00:47 Zyndanda ýanan şem -18: Zowal | |
ZOWAL
Powestler
Ýyl geçdigiçe uruş apady güýjäp, oba boşady. Göwsünden gyzyl öndürýän atyzlary çöp basyp, ýaplaryň köpüsi gömüldi. Malam galmady. Atlar-a ýigitler bilen deň gitdi. Maýyp, sagrysyna ýara düşüp, derisi gurtlap gidenleri diýäýmeseň öküzdenem düýelerdenem derek galmady. Üç obada iki ÇTZ-y, o-da gezekli çemçe. Ine, şeýdip haltalaryň düýbi deşilip, küýzeleriň gory gutardy. Il içine ýaýran açlyk welin, urşuň dagy taýy bolmady. Ne garry goýdy, ne ýaş. Öwülýäden gelýäniň, barýanyň sany artdy. Kakam-a söweş meýdanynda. Häli-şindi gatnap duran ejemiňem aýagy kesildi. Iki obanyň arasy o diýen uzak bolmasa-da, onuň gara bermedigine aý ýarymdan geçdi, ne özi geldi, ne habary. Selmedenmi ýa pagta çigidiniň künjarasyndan. Bilemok, Gyşyň ilki garyndan bäri galman ýatan Hajaram gara gözlerini ýumdy. – Ýeke galdym-ow – diýip, ysgynsyz dyzlaryma daýanyp ýerimden turup, daşary çyksam daň atypdyr. Alawy sönen tamdyryň agzy ýaly gyzaryp, Gün dogup gelýär. Agyl doly maldan saklanyp galan ýekeje gölämiň öňüne peçek döküp, ýola düşdüm. Gyrasy çala gädilen gökli tendirde goltugymda. Netim, uly baýlyk hasap edýän bu gökli tendirimem ejem jan bilen jigime bermek. Zamanaň düz wagtynda bir demde geçilýän bu aralyk göwnüme bolmasa üýtgäp, Işangala obasy göçüp, «barsagelmeze» aşan ýaly boldy. Göwrämi zordan göterip, şol mytdyldap barşyma, ýolda telim oturup, telim turdum. Ahyry, gün öýleden aganda mähriban bosaga maňlaýymy dirämde gapy gulply dur. Göwrämi ýere berip, oturdym. Çarçuwadan kakylan şol posly çüýden asylgy duran tanyş açara gözüm düşse-de. Öýe girjek bolmadym. Kakamsyz, ejemsiz, keşbi gözlerimde surat bolup galan jigimsiz, bu içeri maňa nämä derkar. Ejem şu töwerekde bardyr, ine, bir ýerden jigimiň sesi geler öýdüp uzak oturdym. Emma gapymyzdan gelen bolmady. Ahyry, suwsap, ozaldan tanyş goňşy gapyny itsem açyldy. Içeriniň, ala-garaňkysy bir bada hiç zat saýgartmady. Iç işikde dik durşuma göreçlerimi ýiteldip çiňňerilsem, törde bir gara bar ýaly. – Salawmaleýkim! Salamymy alan bolmady. Uklap ýatan adamyň üstüne abanyp durmakdan çekinip, girişim ýaly-da, yzyma dolanyp daşary çyksam, öňümde Bossan eje dur. Ol bir bada kürtdürip, dursa-da meni tanady. – Wah, balam, boýuňa döneýin, adyňa döneýin, Gurban jan, sen barmydyň. Çäşem golak bilen şol gidişiň, gaýdyp dolanmadyň. Saňa azar berip, entek ganat-periň ýetişmänkä, seni ilden çykaran ganymlar bir eýýäm hudaýdan tapdy, meýdi ýananlar! Ili baý çürked-ä. Ine, indi hökümet olaryň gezüni Sibirde açdy – diýip, Bossan eje ysgynsyz gollary bilen meni gujaklady. – Bir gysym dary tapdym, şuny gaýnadyp Meretgüle suwuny içireýin diýip geldim. Bendäniň ysgyp-mydardan gaçyp galman ýatanyna iki aý boldy – diýip, Bossan eje zordan bosagadan içeri ätledi. Gapa arkamy berip oturdym. Bossan eje içeride eglenmedi. Reňkini ak tam edip daşary çykdy. Arkasyny diwara berip meniň gapdalymda oturdy. Ara dymyşlyk düşdi. Bossan eje-de otyr, menem. Suwsyzlykdan ýaňa dodaklarym ýarylyp, dilim taňlaýyma ýapyşsa-da otyryn. Bossan ejäniň kirden ýaňa reňki ýitip giden biýz köýneginiň içinden süňkleri omoça-omoça çykyşyp dur. Ol bu wagt meniň gözüme adam sypatyn-da däl-de, bir ruh bolup görünýärdi. Emma, aram-aram sarsyp silkinip-silkinip gidýän göwresi dünýämi üýtgedip, bar zady unutmaga mejbur etdi. Göwräme medet berip, çäkmenimiň ýakasynyň gowuş ýerinde çala görnüp duran tendirmäni elime alyp ýerimden turdym. Ýöne gözlerimiň ýeňi garaňkyrap, başym aýlandy. Güýjümi jemläp, öňe ätlesem-de, ýöräp bilmedim. Ýeňsämden bat bilen itilip goýberilen ýaly ýüzün ýykyldym. Elimden sypyp honda düşen tendirme üç bölündi. Ýatan ýerimde älem çaýkanyp, gözlerimi ýumsam-da ynjalyp bilmedim, çaga ýaly dört aýak emedekläp, her bölegi bir ýere düşen tendirme tarap barýan Bossan ejä gözüm düşdi. – Bossan eje, şo çörekler siziňki alyň, iýiň noş bolsun! Arman, ýere gaçaýdy. Al ene, iý! – Wah, balam, adyňa döneýin, Gurbanjan. Indi Bossan ejeňden näme galdy. Ölsem-de gynanma. Bu tendirmejigi özüň iý. Görýän welin, sen-ä mençe-de ýok – diýip, ol maňa golaý gelip diklenip oturdy. Tendirmäniň uly bölegini maňa uzadyp «iý balam, iý» diýdi. Haýran galaýmaly, ýap-ýaňy bile biten ýaly biri-birine ýelmeşip giden äňimde hereket peýda boldy, dilim öllendi. Ejem bilen jigime netläp, iki gün bäri, görüp-görüp iýmäge dözmän, şu ýere getiren tendirmäme agyz urdum. Ilkinji sukum-a bogazymdan göni geçdi. Ikinji döwümiň üstünden iki gezek diş basdym. Soňkular welin, indi birneme giňän bogazdan degmän geçýärdi. Bir görsem, çöregiň soňky döwümi elimde. – Wiý, Bossan eje, me iý bu sana. – Wah balam, saňa döneýin. Bossan ejeň zäher iýsiň. Goltugyňa sal. Ertire ajygarsyň, ine şonda iýäýersiň, guzym. Bu obadan çöreg-ä beýle dursun, bir sukum kepek tapmak çetin. Hernä, mamaňlaryň ili gowumyş. Ynha, gördüňmi çöreklije gelipsiň. Biz obada diri galan az. Meretgülem imanly bolsun. Biçäre amanadyny tabşyrdy. – Hany, ejem, jigim dagy nirede-kä? Bossan eje ýüzüni bir gapdala sowup dymdy. – Oglum, ata-babalar «müň ýalandan bir hakykat ýagşy» diýipdirler. Uruş bolsa şol gidip otyr. Ne öňi bar, ne yzy. Indi iki-üç ýyldyr, ýer eýesiz diýen ýaly ekin ekmäge adam ýok. Halkyň gory gutaryp, il gallaç galdy. Açlygyň sütemi hiç zat bilen deňär ýaly däl. Halk gyrylyp gutardy. Ejeň jigiňi ölümden gutarmak umydy bilen obama-oba, öýme-öý aýlanyp ýör. Bir dözümsiz bendä gabat gelse, bir dowramça çörek beräýýärmiş. Ýogsam, bir gysym sülä-de razy bolup ýörşi. Bu habar meni gaýadan gaýtardy. Depämden daş gaçan ýaly essim agdy. Ahyry Bossan ejäniň getiren bir jüňňül suwyny içip, özüme geldim. Henizem elimde saklap duran iň soňky bir agyz çöregimi kempiriň eline tutduryp yza, mamamlara tarap ýola düşdüm. | |
|
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |