gum-gum, ýalňyz düýäm gapdalymda.
– Eneeeee!
Kellesinden özge, bütin göwresini çägä gömüp ýatan enemiň başyny gujakladym. Soňra basga düşüp, penjelerim bilen gum peşäp ugradym. Barmaklarymyň ujy gata degende tisginip gitdim. Ýerimden turup özümi dürsedim.
– Waý ene... leý! Waý-eeý! Adamlar ýeteweriň-eý!
Ylgap ýola çykdym. Ýerden çykdylarmy, gökden derwüş bolup indilermi bilemok, ýap-ýaňyja-da boş ýatan ýola sygman bir giden jemende gelýär. Elbetde, gum içinde meniň bu bolup ýörşüm kimdir biriniň gözüne ilen bolarly. Deňime gelip, daýanan arabadan düşen ýaşuly maňa nämedir bir zat diýdi welin, men asyl hiç zat eşidemok. Ahyry ol goltugymdan tutup araba tarap çekende özüme geldim.
– Atam bolmasyz bir iş boldy.
– Hawa, oglum hawa. Dogrudanam bolmasyz bir iş boldy... Uruş guzym, uruş.
– Uruş...
– Waý, enejaaan!
Powestler