00:52 Zyndanda ýanan şem -19: Zulum | |
ZULUM
Powestler
– Durmuş bir derýadyr, oglum. Bu derýanyň akymy saňa ýa-da maňa bagly däldir. Çaýlar joşup, tolkun atanda ahmal bolsaň, ol seni girdaba çeker, ýelek kimin gaýdyr, aýlar, öwürer, ahmal bolsaň, ahyry bir gün agzyny açar-da ýuwudar. Eger-de sen biliňi berk guşap, garadan gaýtmaz bolsaň, örküç-örküç gomlaryň depesinden ýer berip, saňa baş eger. Kenara ýetir, Bardy-geldi aljyrasaň, durmuş joşgunlarynyň şagalaňyna maýyl bolup, çalaja sägindigiň besdir, akym seni syndyrar, döwer. Lütüňi çykar – diýip, NKW-däniň ýerzemininde otyrkam Çäşem aganyň diýen bu sözleri, asla, hakydamdan çykanok. Ol hemişe gulagymda ýaňlanyp dur. Hany ol goja? Ykbal ony nirelerden çykardy. Äşe eje beri dirimikä? Ýa-da bigünä ýoldaşynyň gara güni ony-da gaýdan gaýtardymyka? Serediň bolýan zatlara, dek düýnüň özünde şol oba ýörite gitdim. Ejem janyň ýapyk gapysynyň öňünde oturyp-oturyp gaýdybersem nätjek. Ýol Äşe ejeleriň howlusynyň gapdalyndan geçýänem bolsa, sowulman gaýdybersem nätjek. Näme üçin beýtdimkäm? «Bir gün duz iýen ýeriňe müň gün salam» diýmänmidiler. Ýa-da bolup geçen wakalardan soňra towşanýürek boldummykam? Belkäm, «ajyň aňy bolmaz» diýýenleri bolaýdymyka? Eýsem, Çäşem aga golak halyna meni Diwan Peşmegiň zulmundan gorap, bu güne düşmänmidi näme? Ýa seniň bir... Beýle bigadyrlyk maňa kimden miras galdy. Gitdigiçe uzalyp barýan, gahatçylyk süňňüme ornap ysgyn-mydarymy aldy. Injiklerim göwrämi götermäň, döwüläýjek bolýardy. Gaňsagynda el yzlary bir eýýäm ýitip giden uşakgöz galbiri alyp howla çykdym. Ýaz işigiň ýeňsesinde söýelgi duran ýaýjykly kepjämi göterip, mellek ýerimiziň gyrasyndan geçýän ýaba tarap ugradym. Ýaý gündogardan, Kyrkýapdan saka alyp Hanýoly ýakalap deňimizden geçýärdi-de, Harazçy käle ýetip ýitip gidýärdi. Diňe bir gyş günleri bolaýmasa, bu ýabyň suwsuz wagtyna gabat gelmek kyn. Bu ýabyň ýene-de bir gowy ýeri bar. O-da şäriksiz. «Suwumyzy kesdiňiz» diýip, goňşy obadan adam geljek gümany ýok. Kolhozymyzyň esasy ekini bolan emirhan1 gowaça bir eýýäm gögerip, bir ýola otaldy. Käbir atyzlar suwa düzüldi, Daýhanyň müdimi ýoldaşy, iýimi, höregi bolan jöwen ekinine welin, ýaňy başlandy, Maýyny tapyp, mellegine suw alan adamlar eýýäm tohum sepse, tohumlyk gallasyny iýip, eden işine öküne-öküne sermenip ýörenlerem bar. Alla saklasyn, şolaryň dat gününe! Daýym öýünde, baýguş ýaly ýeke galan hem bolsam, ertirki, güne bolan umyt hor-homsulyga döz gelmäge meni ündedi. Mamam pakyryň goýup giden, içi jöwen tohumly haltasy entek-entek ellenmän dur. Birgadire «suw» diýsem diňlemedi. Mellek ýerimiz oý, händek, suw derejesinden ep-esli pes, Uly suw hökman däl, akaba-da oňa ýeterlik. Näme, diýeniň bolup durmy. Ine-de mellek, ine-de ýap. Ýabyň aýak ujy haýsydyr bir belent atyza düzülýän bolsa gerek. Suw hana sygman dyňzap dur. Püre-pür. Wah, rugsat bolaýsa, açsaň. Ýeri salymyny bermän ýapaýjak. Ýöne nädip? Gulak suwunyň ýörite tokurtgasy bar. O-da ýabyň düýbünde suwa girip çümmeseň, açar ýaly däl. Agzy dykynly. Gorkdum». Suwa girsem, mejalsyz bu göwre çümse çykmaz öýtdim. Oýlana-oýlana kän durdum. Ahyry raýyşdan şildiräpjik akar ýaly gulak açdym. Suw bol bolsa-da howlukmady. Ilki bada arabanyň çygryndaň gaýdýan ýaly nalaja akdy. Soňra depeden aşak inende welin, ýagyş suwy ýaly ses edip, şildiredi. – Şeýdip akyberse, gaňtarylan ýabam böwşemez, atyzam dolar – diýip, kepjämi mellegiň çiline sançdym-da, ýorunja atyzynyň çetinden girdim. Oturan ýerimden galman, süýşenekläp-süýşenekläp esli salym ýaprak çirtip, tendirmelik ýygdym. Galbiriň ýary doldy. Bilimi ýazmak üçin başymy galdyrsam, dähedem-dessem, maňa tarap ýetip gelýän başlyga gözüm düşdi. Ol aýlawa goşulan çapyksuwar ýaly debsinip-debsinip baýtalyny saýgylaýardy. – Aý, sen nejis, ilden çykan köpeý ogly... Kyrk örüm gamçynyň awysyna atyň aýaklary biri-birine çolaşyp büdreýärdi. Hamana diýersiň, öňünde garym bar ýaly, kä saga kä sola serpilip suwlugyny çeýneýärdi. Başlygyň elden-aýakdan düşüp, bu boluşy meni geň galdyrdy. Hiç zada düşünmedim. Oraga ýetişip, at göwsüne ýetip barýan gür buýanyň içinde özüne ugur saýlap bilmän başagaý bolup gelýän baýtalyň ýalaňaç tenine degen soňky gamçy «şarp» edip çyrpy atylana dönüp, gulaklarymda ýaň bolup gitdi. Onýança üstüme sürnüp gelen çal baýtal Göroglynyň Gyraty ýaly çarpaýa galyp, maňa siltelen gamçyny üstümden sowdy. Köpi gören janawer eýesiniň hyýalyny aňdy. Tenine düşýän gamçynyň awysyna döz gelip, gözlerini açyp-ýumup yza-yza tesýärdi. Birden mellek ýerime rugsatsyz açan suwum ýadyma düşüp ylgadym.. – Eý hoý, serediň bolýan zatlara... Hälki şildiräpjik akyp duran suw ulalypdyr. Akym asyl, ep-esli ýeri köwüp ýykypdyr. Ýap-ýaňy-da hanasyna sygman dyňzap duran ýap boşap ýatyr. Atyz welin köl. – Aý, oglum, nädäýipsiň muny, tokurtgany açsaň bolmadymy. Bu Baýram suwçynyň sesidi. Ol böwediň ýanynda ýetişdigine çöp çapyp başagaý. Kepjämi tapmadym. Ähtimal, suw teýinde galan bolsa gerek. Opurlyp, jar ýasan suwuň öňüne gum peşäp kesek atýardym. Emma şarlawukdan inýän akym gumuň, palçygyň manysy däldi. Suw dagdan inýän sil mysaly, daraw-daraw ýol ýasap, yňdarylyp, gitdigiçe möwjeýärdi. Uly ýaby sakadan kesäýmeseň, başga alaç ýok. Birden göwräm ýokaryk galyp, aýagym ýerden üzüldi welin, içi süzmeli meşige dönüp şaglap akyp ýatan suwuň öňüne böwet bolup pagşyldap düşdüm. – Haý, başlyk nätdiň çagany. – Göm üstüni, ýatsyn! Çykarma suwdan. Baýram, at üstüne gumy diýýän, men saňa! Kolhozyň gowaçasy gurap ýatyr. Bu deýýusyň edýän işine seret, içigaradan dogulan mahluk. Şu wagt şeýle bi, bardy-geldi il hatary bolaýsa nätjek, hezil berermi? Gowusy, tikenli çöpi gatap ýetişmänkä kerçeseň gowy. Nämä dursuň öwelip, ýogsam äber bäri pili! Özüm elinjek ýerläýin. Saňa mellek gerek, haramzada! Men seni şeýle bir mellekli ederin, hoşuň gelsin! Şu sakada maslyk bolup galsaň-a galdygyň. Eger diri çyksaň, gözüňi PZU-dan açaryn, entejikler näme gördüň, etjek işlerim bardyr... – Munyň, telek başlyk. Hossarsyz öýtme çagany. Duýdansyz ýerden garbap alnyp, suwa oklanlygym meni bek gorkuzdy. Böwede bijaý düşüp, elim-aýagym gaňrylyp, suwa mazaly çümdüm. Açyk agzyma läbik dolup, dilim tutulyp başlanda, üstümde kökenek bolýan Baýram aga suwdan meni zordan saýlady. – Hä-ä, senem indi aklyňdan azaşdyňmy? Sakgally-sarmykly, şu ýaşdan soň şu güjügiň üýrüşini etjek bolýarmyň. Ýeri, indi bir küren oba başlyk bolup, men telekmişimmi? – diýip, başlyk böküp geçäýmeden uly, akaryň köne raýyşynda ep-esli ýerini böwsüp jara bolup ýatan böwediň o ýüzünde ýolbars kimin arlaýardy. Eger, başaraýsa, meni diriligime, başaşak ýere gömüp, at injigine daňmakdan çekinmejek adamyň hyýalyny aňan badyma üýtgedim. Maslyga dönüp, bulanyp ýatan ýerimden galdym. – Sen başlyk, bizi özüňe osma. Bir atyň, bir päkiň. Seniň aladaňda ylgaýan bir ýa iki däl. Olar kän. Daýhan üçin hökümediň berýän uny seňki, ýagy, tüwüsi, palowy seniňki. Bir saňa edeniň däl diýdikmi? Indi näçe wagt günde ýeke menzil tötek tapman, işläp ýörüs. Üstesine-de, beýdip bize mellek ekdirmeseň, me pil, çap bokurdagymyzy. Gömmeli bolsa, gömmenem şu ýere – diýip, Baýram aga-da sabyr käsesiniň dolandygyny bihaýa başlyga bildirdi. Başlyk Baýram agadan bu sözlere garaşmadyk bolsa gerek. Ol bürgüt bolup göge galdy-da, öňe süründi. Baýram aga-da osal durmady. Henizem eňterilip akyp ýatan gulakdan böken başlygyň aýagy ýere degip-degmän, saldy pilini kebzeden, uzyn saply, iki gulak äpet piliň zarbyna başlyk suwly atyza agyp gitdi... Şo günüň ertesi biz Baýram suwçyny obada görmedik. Men welin, gaçmadymam, hiç ýerik gitmedimem, geziberdim. Näme üçindir haýran, başlygam adymy tutmady. Ýa-da «bir atyz gowaça ýarym gün giç suwarylaýanda-da zyýany ýok» diýip, eden işinden utanýan bolaýmagam ähtimal. Ýa-da Baýram suwçyny Çäşem golagyň yzyndan ugratmaga dyrjaşýan bolsa-da, bellimi? Bu pikirler meni Heýjana getirip, horlamak horlady. Şähere gidip, maňa, öňden tanyş gapylara girip, ýaşulynyň halyndan soraýyn diýsem gorkdum. Türme diýilýän zadyň nämedigini bilýän ahyryn. Öz aýagy bilen ýerzemine girmegi kim başarsyn. Şeýle oý-pikirler bilen uzalyp ýatyrkam gapymyz açyldy. Geleni görüp aňkardym galdym. – Baýram aga. Salow... m... m maleýkim. – Waleýkim inim. Waleýkim. Sen öýdemidiň? – Öýde agam. – O deýýus gümüňi dartyp «pozuwa goýbärin» diýip, duransoň ýokdursyň, eýýäm, gidensiň öýtdüm. Hernä öýde ekeniň. Onsoňam buşluk, uruş gutardy. Niredendir bir ýerden görülmedik bir güýç gelip, göwräme doldy. Jahan giňäp, älem ýagtylyp gitdi. | |
|
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |