17:44 Zyndanda ýanan şem -25/ dowamy | |
WYŽDAN
Powestler
Basylmazymyň öň ýanydy, penjirämizi açyk goýup işläp otyrdym. Bir gumry göni içeri girip holodilnige gondy. Men, batyr guşa haýran galyp, başymy galdyrdym. Ol ürkdi. Ganatlaryny pasyrdadyp uçdy. Otagyň töründen öwrüm ýasap özüni äpişgä gönüledi. Äpişgäniň o ýüzünden görünýän ummana, erkinlige çykasy geldi. Emma bolmady. Aljyraňňy janawar daşardan otaga giren ýerini tapman heläk boldy. Guş uruna-uruna heläk boldy. Biçäre perdir ýelekleriniň köpüsini zaýalady. Ugur tapman, halys bolup ahyry ýere gaçdy. Men ony emaý bilen galdyrdym. Gumrynyň, oslagsyz bu bolşy başyna bela getirdi. Ýöne men oňa kömege ýetdim. Erkinlik berdim. Kim bilýär, ol guşjagaz durmuş öwrümleriniň birinde büdräp çykgynsyz ýagdaýa düşende ynsanperwerligiň hemaýaty bilen halys bolup, gör, haýsy derelerde mesgen tutdy. Menem şol gumry ýaly kän urundym. Niredendir bir ýerden hakykat bardyr ahyry – diýip, köp ýerlere, kän adamlara ýüz tutdym. Bary biderek boldy. Hudaýyň adyna arza ýazsam-da, näme üçindir jogabyny hudaý däl-de, şol bir Anna Gurbanow berýärdi, Göwnüme bolmasa, häkimiýet hut Anna Gurbanowlardan ybarat ýaly boldy durdy. Ahyry, arz etmekden halys boldum. Paltam daşa degdi. Kelep ujyny ýitirip, ykbalyma kaýyl bolan wagtym, Hojanyň hossar bolup maňlaýymdan çykmagy meni begendirdi. Gün ýaşyp garaňky düşdi. Hoja bilen ýandegşir ýatyryn. – Hoja, seniň türmä düşeniňe kän wagt geçdimi? – Basym ýyl dolýar. Şu aralykda köp zada göz ýetirdim. Bu ýerde, ilki diliňe bek bolup, kim bilen gürleşýäniňi bilmeli. Ýoldaşyň ogry, ýa kezzap bolsa, hiç zadyna goşulma. Olar gödekdir. Göwnüňe degmäni hiç zatça görmezler. Ýaka tutuşyp, sögüşmekdenem gaýdanok olar. Özlerem eýder beýder aldar. Içiňi dökdir. Hossarlaryňy sorar. Çaga-çugaňy biler. Soňra-da, entek gola düşmän, daşynda galan ülpetlerini öýüňe ýollap öýdäkileriňi üter. «Daşyna çykyp, konwoýsyz işleýän ýoldaşym bar. Men şoň ýanyndan geldim. Ol seň adamyň bilen bir kamerada ýatyr» diýer. Aýalyň biçäre derrew ynanar. Jany sag, ýöne birneme hor. Türme ýagdaýy özüňize belli. Oduk-buduk, birneme puljagaz berip bilseňiz, ýoldaşym oňa elinje gowşyrdy – diýip, hossar çykar, aldar. Seň bolsa, bu ýerde hiç zatdan habarsyz. Olar ýaly zady hat üsti bilen habar bermegem gadagan. Sen ony haçan-da maşgalanyň özi ýa-da garyndaş-doganlardan biri yzyňdan görme-görşe gelip aýdaýmasalar, olar aý sypdyrman alar durar – diýip, Hoja meniň entek görüp-eşitmedik zatlarymy aýdyp berdi. Bu maňa diýseň täsir etdi. «Köp okan bilmez, köp ýaşan» diýenleri-dä. Eger-de, biz bu zatlaryň şeýledigini entek, daşyndakak bilýän bolsadyk, onda köp zatlaryň öňüni almak bolardy. Açyk äpişge, gulpsyz gapy. Türmäniň içinde beýle rahat ýeriň bardygyna begene-begene uka gitdim. Serediň bolýan zatlara, öýden gaýdanyma eýýäm iki aý, ýedi gün boldy. Şol arada ne hat bar, ne habar, sud bolup, suduň hökümi güýje girýänçä daşarky dünýä bilen ara çürt-kesik ýapyk. Bu kimiň pikiri, kimiň paýhasy bilen dörän zatka?! Hojanyň gürrüňleriniň, täsirimi, belli däl. Haýsydyr bir aýylganç zada garaşýan ýaly, ukym uzaga çekmedi, daňa golaý oýandym. Ýuwunyp çaýlaýançam Hoja-da turdy. – Hoja! – Hä. – Birhili ýüregim howlap barýar. Öýe nähili habar ýetirip bolar. Öýdäkileriň ýagdaýlary nähilikä? Mensiz gün-güzeranlary nähilikä? Ýeke köpügem pul ýok öýde. Bar pulumyzy amanat kassada saklaýardyk. – Wah, bar bolsa oňuşarlar. Aýalyň gerek puluny alar-da, kassadan. – Alyp bilmez. – Näme üçin? – Pul meň adyma. – Geçir aýalyň adyna. – Nädip geçirjek. – Arza ýaz. – Bolanok. – Bolýar. Sud pulumyzy elimizden alyp, döwlet haýryna bermeli etdi. – Wah, seniň, bir. Bular ýaly boljagyny bilip dursyň, puluňy derrew kassadan alaga-da bussaň bolmadymy?! – Ilki bilen-ä men bu zatlar beýle bolar öýdemok. Onsoňam men o pulumy ogurlyk edip, ýa-da para alyp, gazanmadym. Gije-gündiz gözümiň köküni sogrup, işläp gazandym. Onuň esli bölegini aýalymyň kakasy bilen ejesi pakyrlar berip gitdiler. Olaram bu wagt ýok. Gaýdyş boldular, ikisem! Hoja ýüzüme geňläp-geňläp seretdi. – Gör, sen nähili adam. Men seň ýaly pulluja bolsam, gazamadyň içinde ýeke günem oturjak däl – diýip jibrindi. – Nätjek. – Berjek-de çykjak. – Hoja, adamda wyždan diýilen bir zat bar. Şonyň päk bolsa ol seni heläk edýär. – Onyň dogry, Gurban. Sen kimden wyždan sorajak, şu türmede oturanlardanmy? Ýa-da türmäniň sakçylaryndanmy? Belkäm, sudýalardan sorarsyň. Şol diýýän zadyň kimde baraka? Ynha meni al. Meniň näme üçin basylanymy bilýäňmi? – Ýok. – Diňle! Obamyzda bir gyz bilen söýüşdim. Bir mekdebi, gutardyk. Bir gün maňa habar geldi. Egerde men o gyzy haýdan-haý alyp gaçmasam, onda-da hut şo gije, bolmasa, ertire galsam, bütin ömrüme ondan jyda düşjekdigimi habar berip, hat iberipdirler. Hany aýt, ýagdaý şeýle bolansoň, pikir edere wagt barmy? Kime arzyňy diňletjek, kimden haraý islejek. Plany gyzyny satýa diýäketmäni habar berseň, ol onça-da ýok. Ahyry gyzy alyp obadan çykdym. – Oňarypsyň. – Oňaranym gurasyn. Hossarlary tas öýümizi ýykypdy. Meni tutup basdylar. Ýyl ýarym sürek berdiler. – Näme üçin? – Nämemişin, gyz kämillik ýaşyna ýetmänmişin. Kämillik ýaşa ýetmedik gyza öýlenmek bolanok. Bu jenaýat, muňa men gowy düşünýän. – Gyz näçe ýaşynda? – On sekizini dolduryp barýardy. – On sekizinimi? – Kyrk gün ýetenok-da. – Oňarmansyň, Hoja. Aý ýarym dagy bolsa garaşaýmaly ekeniň. – Garaşsam, Sonamy satardylar. Eger şeýle bolaýan bolsa, men dälirärdim, Bütin ömrüme ahmyrly bolup galardym. Zyýany ýok. Herniçigem bolsa Sonam öýümde. Eýýäm oglumyzam boldy. Hojanyň ogully meselesi meniňem derdimi gozgady. – Meniňem aýalym eli bäbeklije galdy. Gördüňmi bolýan zatlary. Meniň iki çagam bar. Ulym ýaňy üçünji klasda. Bäbejigiň bolsa üç aýy doldy. Aýalymam hemaýat uýasy, ýetmiş manat aýlyk alýar. Şu maşgala indi nädip ýaşar. Ine Onsoň garagol çagalar, ogry, eli arassa däl adamlar kän diýýäris. Olar nireden, nädip, nähili döreýärkäler diýip, pelsepe öwürýäs. Men boşap gelýänçäm uly oglum on ýedi, kiçim, ýedi ýaşajak. O çagalara eşik gerek, iýmek-içmek, iň esasam olara terbiýe gerek. Meniň beýle diýmegim jenaýat kodeksini ýatyrmaly diýdigim däl. Käbir zatlara seredeňde bärden gaýdylýar. Býurokratlar, Watana dönükler, ogrular bar. Ine bular, tüýs jenaýatçylar. Olar üçin iki hasabyň bir. Honha seret, arkaýyn ýatyrlar. Berilýän bu jeza tüýs islegi ýaly. – Öz başyňdan öten ejirleri eýýäm unutdyň-ow. On bäş ýyla çenli tussag edýärler. On bäş ýyl bir ýigidiň ömri. Sen ony az görýärmiň? – diýip, Hoja ýer-gökden geldi. Gözlerini çüýjerdip içgin-içgin maňa seretdi. Onuň bu nazaryndan «Aý samsyk, seniň özüň hem şol jenaýatçylaryň birisi. Seniň bu pelsepäň näme» diýilýän many duýulýardy. – Durmuşda her hili zatlar bolýar. Ilki bilen-ä hiç kim enesinden jenaýatçy bolup doglanok. Bolgusyzlyk soň başlanýar. Kim meslikden, kim peslikden kada sygmajak bir iş edýär. Şeýlelik bilen özüniň jenaýat edip, ilden saýlanýandygyny aňmaýar. Şeýle sypatly adamlar özüniň kimdigini, haçan-da, suw seňrikden agan wagty bilip galýar emma giç bolýar. Jenaýat işini etmäge mejbur bolýanlaram az däl. Ýöne kanun üçin olaryň ikisi hem bir ýaňylyp-ýazanam şol terezä münýär. Mesligine çydap bilmän, ejizi horlaýanam, nebsine haý berip bilmän, wyždan öňünde ýüzügara bolýanam şol bir jezany alýar. Eger maňa galsa, olary näderdim diýsene, bazar güni jygyllyga çykarardym. Adamlar! Ynha, görüň şulary. Bular parahorlar, wyždanlaryny pula çalşanlar, ogrular diýerdim. Şu adamlar diňe bir özi däl. Iline-gününe ysnat getiren ýakasy gaýyşlylar. Hökümet bularyň bir sapar, iki sapar günäsini geçdi. Emma bulara sapak bolmady. Indi bular ýola salmak üçin ýeke-täk bir jeza galdy. Olam «ynha» – diýip zandyýamanlaryň ýekän-ýekän barmaklaryny çapardym. – Wah, dostum, tüýs göwnüm bolaýdyň. Meniňem bir haýyşym bar. Il içinde orta çykaryp jeza, berilmeli aýbygadymlaryň içine şu gany gara arzaçynam goşsana – diýip Hoja birden meniň pikirime goşuldy duruberdi. – Men-ä gardaş, golsuz arza ýazýan – anonimçini adam öldüren jenaýatçydan hem agyr görjek. Adam öldüren nejis adalat gylyjyňdan sypyp bilmeýär, baş alsa, baş berýär. Ýogsam, ömri türmede geçýär. Anonimçi welin beýle däl. Ol ýuwaşlyk bilen kimsäni abraýdan gaçyryp, sanlyja wagtyň içinde saçyny-sakgalyny agardyp, ýüregi umyt-arzuwlardan doly batyr ýigidi gorkak edip, agrasy ýeňil, ýeňili-de däldiredip bilýär. Infarkt keseliniň hem esasy sebäpleriniň biri şol anonimşik-dä. – Golsuzam bolsa bolubersin, garaz arzany ýazyp bilseň bes, ynanylýar, how. Ine, onsoň bir başlarlar welin, hoşuň gelipdir. Biziň obamyzda mekdebiň direktorynyň üstünden biri arza ýazypdyr. Mekdebiň ýanynda tejribe uçastok bar. Şol uçastogyň içinde okuwçylaryň güýji bilen kiçijik parnik gurup, oňa pomidor hem-de hyýar ekipdirler. Ekinler gowy hasyl beripdir. Ondan alnan girdejini harç edip mekdebe suw bilen ýyladylýan peç gurupdyrlar. Anonimçi bolsa şol «pullary direktor jubüsine urdy» diýip ýazýar. Gepiň gysgasy, yzly-yzyna dokuz gezek komissiýa gelip Ataş agany işletmediler. Netijede, direktor mekdebiň ýekeje köpüginem iýmändir. Görgüli adamlaryň myş-myşlaryna çydaman keselhana düşdi. Ine şeýdip parnigem galdy, zadam. Ýeri, muňa näme diýjek, arzaçy welin, hezil edip gezip ýördi. Hoja ýürekden syzdyryp zeýrendi. – Şugul bilen görip şalaryň tagtyny ýykyp, ogly ata atany ogla duşman etdi. Olar, asyl, Günüň garşysyna dörän gije, ýok, ýok, bäriden gaýdýan, olar asyl Agyň garşysyna dörän Gara. Olar üçin diňe bir ýeke-täk kanun gerek. O-da «Golsuz arza serediljek däl». diýilen ýönekeýje, iki agyz söz. Ine, şonda, anonimkaçylar özlerine ýeterlik jeza alyp biljek. Goý, olaram gündiz rahat tapyp bilmän, gijelerine bolsa ýatyp bilmän, infarktyň nämedigini bilsinler. Biz Hoja bilen ýene-de köp zatlar barada gürrüň edişip iş wagtynyň bolanyny-da bilmän galypdyrys. Koridorda» çykýan ses meniň adymy tutdy. – Gurban Jumaýew barmy? – Men – diýip, gapyda peýda boldum. – Ylgasaň, bir ädim saga ýa-da bir ädim çepe bökseň duýduryş bermezden atjakdyryn. Eliňi arkaňa tut. Geplemek, eýläk-beýläk seretmek gadagan diýip, nobatçy maňa ýörite düşündiriş berip, äpet howlynyň daşyna keçä çykaryp, türme haýatynyň etegi bilen günorta tarap alyp gitdi. Töwerek-daş ne gözel. Baglar al-ýaşyl, guşjagazlar jürk-de jürk, haýdaşyp barýan maşynlar. Honha-da, ýoluň o ýüzündei iki juwan gol tutuşyp deňimden geçip barýarlar. Olar meniň gabadyma ýetende ädimlerini gowşadyp içgin-içgin seredýärdiler Belkäm, meni tanandyrlar. Bu pikir bütin göwrämi eýeledi. Ädimlerim tagaşyksyz ädilýärdi. Ýagdaýymy nobatça bildirmejek bolup maňlaýymdan derimi syrýardym. – Dur! Nobatçynyň sesi tenime gamçy bolup degdi. Tisginip gitdim. – Elleriň arkaňda bolsun diýmänmidim saňa, ýa-da kişen urdurasyň gelýärmi? – diýip, herreldi. – Jan dogan, haýyş edýän, gygyrma. Çaltyrak ýöräli! Utanýan. Töwerek-daş adamdan doly. Barmaly ýerimiz uzakmy? – Kes sesiňi! Eliňi arkaňda sakla. Ýör öňe, deýýusyň çagasy! Jenaýat eden wagtyň utanman, indi utanç ýadyňa düşýärmi? Bolşuma puşman iýdim. Gözlerimiň öňi perdelenip, jahan garaldy. Nobatçy bilen ýaňkalaşmaga hakym ýok. Ol meni beter edäýmegi mümkin. Türme howlusynyň içinde elleri ýagyrnysyna, bek gaňrylyp südürlenýän adamlary günde görüp durun-a, ejirime kaýyl bolup ýöräberdim. Gurluşyk «gurluşyk» diýer ýaly uly desga däl ekeni. Ol bary-ýogy ýeke etažly, dört-bäş otag ekeni. Işleýänlerem kän däl. On-on bäş adam. Nobatçy meni gurluşykçylaryň ýanymda gözegçilik edýän beýleki esgere tabşyryp yzyna dolandy. Men ýeten ýerimde duruberdim. Maňa iş buýranam bolmady. Geldiňmi diýenem. Ýöne welin adamlar işleýärdiler. Olaryň aglaba bölegi arassa eşikli, saçy-sakgaly ýerinde. Hatda boýny galstuklylary-da bardy. Intelligent adamlar kerpiç, palçyk daşaýardylar. Haýdaşyp işlemeseler-de, güýmenýänleri synlap durşuma türmäniň naçalnigi podpolkownik Gerasimowyň ýeňsämden gelenini hem duýman galdym. Ol: – Hä...ä Jumaýew! Işe çykdyňmy, Seniň ýüküňi ýeňletmäge meniň edip biljek kömegim, ine şu. Gulp aşagynda ýatanyňdan bu müň paý gowy. Şeýle gerek?! – diýdi. – Sag boluň, graždanin podpolkownik! Ýöne men bu ýerde näme iş etmeli? – Saňa-da iş bar. Bizde ýörite prorab ýok. Seni gurluşykdan başy çykýa, ökde diýdiler. Şol çynmy? – Bir wagtlar ussaçylygyň kursuny gutarypdym. – Çyzgydan başyň çykýamy? – Bilýän. – Narýad ýazmany nädersiň? – Wah, o hiç-le. – Bize-de şol gerek. Şu ýerde sud edilenlerden özüň bilen bäş adam bar. Galany on boş sutkaçylar. Seniň wezipäň – her günde her adam näme iş bitirdi? Eden işi näçe manat boljak? Garaz, nähili material geldi. Näçe tagta, näçe kerpiç, ählisiniň hasabyny ýöret. Günde-de maňa ýörite hasabat ber – diýdi. Onsoňam ýene bir zat, süregiň kän. Seni beýdip daşyna çykarmaga biziň hakymyz ýok. Seniň aňly-düşünjeli adamdygyňa ynanyp, hem-de saňa gowyluk etjek bolup düzgüni pozýan. Bizi ýüňsakgal edäýme. Gurluşygyň çäginden çykmak gadagan. Adamçylykdyr, bilip bolmaz. Bardy-geldi yzyňdan gelen-gidýän bolsa, içme. Şu ýerde näme iýseň iý, saňa rugsat. Biz görmedik bolaýarys. Ýöne içme zat geçirme. Zynhar ýadyňda bolsun. Daşyndan gelip, kömek soranam tapylar. Içindäkilerden ýalbararlar. Etmegin, etmegin! Eger bize gulak asmasaň, ýene-de kamerada ýatmaly bolarsyň – diýip, Gerasimow maňa kagyz galam berip, oturmaly ýerimi görkezip çykyp gitdi. Ine, şeýdip işläberdim. Bir güni başymy galdyrman narýad ýazyp otyrkam, gulagyma bir tanyş ses eşidildi. Görsem üstüme abanyp biri dur. – Aý, saňa telpek goýdum. Sen iki daşyň arasynda-da, günüňi görersiň. Ýöne bir topar ýerde kellesizlik etdiň-dä – diýip, Esen Pirow ýylgyryp dur. Dostum türkmen radiosynyň edebi drama gepleşikler redaksiýasynda işleýärdi. Ony görenime begendim., Esenem başyma düşen bu güne jany-teni bilep gynandy. Men muny onuň gussaly gözlerinden aňdym. – Esen saglyk, gurgunlykmy? Öý içeri-çagalar amanmy? Biziňkiler nähili? Habarlymyň? – Walentinany gördüm arada. Çagalarym, aýalym barada sorasam soradym weliň, dostumy artykmaç gepletmedim, Sebäbi onuň diýjek zatlaryny bilýärdim. «Aýalyň horlanypdyr, çülpeje çagajyklaryňy eklejek bolup kökenek» diýjegini bilýärdim. Şonuň üçinem, dostumyň indiki diýjek sözlerini agzyndan alyp, ony gürletmedim. Sözüni böldüm. – Ýogsam-da, sen meni nädip tapdyň-aýt? – Soradym. Gurluşykda prorab diýdiler. Bu zatlaryň hemmesini özüňden gör. – Özümden görer ýaly men näme edipdirin. – Eden işiň kän. – Hany aýt?! – Saňa aýda-aýda biziň özümizde zat galmady. Sen kim bilen gürleşýänini bilmediň. Kim bilen iş salyşýanyňy bilmediň, ýöne felefon yzyna felefon ýazdyň ýördüň. Aý, oglan, ol feletonlaryň arasynda bir giden adamlaryň ykbaly ýatyr. – Näme, meniň feletonlarymyň faktlarynyň nädogry çykan ýeri barmy? – Ine, ýene-de şol öňkiň-dä. Gep nädogrulykda däl. Gep kim hakda. Näme hakda. Atly abraýly, millioner, sowhozyň direktoryna-da ýapyşyp ýörsüň. Hälem, olar seniň ýoguňa ýanyp, öldüräýmän, beýdenlerine şükür et. Döwür şeýle. «Gowurga dişliniňki, zamana güýçliniňki», şoňa düşüneňokmy? – Düşünýän. Ýöne, sen şeý diýseň, men şeý diýsem, bu üýtgemez. Şeýder gider otyr. Hany wyjdan. Hany kommunistiň borjy? Hakykat nirede? – Hakykatmy? Hakykat seniň bir eneňiň... Al, indi otur şeýdip. Ne gözel günüň bardy. Çagalaryňam döküp ýedi ýyl gitdiň. Ara dymyşyklyk düşdi. Esen ilkinji gezek görýän ýaly gözlerini gyrpman meni uzak synlady. Soňra: – Bilýäňmi, seni heläk eden zat näme? – Näme? – Ýadyňda bolsa, bir feleton ýazypdyň? – Niredendigini aýtsaň, ýadyma düşäýmegi mümkin. – Kakadan. – Garahan obasyndan diýsene. – Edil özi. – «Düýe ýuwudan bokurdak». – Edil özi ine şol feletonyň gahrymanlarynyň biri sudýa Anna Gurbanowyň agasy, beýlekiler bolsa aýal dogany bilen giýewsi. – Bolsa bolupdyr-da. Düzgüni bozsaň, jenaýat etseň, kim bolanda näme?! – Ynha-da, asyl, sen düzeljek däl-ow. – Men düzelmen, «düzeljek» bolsam, şol adamlar ýaly wyždansyz bolmaly. Şeýle dälmi? – Wah, jan dogan! Kim senden wyjdan soraýar. Il bilen işiň bolmasyn, hiç zada goşulma «Tilkiniň ne işi bazar bilen» diý-de, gez-de ýör. Näme, feleton ýazaly diýsek, edilýän işleri, bolýan zatlary biz göremizokmy? Gezip ýörs-ä... – Wah, men ony başaramok, Esen. Bu düzgün, bu durşuna gitmez. Bu edilýän işlerden öňde-soňda jogap soran tapyljagyny bilýän. – Sen taryha belet. Kolhoz gurluşygy ýyllary nämeler edildi. Heý, jogap soraldymy? Ondan bärini alaly. Ýežow döwri nije-nije ýigitler Sibirde galdy. Urşuň yz ýanyny alyp gör. Huruşýewiň döwri ahyr bu döwür, heý, şu zatlar üýtgär diýip pikir edýäňmi? – Düzeler, Esen, düzeler. Şoňa men bek ynanýan. – Öňde biri «Aty at bolýança eýesi it bolar» diýipdir. Adyň-abraýyň bardy. Bir gazetiň eýesidiň. Ilkinji kitabyň çykjak bolup durdy. Ine indi hemmesi biderek, bir köpük. Hälem, sen maňa gulak goý. Her edip, hesip edip, bu zyndandan çykmaly. – Çykaryn, Esen çykaryn, oňa gürrüň ýok. – Nädip çykjak? – «Garaw bardyr ýersiz urulan taýakda». Meni bigünä basdylar. Ony özüňem bilýäň-ä. – Bigünä bolaýşyňy seň. Alty ýüz manat puly iýipsiň-ä. – Ýok, ol iýilenem, ýitenem pul däl. – Onda nämetdiň ony? – Işçilere berdim. – Hany dokumendiň? – Ine, şo ýok-da. – Nädip berdiň, olara. Ýöne bir köçeden geçip barýan adama beräýen dälsiň-ä ony. Bir iş etdirensiň. – Garagum kanalyna bagyşlanan ilkinji znaçogy ýasatdym. Ine şol pul şol znaçogy ýasan ussalara tölendi. Ol dokument buhgalteriýada bolmaly welin, ýok. Indi, düşündiňmi. – Şonuň üçin saňa ýedi ýyl berdilermi? – Ýedi ýyl berdi. – Onda Anna Gurbanow senden ar alypdyr-da? – Ýogsam näme. Ozallar sud hemme zady anyklap, agy-garany saýgar, hakykady anyklar öýderdim, görüp otursam, bu beýle däl eken. Onsoňam, geň galaýmaly ýeri. Ne şaýat bar, ne zat. Kimdir bir nätanyş adamlaryň görkezmelerini okan boldy. Özem bary-ýogy ýigrimi minut. Wessalam. Ýedi ýyl – dük! – Men aýtdym-a, saňa. Garyndaşlaryny masgara etdiň ahyry. Ýogsam seniň diýýäniň çyn bolsa, hut beýle bolaýmaly däl. Indi maňa gulak as. Düýn bir adamy gördüm. Ol seň işiňi düzedeýin diýdi. – Sag bol Esen, sag bol! – Ýöne bermeli boljak. – Bermeli? – Hawa. – Näme bermeli? – Pul. – Pul? – Aý ýoga... Näçe soraýar. – Ýigrimi dört. – Ýigrimi dö-ört... Bä-ä. – Näme, eýsem, şeýdip çagajyklaryňy horlap ýatjakmy gözenegiň aňyrsynda? – Ýok, men wyždan serhedinden ötüp, jenaýat edip bilmen. Hakykat bardyr. Men onsuzam, bu zyndanda uzak ýatman. Jenaýatçy däl halyma, jenaýat edip biljek däl, Esen – diýip, zöwwe ýerimden turdum. – Akmak bolma, maňa-da bir gulak as. Ýok bolsa, tapman oturan bolsaň, başga gep. Şo gürrüňlerden soň dostum meniň ýanymda uzak eglenmän gitdi. Gitse-de gitdi welin, meni oda salyp gitdi. Sorapdyr, idäpdir, gelipdir, sag bolsun! Ýöne, onuň diýýäni welin, meniň ahlagyma sygjak zat däl. Bilýän, ýagdaýym gözgyny. Dostumy-da biynjalyk edýän zat şol. Ne garyndaş bar, ne hossar. Aýalym görgülem ýeke. Kim saňa arka dursun, kim saňa hossar çyksyn. Çülpeje çagajyklar bilen kime gerek ol. Gördüňmi bolýan zatlary, wepa deregne men saňa jepa berdim, Walentinam! – Näme samrap ýatyrsyň sen. Uklamaga bir goý ahyr bizi. Sende bar heleý bizde-de bar. Bizem şony goýup gaýtdyk – diýip, Hoja böwrüme hütdüldetdi welin, gözümi ýalpa açdym. Emma rahat tapmadym. Hoja bilen Esen dostumyň sesi gyjakly dutara dönip gulagymda ýaňlandy durdy. Asyl, ol beýnimi çaýkady. Ýeri, nähak ýere basylybam, üstesine-de para ber. Bu nämäniň alamaty. Gel-gel, indi bu gün başyňa bir iş düşüpdir, şoňa döz gelmän, hakykadyň hakykatdygyny subut edip bilmän «Ner başyňy arwana» deňäýmek birhili bolmazmy? Ýok, bu bolmaz. Müňläp-müňläp ýigitler rewolýusiýanyň ýolunda başyny gurban etdi. Ýene-de müňlerçesi faşizmiň güllesine döş gerip, şu eziz toprak üçin mazar boldy. Hany, sowet hakykaty. Hany, partiýa? Men para bersem, sen para berseň, ýene-eneler bu nejis nogsana ýüz ursa, nähili bolar?! Näme üçindir dodaklarym gurady. Böwrümi hümledip, ýaňky diýen sözlerim üçinmi, bilemok, agzymyň içine zäk çaýylan ýaly boldy. – Bolmaz, asla bolubam bilmez – Diýip, gygyryberen bolmaga çemelim. – Başyňa-gözüňe döneýin, jan dogan! Sen tur ýeriňden, tur! Bir salym dik otur. Ýüregimi ýardyň-a gygyryp. Geçen agşama beýle däldiň. Bu gün seni bir döw çaldy – diýip, Hoja ukuly-oýaly hoňrandy. Onýança-da daň atdy. Ertesi ýene meni işe alyp gitdiler. Ýöne welin, nobatçy üýtgäpdir. Bu günki adam geçen günki ýaly ýylan sypat, çypar däl ekeni. Musurman tüýsli bolsa nätjek. Ol maňa buýrugam bermedi. Ýasynam okamady. Ýoldaşym ýaly, gapdalymda ýöräp, gurluşyga bile bardy. «Düýä haýt diýmek medet» diýýänleri. Etim-derim giňäýen ýaly boldy, töwerek-daşyňam görnüşi üýtgäýdi. Elbetde, meniň bolgusyz bir zatlaryň üstünden barmajagymy olam bilýändird-ä. – Maňa bu işiň tabşyrylmagy ýöne ýerden däldir – diýip, otyrkam täze gözegçimiz: – Gurban aga, yzyňyzdan çagalaryňyz gelipdir. Kada boýunça beýle zatlara ýol bermek bolanok. Men size rugsat bereýin. Ýöne, seresap boluň, başlyklar göräýmesin. Ho bir gapdalda, çolarak ýerde oturyň-da, gürleşiň bäş-üç minut – diýdi. Men welin, bu habara aňk boldum galyberdim. ...Bir gezek men çaphanadan öýe giç gelipdim. Ýuwundym, çykaryndym. Soňra umyt-arzuwlarymyň, ynsanlyk mertebämiň diregi bolan gözbäbenek çagajyklarymy görmäm bar. Uly oglum Igdir ýatypdyr. Ol şar gara saçjagazyny ykjadyp dünýäden bihabar, hezil edip ýatyr. Oglumyň krowadynyň ýanynda ata mähri bilen ep-esli durup, kiçimiň sallançagyna öwrüldim. Ol entek bäbejik, gundagly. Onuň bary-ýogy ýaňy iki aý ýaşy bar. Ol ullakan ala gözlerini ýumup, dodaklaryny kemşidýärdi. Düýş görýärdi. – Gel, oglan, naharyň sowady. Ogullaryňy göresiň gelse irräk gel. Günde il aýagy ýygnalman öýde görüneňok – diýmedik bolsa, perzent mähriniň lezzetine beýhuş bolup, näçe durjagym belli däldi. Nahary iştämenlik bilen iýip, bir gapdala sowulamsoň aýalym elime bir hat berdi. – Bu näme? – Bir milisioner getirdi. Bukjany açdym. Içindäki iki barmak kagyzy çykardym. «Derňew organynyň meniň bilen näme işi bar ekeni» diýip, içimi gepledenimi aýalym aňdy. Ol: – Milisiýanyň seniň bilen näme işi bar? – diýip, alada ýugrulan nazaryny maňa tarap öwürdi. – Bilemok. – Onyň powestka, çakylyk haty ýaly-la. – Poweska. – Näme diýip, ýazylypdyr? – Podozrewaýemyý1 diýilipdir öz-ä. – Bu näme boldugy, Gurban? – Men-ä bilemok. – Bilmeseň, näme üçin çagyrýarlar seni diýip, aýalym ýüzüme çiňňerilip, şübhelendi-de gürlemäne maý bermän: – Nirä çagyrýarlar, kim çagyrýar? – diýip, sugşurdy. – Ýadyňda barmy? Sudýa Anna Gurbanowyň doganoglany Bugra Köjülini işden aýyrdypdym. Ol feletonda görkezilen deliller dereksiz» diýip, üstümden arza ýazypdy. Şol arza esasynda feletonyň delillerini däl-de, redaksiýany barlapdyrlar. – Hawa ýadymda. Netije nähili bolupdy? Hemme zat düz, hiç hili jenaýat ýa-da düzgüni pozma bolmandyr. Men bir döşe dakylýan nyşan ýasadypdym-a kanala bagyşlap. – Çöli özleşdirmek meselelerine bagly geçirilen bütindünýä simpoziumy wagtyndamy. – Hawa, edil özi. Şonda men redaksiýanyň alty ýüz manat puluny, znaçok ýasan moskwaly ussalara töläpdim. Şol dokument biziň merkezi buhgalteriýamyzda ýok. Derňewçiler hernäçe gözleseler-de şo puluň harçlanyş kagyzlaryny tapmandyrlar. – Dokumendi ýok bolsa, ýetmezçilik bolýar. Boýnuňa basarlar – diýip, aýalym ör-gökden geldi. – Sen hemişe şeýdýäň. Şolar ýaly zatlara üns bereňok. Geleňsiz. Döwletiň puly ahyr ol. Irde-giçde senden jogap sorarlar. Seň ertiriň özünde Moskwa hat ýaz. Znaçok ýasadan ýeriniň-adresini bilýänsiň-ä – diýip, ol maňa janygyp-janygyp aýdypdy. Buhgalteriýada ýiten şol dokumentiň tapylaryna umyt baglap ine bu güne düşdüm. Göwnüme bolmasa, sülçä-de geregi, hut meniň geleňsizligim bolsa gerek. Ol meni bary-ýogy ýeke gezek derňewe çagyryp, ýigrimi minut hem sud edip, boýnuma ýedi ýyly gütületdi. Indi men aýalym Walentinanyň gözüne nädip görünerkäm?! Ony şu güne salan özüm bolýan. – Gurban aga! Gulaklaryma ynam etmän, garşymda duran gözegçi soldatyň ýüzüne seretdim. Ýaş ýigit, ähtimal, harby gullugyny gutaryp, bu ýere işe giren bolsa gerek. Ol özi bilen tussag Gurbanyň arasynda göze görünmeýän, ýöne kanun tarapyndan kepillendirilen äpet diwaryň bardygyna garamazdan ynsanyýetlik mertebesine daýanyp sözüni dowam etdi. – Aýalyňyz ir ertirden bäri şu ýerde. Zöwwe ýerimden turdum. Aýagymyň aşagynda ýer süýşen ýaly boldy. Göwrämi saklap bilmän, wagon jaýyň diwaryna daýandym. Gözegçi ýigit ýaşam bolsa, köpi gören ekeni. Ol meniň kalbymda gopýan harasady aňyp dymdy. Böwrüni diňläp durdy. Bu wagt onuň näme hakda oýlanyp, näme hakda pikir edýänini onuň goýun gözleri aýdyp durdy. Ol «agam, bu zatlaryň şeýle boljakdygyny Jenaýat eden wagtyň bilmediňmi» diýýärdi. – Agam, tussag bilen beýleki adamlary duşuşdyrmaga hakym ýok. Bu asla gadagan. – Inim... Namys arkanyny boýnuma atyp, onuň toýnukly ujuny kimdir biri ýuwaş-ýuwaşdan çekýän ýaly, demim ýetmän hopukdym. Emma, gözegçi ýigit ähli zada düşünýärdi. Asyl, ol näme diýjegime çenli aňyp durdy. – Bolýa, aýalyňyz gurluşygyň o ýüzünde bagyň saýasynda dur. Hiç kime görünmejek bol. Bäş minut puryja. Kanun boýunça, siz, hossarlaryňyz bilen her alty aýdan bir gezek duşuşmaly. O-da türmäniň içinde, ýörite otagda – diýip, esger ýigit meni ýeke goýup wagon jaýdan çykyp gitdi. Derrew daşary çykdym, Gözegçi ýigidiň ýap-ýaňy maňa beren sargytlaryny unudyp, gurluşygyň çola tarapyna geçdim. Şahalaryny ýere sallap, gawunçynyň kürkesi1 ýaly gabarylyp oturan äpet daragtyň saýasynda, eli bäbekli bir aýal dur. Bu meniň baş ýoldaşym, höwrüm, howandarym, Asman bilen Zemin arasynda ýalňyz ynamdarym – meniň Walentinamdy. Onuň gapdalynda sary gaçan ýöne tämiz ýuwulyp, mährelenen gysga balakly, akja köýnekli, gara gulpak çagajyk. Tomusdygyna garamazdan aýagym ädikli, gyş aýlary otýakarlaryň geýän eşikleri ýaly, egnim gara geýimli, telpek kimin başymda gabarylyp duran saçymdan nyşan ýok. Meni bu görnüşim oglanjygy geň galdyrdy. Ol garaja gözlerini tegeläpjik gymyljyrady. Ejesine golaý süýşdi. Bu çaga meniň uly oglum, üçünji klasyň okuwçysy Igdirdi. Bäbejik bolsa, körpäm Döwletim, Döwletgeldim, Ynha, şu üç ynsan meniň bar baýlygym, dirilik rawgatym, erkim-islegim, asmanym-zeminimdi... Iş wagty gutardy. Ýene-de türmäniň gara gapysy açylyp, ol meni hopganyna çekdi. Üstesine-de çagalarym bilen bolan duşuşyk, meni begendir, ýükümi ýeňleder öýdüpdim. Emma, bar zat tersine bolup çykdy. Ilki bilen-ä aýalym Walentina Timofeýewna aglap-eňräp, ýekeje agyz hem söz diýmäge gaýraty çatman, delmire-delmire hoşlaşyp gitdi. Men-ä şol aňkaryp durşuma, onça-da bolmadym. ýitirip, ömür boýy gözleýän zadymy tötänden tapýan ýaly, diýjek sözlerimiň ýekejesini hem aýdyp bilmän ahmyrly galdym. «Adam başy daşdan gaty» diýýänleri hak ekeni. Iki-ýana urunyp, oda-köze müň düşsem-de, bolanokdy. Mizan terezisiniň ygtyýary entek sowhozyň direktory, Joşgun Kulyýew sudýa Anna Gurbanow sülçi Gozgan Tilki ýaly adamlaryň elindekä, adalat-ha beýlede dursun, hatda ol hakda gürrüň hem edip bolmajygyna gözüm ýetdi. Ýöne bir zada haýran galýan. Hany, ol bize miras ynsanperwerlik. Atalaryň rewolýusion däpleri? Dogan-dogandan habar soraýan döwür nirede? Hany ol ärleriň nesli? Ýa-da olar bu gowgaly asyryň jümmüşinde ýitip gitdimi?. Eger beýle bolsa, täze eýýäm üçin berilen pidalar nähak-da?! Wah, soňky gurbanlary nätjek. Watanyň ýeke daban ýeri üçin million-million gerçekler al ganyny guma gardy. Olar wezipeparazlar, wyždansyz harsydünýäler, iki ýüzli ýuwhalar, halky eşek guýrugyna daňylan iner kimin islän ugruna çeksinler diýip, göreşdilermikä? Şeýle pikirler maňa asyl, rahat bermedi. Bu ýeriniň öz durmuşy bar. Ol asyl bahar bilen gyşyň bolşy ýaly, hiç kime bagly däl. Günler geçip dur, aýlar aýlanyp. Edil durmuşdaky ýaly. Kim aç gezip ýör, kim dok. Daşyndan idegi baryň, içinde-de soragy bar. Özem edil akyp duran «derýa» ýaly, ne gije dynýar, ne gündiz. Kimler, ozaly-ahyry görünmejek ýaly ejirli gününiň soňuna çykyp, öýlerine tarap gidip barýar. Kimse welin zyndan bilen bagry badaşan ýaly erkinlik möhletiniň golaý geldigiçe birahat, türme bilen hoşlaşmany bar zatdan agyr görüp, bahana arap ýör, emma bu ýeriniň iň esasy bir geňlärlikli zady bar, o-da türmede saklanýan ähli adamlaryň deňligi. Akyllymyň, akylsyz, dälimiň, kelesaň, hatda tötänlik bilen awariýa edip bu ýere gelen akademigem, tüýs bäbenegine basyp, elinden zadyňy gaňryp alan ogry bilen des-deň. Parahor, ahlaksyz, harsydünýä gaýtam ybaly. Olaryň ýatýan kameralary ýa iki adam, ýa üç. Gün öýleden agypdy. Wagon jaýyň içiniň howasy demiňi tutup barýardy. Egnimdäki tussag eşigi sykyp sererdenem beter, myžžyk. Boýnumdan daş asylan ýaly, göwräm ýere girip barýardy. Dem almam kynalşyp agzymy açyp oturşyma, niredendir bir ýerden ýene-de Esen çykdy. – Gutlaýan, Gurban – diýip, ol ýyrş-ýyrş etdi. – Näme bilen gutlaýaň, Esen?! – Suduň hökümi ýatyryldy. – Näme? – Işiňi sökdüler. Erte-birigün saňa-da habar geler. – Aý ýog-a. – Hawa. – Onda men boşamaly-da? – Boşaýmagyňam mümkin. Entek işiňi söküp, suduň hökümini ýatyryp, täze derňewe goýberýärler. – Wah, derňeseler boljak welin, derňänoklar-da. Hon-ha sud edenlerinde ýekeje şaýadam gelmedi. Ömürylla, adyny-soruny eşitmedik, görmedik adamlaryň men hakda ýazyp beren görkezmelerini okaýarlar. Eger-de olar şaýat bolsa, meniň bilen ýüzleşmeli ahyryn. – Seniň şu eňekligiň bütin ömrüňe zyýan berýär. – Nädeýin dost, ýasalşym şeýle. Aga ak, gara gara diýmesem, ýatyp-turup mazam ýok, asla çeýneýän çöregimem bogazymdan ötenok. – Goý, indi şu häsiýetiňi. Munuň içinde-de dek oturman, ýöne ýazyp ýatanmyşyň! Seniň arzaňa seretjek adam barmy. Bu zatlar derňeljek bolsa, seni basmazdylar. Gowusy, meň diýenimi et-de, «ýamandan boýuňy satyn al». Olara ýalbara-ýalbara bahasyny kemeltdim. Indi on sekize geldi. Ýogsam, ýene-de işiň bulaşýar diýip, Esen gözlerini gyrpman, ýüzüme bakdy. – Esen, dostum! Haramzada bolmak üçin haramzada bolup dogulmak gerek. Meň saňa öňki sapar aýtdym ahyry. Jenaýatçy däl halyma meni jenaýata itekleme. – O nähili jenaýat-aýt ol – diýip, dostum meniň sözlerime düşünmediksirän bolup herreldi. – Türmeden boşamak üçin para berseň, jenaýatçy bolarsyň-da. Ýok, dost. Eden aladaň üçin sag bol. Men özüm bu ýerden çykjak bolaryn, – Çykarsyň, ýöne ýedi ýyldan soň. – Ýedi ýyl däl, ýedi aýam oturmajak bolaryn. «Düýeden uly pil bar» diýipdirler. Ýokaryk – Moskwa ýüz tutaryn. Ahyr biri gyzyklanar-a. «Prawda» bar «Izwestiýa» bar. – Hawa, «Ýuneska-da bar» diýsene. Gazetleriň senden öňňe işi ýokdur. Walýa gelipdir, gördüň dälmi? – Gördüm. – Gören bolsaň aňansyň, gör, nähili horlanypdyr. Dostum şu ýerde sözüne dyngy berip, ep-esli dymyp oturdy. Soňra orta düşen dymyşyklygy ilkinji özi pozup, ýerinden turdy. – Menem bir akmak. Işimi-pişämi taşlap, seniň ugruňda selpäp ýörün. Görmedik adamym, girmedik gapym ýok. Kime ýüz tutsaň aljak bolýar. Sen ketjala bolsa gep düşündirip bolanok – diýip, Esen çykyp gitdi. Ine şeýdip türmäniň ýene-de bir güni geçdi. Ýöne, Eseniň «Işiň söküldi» diýen habary welin, begendirdi. Bu mende hakykatyň bardygyna täzeden umyt döretdi. Ýazan arzalarymy hiç ýere ýollaman bir gapdalda goýdum-da garaşyberdim. Ýöne, bir ýagdaý meni diýseň oýlandyrýardy. Ol hem aeroportda meniň bilen edilen «oýnuň» protokolynyň sudýa Anna Gurbanowyň elinde bolmagy. Diýmek meniň basylandygymy sowhozyň direktory Joşgun Kulyýew hem-de onuň şo sapardaky hossarlary bilýän ekeni. Emma, meniň işim boýunça geçýän jenaýatyň içinde ol wakanyň ýoklugy bolsa birhili, ýa-da «barlaga gelen habarçy parahor eken. Ony-da siz tutupsyňyz. Näme üçin, şol wagt Gurban Jumaýewi tussag edip ,iş gozgamadyňyz» diýilmeginden çekinip, meseläni goýbolsun etdilermikä? Ýa-da «barlagça para beren bolsaňyz, diýmek, arzaçynyň arzasynda görkezilen maglumatdar dogry diýilmeginden gorkdularmyka? Yzly-yzyna peýda bolýan «näme üçinler» maňa rahat bermedi. Şeýlelik bilen ýene-de hepde ötdi. Şu aralykda meni-de türmäniň daş ýüzüne, gurluşyga çykarmany bes etdiler. Hojalyk işlerinde işleýän brigadanyň ýatýan ýerindenem aýryp, ýene-de şol ozalky elli ikinji kamera getirdiler. Sebäbi derňewdäki tussagy kameradan çykarmak bolanokmyş. Bu gün meni hammama düşürdiler. Sakgaldyr murtumy syrdylar. Indi birneme adama meňzäp, şähtim açyldy. Ertesi ertir naharyndan soň, ýörite maşyn bilen alyp gitdiler. Maşyn gelip suduň jaýynyň öňünde togtanda, maňa bu gün täzeden sud boljakdygyny aňyp galdym. Näme üçin? Hany derňew, hany şaýatlar. Hany olar bilen ýüzbe-ýüzlük. Garaz, hiç zada düşünmedim. Meni ýörite demir gözenekli jaýa eltip dykdylar. Gapysyny ýapyp, üstümdenem gulp urdular. Oturyberdim. Darajyk koridordan adamlaryň sesi gelýärdi. Birden ala-gohuň içinden saýlanan, tanyş ses gulagyma ildi. – Jan dogan, görkezmeseň görkezme, ýene-de üç dört sagatdan ol boşajak adam. Biz çydapdyrys şunça, indi hem görmän oňarys, Haýyş edýän, şu termosly çaý bilen şu çörejigi beräý-dä şoňa – diýip, aýalym Walentina Timofeýewna burny bürgüdiň çüňki ýaly tüňňi, lopuş ýüzli, gapy saklaýan esgere ýalbarýardy. Men welin «Gözüňe döneýin, meniň ezizim! Ýalbarma şulara, men aç ýa-da suwsuz däl» diýip, gygyryp bilmän jigerime gan üýşüp, bir burça gabalyp otyryn. Gulp «şark-şykyrt» edip koridoryň gapysy açyldy. «Özelenip duran geline sakçylaryň biriniň rehimi inendir-dä. Ony ýanyma goýberdiler-ow» diýip, ýerimden galsam, Walentina Timofeýewna däl-de, dostum Esen öňümde ýylgyryp dur. Ol salamyň deregine: – Bize seniň bilen gepleşmäge rugsat edenoklar. Sudýadan haýyş edip zordan girdim. Gulak as! Bahaň has hem kemeldi, indi dogry onkä geldi. Eger-de, sen şo puly bermejek bolsaň, seni ýene-de basarlar. Boşap, öýüňe barandan soň berjek diýseňem, olar razy. – Ýok, Esen! – Onda şo puly seň deregiňe özüm berjek. Sag-aman çyksaň, assa-ýuwaşdan üzersiň – diýdi. Men ugrap barýan otludan gijä galýan ýaly çalt gürledim. Ýok, Esen, eger-de, sen meniň üçin ýekeje şaýy hem harç etseň gutardy. Onsoň o dünýe, bu dünýe ýüzüňi görmen. Esen meniň beýle çürt-kesik sözüme garaşmadyk bolsa gerek. Onuň girre gahary geldi. – Tfu-u, samsyk! – diýip, ot gysymlana dönüp çykyp gitdi. Meni bu sapar ozalky ýaly däl-de, birneme uzagrak, jemi ýarym sagat sud edip, ýene-de şol berilen ýedi ýyly gaýdyp berdiler. Ýeke tarda duran umyt tanapym üzülip, türmä dolanyp geldim. Bu sapar meniň özümi horlap gynanşymy hiç haçan söz bilen dagy aýdar ýaly däl. «Ozal maňa ýöňkelýän faktlar anyk däl. Suduň karary sökülip, täzden derňew edilse, ýitirilen şo dokumentler gözlener, tapylar. Hökman şeýle hem ediler. Ine şeýdilip hakykat ýüze çykar welin ötünç sorarlar, boşadarlar» diýen umyt maňa medet beripdi. Indi o-da puja çykdy. Kelläme zor salyp oýlanýaryn. Nämeden başlap, näme hakda pikir etjegimi bilmän, iki-ýana urunyp ne gündiz, ne-de gije rahat tapdym. Ozal-ozallar «planynyň saçy bir agşamda agaryp çykdy» diýseler, oňa geň galardym. Emma, bu dogry ekeni. Bir hepdede saçym çalaryp, sakgalymdan ak girdi. Şeýdibem ýene on gün geçdi. Suduň hökümi indi hakyky güýjüne girdi. Meni Akdaş posýologyndaky koloniýa ugratdylar. Otly uzyn gije ýol ýöräp, säher-säher deňiz kenarynda ýerleşýän Şagadam şäherine ýetip daýandy. Otly barmaly ýerine ýeten bolsa-da, konwoýlar howlukmady. Näme garaşýanlaryny biz bilmesek-de, otlynyň bnzi ýene-de yzyna alyp gitmejegini-hä bilýärdik. Birden gapylar şakyrdap ugrady. Haýwanat ba- gynda ýyrtyjylaryň saklanýan öýjükleri ýaly jaýjagazlaryň demirden ýasalan gözenek-gözenek gapylary ýekän-ýekän açyldy. – Düş ýere! Eliňi depäňde sakla, otur! – diýip, konwoýlaryň hökümirowana sesleri meniň oturan öýjügime-de gelip ýetdi. – Jumaýew Gurban! – Men! – Çyk daşary! Elimi arkama tutup, wagonyň gapysyna gelsem, daň atan eken. Jahan ýagty. Menden ozalky ýere düşen adamlaryň barysy asfaltyň üstünde dyzlaryna çöküpdir. Goşy barlar, goşlaryny gapdalynda goýup, gollaryny depesine galdyryp, kellelerini gujaklap otyrlar. Birgiden ýaragly esgerler tussaglaryň daşynda gannaw bolup durdylar» Ýaly ýeten owçarka itler bolsa ýüpüne zor salyp, oturanlaryň üstüne topulyp ala-goh turuzýardylar. Maşyn kä eňňide inip, käte-de kötele çykyp gidip barýar. Wokzaldan ugranymyza esli salym boldy. Çakym çen bolsa, türme indi uzak däl. Garasaý, demsalym ýolam bolsa menzile döndi. Ahyry tussaglaryň arasynda «woronok» diýlip atlandyrylýan dowzah arabasy gelmeli ýerine ýetip daýandy. Düşdük. Meniň öňümde beýik beton haýatly, üsti leňkebutyň tory ýaly çolaşyp giden sim kerepli howly peýda boldy. Howlynyň her ýerinde – her ýerinde, haýatyň üstünde garawulhana bar. Garawulhananyň içinde eli bäşatarly soldat dur. Derweze açyldy. Asty-üsti, diwarlary bilek ýaly – bilek ýaly demirlerden üç gat edilip gözenek ýasalan eýwana girdik. – Bäş-bäşden hatara düzüliň! Göreşe çykmaga taýýar pälwanlar ýaly ozaldan taýýar duran soldatlaryň içinden saýlanyp, egnindäki pagony üýtgeşik biri, bize buýruk berdi. – Eliňizi galdyryň, bu buýruk birinji hatara degişli. Zeberdes soldatlar öňde duran bäş tussagyň daşyna geçdi. – Üstki eşigiňizi çykaryň! Bäş adamyň bäşisem höküme boýun egdi. Soldatlar ellerine berilen kemzorlary, güpbileri, köýnekdir iç eşikleri ýekän-ýekän barlap, tä epin-tikinlerine çenli bit gözleýän ýaly edip, sermeläp çykdy. Ahyry bu iş-ä gutardy. Eýwanyň töründe täze gapy açylyp, bizi içki howla girizdiler. – Bu howly jygyldyk bazary ýaly giň meýdan bolup, hol gabat garşymyzda keserilip duran barakdan başga zat ýok. Baragyň eşegarka üçeginiň aňyrsyndan ullakan bir ýeke turba göge uzalyp dur. Ähtimal, ýyladyjy peç bolsa gerek. Ondan aňyrda ýalaňaç dag. Günortada dört pagsa haýat. Ýöne welin, daşky haýatlar ýaly simli garawully däl, ýönekeý. Haýatyň ortasynda derweze bolup, ol ýapyk. Ýaz işik hem bar. Işik derwezeden ep-esli bärde, özem açyk. Açyk gapynyň o ýüzi hümmer. Ýöne näme üçindir hiç kim hümerden saýlanyp bärik geçibermän, gapydan jyklaşyp durdylar. Olar bizi täze gelen tussaglary synlaýardylar. Soldat bizi ýaşyl baragyň o ýüzüne alyp bardy. Bu ýer boş däldi. Öňümizde dört-bäş adam her ýerde, her ýerde sömelşip durdylar. Olaram tussaglardy. Meniň bu sözümi şol adamlaryň birmeňzeş gap-gara betgelşik daş örtügleri aýdyp durdy. – Gurban! Gaňyrylyp seretsem, Sapar neşe gapdalymda gaýşarylyp dur. Ol maý tapyp golaý geldi-de: – Köne düşekleri, alma, täzesini «ber» diýgin – diýip, gulagyma pyşyrdady. – Bolýa, Sapar! Garaşylmadyk ýerden, köne tanşyma gabat gelmegim, meni begendirdi. Ýogsam, maňa Sapardan ýoldaş bolmajagyny aňybam durun. Hojalyk bölümi bize ýekän-ýekän kagyz doldurdyp, gol çekdirip ilki eşik berdi. Soňra ýassyk-düşek. Desmal bilen ýarty bölek gara sabynam berdi. Indi biz gulluga gelen soldat ýetginjekler ýaly nyzam bilen, hälki ýaz işigine tarap ugradyk. Bu ýer meniň ýedi ýyllap ýaşamaly ýerim, koloniýa diýilýän bolsa nätjek. Aňyrysy gözýetime sepleşip giden meýdan onlarça ýaşaýyş baraklary hatar-hatar dur. – Gurban, bu ýer türme däl. Türme koloniýa bilen deňeseň dowzah. Bu ýeriň öz doktory, kinoteatry, banýasy, mekdebi, okalgasy, poçtasy, garasaý, magazyna deňiç bar – diýip, Sapar maňa ýüzugra habar berdi. Ol meniň ýüregime birneme teselli berdi. – Häzir gapydan gireris welin, siziň iki gapdalyňyz tussaglardan doludyr. Olar sizi hoşniýet bilen garşy alýan däldirler. Duranlaryň hersiniň bir maksady bar. Kimler şu gelenlerden özüne hyzmatkär saýlaýar. Kim goşly-golamly adamy göz öňüne tutup, soňra ony talaýar. Sen olardan ökde bol, Gurban. Gepe-söze gulak asma. Başyňy dik tut! Hiç zat berme-de, alma-da. Kim, «häh» etse, sen «wow» et. Olaryň bary şustrýaklar1. Eger-de, sen olaryň özlerinden ökde bolsaň, seslerini çykarmaz, gidibirler... Sapar neşe soňky sözlerini diýmäge ýetişmedi, biziň, toparymyzyň öňki işikden girdi. Toý ýerinde, gelnaljy garşylaýan ýaly öňümiz hümer, tussaglar ortadan geçere ýer goýup, ikä bölünip durdylar. Bu adamlaryň daş görnüşi biz ýaly däl-de, dürli-dürli. Epini ýazylmadyk täze eşikli, reňki ýitip giden jullulary-da bardy. Ýöne mähelleden saýlanyp oturanlary-da, bir ýerde takat tapman, elýaglyklaryny bulaýlap, bolmajysyny bolýanlaram bardy. Köpüsi – gören badyňa, indi köpden bäri tussaglyk ejirini çeken adamlardygyny aýdyp durdy. Sagda duran topar welin beýle däldi. Bu hümeriň içinde sakgal-murty kirpiniň tikeni ýaly dürterlip, ezenegi agyp, güpbüsiniň pagtasy çykyp duranlary-da bar. Olaryň ýüzüne seretseň, iniň jümşüldäp, haýatyň uçýar. Owurdy içine çöküp, gözleri oýulup giden adamlar tüýs garantgany ýada salýar. Hamana diýersiň, gahatçylyk başa düşüp, bir döwüm nan gözläp, düýn giden ejeleriniň yzynda galyp açlykdan ýaňa surnugan çaga ýaly boýunlaryny gyşardyp delmurşyp durdylar. Täze gelen tussaglar bolan biz, şo tarapa golaýlaşdygymyzça olar derýanyň o ýüzünde owlak gören möjek ýaly dodaklaryny ýalaşyp, gözleri bilen bizi iýäýjek bolýardylar. __________ 1 Aldaw-hile bilen gözüňi-başyňy aýlap, zadyny alyp, ahmal bolsaň at edip üstüňe münäýjek bolup duran kezzaplar. Bu žargon türmede hem-de jenaýatçy toparlaryň arasynda kän ulanylýar. Öňümizde, ho, bir çetde, kazarmanyň diwaryna söýenişip duranlar bolsa hiç bir topara goşulman, ikibir, üçbir özara gürleşip, hamana diýersiň, bizi görmedik ýaly durdylar; Hümer bolup, gapynyň iki tarapyny eýeläp duran adamlaryň deňine ýetdigimçe birhili bolup, özümi tagaşyksyz duýýardym. Bu ýagdaý meni aljyradyp, göwrämi agraldýardy. Derleýärdim. Eňegine jaň dakylan ýaly, gapdalymda sakyrdap gelýän Sapar neşe-de şu ýerde ýitirim boldy. Özümem hataryň iň yzdan gelýän, üstümden bir gara daş inip, agyr ýüküň, teýinde göwräm ýere siňip barýan ýaly, töweregime ýaltaklap gelýärkäm, bir zat edil öňüme patyldap düşdi. Atanlykda pişigiň guýrugyna basýan ýaly tisginip gitdim. Emma derrew özümi dürsäp, «ukymdan» açylyp çuslandym. Anyklasam, aýagymyň aşagyna oklanan zat telpek eken. Tozana bulaşyp, aýak teýinde ýatan bu gulakjyny egilip tas galdyrypdym. Birden türmede otyrkam eşiden gürrüňlerimiň biri ýadyma düşüp hatamy düzetdim. Başynda telpek göterip bilmedik mahluga göz bolsun diýip, gulakjyny, şeýle bir depdim welin, ol ýelege dönüp göge galdy. Duranlaryň üstünden aşyp hol aňryk düşdi. Edil, şo wagt kimdir biri meni bada gujaklady. Men ony telpek eýesidir öýtdim. Onuň şerraýlygyna garaşyp gözlerimi bek ýumdum. Ýumruk ursa gaýtawul bermäge ykjamlandym, görsem, ýalňyşan ekenim. Meni bagryna basyp, eýesini tapan it ýaly ýallaklap duran ýigidi tanadym. – Gurgunmyň how, Möjek!? – Akgam saňa döneýin. Ýa oňardyň-aýt. – Oňardyň? Nämäni, Möjek? – Oňardyň, kemini goýan däldirsiň. – Nämäni Möjek? – diýip, täzeden soradym. –Ýaňky telpegi. – Wah, şeý diýsene. Koloniýanyň içi giň bolmaga çemeli, etap bilen gelen meniň ýoldaşlarym köle gaçan damja ýaly baraklara siňip gitdi. Men dördünji jaýa düşdüm. Açyk gapydan giren badyma ýüzüme haplap uran ys öýkenimi dolduryp, beýnime ornady. Kertiň gyrasyna ýeten ýaly durubersem nätjek. – Äw, nämä aňkaryp dursuň, Gel bäri! Ýeriňi görkezeýin – diýip, komendant adymy tutup gygyrandan soň özümi dürsedim. Başymy galdyryp, öňe seretsem jaý gara, petik gara, ýer gara, krowat gara, düşek gara, ýassyk gara, adamlaram gara. Menem şol gara dünýäniň içine siňip gitdim:. Komendant ýer görkezdi. Meniň ýedi ýyla golaý girip-çykyp, ýatyp-turmaly, ýaşamaly ýerim gapa tarap geçilýän ortaky hataryň ugrunda eken. Krowat welin türmede ýatyp gaýdan krowadym ýaly, iki gat bolup, onuň aşagyndaky ýer boş däldi. Jahanyň aladasyndan bizar bir adam, başyna gara ýorgan çekip, süýnüp ýatyrdy. Entek maňa nätanyş, bu täze «goňşymy» ukudan oýaryp ony biynjalyk etmejek bolup, içiniň pagtasy tüýdüm-tüýdüm, daşynyň reňki belli däl düşekçämi, krowat ýerine eriş-argaç, atanaklaýyn kebşirlenen demir tasmallaryň üstüne emaý bilen ýazdym, Ýanym bilen göterip gelen kiçijik düwünçek haltamy öz krowadymyň aýagyndan asdym. Birdenem özümiň bu edişimi halamadym. Düwünçegiň içinde, meniň bagtym ýatyp, şu ýagdaýa düşen günümde, dünýä inenine üç aý bolan, guwanjym, arzuw islegim bolan, körpe oglum Döwletiň suratyndan başga bir apbasa degjek zat bolmasa-da, «garybyň maly gözüniň öňünde dursa ýagşy» diýip haltajygyň ýerini üýtgetdim. Krowadyň aýagyndan, asyp goýan ýerimden alyp, görünmejek ýerde, ýassygymyň teýinde goýdum. «Indi-hä bolaýan bolsa gerek» diýip, krowada münjek boldum. «Ýol azaby, gör azaby» ýadadym. Aşaky krowadyň bir gyrajygyndan aýagymyň ujy bilen basyp, bat almaga synanyşan wagtym goňşym oýandy. Üstünden ýorganyny serpip goýberip, ukydan ýaňa pökgerip duran gözlerini çüýjerdip üstüme herreldi. – Aýryl! – Ýokary, ýerime bir çykaýyn. – Çykmarsyň! – O näme üçin, gardaş, bu ýeri maňa berdiler, – Berselerem, aýryl! – Nirä aýrylaýyn? – Ýer tap. – Hany, boş ýer barmy? – Aýlan, koloniýanyň içi giň. Tapan ýeriňe-de geç! – Beýtme, goňşy! Komendant maňa şu ýeri görkezdi. Boş ýer nirede bar diýip, goşumy göterip aýlanyp ýörsem o nähili bolar – diýdim. Goňşy öwjüne galdy. Hamana diýersiň, men onuň köne duşmany ýaly ýakamdan tutup, bar güýji bilen kükregimden itip goýberdi, tas ýykylypdym. Bihaýa adam onuň bilenem rahatlanmady. Krowadymyň üstünden ýassygymy alyp üstüme zyňdy. Goňşymyň bu hereketi hiç bir galypa sygjak zat däldi. Gaharym geldi. Duran ýerimden gymyldaman gygyrdym. – Göter ýassygy! Ol meniň bu sözüme garaşmadyk bolsa gerek. Ýigit urşagan horaz ýaly ýygryldy. – Näme, näme? – Göter ýassygy diýýän, saňa! Ol sag eliniň iki barmagyny çommaldyp; – Şnifti wykalýu – bäbenegini çykaryp, eline bereýin seniň – diýip, üstüme topuldy welin, goşaryndan çalyp tutdum. Ýyldyrym çaltlygynda elini gaňyryp, syrtyndan dyzym bilen süsdim welin, südürlenip maňlaýy ýere degdi. Şu ýerde men uniwersitetiň sport seksiýasyny «Sambo» kružogyna az gatnanyma gynandym. Baragyň içiniň gowury ýatdy, ýa-da meniň gulaklarym gapyldy, garaz bilemok, garşydaşym gygyryp ýüpden sypan it ýaly täzeden üstüme zyňdy. Men ony özüme ýetirmän, howadan gapyp, ýokaryk – süýr depäme göterip, açyk duran gapydan daşaryk oklap goýberdim. – Tüýi ýeten ýigit manysy şu – diýip, bir ýerden Sapar neşe çykdy. – Hälki, telpek zyňanam şü-dä – diýip, ýene-de bir oglan gürrüňe goşuldy. – Bu «şustýaklary» şeýdenem bir tapylsyn ahyryn – diýip, bir ýaşuly hoşniýetli hüňürdedi, meni tanaýma neti bilen ýüzüme seretdi. – Ýigit, sen nireden? – Aşgabatdan ýaşuly. – Niresinde oturýaň? – Budýonnyda. – Nirede işleýärdiňiz? – Gazetde. – Nädip, bu ýagdaýa düşdüňiz? – Derdimi sorama, ýaşuly. – Adyňyz kim? – Gurban. – Bize Çerkez aga diýýärler. Gaýradan, Daşhowzuň Gara ýylgyn diýen ýerinden.Hany, ýör ýadap gelensiňiz. Hemem gören-eşideniňizden habar berersiňiz. Meniň goşuma baryp, bir käse çaý içeli – diýip, ol meni ýany bilen alyp gitdi. Biz uzyn-uzyn, at gaýtarym baraklaryň arasy bilen gidip barýarys. Orta boýly, hortaň, gür sakgally bu ýaşuly çep aýagyna çalaja agsap barşyna, gören baraklaryndan ep-esli tapawutly bir ak tama alyp bardy. – Ynha, şu mekdep, menem sakçy. Iýip-içýän, ýatyp-turýan ýerimem şunuň içi diýip, jübüsinden çykaran açary bilen mekdebiň haýbatly gapysyny açdy. Uzyn eýwana girdim. Bu ýer şäher mekdebinden kem däldi. Öňden gözümiz öwrenişen mekdep koridory. Diwar gazeti, fotomontažlar. – O suratlaryň içinde tanaýanyňyz barmy, Gurban, duruberdiň-le – diýip, ýaşuly maňa ýüzlendi. – Dowzahyň içinde tanaňda näme. Dört tarapyň ýapyk. Öňüňde ýarag, yzyňda ýarag. Diňe iki sany ýol bar, ýa-ha ölmeli, ýa-da ýaşamaly. – Dogry diýýäň, Gurban! Ölmeklik bir gahrymançylyk däl, diňe ýaşamak gerek, ýaşamak. Menem bir bada şeýle netijä gelipdim. Emma, wagt geçdi welin, bu zatlara soň düşünip galdym. Ondan bäri, ine, inim, şu täze ýurda göçüp gelelime alty ýyl doldy. Inim digläp gitdi. Gözlerim tegelenip, reňkim üýtgäberen bolsa gerek, Çerkez aga goltugymdan tutup diýen ýaly ozaldan gapysy açyk duran klasa girizdi. – Ine, men şu ýerde indi dört ýyl bäri ýatyp-turýan. Mekdep gijesine işleýär. Goşumy ýygnap hol, şkafyň, içinde goýýan, soňra-da ýene bu otag meniň ygtyýaryma geçýär. Hany, otur, şu kürsüde, bir çaý içeli. Entek okuw başlara wagt kän – diýip, ýaşuly çäýnegini alyp, nirädir bir ýere çykyp gitdi. Emma, salymyny bermän dolanyp geldi. – Ýaman çalt geldiňiz-le, Çerkez aga! – Edil şu ýerde, mekdebiň gapysyndan çykan ýeriňde çaýhana bar. Gije-gündiz işläp dur. – Bä-ä, ýaşuly siz beýle uzak oturypsyňyz. Süregiňiz entegem gutaranokmy? – Üçden iki bölegi geçdi, Ýene-de üçi galdy. – Dokuz ýyl? – Hawa. – Bäý, bä. – Özüňki näçe? – Ýedi. – Seniňkem-ä ummadan geçen eken. Ýaşuly maňa artykmaç sorag bermedi. Howlukman çaý gaýtardy. Çaý guýjak käselerini ykjam ýuwup, birini maňa uzatdy. Soňra döşüne gapak bolup duran sakgalyny emaý bilen sypap, käselere çaý guýdy. – Inim, her kime alla kuwat bersin. Şeýle diýäýmeseň, başga alaç ýok. Ýöne bu ýer hernä türmeden ganymat. Lageriň içinde eýläk-beýläk ýöräp bilýäň, o goşdan, bu goşa baryp, gepleşip, çaý içip, çaý berip bolýar. Işleseň iş berýärler. Aýda elli, altmyş manat töweregi aýlyk ýazýarlar, onuňam barysyny tutup galýarlar. Ýatýan ýeriň, iýýän-içýän ýarmanyň, egniňdäki eşikleriň bahasyny tutýarlar. Şeýdip, aýda üç-dört manat özüme galaýsa zor boldugy. Ine şo-da seniň bir aýlyk gazanjyň. – Üç manat? – Wah, onam gazanyp bilseň, bolmasa o-da ýok. Käbir adamlar, hälki senden geregini alan jahyla Samet kezzap diýýärler. Şolar ýaly iş ýakmazak, ergeneksiz ösenler bu ýerde näçe diýseň bar. Olar gazanç-ha beýlede dursun, bergili bolup çykyp gidýärler. Onsoň, seniň uzyn bir aýda gazanan şol üçlügiň magazyna geçýär. – Magazine? O nähili magazine? Koloniýanyň içinde, öz magazini bar. Her on günden seniň üçin, ol bir gün açyk. Puluň bolsa-ha, gowy zat. Saňa on manada çenli haryt berýär. Ýogsam-da, Şol üçlüjegiň bilen oňmaly bolýaň. – Näme alsaň-da hakyň barmy? – Wa-heý, alarmyň sen? Almarsyň! Diňe koloniýanyň režimine degişli, tussaglara prokuror tarapyndan rugsat edilen zady alyp bilýäň. Köplenç iýer-içer, çilim, iki pöňki ak nan. Ahmal bolsaň, ondanam dynýaň. – O nädip? – Lageriň içinde ýaňky Samet kezzap ýaly ýalmanyşyp ýören daýaw-daýaw jahyllar kän. Olaryň köpüsi işe-de çykanok. Bary ogry, kezzap. Aslynda-da, ili çürkäp türmä düşenler-dä. Zyýan ýetiren adamlaryna müňläp-müňläp manat bergileri bar. Gazanaýsa-da, ilki bilen hökümet geregini alyp, galan bölegem bergisine tutulýar, şeýdip özi boş galýar. Onsoň olar işlärmi. Yzyndanam, öýlerindenem gelýän zat ýok. Aç, hor, gözleri iliň zadynda, ahmal bolsaň, awunaýmaly – diýende, ýassygymyň aşagynda goýup gaýdan haltam ýadyma düşdi. – Çerkez aga, sebäp bilen tanyş bolduk. Çaý çöregiňiz üçin sag boluň! Hälki nejisiň bolşuny özüňiz gördüňiz. Indi men gideýin – diýip, ýerimden turdum. Ýaşuly meniň howsalaly hereketlerimden aňan bolsa gerek. Ol: – Goşuň bar bolsa, öz ýanyňda saklama. Hepdeläp, aýlap goş goýulýan ýer bar. Gündelik gerek-ýaragyňy ertir goýup, agşam hem alyp bolýar. Ýörite goşçy bar – diýip, ýaşuly meni gapa çenli ugradyp, özi saçak ýygnamaga dolandy. Baraga gelsem, şol, öňki-öňkilik Samet öz krowadynyň üstünde iki bolup kart oýnap otyr. Meniň düşegim ellenmändir. Batyrgaýlyk bilen krowada ýapyşyp, ýokaryk, ýerime çykdym. Samet welin, bu sapar meni görmeýän ýaly, sesini çykarman, ýoldaşy bilen oýnuny dowam etdirýärdi. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |