00:55 Zyndanda ýanan şem -20: Yrsgal | |
YRSGAL
Powestler
Emeldarlar, bilen oýun etseň «oýnuň» soňunyň näme bilek gutarýany belli. Maňa bu zatlar ozaldan tanyş. Ýöne meniň urdumşalygym zerarly ýüze çykan ýagdaý beýle bolar öýdüp asla hyýal etmändim. Hernä howp-hatar üstümizden sowulsyn-da. Ýeri beýdip, elden-aýakdan düşüp, «ýaraşara» ýer goýmaz ýaly bu ýerde näme bar. Suw gytçylygy bolsa zyýany ýok. Onda meni öldürseňem az. Suw arna syganok. Ýa-da men adam hasap dälmi. Uruşam-a gutardy. Daýym belkäm diridir. «Ýaraly bolup ýa-da, huşuny ýitirip duşman goluna düşýänlerem gabat gelip dur diýip, Patma daýzanyň uruşda gözüni aldyryp gelen ogly aýdyp otyr. Ýesir düşenlerem ir-u-giç, geler-ä. Men şonda daýyma näme diýip, näme jogap bermeli. «Mellegi boş goýupsyň, öýümiň tozdurypsyň» diýmezmi? Bu soraga jogap tapman otyrkam Baýram suwçy pikirimi böldi. – Oglum, mellegiňe suw birneme artyk düşdi welin, zyýany ýok. Gaňyrma baş jöwen bolmasa ýasmyk1 ekeni. Saçagyň boş durmasa bolany. Muňa-da şükur et, Gorkma, başlyk bir çöpdüýbüdir. Indi olar ýaly adamlaryň edeni ýer almaz. Örüsi daralar. Giden ýigitleriň diri galanlary basym oba dolanar. Ine, onsoň pygyly ýaman nejislerden «döwran» öter.. Ilerki obanyň başlygyny görüpmidiň? Göwnüme, Diwan Peşmekden başga bu etrapda başlyk ýok ýaly onuň adyny tutdum. Bu soraga men garaşmandym. – Diwan Peşmekmi? – Hawa. – Öýümizem şol obada-da. – Halky horlap ot ýakdyrmandyr deýýus. Her kim bir desse ot ýygjak bolsa-da, hut onuň huzuryna baryp, iki eplenip, mazmun kylyp jogap soramalymyş. «Adyna, atasyna lagnat» diýip, tas gygyrypdym. Birdenem: «Ejizlik naçar işi», zordan saklandym. Diwan Peşmek bilen onuň ýaranlarynyň başyma salar! külpeti hakda Baýram aga gürrüň berip, içimi sowatdym. – Aý, wyždansyzlar-a. – Baýram aga, bu nähili bolýar-a. Mekdepde bize bir zat diýýärler hakykatda ol düýpden başga. – Dogry diýýäniň, han ogul. Başlyk diýilýän iliň öňüne çykyp, baş bolmaly adam. Bu wezipä dokuzy doly, il derdini aglap biljek adam gerek. Özünem il saýlamaly. Wah, biziň diýýänimiz bolup durmy. Ýokarda oturanlar özi ýaly ýalylaryň birini getirip dikýärler welin, «ne onsaň, kösenýän biz. Ýogsam, arz edýänem bar. Bolsa bolubersin, gaýtam başymyzdan daş bolup inýär. Biz-ä oglum, düşünýän däldiris. Öz-ä, beýdip uzaga gitmese gerek. Oglum bu halkyň başyna düşmedik gün ýokdur. Ozal-a patyşany ýykdyk. Tagtyny ýumrup, rewolýusiýa turuzdyk. Biz bir çarwa millet, bir bada hiç zada düşünmän gyryldyk. Soňra hökümet barly bilen ýoksuly saýlady. Şeýdilse bor öýdüp, kimiň ýeke geçisi ekiz owlak getirse – şol adamyň bagty ýatdy, ol hojalyk baý hasap edildi. 1929-njy ýylda kolhoz gurluşygyna başladyk. Bu welin, bize bütinleý bir täze zat. Ilki-hä hökümet zorluk ýok, meýletin birleşmeli etdi. Soňam diýeni bolmadymy nätdi, __________ 1 Ýasmyk – jöwen, ol başlan wagty başy gamyşyň başy ýaly bolýar, ýöne dykyz. üýtgedi duruberdi. Maly-mülküni orta urup, pişigiň iki bolsa-da halamady. Emeldarlaryň ýüzüne gelip, sähel hyrçaňlaşdygyň bes, şo gije sen ýok, Ine şeýdip, hepdä ýetmän oba saýhallady. Men diýen ýigitler ýok edilip, ýurduna sübse çalyndy. Indem, uruş. Ine şeýdip, il öňüne çykyp, ýurt dolandyrjak asyl ýigitleriň nesli «baýady». Çöpdübülere gezek ýetip, aýal ata çykdy, Gurban. Suw seňrikden ötdi. Indi bu ýagdaýy düzedäýmek çetin bolsa gerek. Iň ýamany, ilçilikdir, özüň ýaly süýdi halallar ýok diýibem bolmaz. Olaram bar. Birlän, ikilän entegem çykar, ýöne bu ýalhorlar bijaý köpeldi. Asylzadalara indi ýol ýok. Zandy ýamanlar olary derrew tanaýar. «Ahyr biziň dişimizi döwjek şu bolar» diýäge-de, daşyna üýşýärler. Ine özüň mysal dälmi. Gaçagçy sen. Diwan Peşmek tutulaýmadyk bolsa, henizem gezerdiň. Dogduk depäňi entegem görme ýok. – Özüňi-hä gyssadyň-la, Baýram aga. Piliň ýeňsesi başlyga jaýdar degdi-le. Ýöne onuň beýdip ümsüm gezip ýörüşi meni gorkuzýar. – Gorkma, Diwan Peşmegiň ýygnalmagy bularyň ýüpüni üzdi. Ýogsam, ol öýümize ot bermezmidi. Inim, diýdim-ä, gowulyk bolar diýip. Ýaşuly bu sözleri diýse-de diýdi welin, gasyn-gasyn maňlaýyňda, eti düşüp, owurdy oýulyp giden ýaňagynda, hor ýüzüne gelşip duran gür sakgalynda dokluk nyşany bolmasa-da ýogyn gaşlaryň aşagynda çala ýylgyrýan goýun gözlerinde rahatlyk alamaty görnüp durdy. Ýaşuly gep-gürrüňi gutardym etdimi nätdi, iglän iner ýaly dyzyna söýget edinip ýerinden galdy. – Gurban, ozal-da bir, «bitine gahar edip, köýnegini oda ýakm-a» diýipdir. Ýolbaşçy diýilýän kän. Bu gün biri diýseň, erte täzesi gelýär. Olaryň ne oba bilen, ne ýeriň hal-ýagdaýy bilen işi bar, Zeminiň hossary daýhan, daýhanyň diregi-de ýerdir. Ýer bilen daýhan, göz bilen gaş ýaly aýrylmaz bir zatdyr, şony bek bellegin. Gaýraky ussaýaby çöp basypdyr. Igdeli ýerem suwarylmasa boljak däl. Hälem bir pille, ertä goýsak giç bolar. Sen hyşşaly köprüden başlap, gyrçap ugra, galanyny özüm bir zat ederin – diýip, maňa iş buýurdy. Men ussaýabyň sakasyna tarap ýeke gitdim. Ussaýap obadan biraz sowa, gaýradan, çaýyrly käl bilen ekin meýdanynyň aralygyndan, tä bäşýaba çenli uzalyp gidýärdi. Ýap o diýen uly bolmasa-da, akymy güýçli, yňdarylyp akýardy. Şonuň üçin il arasynda onuň ýene-de bir ady bar – çaltakar. Çaltakaryň sakasy Gylyçbaý arnanyň tirýek ýasap, obanyň deňinden Wasyň düzüne tarap gönelýän ýerinde. Sakanyň ýasga ýerinde goş basdym. Dury suw tapyp, kündük dolduryndym. Kepjämi ýere sanjyp, bilimiň guşagyny çözdüm. Kemzorymy çykardym. Elimi ýuwdum. Düýnden bäri bir dogram çörek degmedik agzymy çaýkadym. Biz balagymyň jübüsinden esgä düwülgi gowurmamy çykaryp, onuň gylla ýarysyny iýdim. Ine şeýdip girdim ýaba. Tä surnugyp ýykylýançam ýabyň güzerini arassalap, çöpüni ordum. Sakadan ses ýetim ara geçdim welin, işim kynlaşdy. Öňümde suw peýda boldy. Çalpygam bolsa, gamyş ormak kynlaşdy. Duran ýerimden raýşa çykdym. Töwerek-daşyma seretsem, golaý-goltumda jandar ýok. Könede bolsa apalap geýýän eşiklerimi çykaryp, çüw-ýalaňaç, ýaba girdim. Emma ýokarrakdan tutun, suwotudyr gamyşlary syryp barýan. Suw assa-ýuwaş köpelip, ilki topuga, sähel aralykda bolsa dyzyma ýetdi. Ýabam birneme daralyp ugrady. Suwam uzaldy. Ep-esli aralygy tutup ýatyr. Suwuň ortasynda bir zat çala görnüp, garadyp dur. «Suwa esgi, gaýry zat gaçypdyr-ow. Belki it-sitiň süýräp getiren köne derisem bolsa bildiňmi» diýip, geýindim. Goş goýan ýerime baryp kündükden suw içip, zatlarymy ýygnap göçürdim. Ýabyň suwly ýerinden geçip, ýokarrakda goş basdym. Kepjämiň uzyn sapyndan tutup ýaba düşüp, suwa girdim. Suw tolkunyp ugrady. Öňümde böwet bolup ýatan köne sanajy ýaýjykly kepje ýaldyrap, kenara zyňjak boldum welin, gopdy bir hysyrdy, boldy bir şarpyldy, suw çogup göge galdy. Şol aralykda nämäniň näme bolanyny bilemok, bir görsem kenarda durun, Depämden dabanyma çenli öl boldum, suw şorkuldap akýar. Ýaňky zat henizem urunyp, başagaý. Ýabyň darajyk güzerine dolup, dykyn bolup ýatan jandaryň nämedigini gorkyma anyklap bilmedim. Aýak ujundan maňa tarap ýap gyrçap gelýän Baýram aga gözüm düşüp gygyrdym. – Haý, Baýram aga... a. Baýram ho-ow!.. Ýaşuly meniň sesimi allowarradan eşitdi. Bolmasyz bir iş bolmasa, beýdip alňasap zörledip durmajagymy bilýän ýaşuly ysytmadan turan ýaly, ysgynsyz hereketler bilen maňa tarap ýöredi. – Baýram aga Baýram aga o zat, ol ýerde ýapda... bir, bir, bir zat, wa-eý, wa-aa-eý. Men sojap halys gowşadym. Keçe bolup ýerde ýazylan çaýyryň üstünde uzyn düşüp ýazyldym. Dilim agzyma sygman çişdi. Geplejek bolýan welin, bolanok. Bogazym daraldy. Onýança üstüme abanyp duran ýaşuly gözlerini tegeledi. – Näme boldy saňa? Men «maňa hiç zat bolanok» diýen yşarat bilen, ellerimi galgadyp jogap berdim. – Onda bi bolup ýörüşiň näme. Hany, özüňi dürse, düşündirjek bol. Ýa ýylanmy? Uly-uly dem alyp birneme rahatlandym. Döwşemäm ýatyşdy. Tirsegime daýanyp diklendim. – Ýabyň içinde suw bar. Suwda-da bir äpet gara zat tas üstüme böküpdi. – Näme? – Hawa, zordan gaçyp gutuldym. – Hany tur ýeriňden, ýör görkez maňa, aždarhany. Baýram suwçynyňam batyrlygynyň Çäşem golakdan kem däldigine gözüm ýetik. Özümi dürsedim. Ýaşulynyň öňüne düşüp ony howatyrly ýere getirdim. Ýaşuly aýak çekdi, Biliniň kendir guşagyny çözüp täzeden çekip daňdy. Meni beýle gorkuzan zadyň nämedigini bilmäge howlukman, elimden gaçyra kepjämi usullyk bilen suwdan çekip eline aldy. Ýaňadandan boýuny dikläp, ýeňini çyzgady. Telpegini çykaryp ony maňa tarap zyňyp goýberdi-de, derli tahýasyny geýdi. Soňra sapy uzyn kepjäni ýarag edinip, ýaba tarap ýuwaşjadan ýöredi. Men how, aňyrda, gojany synlap durun. Gojaňyň bu bolşy gözüme bir geňsi. Ol häzir ýabyň içinde dykyn bolup ýatan mahluk bilen başa-baş söweşe girişjek adama meňzemän, guş tutjak bedenebaza çalym edýärdi. Baýram aga ätiýajy elden bermän, süýşe-süýşe kenaryň kertinde duruberdi. Awynyň üstüne özüni zyňjak gaplaň ýaly, ýygyrlyp bir ýere jemlenen göwre ýazyldy, kepjäni söýget edinip diklendi. – Ýa senem Gurban diýýän-ä. Oglan-uşak däl-ä sen. Basym eňegiňe sakgal örjek. Gorkýan zadyňam şumy. Hany, bärik gel! Gowuşgynsyz ädimler bilen ýaşula tarap ýöredim. – Gel, geliber, gorkma «Taňry berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýipdirler. Ikimize hudaý berdi. «Agyz beren taňry yrsgalam berermiş». Bi balyk, lakga. Indi muny suwdan nädip çykararys. Ýatyşyna seretseň-ä bir göleden kem däl. – Balyk. – Balyk oglum, balyk. Ýaşulynyň aç göwresi surnugan bolmaga çemeli, ýa-da,başga bir emmasy bar, ol çök düşdi. Ykjam oturyp, ýüzüni kybla öwürende gözlerinden paýrap akýan gözýaş ýaňaklarynyň oýuny, pesini syryp çal sakgalynyň içine, siňip gidýärdi. Ýaşuly ýüzüni göge galdyryp, ses etdi. Agaçdan ýasalan çarşaga çalym edip duran elleri bilen ýüzüni sylyp maňa tarap ýylgyrdy. – Ýaradanyň özi bendesini öldürmän, rehim etjek bolsa, şeýle bolýandyr, oglum. Ýogsam, şu ýaby arassala diýip, Sähet juwazça telim gezek aýdyldy. Ol etmedi. Ahyry bu iş bize galdy. Gör, nirede yrsgal. Ylgap raýyşa çykdym. Bulanyk suwuň içinde rahat, ýatan balygy ýene synladym. – Baýram aga, iki gulaç-ha bar-aýt ol. – Bar oglum, bar, janawer ýaba nädip düşdük-ä. Bu zeýilli balyklar uly suwdan darajyk ýaplara asyl-asyl çykýan däldir. Kelle gyzgynyna bu salma giren bolmaly. Soňam yzyna öwrülip bilmän galan lakga bi. Ýöne, biz muny suwdan nädip çykarys. Gepem şonda. Diri-kä öz-ä hezil bermez. Sen oglum, şu ýerde dur. Men ho taýdan bir gaňyrçak ýasaýyn, hakyt agzyndan ildirer-de, çekeris welin, bolar durybir. Sapy uzyn, ujy toýnukly tal alyp Baýram aga basym geldi. Ol taýagyň gaňyrçakly ujyny balykdan ildirdi. – Gel, Gurban! Çek, oglum! Taýaga iki bolup ýapyşdyk, çalpyk suwy depesine galdyran balyk gaňyrçakdan basym sypdy. Baýram aga gaňyrçagy täzeden ildirdi, balyk bu gezek başa düşen ykbalyna kaýyl ýaly ynjaldy, gymyldamady. Iki bolup, çeýe tala zor salyp lakgany çekip ugradyk. Balygyň eýmenç kellesi suwdan saýlanyp ugrady welin, ol birden silkinip urundy. Kürek ýaly ýasy guýrugyny aýlap suwdan urdy. Biz tas ýaba gapgarylypdyk. Til gaňyrçak elden sypdy. Lakga onuň bilen hem rahatlanman, läbik suwy iki ýaňa kürekläp bir dyzady, hoşuň gelipdir. Ol edil depeden inýän hyza ýaly çylpak suwuň ýüzünden gaýyp geçdi-de «alyň, awyňyz men bolaýyn» diýip, salmanyň gury ýerine şarpyldap düşdi-de ýatyberdi. Men gözümiň öňünde balygyň bu eden işine geň galdym. Baýram aganyňam ýagdaýy menden kem däldi. – Ýa walla, bolaýdy şu, oglum. Ýatsyn indi. Balygyň diriligi suw bilendir. Indiki işi aňsat munuň. Bar, hol, ýap güzerinden çykaran çöllerinden bir gujak getir, düşe, şu ýere, üstünde balyk pudarlarys – diýdi. Men bir bogdak gamyşly dolanyp gelsem, Baýram suwçy ýalyn çawran pürs ýaly okarygy dolduryp ýatan lakganyň ýanynda durdy. – Hany, Gurban, çöpüňi ýere düşe-de, gel bäri. Gir ýaba. Dolak çözleme, çokaý çykarma aladam bolmansoň, derrew girdim ýaba. Ýaşuly elindäki ot oragyň ýiti ujuny saldy lakgadan. Boldy bir şarpyldy. Edil gursagyma düýe depen ýaly boldy. Göz açyp-ýumasy salymda diň arkan gaýdyp, çalpyk suwa gapgaryldym. Şu sapar Baýram aga-da gorkdy öýdýän. Balygyň güýçli guýrugy ony-da tüwdürip goýberdi. – Bäh, henizem diraýt bi – diýip, kenara arkasyny diräp oturyberdi. Eýesiniň elinden sypan orak balygyň guýrygynda galdy. – Ine oglum, ýaradanyň özi öldürmejek bolsa eýdip-beýdip yrsgalyňy ýetirmiş – diýip, ýaşuly şähti açyk halda rahatlandy. | |
|
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |