17:52 Zyndanda ýanan şem -26/ dowamy | |
Ine şeýdip, koloniýada ilkinji agşamam geçip, daň atdy. Men welin, hiç ýere howlukmadym. Ýuwunyp, çaýynyp gelip, ýene-de gyşardym. Zähmet bilen bili bekäp, der dökmese, çeýnän çöregini ýuwudyp bilmeýän adamlar welin işe gitdi. Töwerek-daş saýbygyp, ýatak jaýa girýän-çykýan azaldy. Içeri boşap galdy. Ýeke özüm ýatyryň.
Powestler
– Gurban! Ýalpa gözümi açyp, tirsegime galdym. Görsem, krowadymyň ýanynda Sapar neşe dur. – Ýör, how! – Nirä? – Işe gitmän lagerde galýan adamlary günde iki sapar tikenli simden ýasalan agyla gabap, ýekän-ýekän sanaýarlar. Beýtseň, özüňe käýedersiň, onsoň tussaglaram halamaz. Sebäbi batonyň, synag wagtynda ýekeje adam kem boldugy bes. Türmeden adam gaçandyr güman edip, tä şol ýetmedik san dolýança bütin halaýygy gabawda saklaýarlar. Indi duşündiň gerek – diýdi. Krowatdan böküp düşüp Saparyň yzyna düşdüm. Sapar mamla ekeni. Barsam işe gitmän koloniýada galan tussaglaryň ählisi, ýeke maňa garaşyp duran ekeni. Iki ofiser, üç esger derwezäni saklap dur. – Eý, kozýol1, nirede agzyňa siňek gonduryp ýörsüň – diýip, biri gygyrdy. – Otyrýerini ýyrtdyrjak bolýandyr bi – diýip, ýene-de bir garjaşyk ses eşidildi. Men özüme aýdylýan bu sözlere üns bermedik bolsam-da, ädim basyldy. Asyl, gaharym geldi. Sanag täzeden başlandy. Ýörite alnan suratlarymyz bilen ýüzümizi deňäp-degşirip, soňra agylyň çelgisinden çykarýardylar. – Sapar, indi nätmeli? – Näme etseň, şony et, indi sen sagat dörde deňiç boş. – A dörde näme? – «Mal» eýeleri täzelenýär, smena çalyşýarlar. Ine şonda bu sanag ýene gaýtalanýar. Ýadyňdan çykarma. Sagat birden ikä çenli öýle nahary. Irräk barmasaň, aç galarsyň – diýip, Sapar neşe menden aýrylyp kinoteatra tarap gitdi. Men ýene-de krowadyma çykdym. Uklapdyryn, naharam galypdyr, çaý-çöregem. Ýuwunmaga çyksam, radionyň sesi eşidildi: – W now prybywşiýe osuždenye prosim ýawitsýa kabinet naçalnika, Powtorýaýu – etap bilen täze gelen tussaglar, administrasiýanyň ýerleşýän howlusyna geçmegiňizi duýdurýarys. Sizi koloniýanyň naçalnigi kabinetine çagyrýar! Bu bildiriş ýene-de bir gezek gaýtalandy. Ýuwunylýan ýere barsam ýapyk. «Eýsem näme, Şagadamda bolelin suw içerin öýdäňmi» diýip, yzyma dolandym. Radio bizi täzeden çagyrdy. Ukudan ýaňa pökgerip duran gözlerimi owkalaşdyryp, çagyrylan ýere barsam, düýn bile gelen ýoldaşlarymyň hemmesi açyk eýwanda naçalnigiň çagyraryna garaşyp duran ekenler. Naçalnik bizi ýeke-ekeden çagyrýardy. Teletine gaplanyp, ýüzüne kabul edilýän ýer» diýlip, ýazylan gapydan çykan ýaş ýigit maňa ýüzlendi. – Jumaýew senmi? – Men. – Giriň! Ol naçalnigiň gapysyny açdy. Içeri girdim. Kabinetiň içi dar. Biri-birlerine degşir goýlan stoluň aňyrsynda diňe naçalnik otyrdy. Ol her egninde bir halta un ýerleşjek daýaw, gara gür saçly, gara gaşly, owadan aksowult ýüzüni ikä bölüp duran göni burunly, otuz bäş, kyrk çemesindäki adamdy. Ol meniň salamyma başyny galdyrdy. Diwary etekläp goýlan oturgyçlarda gyslyşyp oturan başga-da adamlar bardy. Olar bu ýerde bolup geçýän gep-gürrüňler bilen işleri ýok ýal irkilişip otyrdylar. Naçalnik öňünde ýatan delolaryň birini alyp okap ugrady. – Familiýaň? – Jumaýew. – Adyň? – Gurban. – Dogulan ýylyň? – Müň dokuz ýüz otuz. – Bilimiň? – Uniwersitetiň bäşinji kursy. – Gaýbanamy? – Ýok. – Statiýaň? – Pylany. – Tussag edilen möhletiň? – Ýedi ýyl. – Tussaglyk möhletiň başlanan güni? – Müň dokuz ýüz ýetmişinji ýylyň on üçünji maýy. – Beh – diýip, ýüzi repide ýaly tegelek, gözleri çapadynyň deşigine meňzäp duran hor leýtenant ukudan açylyp, näme sebäp, bilmedim, hikirdedi. – Maşgala ýagdaýyň? – diýip, ýene biri sorag berdi. Men bu soraga garaşmadyk ýaly, aljyradym. Türmäniň daş ýüzündäki gurluşykda işleýärkäm yzymdan gelip bäbejigini bagryna basyp aglap duran aýalym Walentina göz öňüme geldi. Meni der basdy. – Maşgala ýagdaýyň nähili? Sorag berilýär saňa – diýip, birgiden erkek kişileriň içinde egni pogonly oturan, ýalňyz aýal sesine bat berdi. – Maşgalaly, iki oglum bar – diýip, kynlyk bilen jogap berdim. – Aliment töleýäňmi? – diýip, saryýagyz, orta boýly, etli-ganly dulugyndan ak girip ugran maýor nazaryny maňa tarap gönüledi. Onuň ullakan owasyna sygman duran ala gözleri içimden-bagrymdan geçip gitdi. – Ýok. – Sekizinji brigada – diýip, naçalnik elindäki papkanyň ýüzüne gyzyl galam bilen bellik etdi. Ine, şeýdip işlemeli ýerimizem anyk boldy. Administratiw zona bilen ýaşaýyş zonanyň gapysyna gelsem, Sapar neşe ýene-de öňümde dur. – Nirä bellediler? – Sekizinji brigada. – Äh! – Sekizinji brigada. – Şoňa razy bolduňmy? – Razymyň, razy dälmiň? – diýip soranoklaram. – O işe ýararmyň? – Agyrmy? – Intelligent adamyň işi-hä däl. – Gurluşyk dälmi? – Ýok, gurluşyk bir janyň rahady dälmi. – Onda näme? – Daş. – Daş? – Hawa. – O nähili daş? – Hakyt deňiziň düýbünde emele gelen, içi öýjük-öýjük gat-gat ak daş. – Hä-ä. Ho kerpiçmi? – Edil özi. – Ony näme etmeli men? – Maşyn dagy kesip, kerçim-kerçim edýär. Tussaglaram şol daş kesýän maşyndan çykýan kerpiçleri samoswallara ýüklemeli. Wah, ol artybyň agramyny dagy diýsene. Birisi iki putdan gala. Nebir-nebir pälwan ýigitler maýrylyp, özüni alyp bilmän ýörler. Seret ýagdaýyňa. Oňaryn diýseň bar. Derrew yzyma dolandym. Naçalnigiň kabinetine ýetemde hälki gapy sakçysy meniň öňümi tosdy. – Nirä, how! – Naçalnigiň ýanyna. – Çagyrdymy seni? – Ýok. – Onda seni naçalnigiň ýanyna goýbermäge hakym ýok. – Jan dogan, maňa zerur gerek, ýekeje agyz diýjek sözüm bar. – Bolmaz. Dyzadym. Gapyny saklaýan ýigidiň çarçuwa germew bolup duran elini kakyp goýberdim-de, içeri girdim. Gapy sakçysy-da menden kem galmady. Ol bürmek bolup maňa aslyşyp, kabinete deň girdi. Biziň gohumyzy eşiden naçalnik zöwwe ýerinden turdy. Ine, men şonda onuň göwresine gelşip duran uzyn boýunyň hem bardygyny görüp galdym» – Graždanin naçalnik, ynha özüňiz gördüňiz. Beýle bihaýalyk mundan ozal bolupmydy. Elbetde, bolmandy. Men şu gapyda dursam, bolup hem bilmez. Bu deýýus welin, nireden çykdy, bilmän galdym. Haýyňa gulak goýman girip barýar. Meni-hä adam bardyram öýdenok. Kükregimden itip goýberip – diýip, naçalnigiň gapyçysy çyna berimsiz jidirdedi. Naçalnigiň reňki üýtgedi. Ol guduzlan it gören ýaly zöwwe ýerinden turup herreldi. – Çyk, daşary! – Graždanin naçalnik, meniň sizden etjek haýyşdym bar. – Çyk diýlende çyk graždanin! Ýogsam, gaty heziliňi alaryn – diýip, gapyçyny özi-de, meniň ýaly tussag adam bolsa-da, gassabyň güjügi ýaly üstüme topuldy. Golumy silkip goýberdim welin, gapyçy göwresini saklap bilmän egnini diwara diredi. Meniň hötjetdigime gözi ýetdimi bilmedim, näme üçindir polkownik gapyçysyny gorajak bolmady. – Paşşyk, goý, degme, näme diýmek isleýän bolsa aýtsyn – diýip, ozalky hörpünden birneme peseldi. – Graždanin naçalnik, siz meni işe, sekizinji brigada bellediňiz. Meni bagyşlaň, bir bada bilmändirin, razyçylyk berdim. Daş götermek juda agyr iş. Men oňa ýarap bilmen, haýyş edýän, başga brigada geçiriň. – Näme üçin? Beýleki işleýänlerem seniň ýaly. – Ýarawsyz, saglygymyň ugry ýok. – O nähili beýle bolýar. Ýüzi-gözüň-ä jozzuk ýaly. Sen işleme, men işleme, o giden plany hökümede kim bersin, çyk gapydan, işlemänem bir gör. Gözüňe gül goýaryn. Sen entäk näme görüpsiň. Ýatjak wagtyň ýassygyňa çenli daş etmenmi seniň. Çyk kabinetden, köpeý ogly! Naçalnigiň sesi hökmürowan çykdy. Ol meniň kerpiç göterip bilmezim ýaly, näme ýetmezimiň bardygyny sorajagam bolmady, oňa derek özi kabinetden çykyp gitdi. Men onuň egilşik etmejegini aňdym. – Men-ä işe çykaýmasam gerek – diýip, ýaşaýyş zona tarap gidiberdim. Özünden on, bäş ädim ara açyp, ştabyň deňine ýetiberemde, yzymda galan naçalnik gygyrdy. – Hany, bäri dur! Aýak çekdim. Polkownik ýüzüni ak tam edip üstüme abandy. – Bu ýerik düýn gelip, bu gün ýakaňy tanatjak bolýarmyň. Sen indi koloniýanyň naçalnigi, polkownik Gubenko-da boýun synmajakmy? Edil boýnuňy towlaryn. Gapyrgalaryny owram-owram edip, ödüňi ýararyn, Sen şony bilýäňmi? – Başarmarsyň! Men bu tikenli simiň o ýüzündäki azatlykdan mahrum edildim. Emma welin ýaşamakdan, özümiň graždanlyk hukugymy goramakdan entek mahrum däl – diýip, jogap berdim. – Hä, şeýlemi? Gör, munuň sowathondygyny. Indi sen kanun hakda-da maňa juk-juky öwretjek bolýarmyň? – diýip, naçalnik bat aldy. – Kanun ygtyýaryny elinde saklaýan seň ýaly tarhanlar-da meni şu güne salan. – Eý biwyždan, Mras1 kanuna-da dil ýetirjek bolýarmyň? – diýip, polkownik agzyndan ot saçdy. Polkownigiň ýüzüne gan iýndi, ol jozzuk bolup gyzardy. Näme üçindir bir ýerde durup bilmän, juwaza goşulan buga ýaly dynman daşymdan pyrlanýardy. Şol aralykda garysyna gyzyl mata daňydan iki esger bilen, ýüzi gap-gara, burny totyguşyň çüňki ýaly egrelip giden bir ofiser peýda boldy. – Ýok, graždanin polkownik, meniň diýýän zatlarym kanunyň arkasyna duwlanyp, ony hut öz hususy peýdasyna ulanýanlara degişli. Ýöne biliň, bu zatlar beýdip, şu gidişine gitmez. – Nobatçy? Naçalnigiň sesi gazaply eşidildi. – Otuz gije-gündiz karser2 – diýip, buýruk berdi. Esgerler derrew işe girişdiler. Olaryň biri yzymdan, birisi-de öňümden bolup, meni nirädir bir ýerik alyp gitdiler. – Ýöne, öňde-soňda meniň sözümi diňlemeli-hä bolarsyňyz, ýoldaş polkownik, diýip, yzyma bakman menem gygyrdym. Emma ýalňyşdym, ony soň duýup galdym. Giç boldy. – Hany, dur! Öňümden ýöräp barýan esger aýak çekdi. Menem daýandym. Naçalnik tüweleýe dönüp gelşine bada yzymdan ýetip, alkymyma, dykyldy. Gahardan ýaňa ol bütin durky bilen saňňyldaýardy. Başymy galdyryp onuň ýüzüne bakdym. Polkownigiň gözlerine gan urupdyr. Dodaklary titredigiçe, bokurdagynyň tümmüsi aşak-ýokary, aşak-ýokary baryp gelýärdi. Topuk ýuwudan ýaly onuň bokurdagy dykylyp gepläp, bilmeýärdi. Biziň bu bolşumyzy synlap duran esgerler bu zeýilli goh-galmagala halys öwrenişip giden bolarly. Sowukganlylyk bilen gaş çytman durdular. Nobatçy ofiser welin tersine, ol naçalniginiň bolşuny synlap, awuny pudarlaýan şiriň ýoldaşy ýaly, gykylyga iştäsi açylyp, dodaklaryny ýalap-ýalap ýalmanýar. Bu wagt leýtenantyň gözleri ynsan sypatyny ýitirip, görülmedik, bir aýylganç mahluga meňzäp durdy. Naçalnik ahyry demini dürsedi. – Menmi seň ýoldaşyň, äh! Sen tetelliniň ýoldaşy bolmaz. Bilýäňmi, seň ýoldaşyň nirede? Tokaýda... Haýwan, möjek börimi... Indi polkownigiň dodaklary büzzerdi. Äňi diýen etmän, agzyndan çykan sözleri saralyp giden dişlerinin arasyndan syzylyp şyglap, ses edip çakýardy. – Size graždanin naçalnik diýmän aljyrap, «ýoldaş» diýip ýüzlenenime ökünýän, ötünç soraýan, bagyşlaň! Meniň bu sözlerim nyşana degmedi. Gaýtam, polkownigiň oduny ölçerdi. – Hää, gör muny, ýalňyşypdyr. Heý-de seň ýaly adam ýalňyşarmy. Howlukma, saňa şeýle bir ýoldaş bolaryn. Hoşuň gelipdir, ikini küýsemersiň şonda. – Nämedersiň? – diýenimi duýman galdym. – Näme edýänimi, ine, gözüň görer. – Näme-aýt, urşagan horaz ýaly üstüme topulyp dursyň. Oturjagym türme bolsa, nädip günüm geçende bolman dur. Dyk niräňde gowuşyň bolsa – diýdim welin, gulagymyň düýbine bir ýumruk degdi, tas ýüzüm ýeňsäme öwrülipdi. Asman-zemin aýlanyp, gözümden ot çykdy. Aýaklarym biri-birine çolaşyp bir gapdala atyp gitdim. Ofiser meni bu edişi bilen hem oňmady, maňa ýerimden turmaga maý bermän, elimi gaňyryp, ýerden süýräp alyp gitdi. Birinji kamera diýilýän ýeriň içi dar. Ini egniňe, boýy depäňe degip dur. Äpişge deregine goýlan deşigiň agzy gapakly, ýapyk. Diwarlary hiç, içiniň suwy bosaganyň çarçuwasy bilen deň. Ne ýatyp bolýar, ne oturyp. Ine, şeýdip, suwguşy ýaly, kä sag, kä sol aýagyma agram salyp, daňa çykdym. Açlykdanam beter aýak ýoluna çykmadygyma gije-gündizdenem geçip gitdi. Birden koridoryň gapysy açylyp, aýak sesleri eşidildi. Ýuwaşlyk bilen gapyny kakdym. Ses beren bolmady. Kimdir biri iki bolup özara gürleşýärdiler. Gapyny ýene-de kakdym. – Nobatçy... Tark, tark, tark... Gapynyň özi däl-de, kiçijik bir deşijik açyldy. Deşik-de böwrek ýaly bir zat peýda boldy. – Näme gapyny kakýaň, näme gerek saňa – diýen ses eşidilende, deşikden gyzdyrylyp sowadylan böwrek ýaly bolup, pökgerip görünýän o zadyň nobatçynyň dodagydygyna düşünip galdym. – Ilki bilen-ä men hajathana çykaryň, soňam doktary çagyryň – diýdim. Gapy açyldy. Nobatçy meni görüp ör-gökden geldi. – Seni bu ýere kim gabady? – Naçalnik. – Näme üçin? Bu ýer adam saklanýan kamera däl. Turuwbaş-da hajathana netlenip gurulan jaý welin, o-da bolmady. Seniň beýle näme etmişiň bar – diýip, ol soraglarynyň jogabyna-da garaşman, žurnal ýazgysyna seretdi. – Familiýaň? – Jumaýew. – Adyň? – Gurban. – Gurban, Gurban. Seniň adyňam ýok bu ýerde. Nahar berdilermi? – Ýok. – Honha hajathana baryp gel. Oňa çenli doktory çagyrys. Ýogsam-da, doktor saňa näme gerek? – Çözmeli meseläm bar. – Ýok, gardaş, doktor bu ýerde mesele çözmez. Mesele çözjek bolsaň keselhana barmaly. Seni bu ýere naçalnik gaban bolsa, tä onuň özi gelýänçä oturmaly borsuň. – Graždanin nobatçy, meniň saglygymyň ugry ýok, ýaramok. Eger ýagdaý şu bolşuna gitse, öläýmegim ikuçly däl. Çagyryň doktory – diýip, ýüzümi kese sowup ýalan sözledim. Nobatçy laňňa ýerinden galyp «Kürre» diýip, gygyrdy. Şo dem-de onuň garşysynda bir tussag derhal gapyda peýda boldy. – Ada Maksimownany derrew alyp gel – diýdi. Hajathanada ep-esli eglendim. Ýuwunyp çaýkandym. Birneme etim-derim giňänsoň dolansam, wraç gelipdir. – Jumaýew, bu näme etdigiň, geleniň düýn, bu gün ŞIZO1-dan çykypsyň. Özüňem bir hatly-sowatly adam ekeniň – diýip, ortameýana, ýaňaklaryna şapak öwüşgini düşüp duran,bu aýal, asman ýaly giň, mawy gözlerini gyrpman ýüzüme seretdi. – Maňa beýle bek daraşylar ýaly men hiç hili düzgün pozamok. – Onda näme üçin seni ŞIZO gabadylar? – Naçalnigiň gahary geldi. – Jerime izolýatory. – Näme üçin? – Meni sekizinji brigada işe çykmaly diýdiňiz. – Hawa. – Ol brigadada daş götermeli. Men bolsa, ýarawsyz, gryža – içegim inýär. – Näme? – Içegim inýä – diýýän. – Aý ýog-a? – Şeýle-dä. – Hany, çykaryn. – Şu ýerdemi? – Çykaryn, çykaryn. Köýnegimi döşüme deňeç galdyrdym. Garnymyň oýuk ýerini görüp wraçyň reňki üýtgedi. – Hany geýin. Özüňem ýör – diýip, meni koloniýanyň keselhanasyna alyp geldi. Giň, tämiz otag, şäher keselhanalarynyň birini ýatladyp dur. Wraç Ada Maksimowna maňa ýer görkezdi. Oturdym. Ol stolunda duran nomersiz telefon apparadynyň trubkasyny galdyrdy. – Kommutator, allo, allo kommutator, maňa Wiktor Terentýewiç gerek!.. Alla, Wiktor. Terentýewiç bu men, Ada. Tussag Jumaýewi näme üçin jerime izolýatorynda saklaýarsyňyz? Wraç nazaryny ýüzümden aýyrman koloniýanyň naçalniginiň diýýän sözüni bölmän diňleýärdi. – Dogry, dogry... Wraç telefon trubkasynyň mikrofonyny inçejik, uzyn barmakly, akja, posalak eliniň aýasy bilen gaýym ýapyp, maňa ýüzlendi. – Sen näsagdygyňy polkownige aýdypmydyň? – Ýok. – Näme üçin aýtmadyň?... Hawa, hawa Wiktor Terentýewiç eşidýän, eşidýän, Tussag näsag... Hawa, garny ýaryk, griža içegi inen. O brigadada işläp bilmez. Gowusy, ýedinji brigada geçiräýiň... Hawa... Wraç telefon trubkasyny ýerinde goýdy. – Bar, ŞIZO bar. Häzir men seni ol «dowzahdan» boşatjak bolaryn – diýip, wraç artykmaç zat aýtman, meni gözleri bilen gapydan çykaryp ugratdy. – Ýeke özümmi? – Ýeke özüň, taparsyň gerek? – Taparyn... Tas doktara-da «ýoldaş» diýipdim. Sebäbi, Aşgabatda galan wraçy Faina Petrowna Briksden soň bu türme içinde gabat gelen adam sypatly ynsan şu boldy. Ýüküm ýeňläp, keselhanadan çykdym. Ýaşaýyş zonanyň gapysyndan ötüp, administratiw howla giremde, naçalnik öňümden pete-pet geldi, – Salam graždanin, naçalnik! – Salam – diýip, ol yzyna dolandy. Men säginmedim. Howlynyň töründe ýapyrylypjyk oturan ŞIZO tarap ýöraberdim. Ol kabinetiniň öňündäki basgançaklar bilen eýwana çykyp yzymdan gygyrdy. – Osuždenyý1! Familiýaň kim seniň? – Aýak çekdim, yzyma öwrülip dört-bäş ädim ýöräp polkownigiň soragyna jogap berdim. – ŞIZO graždanin polkownik. – Nirä barýaň? – Hany, b1ri gel! – diýip ol öz kabinetine girip gitdi. Menem polkownigiň yzysüre göwünli-göwünsiz, gapydan girip duruberdim. Ol howlukman iş stolunyň üstüni tertibe saldy. Yzyndanam kreslosynyň üstüne özüni emaý bilen goýberip, ýüzüme seretdi. – Men saňa bir mysal getireýin. Haýsy-da bolsa bir duralga gelip otly durýara, ine şonda garry bolsun, ýaş bolsun, tapawudy ýok. Ýolagçylar biri-birlerine nobat bermän, otla münmek üçin dyzaýarlar. Ýogsam beýdere hajat ýok. Sebäbi diýseň, hersiniň elinde biledi bar. Oturjak, ýatjak-turjak ýeri belli. Emma, şonda-da ala-goh bolşup münerlerem, rahatlyk ýok. Ýoldaşlaryna müňkürlik edip, «bu nähili adamka, gowumyka ýa-da – diýip, içini hümledip birki duralga geçýänçä, dymşyp oturandyrlar. Soňra welin, şapba-da-şapba-da, äbe-jüýje. Bizem edil şol ýolagçylar ýaly birbada oňuşmadyk. Sen şonda «garnym operasiýa edilen» diýip, ýekeje agyz diýeňde beýle boljak däl. Bizem adam ahyryn. Doňum çözüläýen ýaly gowşadym. Naçalnik otur diýmese-de, diwar eteginde seteran-duran kürsüleriň birinde ýerleşdim. – Wah, men diýjek bolýan welin, özüňiz maňa gürlemäge maý bereňizok. Meniň bu diýenimi polkownik halamady. Men ony derrew aňdym. Sebäbi diýseň, onuň aksowult ýüzüne kölege düşüp, gür gaşlary jaýtarylyp ýokaryk galyp, maňlaýyny ortalap-ortalap gaýtdy. – Bolýa-da, indi öteni ötdi bileli. Ol ofiserem menden geregini aldy. Arz etjek dagy bolma-da, işläber. Seni ýedinjä geçirdik – diýdi. – Graždanin polkownik, ýedinji brigada näme iş edýär? – Himiýa zawodynda işleýär. Ho magazinlerde satylýan «aýna» poroşogyny bilýänsiň-ä? – Bilýän. – Bilseň, şol poroşoklary seniň işlemeli brigadaňdaky tussaglar gaplaýandyr. – Graždanin polkownik ýene-de bolmady. – Näme üçin? – Sebäbi men allergen. – Allargen. – Bu näme boldugy? – Uzak wagtlap fotosurat bilen meşgul bolup, zeper tapdym. «Aýna» poroşogynyň ysyny aldygym bes, endamyma çiş örüp, gözlerim ýumulyp gidýär. Naçalnik lapy keç halda ýerinden turdy. – Men seni öz ýerimde oturdyb-a biljek däl. Polkownigi ýene-de geçen günki derejä ýetirmekden eýmenip, dymdym. Ol iki elini eňegine diredi. – Hany özüň aýt, sen bu ýerde näme edip biljek? – diýdi. – Agaç ussasy, reňkleýji, elektrik ussasy bolup biljek, graždanin polkownik. – Ýok gardaş, bu koloniýada ep-esli adam bar, şolaryň hemmesem agyr işden bizar. Menden bolsa, partiýa plan soraýar. Plan! Düşündiňmi? – Graždanin polkownik, menem düşünýän, näçe ýyllardyr gazet işgäri boldum. Planam bilýän, talabam. Partiýanyň kimdiginem bilýän. Allargiýa iň bir howuply keselleriň biri. Onuň bilen oýun etmek, bolanok. Ol seniň partiýaňa boýun egmez. Meniň heläk bolaýmagym mümkin. – Hiç zat bolmaz. Brigadanyň aşpezleri bar, ine şolara ot ýakyp ber, gap-çanak ýuwup ber, garaz, saňa iş tapylar. Ýöne hötjetlik etme-de, işe çyk. Beýleki bidüzgün adamlara görelde bol! Sen hatly-sowatly adam ahyryn. Gaýtam, seň ýalylar bize kömekçi bolmaly – diýip, meni naçalnik kabinetinden çykaryp goýberdi. * * * Üsti çadyrdan däl-de, ýukajyk galaýydan gorag edilen ýük maşynyna mündük. Hormat goýdularmy, ýa-da boşadymy bilemok, edil ortadan maňa ýer berdiler. Aralykdan ýasalan demir gözenekden aňyrda, ýörite oturgyçlardan elleri awtomatly üç esger otyr. Dördünjisi eýemsiräp edil girelgäniň öňünde durup bize ýüzlendi. – Şu pursatdan başlap, tä barmaly ýerimize ýetip maşyndan düşýänçäňiz gürleşmek, gülmek ýeriňden turmak, çilim çekmek, ýüzüňi yza öwrüp oturmak gadagan. Kimde-kim, şu aýdylan zatlary berjaý etmän düzgüni pozsa, konwoý hiç hili duýduryş bermezden atjakdyr. – Seretmek-görmek, gülmek-gynanmak, asgyryp-üsgürmek gadagan bolsa, tussag biçäre öläýmekden başga näme galýar – diýip, tas gygyrypdym. Gapdalymda otyran Möjek meniň bu pikirimi aňyp aýagymy şeýle bir basdy welin, awusy depäme çykdy. Maşyn äpet-äpet, uzyn turbalarynyň agzyndan ýalyn pürküp, sowan-asmany gyzdyrmaga dalaş edýän zawodyň daş haýatyna maňlaýyny diräp öwrüm ýasady. Ýol şu ýerden ikä bölündi. Biri göni howla, beýlekisi, kötel bilen gündogara tarap gönelip kert gaýa siňip gidýärdi. Maşyn kä oýa, kä kötele çykyp, ahyry demir derwezeden girip daýandy. Ýene-de bir ýerden iki it, bir topar esger peýda bolup, küşt tagtasynda oturan pyýadalar ýaly, daşymyzy gabap, ýaraglaryny çenemä alansoňlar, hälki esger indi ýaragsyz gelip bize buýruk berdi. – Ýeke-ýekeden düşüň! Düşdük. Brigadanyň adamlary meniň ýaly täze däldi. Olar günde gatnap, gün-uzyn işleýän ýeri bolany üçin, salymyny bermän dargaşdylar. Her kim öz iş ýerlerine sümüp gitdi. Maşynlar yzyna dolandy, konwoýlaram üýtgedi. Indi Olar düzüm çyzyk ýaly hatar-hatar, tiken simleriň o ýüzüne geçip, sürüsini oýa kowan çopan ýaly, hersi bir diňe çykyp, ýaraglaryny somlap, doňup durlar. Men özüme pişe gözläp, gapylaryň birini açdym. Bu ýerden kir ýuwulýan poroşogyň ysy burnuma urup, öýkenimi gaplady. Ala-sarmyk tozan bolup duran bu jaý biziň işlemeli ýerimiz bolup çykdy. Her kim öz ýerine gelip, ymykly işe başlaýança, sehden çykyp bilmän duran brigadir meni görüp dillendi. – Gel, how, bäri, näme sallanjyran bolup ýörsüň. Men saňa aýlyk bermeli. Hanha, şol burçdaky stol boş. Sehiň o çetinde poroşok halta-halta, şondan getir-de ýaşige dök! Honha-da susak. Hol gara gapyny gördüňmi, şo gapa girseň içinde gapyrjagyň ülňüsi taýýar. Bir gujak getir-de, öýläne çenli guty ýasa. Ýasamasy kyn däl. Ülňüsini eliňe alsaň, nätmelidigini bilersiň. Köre hasa. Ýöne bilip goý, gapdaly bilen diňe aşagyna ýelimle, gaty açyk bolsun. Ýokarsyny, içini «aýnadan» dolduraňsoň, gapagyny ýelme-de, hatar-hatar düzüber – diýip, çykyp gitdi. Içi ýelimli bedräni alyp işe başladym. Aradan salym geçmän, aýagymda gijilewik peýda boldy. Üns bermedim. Ähli zady unudyp haýdap, guty ýelmäp durun. Soňra gijilewik burnuma, ondanam maňlaýyma geçdi. Onda-da üns bermän işläberdim, Birden gapyrgalarymyň ýüzi birneme agralaýan ýaly boldy. Ýakamdan elimi sokup döşümi sypasam, çişipdir, Diýmek, kir ýuwulýan poroşogyň tozanlary mende ozaldan bar, allergiýa keselini gozgady, onda-da diýseň çalt. Bu keseliň aktiw ýüze çykýan pursadynda ägä bolmasaň, soňunyň ölüm howpuna çenli eltip biljekdigi barada, entek öýümizde erkin gezip ýörkäm, wraç gaýta-gaýta tekrarlapdy. Işimi bes edip, daşary açyk howa çykdym. Emma, bu-da peýda bermedi. Gijilewik gotura dönüp deri, bütin göwräm bilen lowlap ýanýardy. Onuň berýän ejiri dözüp, çydar ýaly däldi. Aşhana tarap ylgadym. Bassyrmanyň saýasynda aşpez bilen çaý içip oturan brigadir dodagyna ýetip barýan çaýly käsesini howada saklap ýerinden turdy, maňa tarap ümzük atyp gygyrdy. – Näme gerek, saňa? Ýakubyň sesini eşitsem-de, ýolumy dowam etdim. – Heý, dur how, saňa diýilýär. Näme gerek? – diýip Ýakup täzeden gygyrdy. Bu sapar onuň sesi gaty çykdy. Ol, işini taşlap meniň beýdip, hallan atyp ýörşümi halamady. Brigadir çaltlyk bilen käsesini çäýneginiň gapdalynda goýup, meni bassyrma ýetirmän garşy aldy. – Aý, dogan! Seni nädäýipdirler? Bah, seniň bir, kim seni beýdýän? – diýip, çişip, ýumulyp barýan göelerimi görüp, ozalky äheňini üýtgetdi. – Hiç kim, how! Degäýjegem bolunsa, öz günümi özüm görerin diýip, brigadire ýagdaýymy düşündirdim. Brigadir haýran galdy. – Men näme etmeli. Menden näme kömek gerek? – diýip, ol zöwzenekläberdi. – Çiş hernä derimiň ýüzünde, bardy-geldi ol içimden dörese bokurdagym çişip, dem gelýän deşigi ýapylsa gözüňi ýumaýmakdan başga alaç ýok. Meniň soňky sözüm brigadir Ýakuba täsir etdi. Ol ilki bilen öňe, soňra-da howlynyň törüne çenli ylgap gitdi. Ol ýerde-de rahat tapman, yzyna dolanyp, başyna taýak degen ýaly daşymdan pyrlanyp ugrady. Men çişden ýaňa ýumulyp barýan gabaklarymyň arasyndan çalaja görünýän yşdan seredip, ondan gözümi aýyrman dursam-da brigadiriň näme etmekçi bolýandygyny aňyp bilmedim. Birdenem Ýakup aýak çekdi. Muşakgat bir ýagdaýdan çykalga tapan ýaly, konwoýlaryň başlygynyň ýanyna eňdi. Men nahar iýlende oturylýan uzyn kürsüniň bir çetinde oturdym. Aradan salym geçdi welin «tiz kömek» maşynynyň ýoňsuz sesi geldi. Ine, şeýdip ýedinji brigada meni öz sostawyndan aýyrdy. Tenimiň çişi gaýdyp, kaddyma gelýänçäm zonada galyp, koloniýanyň içindäki keselhanada ýatmaly boldum. Aradan ýene-de bir aý geçdi. Keselhanadan hem çykyp, şol äpet, ysly barakda Samet kezzabyň goňşusy bolup ýaşaberdim. Zonada biz üçin, günde üç menzil nahar bişip, ol ýörite naharhanada berilýärdi. Agşamlyk edinmek neti bilen barakdan çykyp, zonanyň bir çetinde, sygyr fermanyň jaýyna meňzäp duran howla tarap ýöredim. Naharhananyň sansyz äpişgeleriniň arasynda ýekeje girelgesi bar. Onuň agzy welin hümer. Rewolýusiýa döwründe, Odessa portundan daşary ýurda ugralýan gämi münüp, ýurdy terk edip gidip barýan mähelle ýaly, her kim şo gapa tarap dyzaýardy. Hiç zada düşünmedim. Hümeriň çetinde baryp aýak, çekdim. – Haý, adamlar, bu nämäniň basgysy? – diýip, majara girip bilmän, tamşanyp duran bir ýaşula ýüzlendim. Ol «iç ýakgyjyňam bir gülkisi bar» diýen jähtde ýüzüme çiňňerildi. – Al inim, gökden indiňmi? Şu gapynyň nahar berilýän ýerdigini bilýän dälsiň. – Bilýän bolsam, ýaşuly sorarynmy? Bu dowzaha gelelim bäri ýondan gözüm açylmady. Keselhanasyndan ýaňy çykdym. Siz bilen bile ilkinji sapar nahar iýjek bolşum şu. – Noş bolsun ýigit gir, al, iý, belkäm, bize-de ýol görkezersiň – diýip, ýaşuly meniň bilen gürleşmegem islemän, bir gapdala sowuldy. Hümere goşuldym. Özümden ejizräk bäş-on adamy eýläk-beýläk kakyp, gapynyň bosagasyna münemde haýatym uçdy. Naharhananyň içi – daşyndan beter, hümer. Duranlaryň üstüne çykyp, olaryň depesi bilen ýöräp, aş paýlaýan deşige ýetäýseňem, ýetmeseňem, gaýry alaç ýok. Saklandym, egnini egne berip, dyzaşyp duran adamlar aş-ha beýle dursun, ahmal bolsam, hut meniň öz etime agyz uruljakdy. Agşamlyk meselesini şunuň bilen goýbolsun edip, lapy-keç halda, majardan saýlanamda, bir gyrada nahar üçin söweş edýän tussaglary synlap duran ofisere gözüm düşdi. Azaşan ýolagçy ýaly ofisere golaý bardym. – Agşamyňyz haýyr bolsun, graždanin kapitan! Bagyşlaň, men size özümi tanatmak isleýän. Adamçylyk sypatyny ýitirip, agyr jenaýat edip bu ýere düşen Gurban Jumaýew. Meni siz derejeli adam edip täzeden terbiýelemek üçin maňa doly ýedi ýyl gerek bolupdyr. Sudýa Anna Gurbanow hem gysganç däl ekeni. Şol möhleti doly berdi – diýdim. Meniň bu sözlerimiň dişimiň arasyndan syzylyp çykýanyny aňan kapitan, öňündäki iýmli çelegi goraýan öküz ýaly maňlaýyny tüňňertdi. – Näme diýjek bolýaň? – diýip, uçganaklap duran gözlerini göreçlerimde saklady. – Biz-ýaly «ýoldan çykanlary» ýola salmak üçin, siziň berýän ilkinji «sapaklaryňyza» minnetdarlyk bildirmek isleýän. – Gowuja bol, Jumaýew! At oýnatma! Näme diýjek bolsaň, düşüner ýaly diý. Kapitan gahardan ýaňa horaza dönüp, gyzardy. – Bu ýerde düşünmez ýaly näme bar. Görüp dursuňyz-a, han-ha. Halaýyk bir çemçe ýarma üçin, bir-biriniň etini iýýär. Nobatçy kapitan, erre-de-merre, küde basdy oýnaşýan ýaly, biri-birlerinden aslyşyp, nahar berilýän deşige tarap dyzaşýan tussaglary ýene-de bir sapar synlap, birneme köşeşdi, Men welin tersine, gahardan içim doly, ahmyrdan ýaňa kapitany gözlerim bilen iýäýesim gelýärdi. – Asyl, siz, bu ýerde näme işleýärsiňiz? Hökümet size aýlyk töleýändir-ä – diýemde kapitanyň tenine ot basyldy. – Ugraň şu ýerden!.. Kapitan soňky sözlerini diýip bilmedi. Ol biedep çagalara haýbat atýan bagban ýaly, ädikli aýagyny tarpyldatdy, ýer depdi. Menem ondan kem durmadym. – Bolýar, kapitan! Bagyşlaň, size ýene-de ýekeje soragym bar. Siz meni koloniýanyň içinden daşyna çykaryp kowup bilmermisiňiz? Kapitanyň reňki üýtgedi. Ujypsyzam bolsa, ýap-ýaňyja utanç alamatlary bilnip duran ýüzi esgä dönüp, agardy. Kapitan ahyry özüni dürsäp dillendi. – Sen bu ýere haçan geldiň? – Ep-esli wagt boldy, graždanin naçalnik. – Men görmedim-ä seni? – Görer ýaly bolmady. Ilkinji günümi ŞIZO-da geçirdim. Soňra keselhanada. – Hä-ä, boldy, boldy. Koloniýanyň naçalnigi, polkownik Gubenko bilen herekleşýän tussag dälmi sen? – Eger-de, naçalnik bilen menden başga-da gygyryşan adam tapylan bolmasa, onda siz ýalňyşmansyňyz, şol adam men. – Näme indi, nobat maňa ýetdimi? – Graždanin kapitan, «Gykylyk etgin» diýip meni basmadylar. Sudýa Anna Gurbanow pähim-paýhas hantama, pikir beriň, Gün dogman, daň atman, oňup bilermi? Men hem adam ahyry. Iň bolmanda, hepdede ýeke sapar suwujak nahar iýmän, oňup bilerinmi? Bolýa, men siz bilen gygyryşmaýyn, ýöne gel, bir salym ikimiz ýerimizi çalşaly. – Bu mysalyň bolanok, men hiç haçan seň ýeriňde bolman diýip, kapitan üstüne ýük atylan ýaly tijendi. – Bagyşlaň, graždanin kapitan, diýjek bolýanyma düşüniň. Duşmanam bolsa, şu dowzahyň gapysynda görünmesin. Meniň diýjek bolýan zadym başga. Eger-de men boýnuma daş edilip asylan, şo ýedi ýylymy başdan-ahyr bir çanak ýarma üçin şeýdip, göreş bilen geçirmeli bolsam, mende ynsanyýetlik sypaty galarmy? – Onyň dogry. Ýöne, bu ýerde bizi günälemäň, koloniýanyň içki tertip-düzgüni hut siziň özüňize bagly. Kireýsiz kilim kakylýan däldir, naçalnik. Hökümedem biziň şeýleräk adamdygymyzy bilip, size aýlyk töleýär. – Hut şeýle-de bolsa, siziň köp pikiriňiz bilen ylalaşmak islämok. Bu mähelläniň içinde her hilisi bar. Olaryň seniň ýaly gepe-söze düşünýänlerem kän, mahlugam. Ahmal bolsaň, zadyňy ogurlap, ejizdigiňi bilse, semrän göle ýaly üstüňe aşýanlaram bar. Honha üçünji baragyň ýarysy petuh1. Olara bu ýerde «gyzlar» hem diýýärler. Biz welin, uzyn gije aýak üstünde, siz – müň, biz – iki. Birimiz-ä ştabda, telefonda galman otyr. – Be-e, beýle sanyňyz az-la? – Şu edarada siz bilen işlemäne höwesek adam ýok. Aňsat işmi. Gelenoklar. Ýöne akyl satyp ony etmeli, muny etmeli» diýýän kän. Bu hemmesinden aňsat. Ýöne welin «şu işi düzedeli» diýip kömek berýän ýok. Ýogsam, şunuň berýän nahary hemmä ýetjek. Tertip ýok, ýeke-ýekeden nobata durup, assa-ýuwaş baryberseler, özleri üçinem gowy. Men-ä şulary belli bir düzgüne, saljak bolup, urna-urna paltam daşa degdi, Aýrylman gapyň agzynda dursam, köşeşýärlerem welin, başga-da işim kän. Onsoň säheljik beýläk süýşdügim bes, ýene-de şol ozalkysy, majar. Belki, seniň kömegiň deger. Hany ýör! Ştaba baraly – diýip, kapitan meni öz ýany bilen alyp gitdi. Zonanyň ştaby iki gat bolup, onuň äpişgelerinden koloniýanyň giň howlusy aýlaw ýaly görnüp dur. Kapitan maňa ýer görkezip, özi-de iş stolunyň başyna geçdi. Oturyp biziň arkaýyn gürrüň etme netimiziň bardygyny aňan ikinji ofiser ýerinden turup, sessiz-üýnsiz çykyp gitdi. – Gurban! Seniň pikiriňçe nädenimizde biz, ýaňky gören bidüzgünçilikleriň soňuna çykyp bileris – diýip, kapitan meniň pikir etmedik soragymy orta atdy. – Bagyşlaň! Men entek siziň familiýaňyzy, adyňyzam bilemok? – Maňa kapitan Kuzmin – diýýärler. Konstantin Ýurýewiç. – Konstantin Ýurýewiç! Koloniýada jemgyýete daýanmak diýilýän zat ýokmy? – Bar, bar. Ýöne ol işlese bolýar-da, Her otrýadyň ýanynda ýörite sowet bar. Sowetiň çlenleri hut tussaglar tarapyndan saýlanyp-seçilenler. Üstesine-de, umumy koloniýa soweti bar, ony nätjek. Asyl, bu ýerde-de hut daşyndaky ýaly jemgyýetçilik guramasy näçe diýseň bar, ýeterlik. Ýöne olaryň bary kagyz ýüzünde, netije ýok. Koloniýanyň kollektiwiniň soweti zonanyň eýesi. Ol tussaglary işe belläp, işden aýryp, brigadadan brigada geçirip bilýär. Düzgüni pozýan tussaglara dürli-dürli düzediş çärelerini görmäge ygtyýarly. Içki düzgünleri berjaý edip gowy işleýän adamlara normadan artyk posylka almaga, hossarlary bilen görme-görüş duşuşygyna rugsat berip bilýär. Iň esasy zat hem, bu sowet özüni göreldeli alyp baryp, dogry ýola düşen adamlaryň möhletinden öň tussaglykdan boşadylmagy üçin, sud öňünde mesele goýup hem bilýär. Ine, gördüňmi, bizde nähili ýeňillikler bar. Kapitanyň berýän gürrüňleri meni gyzyklandyrdy. – Be, gowy zatlar-a bar ekeni. Siziň diýýän sowetiňize ýolbaşçylyk edýän adamam tussagmy? – Hawa, ýöne, ol adam biziň tamamyzy ödemedi. Bir bada kimiň kimdigini tanaýmak kyn. Ine, bir ýyl boldy. Agzyna siňek gonduryp ýör. Ýogsam, dellekden başlap hammama, poçtalýondan kitaphanaça çenli, «Aşpezler, hojalykçylar, mekdep çäreleriň guramaçylary, bir söz bilen aýdamda, bütin koloniýa şoň elinde. Iş başarmasaň, peýdasy näme – diýip, kapitan özi bilen deň derejeli bolan adam bilen gürleşýän ýaly, zeýrendi. Biz şo gije Konstantin Ýurýewiç bilen ştabda daňy atyrdyk. * * * Adam aňsat-aňsat ölmez eken. Çekip-çydap bolmajak muşakgatlara uçrap, ganat-perden aýrylan guşa dönse-de, ýaşaberer eken. Jenaýatçy däldigimi subut etjek bolup, ýüz tutmadyk ýerim galmady. Emma bary biderek. Arza ýazyp haraý isleýän adamlarymyň hemmesi tä, Aşgabatdan Moskwa çenli aralykdaky wezipedarlaryň ählisi bir gapydan girip çykýan ýaly, berýän jogaplary des-deň. Ylla ýeke adamyň elinden çykýan ýaly, şol bir sözlem, «suduň hökümi adalatly.» Halys ruhdan düşüp, surnukdym. Arza-şikaýady bes edip, ykbala kaýyl geziberdim. Ýöne welin, bu-da uzak bolmady. Kalbymda gopan harasat meni ikä böldi. Olaryn, biri: – Aýtmadymmy, men saňa, turuwbaşdan «adalat» diýdiň ýapyşdyň ýatdyň. Sen entek oblast gazetinde işleýärkäň «balykhanada yslanyp, porsap giden balyk gowurlyp satylýar» – diýip, feleton ýazanda redaktor Rejep Nazar seni işden kowdy. Adalatyň ýokdugyny şonda bilmediňmi? Sebäp diýseň, redaktor üçin seň ýaly ot hakykatçydan bir kilo bekre gowy. Bolýa, bu-da saňa sapak bolmandyr diýeli? Başga gazete işe geçdiň? Respublikada ady belli, döşi demirden doly adama badak salyp «Jenaýatçy» ady bilen oçerk ýazdyň. Ony ýeke gazet çap etdimi? Gaýtam «Töhmetçi» hökmünde özüňe çäre görlüp, zordan başyňy alyp çykdyň. Şo-da bir sapak dälmidi? Garasaý, şo wakalaryň ýatlamalary göwrämi kä ulaldyp, käte hem kiçeltdi. Ýerem-asmanam, Aýam, Günem, äpet bir ekranda görünýän oýnawaç boldy. Iň erbedi hem şol oýnawaçlaryň ygtyýary sowhozyň direktory Joşgun Kulyýewiň, sülçi Gozgan Tilkiýewiň, sudýa Anna Gurbanow dagynyň elindedi. Olaryň ygtyýary diňe bir durmuş çarhyny islän tarapyna aýlap bilmek bilen çäkli däl. Isleseler, Aýy ýuwudyp – tümlük, islese Güni ýuwudyp – gije döredip ýörler. Bu pikire uýdugymça ýüregim endiräp gidýärdi. Arzuw-isleglerim bir gara guşa öwrülip, ol meni ýeke goýup, nirädir bir ummana uçup gidäýjek ýalydy. Hernä biumytlyk isleg-arzuw bilen deň gelmän, ýeňilerdi. Dünýämi gaplan gara pikirleriň gara dowuly üstümden sowuldy. Ujypsyz bolsa-da bir ýerden peýda bolan umyt şöhlesi meni aýaga galdyrdy. – Gurban, Gurban, hakykat diýilýän zady daş astynda saklap bolmaz. Ol, her hal daşy deşýär-ahyr, bir gün ol dömüp çykar – diýip, krowadymdan düşemde, gelen günümiziň gyzylygyndan bäri kelam agyz dil ýarman, herimiz bir düne bolup ýaşaýan goňşym Samet elimden tutup oturdyp, ýanyndan ýer berdi. Garşylyk görkezmedim. Gapdalynda krowadyň üstüne çökdüm. Ol müýnürgäp, ýüzüni aşak salyp, bir salym oturdy-da, dillendi. Goňşy, bagyşla! – Meniň bilen deň bolma. Başyma düşen towky-naglat çekip-çydar ýaly däl. – Süregiň köpmi? – Meniň eden işlerime seredeňde bu az. Atmalydylar. Näme üçindir atmadylar. Ýa-da «Bütin ömrüne ejir çekein» diýip, etdiler, garaz, bilemok. Ýöne, sen meni bagyşla!.. Menem özüni bir adamdan kem görýän ýigit däldim. Bu güne düşmegimde özümden özge günäli ýok. Baryna diňe, özüm sebäpkär – diýip, türmedäki goňşş ýürek owazyny daşyna çykardy. – Artykmaç işiň bolmasa ýör, daşary çykaly. Tomusky klubuň içi boş, bir salym oturaly şol ýerde. Sebäp bilen goňşy bolduk, tanyşarys – diýip, Samet ýerinden turdy. – Iş näme işlesin bizde, onsoňam, bu gün ýekşenbe ahyryn – diýip, Samet bilen daşaryk çykdym. Koloniýa deňiz kenaryna golaý bolansoň, güýzüň sergin howasy deňiz tolkunlarynyň ysyny burnuňa getirip, geçen günleriň bir ajaýypdygyny ýatladýardy. Samet klubuň içindäki hatar-hatar kürsüleriň birini saýlap oturdy. Klubda biz ýeke däldik, adam köpdi. Kim, kitap okaýar, kim hat ýazýar.. Uzalyp uklap ýatanam bar. – Samet, sen özüň nireden? – diýip, goňşyma sorag berdim. – Bagyrdan. – Onda Aşgabatly hasap edäýmeli. Men köne Budennyý kolhozyndan. – Kolhoz barmy häzir. Indi ol şäheriň ortasy bolup galdy. – Onyň-a dogry-la. Ýöne, soranlarynda Budennydan diýseň gowy düşünýärler. Samet ýene-de dymdy. Men oňa päsgel bermedim. Ol aşak bakyp ep-esli otyrdy. – Gardaş, meniň içime sygman, tenime zäher bolup ýaýran bu kyssam gaty uzakdyr, ony diňlemäge gurbuň çatarmy seň? Samet ýene-de dymdy, şeýdip ýene-de bir salym oturdyk. Ýöne welin, näme üçindir Samede geçmişini ýatlamak aňsat düşjek däldi. Bu onuň tagaşyksyz hereketlerinden bildirýärdi. Kim-kime gerek. Her kimiň içi ot bilen ýalyn. Jahany ýakyp-ýandyraýjak. Ýöne welin, Samet beýle däl. Ol näme üçindir özüne berlen jeza bilen razy. Gaýtam, ony az görýän ýalydy, Bu ýagdaý menem otukdyrdy. – Samet, ýogsam-da, seni näme üçin basdylar? – Bir giden ýigitleri wagtyndan ozal çüýremek howpundan, masgaraçylykdan halas etdim. Samet ýene-de dymdy. Men onuň täp-tämiz syrylan ýaňaklaryna, gussadan ýaňa çöküp, reňkini ýitiren gözlerine seredip, bar zady unutdym. Samediň şübheli sözleriniň aňyrsynda syrly-syrly wakalaryň, ötlem-ötlem ykballaryň ýatandygyny aňyp, ony gürledesim geldi. Samet ýaýdana-ýaýdana, ahyry dag depesinden inen gara daş bolup gerdeninden basýan agyr ýüküň gussaly kyssasyna başlady: – Artistler barada men kän gürrüňler diňläp, köp okadym. Olaryň köpüsiniň atlaryny, döreden obrazlaryny ýatdan bilerdim. Oglanlaryň käbiri kino sungaty boýunça bir jedelli meselä gabat gelse, günibirin ony menden sorap, beren jogabymyň parhyna seretmän ynjalardylar. Ine bir sapar meniň gökden eden dilegim ýerden gowuşdy duruberdi. Obamyza kinoçylar geldi. Olar «Diňe heýkeller dymyp bilýär» diýen arap legendasymy surata düşürýärdiler. Men boşdum. Okuwa-da girip bilmän, oba dolanypdym. Kino Nusaý galasynyň köne harabalygynyň içinde alynýardy. Men uzynly gün kinoçylaryň ýanyndan aýrylman, birbada düşünip bolmajak, bu geň-enaýy sungatyň döreýşini synlap, Günüň nädip batanyny bilmän galardym. Ahyry kinoçylaram gitdiler. Men birbada ýeke galaýan ýaly, oba sygmadym. Ine, şeýdip, ömrümi kino sungatyna baglamak üçin, kinostudiýa işe girdim. Ilki garawuly, soňra işçi bolup, haýsydyr bir täze dörän kinony surata düşürýän gruppa bilen Moskwa gitdim. Eden işimiz Moskwanyň köne howlularynyň biriniň içinde, türkmen gara öýüni gurduk. Men asyl şol öýde-de ýaşaberdim. Ýöne näme üçindir, surata düşürme işi wagty bilen başlamady. Bir gün gara öýüň serpigini syryp, ortasyna ot ýakyp tagan üstünde palow bişirip otyrkam, gapydan bir aýal geldi, ýanynda-da bir gyz. Meniň bagtymyň ýatan güni hem şol gün, Gurban. – Töre geçiň, oturyň – diýip, myhmanlara ýer görkezdim. Orta boýly, ýaňaklaryna nar suwy çaýylan bu aýal, biz bilen dul-degşir goňşy ýaly arkaýyn dyz epip oturdy. Gyz welin, bosagadan ätlän ýerinde duruberdi. – Siz haýsy kinostudiýanyň artistleri? – diýip, ol aýal sorady. Soňra-da meniň berjek jogabyma garaşman adyny aýtdy. Ojagyň oduny peseldip, palowy deme goýdum-da, jogap berdim. – Aşgabatda henizem ýer sarsgyny zol gaýtalanyp duranmyş, şo çynmy? – diýip, nätanyş daýza biziň depämizden inen aýylganç betbagtçylykdan habarlydygyny aýan etdi. Aşgabat-ha beýle dursun, türkmen topragynyň hiç ýerinde hem ýer asty sarsgynyň ýokdugy, şäheriň häzir ýurdumyzyň gözel merkezleriniň biri bolandygyny aýdyp, öwünmek öwündim. – Bu gyzyň ady Lora, ýagny Flora, ýekeje perzendim. «Eje maňa şo çatmany görkez» diýip, goýmady. Öýümizem şu golaýda – diýdi. – Maňa Samet diýýärler. Täze ýyl kinemotografiýa institutyna girme netim bar – diýemde, Nataşa daýzanyň gözleri güldi. Ejesi: – Şu gyzyňam aktrisa bolma neti bar. Entek ýaş, ýaňy sekizinjide okap ýör – diýende, gyz iki-örülip, öňüne atylan gara saçynyň ujundaky ak lentasyny oýnap, aşak bakdy. – Näbelet adam, çagamyň boýuna seredip «gyz ýetişipdir» diýen pikir edýär. Hakykatda bolsa, beýle däl. Çaganyň süňňi iri. Flora ejesiniň bu sözlerine ejap etdimi nätdimi, bir ýerde durup bilmän ýaýdanyberdi. – Nataşa daýza, siz Türkmenistanda bolup görüpmidiňiz? – diýip, enäniň ünsüni gyzyndan sowmaga çalyşdym. – Ýok. – Arman, ne gözel diýarymyz bar. Onda siz biziň palawymyzy hem iýip gören dälsiňiz. – Wah, palowy nireden iýjek. Türkmen adamsy bilen ilkinji gezek gürleşýäňmi diýsene. – Onda siziňki bu gün ugruna. Özüňiziň Moskwadadygyňyzy unudyň. Şu gara öýüň içi türkmen sährasynyň bir bölegi – diýip, demini alan palowy orta goýdum. – Gel gyzym, otur şu ýerde – diýip, ene meniň hödürlän kürsimde, iç işikde oturan gyzyna saçak başyndan ýer görkezdi. Gyz ozaldan dilleşikli ýaly, enäniň garşysyna gitmedi. Uzyn-owadan aýaklaryny etegi dar, çit köýneginiň içinde gizläp, zordan oturdy. Taýýar çemçeleri myhmanlara äberip, çaý demledim. – Kim saňa gelin bolsa, şo gyzyň bagty çüwer. Gör, ne tagamly – diýip, eneli-gyz türkmeniň jüýjeli palowyny işdä bilen iýdiler. Ertesi floranyň özi geldi. Uzyn boýly, gara saç, kamaty gül, gaşlary ýaý, hünji dişli, badam gabak, ýuka dodak, bili bir gysym, dili şeker, kirpikleri ok, bu gyzyň husny-roýuna maýyl bolup, dünýämi unutdym. Aradan aý ötdi. Biz indi Flora bilen biri-birimize şeýle bir öwrenişdik, heý goýaý. Birimiz Aý bolduk, birimizem Gün. Birimiz ýaz bolduk, birimiz bahar. Kän gezdik. Gyzynyň bu ýagdaýyny aňan ene, howsala düşen bolsa gerek. Ol bir gezek, gyzyny öýünde goýup özi ýeke geldi. – Jan dogan, musulman bolsaň, gulak goý. Gyzym sen diýip, däli-diwana. Ne okuw okady, ne öýde rahat tapdy, hany aýt!? Jadyladyňmy, sen ony. Jan dogan, başyňa-gözüňe döneýin. Gyzy ýoldan çykarma netiň bolmasa, git obaňa. Ýöne bek belle, çagamyň pikiri sen. Ras, halaşdyňyzmy bes. Men oňa garşy däl. Ýöne howlukma, gyz entek ýaş. Ýaňy on altysy doldy. Ýene-de bir ýyldan soň, toý şaýyňy tut-da geliber. Il hatary toý ederis. Häzir welin, akyllyja boluň. Aýratyn hem sen. Ýigit ýetipsiň, agy-garany saýgarmykaň diýen umydym bar. Meni ýüzigara etme, dogan – diýip, ene kä igendi, kä haýbat atdy. Ýagdaý bu derejä ýetendir öýtmändim. Asyl, suw seňrikden geçen eken. Men gözi ýaşly naçara, birbada näme jogap berjegimi bilmän, uzak dymdym. Ahyry enäniň joşguny içine sygmady. – Käşgä, men bir hatly-sowatly adam bolup, ep-esli aýlyk alyp oturan bolsadym, ýa-da dag ýaly direg bolup, kakasy duran bolsady, onda boljak. Bu gyrnak ejesiniň ýagdaýyndan bihabar ýaly, ot sowurýar. Saňa ýaranjak bolup, depämde hoz döwýär. Il-deňinde geýinip, il deňinde hem iýesi gelýär. Ozal beýle däldi. Ýekeje çit köýnek bilen, aýlap mydar edýärdi. Bu hokga ýaňy çykdy. Oňda-da saňa sataşaly bäri. Täze-täze eşik talap edýär. Aýagyna köwüş gerek. Syrga gerek, bilezik gerek. Garaz gerekmejek zat ýok. Başymda towkynyň güni. Ine, ýer depip otyr. Dözmedim, goňşymyzdan pul karz alyp, eline berdim. Gidip mata getirdi. Biçip berdim. Uzyn gije tikin edip, daňa çykdy. O-da göwnüňdäki bolmady. Mata zaýa boldy. Pulum köýdi. Honha, öýde möňňürip otyr. Wah, ýene-de ene – ene bolýar. Bagrym kökenek. Gündizine gazet kioskinde satyjy men. Agşamlaryna bolsa, köçe süpürýän. Şeýdip, güzeranymy itekleýän adam men. Indi, bu gyza gerekmejek zat ýok. Meniň pikirimçe, sen haýdan-haý obaňyza gaýtmaly. Flora seni görmese, birneme rahatlanar. Seniňem ýüregiň ýerine düşer. Işle, pul topla. Menem dek oturman. Elde barymy edip taýýarlanaryn. Aradan ýyl geçerem, gelersiň. Toý ederis, goşuňyzy birikdirip, isle, bu ýerde, isleseňem Aşgabada göçüň. Men onuň ikisine-de garşy däl. Siziň bagtly durmuşyňyzy görüp, boýuňyza guwansam, başga arzuw ýok – diýip, ene uludan bir demini aldy. Ene mamla. Gepiň gysgasy, şo gürrüňlerden soň, biziň dekorasiýamyz ýene-de üç aý durdy. Ahyry işimiz gutardy. Floram bilen hoşlaşyp, oba gaýtdym. Ýöne welin, hany rahat tapsam. Mejnunam bolsa, mençe bolandyr-da. Bir gün florama hat ýazjak bolsam, dilim saýrap barýar. Asyl şo hatym, henizem ýadymda. Garaşdym ýazlarda, garaşdym gyşda, Garaşdym ýakynda, garaşdym daşda. Synlap duranlaryň ganat kakyşyn, Asman gümmezinden maňa bakyşyn. Görüp seni, çykarmadym huşumdan, Aýlar yz-yz geçse-de, gör, duşumdan. Seniň gül meňiziň kalbymda meniň, Bir türkmen ýigidi aşygyň seniň. Eý, tatar gözeli, tatar jenany, Belki, senem ýatlap ýörensiň meni. Eger, şeýle bolsa, seslen Floram! Türkmen söýgüsine beslen, Floram! Saçlaryn sypasyn baharyň ýeli, Döşüňe görk bersin, sähramyň güli. Gel janym, gel bäri, intizar etme, Sabyrsyz garaşýan, Garagum ili, Dönsün seniň çyn mähriban öýüňe, Goç soýulyp, at çapylsyn toýuňa! Samet goşgusyny şeýle bir intizar okady, heý goýaý! Ýigidiň kalbynyň bir pynhan ýerinde kapasa düşüp, çöküp galan bir ajaýyp aýdymly, sandygyň gapagy açylan ýaly, onuň sesi göge galyp, älem görküni bizden gizläp, daşymyza gala bolup duran bu gorhana sygman, kümüş reňk, ýylçar gaýalara ulaşyp, jahany lerzana getirdi. Ýigit şu güne çenli geçiren ömründen ahmyrly nazaryny bir nokada dikip, uzak oturdy. Men welin, bu syrly kyssanyň yzynyň näme bilen gutarandygyny biljek bolup howlugýardym. Ahyry Samet özüni dürsedi. – Ine şeýdip, aradan ýyl geçdi. Ilki bada Flora günde, soňra hepdede bir hat ýazyp, heserli ýüregime ot saldy. Zähmet rugsadyna çykyp, uçdum. Uçaryň aýagy ýere degen badyna, taksa münüp eňdim. «Wolganyň» spidometri ýüzi görkezse-de, uçasym gelýärdi. Ahyry Moskwa girdik. Ine tanyş köçe, arzyly duralga. Iki sany mähnet çemodany göterip, Floramyň gapysyny kakdym. Gapy ýapyk. Belkäm, dynç alýan bolaýmasynlar diýen pikir bilen, ýene-de kakdym. «Ine, häzir gapy açylar. Meniň intizarym, arzuw-islegim, gülüm-gunçam, now-baharym, serwim-senberim ýylgyryp çykar. Ganatlaryny gerip, toty guşa döner. Gujagyma dolar» diýip, bu ajaýyp pursada garaşyp tolgunýardym. Ýüregim agzymdan çykaýjak bolýardy. Şatlykdan ýaňa bütin göwräm saňňyldap, bir ýerde durup bilmän, iki-ýana zöwzenekleýärdim. Gapy welin açylmady. «Belki Floram işdedir, beýdip dikilgazyk bolup durmaýyn. Bularyň öýlerem bir daryşgan. Iň gowusy, häzir gideýin. Myhmanhanalaryň birisinden ýer alyp, onsoň gelsem-de bor» diýip ýaňadandan taksa mündim. Asyl, myhmanhanadan ýer taparmyň diýsene. Aýlana-aýlana lütüm çykdy. Ahyry, şäheriň bir çetinde ýerleşýän «Turistde» düşledim. Ýuwunyp-ardynýançam gün ýaşdy. Tramwaýa münüp, metro geldimde, ýer astyndaky otly bilen sähel salymyň içinde, täzeden Floralaryň gapysynda peýda boldum. – Tark, tark, tark!.. Tük, dük, dük!.. Ýene-de bolmady. Ne gapy açan tapyldy, ne ses beren. Hatda goňşulardan hem çykyp, habar soran bolmady. Diýmek, bu içeride adam ýok. Flora-da, ejesi Nataşa daýza-da dynç almaga, ýa-da iş bilen bir ýerik gidäýen bolarly. Eger beýle bolsa, olar maňa hat ýazyp, habar bererdiler ahyryn. Belki, ýeke-je agşam ýatymlyk gidäýen bolsalar birimi. Gowusy menem ýadaw, rahatlanaýyn, dynç alaýyn. Ertire deňiç, olaram bir ýerden çyksalar gerek – diýip, lapykeçlik bilen myhmanhana dolandym. Nahar-şam diýip daşaryk çykybam ýörmedim, bärden göteren zatlarymdan oduk, buduk stolumyň üstünde goýuşdyryp koridora çykyp nobatça ýüz tutdum. – Agam, heý, bir çaý içere mümkinçilik ýokmy? – diýsem, ol asyl mürähede zar bolsa nätjek. Ýaşy bir çene ýeten ýaşuly bolsada: – Asyl, çaýy bek içeris. Geregiň çaý bolsun, seniň özüň haýsy nomerdensiň? – diýip, içime-daşyma girip pyrlanyberdi. Menem näme, her neneň içim tütünlem bolsa «item arryklygyn gurda bildirmez» etdim-de, otagyma dolandym, Emma, yzymsüre gelen ýaşuly stolumda duran çäýneginem alyp gidişi ýaly hem dolanyp geldi. Ähtimal, gaýnag suw gol asty bolsa gerek. – Sag boluň, ýaşuly. Oturyň, günortanyň nogul-nygmatyndan dadyň – diýip hödür etdim. Saçak üstündäki dürli-dümen ir-iýmişleri görüp, ýaşulynyň iştäsi açyldy. Gözleri oýnaberdi. Ol üzümden bir salkym eline alyp, dodaklaryny şapbyldatdy. Birdenem, ümzügini stakana öwrüp ümledi. Men onuň näme diýjek bolýanyna düşündim. Eline pul berdim. Ol iýip duran üzüm bölegini stolda goýup çykyp gitdi. Şweýsar uzak eglenmedi. Onuň asyl ähli zady golastynda taýýar bolsa nätjek. Eli çüýşeli dolanyp geldi-de, ymykly oturdy. Şweýsar konýakdan, soňra bir lukum üzümi atyr edip ysgaý-ysgaý rahatlandy. Aňyrsyna, il gonan ýaly, dilem açyldy. – Ýigit okaýaňmy, işleýäň? – diýip, ol ýene-de bulgura goluny uzatdy. – Geologiýa-gözleýiş partiýasynda işleýän. – Hä, ine boldy. «Puluň eýesi men» diýsene. Munuň şeýledigini çemodanlaryňy göremde-de, aňypdym-la. – Çemodanymy uly görüp, siziň beýle pikire gelmegiňiz biderek. Olaryň biriniň içi iýer-içerden doly. Beýlekisin-de bir possunlyk deri bar. – Deri! – diýip, şweýsar geň galyjylyk bilen çuslandy. – Moskwada meniň gelinligim bar. Izmail parkynyň golaýynda, Laçynlar köçesinde ýaşaýar. – Bä, sen ýigit, görýän welin, akylly-başly adam ekeniň. Gelinliginiň aladasyny öňündeň edýän bolsaň, oňa ýetesi zat barmy? Oňarýaň, han ogul, oňarýaň. Ýöne o possun bijaý gymmat düşmezmi? – diýdi. – Şeýle aljak bolsaň gymmat-la. Men bu derileri gerdenimde göterip, çopanlar bilen deň işläp, hars uruplar gazandym. – Şeýledir-le, ýogsam pul berip almaly bolsa, gyzyl dökmeli ahyryn. O zatlar biz ýaly adamyň başarjak işi däl – diýip, özüni türkmen baganasynyň gymmatyny bilýän terzde görkezdi. – Şweýsar girip-çykyp, girip-çykyp, meniň bilen uzak oturdy. Ahyry ol meniň halys ýadawdygymy aňyp: Indi şeýdip, bir otagda ýeke özüň ýatyberjekmi? – diýip, wäşilik etdi. Men ýaşulynyň bu sözlerinde hakykat nyşany bardyr öýtmän jogap berdim. – «Ýekelik gurasyn derdiň ýamany. Diýjek sözlem diýe bilmen neýläýin, diýip, bir şahyr goşgy ýazypdyr. Alaç näme ýatybermeli bor-da. – Şweýsar barmaklaryny oýnadyp pul diledi. Pul uzatdym. Ol puly biri göräýmesin, diýen äheňde derrew jübüsine sokdy-da, gapa tarap ýöredi. Soňra çykyp gidäýmäge taýýarlanyp, gapynyň zülpesinden tutdy-da, yzyna, maňa öwrüldi. – Işigi gulplama. Özüňem derrew ýat, ukyňy al. Edil sagat bir bilen iki aralykda oýan. Oýanmasaň-da, zyýany ýok. Özi oýadar. Ýöne, bek belle, çyrany ýakaýmagyn, yşyk gerek däl. Tutyňam ýapyk bolsun! – diýip, çykyp gitdi. Men birbada hiç zada parh bermesem-de bermändirin welin, şweýsaryň diýen sözleriniň manysyna soň düşünip galdym. Emma giç boldy. Otagymda ýeke galyp, baý utandym-a. Suw seňrikden agan soň, alajyň näme, ähli zady şweýsaryň aýdyşy ýaly edip, düşege geçdim. Emma, dürli pikir-hyýallar serimi gaplyp, rahat tapmadym. Gije ýaryndan agyberende gapy açyldy. Sesimi çykarman ýatyryn. Ökjesi çüý ýaly köwüşli biri parket poluň üstünden «tyrk-tyrk» edip ýöräp, wannaly otaga girdi, ýuwundy, soňra pişik basyşyny edip, meniň golaýyma geldi. Özümiň oýadygymy bildirmek üçin ýuwaşjadan ardyndym. Soňra beýläme öwrülip ýatyberdim. Çybşyldy golaý geldi. Otagyň içi tümlügem bolsa, meniň ýüzümi görjek bolup, ol üstüme egildi. Munuň şeýledigini ýüzüme haplap uran atyr ysyndan aňdym. Bu ýagdaý uzaga çekmedi. Aýlaryň dowamynda çöl içinde zenan ruhuna zar adam, heý, bu ejire çydarmy? Ýerimden yrgyp turup, zenany garbap alagadan ony ýykyp, ýassygyma başyny goýanymy bilmän galdym. Ine şeýdip, eger bar bolsa, şol jennet gözelliginden paý alyp, daňa çykdym. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |