08:38 Zyndanda ýanan şem -23/ dowamy | |
– Türsügiňden başga eşigiňi çykar – diýip, aýallaryň ini-boýy des-deň bolup, burny repide ýaly tes-tegelek ýüzünde çalaja yz bolup durany maňa ýüzlendi.
Powestler
– Familiýaň? – Jumaýew. – Adyň? – Gurban. – Doglan ýylyň. – Bir müň dokuz ýüz otuzynjy. Togalak aýal menden başga-da kän zat sorady. Ahyry kagyz -galamyny bir gapdala süýşürip, gezegi beýlekä berdi. Orta boýly, entek zenan ruhunyň öwüşgini ýaňaklardan dargamadyk aýal özboluşly bir nazar bilen meni dyrnagymdan tä depäme çenli ýekän-ýekän görüp, tagta-tagta kagyz ýazdy. Nirämde hal bar, nirämde meň, nirede tüý bar, tüýler selçeňmi, gür, çalmy, garaz, ýekän-ýekän belläp çykdy. Ahyry, depämden göbegime, göbekden ökjäme çenli ýüp tutup ölçedi. – Faina Petrowna, ýazyň! Boýy bir metr ýetmiş. Aýagy otuz sekiz. Aýak barmaklary göni. Dyrnaklary tekiz. Dyzyndan aşagynyň tüýi selçeň, reňki gara. Baldyryndan başlap tä, boýnunyň çykan ýerine çenli arkasynda tüý ýok. Öň tarapynda, diňe döşi bilen göbekligi gylly. Saçy gür, göni. Diňe ýeňse çukurynyň etegindäki saç bölegi çogdum. Gaşy gür. Tüýi gysga. Owa boşlugynyň ýarsyna ýetip gaş ujy ýitip gidýär. Ýüzi dolmuş, nurana. Burny göni. Dişleri ak. Dodaklary ýuka hem näzik. Gözleri ala. Milleti türkmen, rus, azerbaýjan! gazak, özbek dillerinde okap hem gepläp bilýär. Derisinde hiç hili üýtgeşiklik ýok. Tekiz. Diňe çep gyrasynda mama keseline garşy sanjylan priwiwkadan galan nyşan bar. Ýokarky diýilýän zatlary ýetişdiginden žurnala ýazyp oturan daýaw aýal başyny galdyrdy. – Peşehorda? – Ýok. – Tetiurowka – tuş bilen tenime ýazylan hat ýa-da beýleki bellik? – diýip, Faina Petrowna, henizem meni synlamasyny dowam edýän ýoldaşyna ýüzlendi. – Çep eliniň arkasynda «Nikolaý» diýilen ýazgy bar. Sagynda ýürek nyşany – diýip, gelin otagyň, bir burçyny eýeläp kenep tutunyň o ýüzüne geçip, elini ýuwmaga durdy. Indi gezek erkek adama ýetdi. – Bas, eliňi! – diýip, ol häliden bäri taýýarlap nobatyna garaşyp duran içine gazanyň garasy ýaly reňk guýulan sajy görkezdi. Men hiç zada düşünmedim. Muny ol derrew aňdy. Ol, gadakly arabanyň tigriniň yzy ýaly owasynyň içinde oýulyp çüýşe gözlerini çüýjerdip ýüzüme çiňňerildi. – Näme dursuň, bas, eliňi! – diýip ol goşarymdan çalyp tutdy. Gahar bilen meni özüne çekip, ellerimiň ikisini hem deňine reňke basdy. Soňra bir tagta ak kagyza ilki barmaklarymy, onsoň tutuş aýamyň asyl nusgasyny aldy. Boýnumdan tagma asyp, oturgyçda oturdyp, dört tarapdan surata düşürdi. Iş munuň bilen hem gutarmady. Ol Nuh eýýamyndan miras galan köne gyrkylyk bilen daşyma geçdi. Başyma bezeg bolup duran garatelpek saçymy hezil edip, geçi gyrkan ýaly gyrkdy. Ine, şeýdip tussaglygyň ikinji, soňra üçünji günleri, asyl hepdesi geçdi. Bir güni meni kameradan çykaryp ýene-de alyp gitdiler. Özem şol «Petuh» diýilýän talaňçy Weliniň işde güni. – Weli, meni nirä alyp barýaň! Tussag bolan ilki günümden başlap başyma düşen towkularyň köpüsiniň hut şu adam bilen bagly bolýandygy üçin ony gürledesim geldi. – Kes sesiňi, gürleme! Elleriňi arkaňda tut! Töwerek-daşyňa seretmek gadagan. Ýogsam, elleriňe ýene-de naruçnik – kişen urmaly bolaryn – diýip, ol üstüme herreldi. Bu wagt Weliniň sesi-hä beýlede dursun, hatda gözleri hem adam sypatyny üýtgedip bir geňsi görünýärdi. Derrew göneldim.. Gollarymy ykjam arkamda tutup, onuň öňüne düşüp tigirleniberdim. Men ozal gulçulyk döwri barada köp-köp okapdym. Gullaryň el-aýagynyň kişenli saklanyşyna geň galardym. Ýöne welin, taryh tarapyndan ýazgarylan şol nejis nogsanyň ýigrenji nusgalary bar bolup, onda-da, biziň döwrümizde henizem saklanyp galandyr öýtmändim. – Tussag Jumaýew! Hany aýak çek – diýip, Weli yzymdan gelşine, maňa buýruk berdi. Durdum. – Men saňa töweregiňe seretmek bolanok – diýip, aýtdym ahyry, Gulagyň kermi seň! Oglanyňy – diýip, paýyş sözler bilen heňkirdi. Weli onuň bilenem oňmady, ol bar güýji bilen sag elimi gaňyryp tas döwüpdi. – Ýör! Şatyrdap döwülip barýan elimiň awysyna çydap bilmän buruljyrap, Weliniň gapdaly bilen düwdenekläp, uçaýjak bolýardym. Ol meni türmäniň baş korpusyna girilýän ýerdäki gapylaryň birine südürläp saldy. Bu kiçijik otagyň äpişgesi gözenekli, agzy demir gapyly bolup, içinde ýekeje stol bilen iki-de oturgyç bardy. Oturgyçlaryň birinde bir adam otyrdy. Ol orta boýly, etli-ganly, depesi boşap ugran çal saçly. Eginlek adamy men tanadym. Ol sudýa Anna Gurbanowdy. Sudýa henizem elimi sypdyrman, eden işinden göwni hoş bolşundan lezzet alyp duran gözegçä ýüzlendi. – Weli, näme, žurnalist seniň diýeniňi etmejek bolýarmy? – Ýaltaklap, iki gözi töwereginde. Bu deýýusy şeýdäýmeseň, ýöne gören zadyny ýazjak bolup dur. Geleli bäri eýýäm dört gezek arza ýazdy, doňuz? – diýip, Weli beleň alyp, elimi has beter towlady. Tas gözüm ýere gaçypdy. – Nätýäň-ow sen! Men saňa näme etdim, käýeşdimmi, sögüşdimmi? Gykylyk etdimmi? Elimi döwme netiň bolmasa, goýber – diýip, jabjyndym. Weli gaýtam özüniň güýç-kuwwatyny görkezmek isleýän ýaly, bir goly bilen ýeňsämden basyp, beýlekisi bilen ganatymy gaňyrmak gaňyrýardy. – Weli! Sudýanyň nejis gözegçä näme yşarat edenini welin, aňmadym. Elim boşady welin, indi Weli ýakamdan jüpläp tutup şatyrdadyp boga-boga südürläp, edil sudýa Gurbanowyň gabat garşysyndaky oturgyçda oturytdy. – Anna Gurbanowiç! Ätiýajy elden bermäň. Şu haýwandan her zada garaşaý – diýip, Weli bileklerimi kişenledi... Weli gözegçi çykyp gitdi. Biz sudýa ikimiz ikiçäk galdyk. – Halyň niçik, habarçy! – diýip, sudýa maňa ýüzlendi. «Meniň ýagdaýym bilenem gyzyklanjak adam bar eken-ow» diýip, bir bada begendim. Ýöne welin, sudýanyň entek bary-ýogy aýdan şu üç sözüniň hersiniň özboluşly bir intonasiýa bilen ýaňlanmagy kelläme gelen ýokarky pikirlerimi bada dargatdy. – Sag boluň, graždanin sudýa. Siziň «adalatly» çözgüdiňizden bäri ýaman däl. Ýagdaýlaryň goýudygyny häzir gözüňiz bilen gördüňiz ahyryn. Elbetde, maňa berilýän bu jezalar hem siziň akyl elegiňizden ötüp, dörän adyl hökümiňiziň bir bölek bolsa gerek. – Dogry düşünipsiň, graždanin Gurban. Ara dymyşlyk düşdi. Sudýa gürrüňi nämeden başlajagyny bilmeýän ýaly dymdy. Soňra gözlerini çüýjerdip, ýüzüme çiňňerildi. – Sen entek näme görüpsiň, indiden soňra gör, oýny. – Graždanin sudýa! Maňa beýle ýowuz daraşmaga sizde näme esas bar. Asyl, biz ikimiziň ýolumyzyň galtaşan ýeri ýok. – Ýalňyşýan bolaýma, sen asyl meň öňümde aýagyma çolaşdyň ýördüň. Hany gowuja oýlan, ýadyňa düşer. – Ýok, men ýalňyşamok! – Onda men ýatladaýaýyn saňa. Orta guýudaky balykhana ýadyňa düşýämi? – Düşýä. Bu waka, birnäçe ýyl mundan ozal bolupdy. Bir sapar Köneürgenje komandirowka barýarkam, Ortaguýuda çörek iýip geçmeli boldum. Hywa – Sarygamyş aralygynda şaraňlap duran bu ýoluň ugrunda nahar bişirilip, balyk gowrulýardy. Ýeke bir men däl, uzak ýola çykan her kim, bu ýerde säginip, bir käse çaý içip, Jeýhunyň bekre balygyndan doýup geçenini kem görmezdi. Balyk buýurdym. Nobatyma görä balygym geldi. Köpden bäri höwes edýän tagamyma el urdym. Emma, elime alan bölegimi agzyma salsam saldym welin, yzyna çykarmaga utanyp, gözümi ýumdum. Ýuwutdym. Belkäm, agyp-dönüp bir dograýa zaýa bölek tämiz tagamyň içine düşäýendir diýip, ikinji bölege el ursam, ondanam beter. Başymy galdyryp töweregime seretsem, lapy keç bolan ýeke men däl. Stoluň üsti iýilmän taşlanan balykdan doly. Ýazdym. Men žurnalist, wyždan öňünde hasabatym bar. – Sen ol adamy dünýä masgara etdiň. Abraýdan düşürdiň. Çörekden kesdiň. Çagalaryny aç goýduň. – Graždanin sudýa. Ol kezzap satyjynyň saňa näme dahyly bar – diýenimi bilmän galdym. – Dahyly bar, dahyly. Arman, bihabar galdym. Ýogsam, şo wagt seň öňüňden çykjag-a. Ol adamyň kimdigini bir bilýärmiň? – Ýok. – Ol meň aýalymyň dogany. – Bolsa bolupdyr-da, jenaýat eden bolsa jogap bersin. – Sen näme, özüňi jenaýatçy hasap edip türmede otyrmyň? – Elbetde ýok. Şonuň üçinem, men siziň çykaran esassyz hökümiňiziň, ýatyrylmagyny talap edip ýokary suda şikaýat ýazdym. Sudýanyň bir zada keýpi tutýan ýaly galkyndy. Şepagatsyz ýüzi gülüp gitdi. – Ine gördüňmi? Ýene-de gezek mende. – Nämäniň gezegi sizde? Graždanin sudýa, onsoňam, siz eliňizden gelip biläýjek zady etdiňiz ahyry. Mundan artyk sen maňa näme etjek?! – Seniň ykbalyňy kesgitlemek nobatyny tä sen ölýänçäň elde saklajak. – Siz meniň ykbalymy bir kemsiz kesgitlediňiz. Asyl kemi ýok. Graždanin sudýa! Siz kommunistmi? – Graždanin tussag! Bu ýerde soragy diňe men berýän. Düşnüklimi? Sen diňe özüňe berilýän soraglara «ýok» ýa-da «hawa» diýip, jogap bermäge ygtyýarly. Sudýanyň pikirini bölüp ony esasy meseleden sowjak bolmaň – diýip, ol ençe ýyllap endige öwrülen kada boýunça hökmürowan gürledi. – Ynha, seniň arzalaryň – diýip, bir tonna kagyzy papkasyndan çykardy. – Bu nähili, men senden wezipesi ýokary adamlara ýazdym-a bu arzalary. Arzam nädip size düşýär? – Kanuna laýyklykda, graždanin. – Beýle kanun ýok, graždanin sudýa. – Ýalňyşýarsyňyz, Siz özüňiz hakda sud mejlisiniň çykaran hökümini okadyňyzmy? – Okadym. – Okan bolsaňyz, şol hökümiň iň soňky jümlesinde ine şeýle sözler bar. «Eger-de, sud edilen adam, suduň özi barada çykaran höküminden närazy bolsa, ol on günüň dowamynda şol suduň üsti bilen şikaýat edip biler» diýlen jümle bar. Şeýle gerek? – Şeýle. – Şeýle bolsa, germesatan bol. Asmanyňy ýere çek! Başyňy oda-köze ur! Tä-ä, galamyň döwülýänçä ýaz! Parhy bolmaz. Ýerdäkiler-ä beýle dursun, dadyňy hudaýa ýetir. Ýene dolanyp maňa geler. Ine, gördüňmi, seniň ýüregiňe daş baglap ýazan arzalaryň meniň elimde. Gurban, ýeriň üstünde seniň üçin ýeke-täk hudaý bar, olam men. Anna Gurban sudýa. Meniň edenim edlen, diýenim diýendigine düşdüňmi? Entek howlukma, gözüň nämeler görer. Men birhili boldum. Gahardan ýaňa bedenim sowap, gözlerim garaňkyrap gitdi. – Bu nähili beýle bolýar? Men-ä seniň men hakda çykaran hökümiňiň adalatsyzlygy barada arz edýän. Seniň eden etdiligiňe seretmeli guramalaram, gaýtam, seniň eden-etdiligini gutlaýan ýaly, arzalary toplap eliňe berýär. Eý taňrym! Bu düýşümmi, ýa-da huşum. – Huşuň, Gurban, huşuň! Sen entek bir salym sabyr et. Gapan eýesini tanadarys saňa – diýip, ol öňünde ýatan kagyzlaryň arasyndan saýlap birini eline aldy. – Aždarhanyň jany ýumurtgada bolsa, seniň janyň ine şu kagyzda. Ol kagyzyň nähili gudratly zatdygyny bilesim gelse-de, gozganmadym. Hatda sesimem çykarman dymdym. Meniň bolşumy sudýa halamady. Belkäm, ol meni nämedir bir zada puşman iýdirip, öňünde ýaýapladyp, iki bükülip, dyza çökmegimi isländir. Ony men başarynmy? Sudýa hem şony aňan bolsa gerek. Ol ýerinden turdy-da, keýtikläp kagyzy okap bolaýjak aralyga getirip, bihaýalyk bilen meniň gözümiň, öňüne tutdy. Men maňa öňden tanyş o protokoly derrew tanadym. * * * ....O wagt men «Garagum gurluşykçysy» gazetiniň jogapkär sekretarydym. Gazetiň özboluşly hysyrdysy bilen gümra bolup otyrdym. Telefon jyňňyrdady. – Alo, men sizi diňleýän. – Gurban, bi senmi? Sesi tanadym. Iwan Semenowiç jaň edýärdi. Ol wezipeli adam. Özem ýokary statusly edaralaryň birinde işleýärdi. – Salowmaleýkim, Iwan Semenowiç! – Gurban Jumaýewiç! Saňa meniň ýanyma gelmek üçiň näçe minut gerek – diýdi. Redaksiýa Alişir Nowaýy köçesi bilen Podwoýskiniň burunda ýerleşýärdi. Barmaly ýerim o diýen uzak däldi, pyýada bir käse çaý içim aralyk. Telefon trubkasyny goýdum-da, ýola düşdüm. Ýola düşsem düşdüm welin, näme üçindir, kalbyma howsala aralaşdy. Sebäbi bu edara aňsat-aňsat, gowulyk üçin adam çagyrmazdy. Soňky hepdede gazetde çap edilen makalalaryň hemmesini diýen ýaly, ýekän-ýekän göz öňüne getirip, olar- da gozgalýan meseleleri birin-birin seljerip ýöräp barýan. Göwnüme bolmasa, hemme zat gülala-güllük. Müňkürlik edere zat ýok. Suratlaram şeýle, ýa-da harp ýalňyşy gidip, bir bolmasyzlyk ýüze çykyp, söz düzümi üýtgäýdimikä? Beýle bolmagam mümkin däl. Garaz, dürli pikirler kelläme gelip, başym-gözüm aýlanyp gitdi. Barmaly ýerimiz girelgesinde uzyn boýly, saçy agam bolsa gaşy sary, agajet, kak çekge Iwan Semenowiç meni garşy aldy. Gapyda duran nobatçy milisioner maňa salam berip, dub agajyndan ýasalan äpet gapyny açyp içeri saldy. Ýüzüne haly düşelen basgançaklar bilen biz ýokarky gata galyp saga sowuldyk. Iwan Semenowiçiň kabinetiniň gapysy açyk durdy. Ol maňa oturam diýmän, stoluna golaý baryp öňden taýýar duran, daşy bukjaly bir kagyzy uzatdy. – Me! Özüňem derrew ugra – diýdi. – Iwan Semenowiç! Bu hat näme? Men nirä ugramaly? – Otur şu ýerde, oka, onsoň näme etmelidigini saňa düşündirin – diýdi. Haty bukjanyň içinden çykardym. Ol ýönekeýje depder kagyzyna ýazylypdyr. Mazmunam bir geňsi. Inim digläp gitdi. – Indi düşnüklimi? – diýip, henizem ýerine geçip oturman, garşymda, dik duran ýaşuly sorady. – Düşnükli, Iwan Semenowiç! Ýöne bu ýerde gazetiň näme dahyly bar. Onsoňam raýonyň derňew organlary bihabarmyka bu işden? Iwan Semenowiç meniň soragyma jogap tapmaýan ýaly, bir bada dymdy. Gözlerini tegeläp bir nokada seredip durşuna jogap berdi. – Bize ýazypdyrlar gerek. Biz arza hökman seretmeli. Derňemeli, jogap bermeli. – Eger-de derňew organlary bu iş bilen meşgullanýan bolsa nätjek? – Ol biz üçin gowy-da. Onda şeýle diýer-de jogap bereris. Garaz, ýola düşdüm. Meniň barmaly ýerim dag etegindäki raýonlaryň tarp ýerlerde açylan sowhozlarynyň biridi. Aşgabatdan gijräk çykamsoň, barmaly ýerime ýetýänçäm, edaralar ýapylyp, iş wagty gutarypdy. Şonda-da ýol maşyny bilen sowhoza ugradym. Sorap-idäp, sowhozyň partiýa guramasynyň sekretaryny tapyp, onuň bilen bilelikde arza ýazany öýüne bardyk. Giň howly. Reje bilen ekilen bag. Täze jaýyň eýwany düşekli, näme üçindir telewizoryň ekrany ýapyk durdy. Öý eşiginde öňümizden çykan ýaşuly bizi hormat bilen garşy aldy. Biz eýwana geçip oturdyk. Saglyk-amanlyk soraşylandan soňra, men elimde göterip gelen ses ýazýan apparadymyň kisesinden çykaran hatymy ýaşula uzatdym. Ýaşuly özüne ozaldan tanyş bu bukjany gören öý eýesiniň reňki üýtgedi. Gussadan doly gözlerini bizden gizläp, üsgürindi. Üsgülewik gitdigiçe güýjäp, birdenem çaşdy ýatyberdi. Partorg oturan ýerinden gozganmadam. Men welin, näderimi bilmedim. Belanyň körügi özüm ýaly, hem utandym, hem aljyradym. Gojanyň başyny galdyryp, ony dyzymda sakladym». Boýy gysga, gözleriniň şöhlesi peselen oral aýal adamsynyň ýagdaýyna belet bolsa nätjek, ol ýaşulynyň burnuna naşatyrly pagta tutup, ony derrew özüne getirdi. Öý eýesini içki otagda ýatyrdyk. Nätjek, aýylganç-da bolsa hakykat hakykat-da. Gyzyň ejesi Göwher daýza-da, namysyna deglen maşgala Ogulnur-da ýagdaýy bolşy ýaly, jikme-jik gürrüň berdiler. Men eneli gyzyň nalyşyny ses ýazyjy apparadyň kassetalaryna bolşuny bolşy ýaly ýazyp alyp, giç agşam şähere gaýtdym. Şähere gaýdýan asfalt ýol kanalyň bu töwerekde ýeke-täk geçelgesi bolan uly köprüden geçýärdi. Men, eşiden gürrüňlerimiň täsirinden çykyp bilmän gelşime, näçe ýol geçenimi-de aňmandyryn. Birden ýüzümize tutulan yşyk meni özüme getirdi. Maşyn durdy. – Salowmaleýkim! – Waleýkim essalam! Gelip meniň oturan gapymy açan adamy tanamasam-da, maşyndan düşdüm. (Men bu hereketime soň ökündimem, welin parhy näme.) Emma, gözlerime ynanmadym. Maňa salam beren ýigit ýeke däl ekeni. Biziň maşynymyzyň yşygyna tarap bir topar adam gelýärdi. Men olaryň hemmesini diýen ýaly tanaýardym. Ýaşyl köýnekli, başy saman şlýapaly ýaşuly raýonyň prokurory. Onuň gapdalynda ak neýlonly, dag ýaly bolup duran kişi sowhozyň direktory Joşgun Kulyýewdi. Arza-da şonuň etmişleri hakda ýazylypdy. Jenaýatçy hem şoldy. Bu ýerde, milisiýanyň polkownigi Durdy Nyýazow hem bardy. Beýleki dört-bäş adamy tanamadym. – Ýeri, habarçy! Bu ýeriň-ýurduň eýesi bar. Geleniňi-gideniňi bize habar bermän, edeniňi edip ýörsüň-ow? – diýip, milisiýanyň naçalnigi Nyýazow hyňrandy. Durdy Nyýazowyň äheňini halamadym. – Men «Garagum gurluşykçysy» gazetiniň işgäri, Durdy, Nyýazowiç. Gazet içeri işler ministrliginiň organy däl. Onsoňam... Men milisiýanyň raýon böluminiň naçalnigine ýene-de bir zat diýmek isledim. Emma, raýon prokurory Mele Myradow meniň sözümi böldi. – Bolýa, şeýlemiş diýeli. Oňda sowhozyň direktoram seniň sowhozda näme işler bitirip gaýdanyňyzdan bihabar. – Gerek bolsa, biz sowhozyň direktoryny habarly edäýeris – diýip, jogap berdim. – Mele Myradowiç! Gadyrdan, howlukmam, düşünşeris-le. Habarçy bilen gürleşmäge bizde entek wagt köp. Gowusy, ýörüň gideli – diýip, polkownik meniň goltugymdan ykjam tutdy. – Siz ugraberiň, meniň maşynym bar – diýip, men olar bilen gitmejek boldum. Emma, direktoryň ýaranlary meni erkime goýmady. – Goýber partoragyň maşynyny. Gaýtsyn yzyna. Meni şähere alyp gelýän maşyn «gijeki hossarlarym» bilen dilleşikdi ýaly derrew yzyna öwrüldi. Pyýada galdym. – Joşgun Kulyýewiç! O maşynda meniň goşum bar – diýdim. – Hydyr! – diýip, direktor seslendi. – Hä, Joşgun Kulyýewiç! Şo badyna direktoryň öňünde bir jahyl peýda boldy. Ähtimal, şofýor bolsa gerek. – Gurtgeldiniň maşynynda myhmanyň goşlary bar. Şofýor ýigit salymyny bermän hojaýynynyň buýrugyny berjaý etdi. Ol meniň reportýorym bilen sumkamy getirip, meniň münen täze maşynymyň bir ýerlerinde ýerledi. – Sür! – Nirä? – Öýe. * * * Maşyn uly ýoly baglap keserip durşuny üýtgedip, göneldi ýüzüni garaňka tutup şähere tarap ýöredi. Ara dymyşlyk düşdi. Ogulnuryň kyssasy meni ýene-de erkime goýman özüne çekdi. Sowhoz posýologyndan ep-esli aralykda ýerleşýän meýdan düşelgesiniň bu wagt gerek däldigini, prokuror bilmedimikä? Punkytyň töwerekdäki bakja ekinleriniň ýygnaljak wagtyndan heniz irdigini ol aňmadymyka? Brigadir «düşelgäni syryp-süpürip, tertibe salmaly» diýip, Ogulnuryň ýeke özüni ol ýere diňe direktoryň buýrugy boýunça eltip gaýdandygyny, aýdyp dur-a? Bu soraglar meni-heýjana getirýärdi. Üstesine-de, prokuroryň jenaýatçy bilen bir maşynda şapba-da şupba bolşup ýörmegi, asla, kada-kanuna sygmajak zat ahyryn. Ýa-da bu zatlar ýörite guralan bir töhmet bolaýmasyn. Bu pikir gulaklarymy şaňlatdy. Onda ýarym, sagat mundan ozal meniň, gören-eşiden zatlarym näme bolýar, hut şeýlemişem diýeli. Ýöne raýon ýolbaşçylaryň köpri saklap, meni beýdip garakçy tutýan ýaly gije garşylamaklary näme? Bu ýerde bir «emmanyň» bardygyny süňňüm syzyp dur. – Joşgun Kuliýewiç! Mümkin bolsa, meni myhmanhana bir golaýladyň – diýenimi duýman galdym. – Häzir, bize bararys, bir käse çaý içeris. Ine, onsoň seni myhmanhana eltäýeris. Isleseň, bizde ýat – diýip, direktor mahmal sesi bilen adaty jogap berdi. Prokuror welin, biziň gürrüňlerimizi eşitmeýän ýaly sesinem çykarmady. Nireden, nähili, haýsy köçe bilen gidip barýandygymyzy men size aýdyp biljek däl. Gijäniň tümlügi diňe bir töwerek-daşy däl, eýsem öňümden, yzymdan barýan maşynlaryň, reňkini, meni töwerekläp oturan adamlaryňam ýüz keşbini, egin-eşigini gizleýärdi. Göwnüme bolmasa, gijäniň göze dürtme bu tümlügi hut şu adamlar tarapyndan dörediläýen ýalydy. Garaz, biz direktoryň öýüne gelip düşdük. Daşyndan göräýmäge ýönekeýje bu ymarat şäheriň çet köçeleriniň birinde bolup, at gaýtarym meýdany tutup otyrdy. Öňümde Mele Myradow, yzymda milisiýanyň naçalnigi polkownik Durdy Nyýazow. Iň soňunda hem öý eýesi. Men howlyny ortalaberende aýak çekdim. – Meniň reportýorym bilen sumkam galdy, şony bir alaýyn – diýemde prokuror meni saklady. – Ýa walla, senem-aý, bar-a ýigitler. Arkaýyn bol, getirer. Ýör! – diýip, elimden çalaja çekip, yşarat etdi. Daşarynyň salkyn howasyna seretmän, içeri girip, giň eýwanda, öňden ýazylgy duran saçagyň daşynda çökdük. Tabaklaryň nahary sowapdyr. Bulgurlaryň boşy-da bar, araklysam. Diýmek, bu saçagyň başyndan adamlar ýap-ýaňyja turan bolsalar gerek. Haýal etmän orta ýygnalyp, nahar täzelendi. – Alyň, alyň myhman! – diýip, öý eýesi maňa mürähet etdi. Göwünli-göwünsiz iýen boldum. Bulguryma arak guýuldy, bir owurt içdim. – Myhman sizden habaram soramadyk. Asyl siz «barýan» diýip, jaňam etmänsiňiz. Biz asyl bar zatdan bihabar. Raýonda ýygnak boldy-da, oba gidip bilmedim. Giç boşadym. Häli öýe gelip öňümize nahar alan badymyza partorg til etdi. Onuňam-a ýüregini ýarypsyň – diýip, direktor gürledi. Onuň bu adaty äheňinde uly ynam, hem-de arkaýynlyk duýulýardy. – Şular ýaly, gykylykly mesele bilen geleniňizde, ilki bilen prokuratura giderler. Raýkoma habar bererler. Raýkomyň ýagdaýyna bizden belet adam kimmiş ol. Biri «derňewçi men», biri «barlagçy men» ýene biri habarçy men» diýip islän zadyny edibersin, bolmaz ahyryn – diýip, Mele Myradowiç gönüden-göni maňa nägilelik bildirdi. – Mele Myradowiç, siziň, bu diýýäniňiz dogry. Ýöne gelşim bioňaý gyssag hem-de giç boldy. Raýon merkezine gelip düşemde, edaralaryň iş wagty bir eýýäm gutarypdy. Artykmaç wagt ýitirmedim-de, göni sowhoza geçip gitdim. Ýöne bu zatlardan raýkomam, raýonyň derňew organlaram habarly bolsa gerek. Meniň bu sözüm diňe bir öý eýesine däl, asyl oturanlaryň hiç birine ýaramady. Prokuror gyşaryp ýatan ýerinden diklenip, ýüzüme çiňňerildi. – Gurban Jumaýewiç! Biz ähli zatdan habarly, bu wakany ýörite derňedik. Barlag netijesinde şikaýatçynyň arzasynda görkezen faktlar tassyk bolmady. Bu barada medisina ekspertizasynyň kesgitlemesi hem bar. O gyzyň özi dereginde bozuk bolsa nätjek. Bu zatlar jemgyýetçilik zähmetine gatnaşmazlyk neti bilen sowhozyň direktoryna edilýän töhmet. – Töhmet. – Töhmet – diýip, prokurora derek milisiýanyň naçalnigi jogap berdi. – Bize gelip gowşan arzada jebir çeken özüniň horlanylyşyna, derejede namysyna degilişi, egin-eşikleriniň tüýdim-tüýdim edilip, geýer ýaly ýeriniň galmandygy hakda ýazýar. Zenan ýalazy meýdanda ýalaňaç galýar. Hernä azotdan boşan bir ýyrtyk kagyz haltany köýnek edinip, göze görünmän, il aýagy ýygnalansoň, gijäniň ýarymynda öýlerine gelipdir, ýagdaýynyň şeýledigini obada görenem bar. Men olaryň hemmesini magnitofon lentasyna ýazyp aldym – diýemde, oturanlaryň keýpi gaçdy. Ähli zat duran-duran ýerinde doňup galdy. Men «dile geldi, bile geldi» edip, sözümi dowam etdim. – Siz, medisina eksperti faktlary tassyklamady diýýärsiňiz. Jebir çeken aýal welin, bu zady tersine diýýär. Ogulnur şo gije oba felşerinden kömek sorapdyr. Ýörite barlagdan geçipdir. Feldşer Fatyma Hala zenanyň egin-eşiginiň ýyrtylşyny, tenine düşen ýaralary, onuň namysyna degilip zorlanandygyny tassyklap, ýörite «Akt» ýazypdyr. Akt arza çatylyp size, prokrotura tabşyrylan bolmaly. Prokuror aşagyna suw giden ýaly gobsundy. Onuň bilen hem ynjalyp bilmän burç ýuwudana döndi. Yzly-yzyna ýuwdunyp: – Ýalan, bizde olar ýaly zat ýok – diýdi. Öý eýesi welin bu sözleri eşitmedik ýaly arkaýyn bulgura arak guýýardy. – Size baran arzany kim ýazypdyr? – diýip polkownik Nyýazow ara düşen tagaşyksyz ýagdaýy pozdy. Men diwar etegindäki diwanyň üstünde goýlan sumkamy açyp, alan hatymy Nyýazowa uzatdym. Milisiýanyň naçalnigi haty menden alşy ýaly hem prokurora berdi. Prokuror haty okajagam bolmady, ony iki bükläp jübüsine saldy. – Mele Myradowiç! Haty maňa gaýtaryp beriň! Bu haty Merkeziň sekretariatyndan" hasabat kitabyna gol çekip, aldym. Barlagdan soň ony yzyna gaýtaryp bermeli. – Haty «prokurotura alyp galdy» – diýip, aýdaýgyn. Gerek bolsa, sekretariýata biz özümiz tabşyrýarys – diýip, prokuror öňünde doly duran konýakly bulgury başyna çekip goýberdi. Başym-gözüm aýlandy. Meni töwerekläp oturan bu adamlar hökümediň ynam bildirip, halkyň öňbaşçysy edilip, partiýa tarapyndan goýlan wezipeli adamlar. Meniň bu ýerde bulara şübhe bildirip, ýakalaşyp oturmagym biedeplik boljakdy. Aşgabada gelip, redaksiýada arkaýynçylykda gören-eşiden zatlarymyň täsirlerinden howul-halat. däl-de, paýhas eleginden geçirip, soň netije çykarmagy net edip daňa golaý düşe- gime geçdim. Emma, öý eýesi meni ir turuzdy. – Gaýtjak bolsaň, poçta samolýotynyň geler wagty boldy. Göni aeroporta baryber. Saňa ýer goýuldy – diýip, öý eýesi, sowhozyň direktory Joşgun Kulyýew howlukmaçlyk bilen «işe» diýip, çykyp gitdi. Köçä çykdym. Barsam samolýot gelipdir. Gapysy açyk dur. Bir elimde sumkam egnimde reportýorim, «gijä galaýypdyryn» öýdüp ylgadym. Emma, samolýota münülýän merdiwanyň ýanynda duran iki adam meniň ýolumy ýoklady. Men olardan sowulyp geçjek boldum. Gara köýnekli, gara äýnekli, başy ýalaňaç ýigit elimdäki sumkama ýapyşdy. Onýança beýlämden hem biri gelip jübüsinden şahsy kepillik knižkasyny çykaryp, milisiýanyň işgäridigini aýtdy. – Meni ýolumdan saklamaň. Samolýot häzir uçar. Goýberiň! Onsoňam, siziň menlik näme işiňiz bar – diýdim. – Ýör graždanin, dokumentiňizi barlaly, siziň kimdigiňizi anyklanymyzdan soň saklamarys. Bagyşlaň, biziň işimiz şeýle-dä. Meniň girre gaharym geldi. Emma, milisiýa işgärleri bilen dawa etmegiň bu wagt ýeri däldigini asyp, olaryň öňüne düşmeli boldum. Meni aeroportuň kiçijik otaglarynyň birine eltdiler. Bu otagda eli kagyz-galamly başga-da bir adam bize garaşyp taýýar otyr. – Familiýaň? – Jumaýew. Sakgal-murty ykjam syrylan, saçyndan ak girip ugran, eginlek adam öňünde ozaldan taýýar edilip goýlan kagyza ýazyp ugrady. Ol, meniň iştymagy gelip çykyşyma degişli maglumatlary resmi suratda sorady. Henizem sumkamy elimde saklap dymyp duran gara geýimlä yşarat etdi. Ol göreçlerini ilden gizläp, kiçijik ýüzüniň ýarysyny tutup duran gara äýnegini çykaryp, gara köýneginiň göwüs jübüsine saldy-da meniň sumkamy çalsaçyň öňünde stolda goýdy-da işe girişdi. – Ýaz! Bize gelip gowuşan telefon habary esasynda Aşgabada uçýan poçta samolýotyna münjek bolup durka graždanin Jumaýew Gurban, raýon milisiýa bölüminiň inspektory Toýly Osmanow tarapyndan saklandy. Graždanin Jumaýewiň elinde şu aşakdaky goşlar bar: ses ýazylýan ýörite reportýor – magnitafon köne, zawod nomeri 500073. Ol ýörite gapda saklanylýar. Gapdalynda iki kasseta bolup, olar plýonkadan doly. Magnitafonyň gabynda başga artykmaç zat ýok. Ikinji: sumka, sumka zawot tarapyndan taýýarlanan bolup... – Siz meni näme etmekçi bolýaňyz! Bu edýän işiňiz näme? Siz meni kimdir öýdýäňiz – diýip, gara geýimliniň sözüni böldüm. Gara geýimli maňa gulak asmady. Ol sumkamyň syrma gulpyny açdy-da, içini dörüp ugrady. – Sumkanyň içindäki zatlar: Bir sany desmal, diş ýuwulýan, öýde geýilýän şypbyk, içki geýimler. Bir kitap, edebiýat žurnaly – diýip, meniň sumkamdan çykarýan zatlaryny birin-birin gözden geçirip, stolda däl-de, boş oturgyçlaryň üstünde seteran goýýardy. O zatlary men ilkinji gezek görmeli däldim. Bular meniň hut öz zatlarym ahyryn. Komandirowka gaýtmazymyzyň öňüsyra özümjik sumkama salypdym. Indi oň içinde başga zat bolmaga haky ýok – diýip, durkam, inspektor sumkamdan ýene-de bir zat çykardy. Gazete dolangy bu küti zady men ilkinji gezek görýärdim. Inspektor meniň ýüzüme dikanlap seretdi. – Bu näme? – diýip, sumkadan çykan maňa näbelli zada geň galdym. – Seret, munyň mekirdigini. Sen oglanjyk, bizi oýnajak bolma. Bu sapar seniň «bijäň» çykdy. Elinje gazete oralypdyr. Özem raýon gazeti. Onsoňam gardaş bu zadyň nämedigini bizden sorajak bolma. Sen jogap ber – diýip, ol saman içinden agtarýan ýitgisini tapaýan ýaly, başyny galdyrman ýazyp oturan çalsaç zöwwe ýerinden turup, bir gapdalda bolup geçýän zatlary synlap duran oglana sumkadan çykan zatlaryň suratyny almagy buýurdy. Göwnüme, dabanymyň aşagynda ýer süýşýän ýaly boldy. Inspektor ellerinde tutup duran paçka-paçka pullary maňa tarap uzadyp, somlap-somlap hemle urdy. – Bu näme? Tisginip gitdim. Inspektoryň haýbaty bir bada howumy basdy. – Me... men, men-ä bilemok. – Şeý diýsene. Sumkaňda zat bor-da, heý, ony bilmezmiň?! Aýaklarym göwrämi götermän, boş kürsüleriň birine özümi goýberdim, Ara dymyşlyk düşdi. Gowurgasyny döken çaga ýaly bolup oturyşyma, kabinetiň içiňde nämeler bolup, kimiň gelip, kimleriň gideninem bilemok, bir görsem hümer dargapdyr, çalsaç bilen iki çäk otyrys. – Ahyry ele düşdüň gerek, kezzap! Ýüpüm guýa gaçan ýaly ýuwduna-ýuwduna oturyberdim. – Ýygna zatlaryňy! Sülçüniň şaňňy sesi gulaklarymyň içinde gora gömülen ýumurtga bolup partlady. Turdum. Hemişe tenime ýakymly duýulýan ýol eşiklerimi indi elime ýylan ýaly degse-de, olary çalam-çaş bolup ýatan ýerinden ýygnap, sumkama salyp ugradym. – Jan agam!.. Öten-geçenimden, müşti-minýatymdan, wyždanymdan ant içmäge taýýar, bu pullar meňki däl. Bular ýaly ummasyz baýlyk mende öňde-soňda bolmandy, bolubam bilmez, men haýran. Bu pullar bu sumka nädip düşdükä? – Howlukma, ine oýam saňa aýdarys. Sen sowhozyň direktoryny masgara etmek üçin ýörite guralan töhmedi, dogry hasap edip «gazete feleton ýazjak» diýip, ony gorkuzypsyň, dogry gerek? Dogry Joşgun aga bir atly-abraýly adam. Seniň bilen deň bolup, özüni bigünä masgara etmezlik üçin, bialaç saňa bu pullary para bermeli bolupdyr. Aý pekge, indi düşnüklimi? Men ukudan oýandym, nämäniň-nämedigne derrew düşünüp, özümi dürsedim. – Ýalan, ýalan! – Ýalan däl. O nähili ýalan bolsun. Ilki bilen-ä bu pullar «meniňki däl» diýip, özüňiz boýun aldyňyz. Muňa nähili düşünmeli? Üstesine-de, size şo pullary beren adamyň ýazmaça görkezmesi bar. Ine. Gerek bolsa sizi Joşgun aga bilen ikiçäk, ýüzleşdiribem bileris – diýip, sülçi howlukman, jogap berdi. – Töhmet, töhmet – diýip, men ýene-de ör-gökden geldim. Şol wagt gapydan giren daýaw milisioner awyny gören gaplaň ýaly gapdalymda häzir boldy. Onuň iýerli nazaryna gözüm düşende, depe saçym üýşüp gitdi. Meniň bilen oýun edilmeýändigini şu ýerde aňyp galdym. Ýöne, näme üçindir sülçüniň yşarady bilen ol zeberdes milisioner girişi ýaly hem daşaryk çykdy. Sülçi şol bir asuda ýagdaýyny pozman içime, ot salýan soraglaryny yzly-yzyna sugşurýardy. Asyl, maňa gepe-söze gezek bermän aljyradýardy. – Ine, şu seni tussaglyk astyna almak üçin ýazylan order. Diňe gol çekäýmeli. Soňra seniň dadyňa ýeten tapylar öýdemok. Men gözlerimi tegeläp oturşyma onuň bilen ylalaşdym. – Agam, indi men näme edeýin? Nämede özümiň bigünädigimi subut edip bilerin. – Ol asyl mümkin däl. Bardy-geldi, bu pullar özümki diýäýseňde bolanok, sebäp diýseň, pullary nomerläp paçka-paçka daňan özüm. Saňa berilmezden ozal suratynam aldyk. Ýüregim, öýken-bagrym bilen bilelikde ýolnup ýere gaçdy. Gözlerim peträp owamdan çykyp barýan bolsa gerek. Sülçi maňa seredip bilmän, ýüzüni kese-kese sowdy-da, stakana suw guýdy. – Graždanin Jumaýew, seniň bilen ýaňkalaşyp oturmaga meniň wagtym ýok. Ýöne bilip goý, bizem adam. Saňa ýamanlyk etme netimiz ýok. Başarsak, seň ýaly birine kömek etsek, şony özümizem kem göremizok, Saňa bu çykgynsyz ýagdaýdan gutulmaga ýekeje şert bar. Ine saňa kagyz, ine galam. Ýaz. Özem diňe meniň diýen zatlarymy ýaz. «Hile-de bir batyrlykdyr ýerinde, ony başarmaga ýigit gerekdir». Diňe meniň aýdanlarymy ýaz. Özüňden ýekeje jümle goşsaň bolmaz – diýip, sülçi oturan ýerinden maňa diktowka edip başlady. «Sowhozyň direktory Joşgun Kulyýewiň üstünden ýazylan arza raýonyň degişli guramalarynyň wekilleriniň hem-de redaksiýanyň bölüm müdiri, men – Jumaýew Gurbanyň gatnaşmagynda ýörite komissiýa düzülip ýerinde derňeldi. Barlag netijesinde arza-da, görkezilen faktlar tassyk bolmady. Kommunist Joşgun Kulyýewe töhmet atyp, onuň abraýyna zeper ýetirmegi maksat edinen graždanin Ogulnur Penjiýewanyň üstünden jenaýat iş gozgamagyny raýon prokuroturasyndan soramaly... – Ellerim saňňyldap gözümiň öňünde perde peýda boldy. Ýekeje söz hem ýazyp bilmän oturyberdim. Ýagdaýymy aňan sülçi maňa özümi dürsemäme maý berip, çilim otlandy. Soňra ol: – On ýyl türmä gitjekdigiňe gözüň ýetip durka, seniň şujagaz hat üçin ikirjiňlenjek bolşuňa, men haýran – diýdi. – Hany kanun, hany wyjdan, hany hakykat, hany päklik? – diýip, diriň-diriň böküp gygyrybersem nätjek. Sülçi ýerinden turup gapyny açdy. Hälki daýaw milisioner syçan tutjak pişik ýaly kürsäp içeri girdi. Ezenegimden tutup, meni süzmeli meşik ýaly dikledi. Aýagym ýere deger-degmez daşary alyp çykdy. «Kötek güýçli bolsa ýüň gazyk ýere girer» diýýänleri çyn. Daş işikde tussaglary türmä alyp gidýän maşyna gözüm düşüp, haýýatym uçdy. Edil şol pursat Çäşem golak göz öňüne geldi. Ol maňa hemişe adalat ýokdur oglum. «Gowurga dişliniňki, zamana güýçliniňkidir» şony unutmagyn diýende, çaga-da bolsam, goja bilen ylalaşman, köp gezek onuň çaýyny sowadypdym. 1938-nji ýylda GPU-nyň türmesinde ikimiz bile otyrkak, gojanyň diýen sözleri bu gün tassyk boldy. Men şo saparam türmäniň nämedigine göz ýetiripdim. O günler, heý, ýatdan çykarmy. – Gozgan Tilkiýewiç! Men razy. Meniň üçin ýatdan çykmajak bu darajyk kabinete täzeden girdik. Hatyň dowamyny ýazyp gol çekdim. Çünki mende magnitafon ýazgylary hem bar ahyryn. Ýerimden turdum. Sumkamy elime alyp, reportýorymy egnimden asyp, gapa ýetemde sülçi meni saklady. – Dur, dur entek. Hany magnitofonyňy al bäri! Bä-ä, sähel salymyň içinde mumiýa dönäýen ekenim. Hiç hili garşylyksyz magnitafony Gozgan Tilkiýewe uzatdym. Ol reportýory çalasynlyk bilen açdy-da, onuň kassetalarynyň lentalaryny çözläp boşatdy. Men, sülçä «nädýäňem» diýip, bilmedim. Ine, şeýdip meniň iň soňky tutarygym bolan magnitafon ýazgysynam goldan aldyryp, Aşgabada dolanypdym. Mundan bir ýyl ozal bolup geçen bu waka ýyldyrym çaltlygynda göz öňümden geçdi. – Bilýän graždanin sudýa, bilýän. O kagyzdan derek ýokdur. Sen onuň bilen meni gorkuzjak bolma. – Gorkmazmyň! Baý gorkarsyň-a, ýene-de ýekeje gezek arza ýaz. Onsoň görersiň, nähili bolar. Üstüňe ýene-de bir statiýa goşup, ýedi ýylyňy on ýyla düzedäýeris – diýdi. – Graždanin sudýa! Sen maňa, on bäş ýylam berip bilersiň. Ýöne bek belle. Şu eden-etdilikler uzaga gitmez. Ýurdy alahekge soraýan däldir, şony siz unutmaň! Sudýa dymdy. Ol ýel kakan garantga ýaly bir gapdala gyşaryp, keýtik aýagynyň üstünde ep-esli durdy. Birdenem ot basana döndi. Keýtik-keýtik edip, ýene yza ýöredi. Soňra-da meni ýeke goýup, gapydan çykyp gitdi. Sudýa soňra dolanyp gelmedi. Aradan salym geçip Weli petuh peýda boldy. Ol ellerimi kişenden boşatdy. – Hany, ýör! Eliňden erkiň gitse, alaç näme. Boýnumy aşak salyp, Weli petuhyň öňüne düşdüm. Ol meni ötlem-ötlem gapylardan geçirip, başga bir jaýa saldy. Bu bir kiçijik otag. Içi boş. Ýatar-turara ýer ýok. Törde diwaryň eteginde bir zat garalyp ýatyr. Ol meni gören badyna kellesini galdyryp hyňrapdy. Kalbymda aýylganç bir duýgy peýda bolup, gorky döredi. Ýeňse saçym düýrlenip, depämden ýaşyl tüsse çykýan ýaly boldy. Ýagyrnymy gapa diräp durşuma gymyldamadym. It ýarym tümlügiň içinden bir zat saýgarjak bolýan ýaly, ümzügini öňe sozup, gulaklaryny dikeltdi, ýygjamlandy, ýygrylyp aýaklarynyň dördüsini hem bir ýere jemledi. Ol indi meniň üstüme bökmäge taýýardy. «Sakçylar bu ýerde it barlygyny bilýän däldir. Weli petuh ýalňyşýandyr. Ýogsam, bu nätanyş itiň meni iýäýjegini ol bilýändir ahyryn – diýip, gapa ýumruk saldym. Tarkyldyma kimdir biri geler öýtdim, bolmady. Gaýtam bar zat tersine boldy duruberdi. Gapynyň tarkyldysy itiň gaharyny getirdi. Ol bada beleň alyp, üstüme atlandy. Gapy ýumruklap duran golumdan ýapyşyp agzyna aldy. Gan gatyşykly hyllygny akdyryp azm bilen çeýneýärdi. Bir bada ýüregim ýaryldy. Asyl şeýle pursatlarda adam elden-aýakdan düşüp, hereketden galar eken. It welin, keýpine meni ýarýardy. Soňabaka tutan ýerini ýolum-ýolum edip ganymy sorýardy. Üsti-başym jaraw-jaraw, salymyny bermän juldan çykdym. Itiň bir agzy däl, penjesiniň ýiti dyrnaklary-da tenime awy salýardy. Köpek gitdigiçe öwjüne galyp, göwnüme bolmasa, etimdenem iýýän ýalydy. Şol aralykda maý tapyp ýene ýumrukladym. – Dat ýetiň!!! Gapa gelen bolmady. It meni hut alarlady. Gözlerim garaňkyrap, başym aýlanyp ugrady. Birden «it ýatana degmezmiş» diýen gürrüň ýadyma düşdi. Dilkaw-dilkaw bolup etleri sallanşyp duran gollarym bilen başymy gujaklap tükge düşdüm. Gaýtam köpek hezil etdi. Göý-ä ganjyga atlanan ýaly, üstüme münüp egnimiň ýumrusyndan dişledi. Tenime ýaýran ýiti awy öňküleriň dagy çeni bolmady. Beýläme öwrülägeden tutdum itiň bogazyndan. It indi meniň hyýalymy aňdy. Özi bilen oýun edilmejegini duýup, aýgytly hüjüme geçip, agzyny giň açdy. Bokurdagymy çeýnedi. Öläýmek aňsat däl ekeni. Niredendir bir ýerden görülmedik güýç peýda bolup, iti ýokary göterip zyňyp goýberdim. Ol bat bilen diwara degip, çyňsady. Emma yza çekilmedi. Köpek göz açyp ýumasy salymda täzeden topuldy. Bu sapar iti men özüme ýetirmän, ellerimiň ýeten ýerinde garşy aldym. Agzyndan tutup gaňyryp, äňini ýazdyrmak isledim, bolmady. Ýene-de elim itiň agzyna düşdi. Beýleki elim itiň boýnundaky gaýyşdan ýapyşdy. Soňra özüm bilenem, it bilenem nämeleriň bolandygyny bilemok, bir görsem, daşym hümer. Garymdan urulan ukoldan soň özümi dürsedim. – Bu Weliniň edýän işiniň ilkinjisi däl. Ol bir manat üçin adam öldürjek bolýa, bu ýigit jenaýatçy, oňa biziň şübhämiz ýok. Muňa, etmişi üçin sud ýeterlik jeza beripdir. Onsoň, bu edýäniňiz näme. Beýle netikazalyk haýsy kanunda ýazylypdyr. Ýok, men mundan artyk çydap biljek däl. Şu günüň özünde hut ministrleriň ýanyna barjak – diýip, üstüme abanyp, göreçlerime bakyp duran bir aýal uly sesi bilen gygyrýardy. Meň indi bar zada düşündim. Meniň başyma düşen bu towkynaglat hökümediňem, onuň kada-kanunynyňam işi däl. Bu dürli ýollar bilen ynama girip, wezipe eýelän sudýa Anna Gurbanow ýaly harsydünýä, parahor, býurokratlaryň özüniň gara niýeti üçin edýän işleri. Hany adalat, kanun nirede? Hany prokurotura? Hany hukuk, hany ynsanýetlik? Olar nirede? Ýa-da Weli ýaly nejis adamlaryň edýän işlerinden olar bihabarmyka? Kim bilýär? Belkäm, şeýledir. Men çagalykdan bütin durkum bilen welileriň, Anna Gurbanowlaryň, Joşgun Kulyýewleriň garşysyna, göreşip gelen adam. Şol göreşleriň netijesi-de meni şu ýere getirdi. Ýöne bu meniň ýeňildigim däl. Ýok, göreş indi başlanýar. ■ :-DNOMENKLATURA ÝA-DA WEZIPE EÝELERINIŇ HASAPDA DURÝAN ÝERI 1968-nji ýylyň ýaz aýlarynyň bir güni meni mekdebe çagyrdylar. – Bu näme boldugy? Çagalaryň ejesi «bilemok» diýen äheňde, egnini gysyp yşarat etdi. – Ýa-da ogluňyz..? – Bilemok. – O näme üçin bileňok. Mekdepli mesele bilen meşgullanýan özüň dälmi. – Gündeligini düýn barladym. Men-ä kada sygmajak zat hakynda ne bellik, ne ýazgy görmedim. – Meniň kelläme başga bir pikir geldi. Direktor bir alyp-ýolup barýan aldajy aýal. Saňa ýene-de bir iş buýurmak isleýändir – diýip, aýalym oglumyz hakda mende dörän biynjalykly şübhäni dargatdy. – Ýok, besdir. Tanyş goýmadym, dost goýmadym, baryndan mekdebiň remonty diýip, dileg ede-dileg ede bizar etdim. Olaram meniň ýüzümden geçip bilmän, tonna-tonna sement, maşyn-maşyn hek, beton berdiler. Ýene menden mekdebe näme gerekmişin. Şol mekdepde çagasy okaýan her ata-ene biz ýaly bolsa, mekdebi ýykyp täzeden salyp boljak ahyryn. Iň gowusy, men gitmäýin. Sen mugallymlaryň baryny tanaýaň, özüň git. Meniň bu teklibim aýalyma ýaramady. Onuň gara gaşlary çytylyp, giň maňlaýy ýygryldy. Ýüzünde bulut peýda boldy. – Eý tow-beý, muňa seret! Ogluňy okadýan mugallymlary tanamaýan kaka-da bar oguşýan. Ýeri, muňa näme diýersiň. Il eşitmesin. Onsoňam, ähli zady meniň üstüme atjak bolýan, hanha-da ogluň, honha-da mekdep, men halys boldum – diýip, aýalym tasanjyrady. Ýoldaşym bilen artykmaç jedeliň meniň üçin amatly bolmajagyny aňdym. Sesimi çykarman ýuwundym, eşik çalşyp ýola düşdüm. Mekdep biziň öýümizden o diýen uzak däldi. Ýanýol bilen maýdal ýöräp barşyma mekdebe ýetenimi aňyp galdym. – Ýedinji klaslylar nirede ýygnalýarlar? Garysy gök mataly, uzyn boýly, dodagy gyzyl, gaşy gara sürmeli, owasy pökgerip duran kelte saç gelin: – Ata-eneleriň ýygnagy däl-de, duşuşyk bar. Ýokary, uly zala çykyberiň diýdi. – Duşuşyk? – Hawa. Ýekşenbe güni sud saýlawlary bar-a, şol mynasybetli sudýalyga kandidat bilen sowal-jogap duşuşygy geçirilýär. Bar zada düşündim. Oglum hakdaky pikirlerim hem, ýüregimde mekdep direktoryna bolan igenjim-de daşary çykman, şo bada dargap gitdi. Men muňa begene-begene zala girsem ýygnak başlapdyr. Kiçijik münberiň o ýüzünde orta boýly, etli-ganly, içi doly böwen ýaly, betgelşik garnyny gizläp, biri gürläp durdy. Men gapa golaý bolsam-da, ol adamyň repide ýüzünden, duzlanan hyýar ýaly bedroý burnundan, Hywa bazarynyň girelgesinde oturyp el serip dileg edýän galandaryň gulpagy kimin bir çogdam uzyp saçynyň tüýi düşüp, ýalpyldap duran depesinde burum-burum edip towlap goýşundan tanadym. Ol sudýa Anna Gurbanowdy. Şo sapar Gurbanowyň betgelşik göwresi, sallanyp ýatan hebeşi dodaklary, zaly dolduryp duran şaňňy sesi, mende birhili ýakymsyz duýgy döredenem bolsa, onuň ynamly sözleri maňa ýaraman durmady. Ol, meniň zala girmezimiň öň ýanynda kimdir biriniň beren soragyna jogap berýärdi. – Biz halkyň wekili, biz ilki bilen wyždan öňünde, soňra-da siziň öňüňizde borçludyrys. Eger-de sud adalat öňünde ýekeje sapar hata goýberse, ol diňe bir kanun öňünde däl, eýsem ol halkyň, siziň öňüňizde jenaýatçydyr. Beýle adamlara adalatyň ykbalyny ynanyp bolmaz. Biziň gündelik iş tejribämizde gabat gelýän kanun pozmalar hakynda näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Geçen ýylyň dowamynda-bäş satyjy, üç aşpez birem söwdagär sud edilip basyldy. Edara ýolbaşçysyny tankyt edip işden kowulan adamlaryň hem üçüsi işine dikeldildi... Sudýa ýygnagy gülala-güllük bilen tamamlady. Men bu duşuşyga gelip ýitiren wagtyma gynanman öýe gelipdim. Emma, bu gün adalat üçin jiger para, wyždan öňünde dyza çökjek Anna Gurbanowyň bolşy meni serpmeden gaýtardy. Bir adamda iki ýüzüň, iki ýüregiň bardygyna ozallar asla ynanmazdym. Ine, saňa gerek bolsa. Pikir. Hyýallar ýene-de erkimi elden alyp, durmuş pelsepesiniň girdabyna saldy. Joşgun Kulyýewler, polkownik Durdy Nyýazow, Mele Myradowlar hakda ozal köp myş-myşlar il arasyna ýaýrapdy. Emma men olara o diýen bir ynanmazdym. Adalat sudlary, käbir edara ketdeleri hakda ozalam azda-kände öz pikirim bardy. Olar «biz halkyň guludyrys» diýip etjek işlerini arkaýyn edýärdiler. Hakykat ýüzünde bolsa, olar däl-de, biz gulduk. Bu hut iş ýüzünde görnüp dursa-da, edeniň däl diýmäge miltimiz çatmazdy. Şu ýerde bir tymsal ýadyma düşdi... ...Bir gezek sährada gopgun turýar. Haýwanlar basga galyp, topar-topar bolup derýa tarap çapyşýarlar. Harazdan ýaňy boşaýan ýagyr eşek muny görüp haýran galýar. «Be, eýgilik bolsunda hernä. Ýa-da howdan diýdi, zat diýdi, ýene-de adamlar bir hokga çykaryp, derýanyň suwuny kesäýdilermikä? Beýle bolsa, menem bir suwdan doýup galaýyn». Ýogsam, eýäm meni guýynyň şor suwuna ýakar – diýip eşek hem ala-tozan bolup bosup barýan haýwanlaryň yzy bilen eňiberýär. Barsa, derýanyň şo bolşy, towlam-towlam bolup akyp ýatyr. Ýöne haýwanlar welin, kenarda-da aýak çekmän, özlerini suwa urup, derýanyň o ýüzüne ýüzüp geçýärdiler. Eşegem suwa girdi. Ölümiň öýünde suwdan çyksa, iki adam gyra çykan haýwany uly-kiçi parhy ýok, sanap dur. – Togsan dokuz, ýüz, sür olary, o tarapa! Ýüz-de birinisi hol eşek dur. Gaç beýläk, sen indi Nomenklatura – diýip, ony möjek, şagal, tilki dagynyň ýanynda demir gazyga daňdylar. Eşegiň bu bolşa, ýüregi ýaryldy. Hargulak giň sährada otlap ýörkä üstüne onlap-bäşläp gögeýin çozanda-da beýdip aljyramandy. Ol ýüregine daş baglap möjege ýüzlendi. – Dost, siz näme etdiňiz? – Hiç zat. Ynanmady. Sebäbi, il asuda bolsa-da tilki bilen möjegiň mömin gezmejegine ol beletdi. Emma näme üçindir eşek müňkürligini bildirmezlige çalyşdy. – Menem hiç zat. Ýap-ýaňyja harazdan boşadym. Ýeri, sonarly sähra sygmadyňmy diýsene. Hut öz aýajygym bilen gelip o zada, ýaňky, bi, näme, o tüki zada düşdüm duruberdim. – Nomenklatura diýsene – diýip, tilki indi biz bilen ýeriň bir bolar diýen ýaly eşegiň ýüzüne çiňňerildi. – Bagtyň getirdi, gardaş. Indi sen harazdan müdimi dyndyň – diýipdir. Eşek ýene-de hiç zada düşünmän, gulaklaryny sallapdyr. – Eý, taňrym Nomenklatura düşer ýaly men pakyryň näme etmişi barka – diýip, her neneň içini hümletse-de, ol asyl netije çykaryp bilmändir. Ahyry ýüregine daş baglap, «dogumlyjasyndan bir soraýyn-la» diýip, ol möjege ýüzlenipdir. – Dost, senem nomenklatura düşdüňmi? – Hawa. – Indi seni näderler? – Ine, kararym golumda, bellediler. Möjegiň jogaby eşege böwrüni diňletdi. Ol: Özüň möjek bolsaň, baý, bellenersiň-ä, şu ömrüňde gör, näçe goýnuň hamyny serdiň» – diýip, tas aňňyrypdy. Ýene-de özüni töwerekläp duranlaryň kimlerdigine göz ýetirip, zordan saklandy. – Nädip bellediler? – Balyklara şa edip bellediler. – Be...! Eşek möjekden beýle jogaba garaşmadyk bolsa gerek: Geňňirgenip, jonnuk dürresini iki ýana bulaýlaberdi. – Şagal saňa-da wezipe berdilermi? – Hawa dost, men ertirden başlap baş Aýy. – Bä-ä-ä... Meni näderlerkä? Şo pursat äpet bir hüwi gelip, eşegiň sagrysyna gonupdyr-da: – Dost, wezipe gutly bolsun, sen şu pursatdan baş köpek. Şu oýmagyň ähli sürüsiniň eýesi sen – diýipdir. Ine, onsoň kimiň elinde kimiň ykbaly, ony kim bilsin. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |