DOGRY OZAR...
Obamyzda bir däli bar. Adyna-da Gazak diýýärler. Gazak entek bäbek wagty ejesi düýä münende elinden gaçyrypdyr. Çaga ölmän galypdyr. Ýöne welin biçaräniň kellesine zyýan ýetipdir.
Gazak däli diýýänem welin, hut beýle-de däl. Ol kähalat bizdenem paýhasly. Ýöne bu ýagdaý uzak däl. Özem seýrek. Emma tutgaýy tutan wagty ol akyla sygmajak zatlary edýär. Petekesini dik tutup özüni Rüstem saýýar. Bize näme oýun gerek, geçýäs daşyna.
– Gazak, sen dagy ýaryp, onuň bir bölegini göterip bilermiň? – diýýäs.
Ol bileklerini çyzgap, bilindäki kendir guşagyny ykjamlap:
– Hany dag? Nirede ol? Görkeziň maňa – diýip, ýumruklaryna tüýkürip, gözlerini giňden açar.
– Dagy ýarmak üçin almazdan gylyç gerek. Gylyç bolsa bu obada ýok. Iň gowusy sen, ho oturan söwüdi gopar – diýeris weliň Gazak däli bararda daragta ýapyşar. Garaçyny bilen dyzap ugrar. Biz bolsa gyran gülki. Oýunmy, çynmy, gülkümi agy, däliniň piňinede däl. Tä surnugyp ýykylýança daragtyň daşyndan aýrylmaz. Gitlerem Gazak bilen ykbaldaş bolsa gerek. Bu toprakdan Napaleon näme gördi.
Gün ýaşyp garaňky düşende öýden çykdym. Oglanlar bir eýýäm üýşüpdir. Olar akyp ýatan uly suwuň raýyşynyň belent ýerinde topbak otyrdylar.
Diňe bir şu gün däl, biz bu depäniň üstünde kän gijeler geçiripdik. Ýöne, biziň gulagymyza ne tüpeň sesi, ne-de ýarylýan bombanyň gümpüldisi eşdilýärdi. Asuda asmanda ýalňyz Aýdan başga görünýän zat ýok. Tomus gijesi biri-birine meňzeş. Gökde ýyldyzlar «Ak maýanyň» ýoly-da şol ozalkysy. Aýyňam öňki görnüşi. Asyl, dünýäde hiç hili üýtgeşik zat ýok ýaly. Emma biz ýalňyşýardyk. Uruş diýilýän zadyň nämedigni obamyz boşap, gamyş beden, gyl boýnumyzdan durmuşyň agyr labyry inip, kenekler haltada, gopuzlar torbada gyjaklar kirişsiz, dutarlar tarsyz galanda aňyp galdyk. Kitap deregine pil, galam ýerine kätmen edinip, ýer depdik, çil çekdik, ekin ekip, orak orduk, döwek döwüp hasyl aldyk.
«Bir atadan ak-da dogar, gara-da»,diýseler, o sözüň manysyna düşünmezdik. Ol düýn bolupdy. Bu gün welin, bu aýlawly sözleriň syrly manysy kere-de, köre-de aýan. Atadan ak doganlar bir eýýäm Watan goragynda jan alyp jan berýärler. Olar üçin il-gün dogduk depe. Aý-Gün gurhan ýaly mukaddesdir. Ýylgyn sülçi, Diwan Peşmek ýaly atadan gara doglanlar welin, ok-däri ysyndan uzakda. Olaryň biri ferma, ýene biri skladçy, çörekçi, iň bolmanda salgyt ýygnaýar. Garaz, il aladasy olar üçin agyr ýük.
Babam batalona gitdi. Şagadamda, depesi deňiz üstüne abanyp duran daglaryň jülgesinde zawod gurýamyşlar. Garry enemden-ä siz habarly. Bendäniň bir eýýäm tümmegi ýitdi. Daýymdan hem habar ýok.
Durmuş ýüküniň agyrlygynamy ýa-da urşa giden, oglunyň gaýgy-aladasymy bilemok, ömür boýy höwrügip giden gaýyn eneden aýrylyp ýeke galan mamam hem gün geçdigiçe üýtgedi. Ozalky nurana görnüş solup, çekge süňkleri oňkardy. Owurdy içine çökdi. Owadan ala gözleriniň şöhlesi solup, owasynyň düýbünde garalyp galdy. Çal saçlar gününi sanap agarýar.
Bir gün mamam köne ýassykdan pena tapynyp, gyşaran ýerinden başyny galdyrman gepledi.
– Oglum, Gurban! Geçen gyş pejimiz hezil bermedi. Ýene-de mory kül gerdinden dolupdyr. Böwrüni deş, içini arassala. Häzir bol, ahmal bolup işini artdyraýma. Ilki bilen suwag etmäge samanyň gerdini ýa-da kepek tap. Kepek bizde nirede bolsun diýsene, iň gowusy eliňe halta al-da, kolhozyň harman jaýlarynyň birine baryp gaýt – diýdi.
Dogurdanam, kerpiçden gurulan pejimizi bejermesek, öten gyş hupbat berdi, gözümizi şulluk etdi. Ojaga bir gysym çöp atsaň bes, tüsseden ýaňa gözümize zäk çalnan ýaly, ne iýip maza tapýas, ne ýatyp.
Gündiz elim degmedi, il aýagy ýygnalyp, garaňky düşensoň, Aý dogdy. Elime halta alyp, harman jaýa tarap gitjek bolup durkam Merdan geldi.
– Gurban, seniň mallaryň fermanyň sürüsinde gezip ýör-le?
– Hawa.
– Ol-a hezillik, ýöne sygryňyzy sagaňyzokmy?
– Sagýas.
– Onda utýan zadyň näme? Sagylýan sygryňyzy günde agşam getirip, ertirine-de ferma eltip pada goşmak iş bolmazmy.
– Malymyzy kim alyp gitdi. Kim olary fermanyň ýatagyndaky sürä goşdy men habarsyz. Ertir tursam ýatagymyz boş.
– Onda bi daýzanyň işidir. Ferma müdiri oň dogany ahyryn. Ýöne, men başga zada geň galdym. Bolýa, siz-hä ferma müdiri bilen garyndaş diýeli. Eýsem Oraznepes agalaryňam sygyry, bugasy, göleleriniň üçüsi-de kolhozyň sürüsinde... Men saňa başga-da bir zat aýdaýynmy?
Merdan «tamda gulak bardyr» diýýän ýaly töweregine ýaltaklady.
– Kolhoza derňewçi gelenmiş. Eger-de kemçilik tapylaýsa bek daraýanmyş. Ho, ilerki obada bir atly başlyk bar-da.
– Diwan Peşmekmi?
– Hawa, edil özi. Şonam ýygnapdyrlar.
– Aý ýog-a...
– Hawa, hawa. Näme ýalan sözleýändir öýdýäňmi?
– Fermany nädipdirler?
– Onam.
– Baý, bä-ä...
Göwräm ýeňläp, üstümden gara bulut süýşdi.
– Merdan, dogan, saňa bu habary kim aýtdy?
– Atam oba şuranyň edarasyna baryp, tütün puly töläp geldi. Ýöne sen bu habary hiç kime aýtma. Birden ýalan bolup çyksa, biziň işimizi görerler – diýip, Merdan kiçijik, gara gözlerini tegeledi.
– Dostum, eger-de bir ýerde hakykat diýilýän zat bar bolsa, ol hökman ýüze çykaýmaly «Ogry azar, dogry ozar» diýipdirler. Ol adamlaryň ile berýän hupbaty çenden agdyk. Olaryň edýän işlerini saňa gürrüň berdim-ä. Hökümeti alahekge soramaýan bolsa-ha, halk duşmany Çäşem golagam däl, Ýagşylyk gazagam. Ýurdy ýykýan, gör, kimler. Diwan Peşmegiň bir bezzat oglam-a bolmaly?
– Ynkylapmy?
– Hawa.
– O-da özüňden güýçlä sataşypdyr. Bir ýerde bolgusyzlyk bolsa şol adamlardan bidin dälmikä öýdýän. Ýogsam şu wagt, zemin göwsünde ot gorsalyp, älem gan aglaýarka wyždana sygmajak bir iş edip bormy.
– Öz-ä bir ýoknasyzdyr. Näme hokga çykarypdyr? Ýüzläp-ýüzläp okuwçysy bar mekdepde, meni ol köpeý oglunyň ýüzüme gara çalybermeli edip masgaralany ýadyma düşüp, dişlerim şakyrdaberdi.
«Garyp sen ýyglama, şir dek bolarsyň» diýipdirler. Ýaman her haçan öz pälinden tapýandyr, dostum. Diwan Peşmek daşyna üýşen ýaranlary bilen halkyň emlägine syçan ýaly gemren bolsa, ogly semizligine çydamandyr. Ile sygmajak iş edip, bir naçaryň namysyna degipdir. Kakasynyň yzysüre ýygnapdyrlar. Ine, Gurban, binamyslyk diýip şuňa aýdarlar.
– Bir hütdük daş kümede Çäşem golak bilen iki gün oturdym. Şo meniň galan ömrümde ýadymdan çykmaz. Ol jaýam däl, daşdan ýasalan sandyk. Ne äpişgesi bar, ne penjiresi Şol ýokarsyndan dar deşijek bar, syçan hininiň agzam ondan uly. Gapysy demir, iki ýerinden gulpy bar, hersiniň agramy bäş gadak. Berýäni şurruk ýarma, salýany taýak... Gördüňmi, türme diýilýän zat nähili ekeni.
Meniň bu sözüm Merdany hopukdyrdy. Türmede ýatan Diwan Peşmegiň ogly däl-de, hut onuň özi ýaly bolup gaşlary çytyldy, gulaklary gymyldap gitdi. Dostum dem salymdan bütin durky bilen maňa tarap öwrüldi.
– Senem türmede ýatdyňmy?
– Hawa.
– Ogurlyk etdiňmi?
– Ýok, dogrulyk.
– Näme?
Dostum meniň bu aýlawly sözlerime düşünmedi. Gözlerini gyrpman ýüzüme çiňňerildi.
– Meniň siz obaly däldigimi bilýäň ahyry, siz maňa daýy.
– Işangala Diwan Peşmegiň gan çaýkan obasy. Çäşem golak ikimiz kolhoz emlägini dargadýan başlyk Diwan Peşmege garşy durduk.
– Onsoň?
– Onsaň dostum, şo wagt olar bizden rüstem çykdy, Çäşem golagy «Halk duşmany» bildiňmi.
Aýy nazarlap dostum dymdy.
– Nätmeli?
Dostumyň gursagyna sygman atylyp, daşary çykan bu sorag meni tisgindirdi. Oňa näme jogap berjegimi bilmän durkam Merdan özüni dürsedi.
– Gurban, ýör! – diýdi.
– Nirä?
– Kolhozyň mal ýatagyna.
– Ýatakda bu wagt näme işimiz bar.
– Aý ýagty, mallaryňy saýla.
– Çoşşy fermanyň özi bolmasa, Şarak çopan bize mal saýlatmaga beýlede dursun, ýatagyň golaýyna-da eltmez.
– Bu zatlaryň şeýledigini görüp, bilip durkaň-da beýdip ynjalyp oturyp bolmaz.
– Nädeli diýsene, Merdan, häzir gidip saman getireli. Irdenem bir eşege atlanyp Ilbaý mugallymyň ýanyna gideli. Hany, ol bize näme diýer.
Öýle naharyndan soň kolhoz padasyny Garakölden tapdym, mallar giň sährada ýaýnap ýördi. Şarak çopan depä çykyp, taýagyna söýenip, ýerden başyny galdyrman otlap ýören sürüden lezzet alyp, kä tüýdük çalyp, käte bolsa taýagyny dutar edinip keýpihonluk bilen «ha, leýlime» gygyrýardy. Ol şo bolşuna dünýäni unudaýan bolarly. Meniň nireden gelenimi aňman galdy.
– Şarak, aý Şarak!
Çopan meniň sesimi bir bada eşitmedi. Soňam aljyrady. Ol agzynyň hyllygyny akdyryp çalyp duran tüýdügini tas dişläpdi.
– Şarak!
– Hä.
– Gel, bäri!
– Näme bar?
– Mal bölüş.
– Näme?
– Sygyrymyzyň biri-hä öýde padadan gaçypdyr, özi bardy. Sürüde ene-de bir tüwämiz bar.
Şarak dilli tüýdügini emaý bileň bir bölejik esgä dolap goltugyna saldy, ykjamlandy. Duran ýerinden üýtgemän jogap berdi.
– Bu sürüde keseki mal ýok, bary kolhozyňky.
– O nähili «ýok». Hon-ha, Oraznepes agalaryň sygyry, ho ýekeşaham Hemralaryňky. Biziň tüwämizem o-ol çetki, çemberşah, ala sygyryň ýanyndaky gara otlap ýör.
– Bilýän, how.
– Bilýän bolsaň, näme üçin «malyň ýok diýýäň».
– Seret, ähli mallaryň böwri bellikli. Seň tüwände-de tagma bar.
– Iliň hojalyk malyny beýdäýmäne size kim hukuk berdi.
– Hukuk gerek däl oňa, Çoşşy perme bilen baş çopan olaryň baryny «kolhoz mallary» diýip, derňewçiniň öňünde güwä geçip, hasaba aldyrdy. Derňewçem oňa ynanyp, tagmasy ýoklara hut özi tagma basyp, sanap gitdi.
Gaharym depäme çykdy. Hiç zatdan habarsyz, otlap ýören padanyň içine kürsäp girip, mallarymy saýlap ugradym. «Mall eýesiniň gözünden suw içer» diýýänleri çyn. Elim bilen ot berip bakýan tüwäm meni derrew tanady.
– Çyk sürüden, mallary ürküzme – diýip, çopan herreldi. Pikir bermedim. Işim bilen boluberdim.
– Çyk sürüden diýýän, saňa!
Ýene-de üns bermedim. Tüwäm maýdalyna ýöräp padadan saýlandy. Janawar nazaryny oba öwürende padymanyň uzyn taýagy tüwämiň şahyna jalkyldap degdi welin, janaweriň gözünden ot çykdy.
– Iliň maly bolmaz, kolhozyňky. Onsoňam, men padyman. Bu, mallara başym bilen jogap berýän, düşündiňmi. Aýryl, padanyň öňünden! Gurban, sylagyň ýetdi, şu wagtyň özünde şu ýerden ugramasaň, gara sygyryň şanasyna degen taýak senem, tapar – diýip, Şarak üstüme dyzady. Men çopan bilen çekeleşip durmadym. Mal eýesi bolamsoň, arkaýyn malymy öňüme salyp sürüp ugranymam şoldy, gulagymyň düýbüne degýän ýumruk tas gözümi ýere gaçyrypdy.
– Ah, seň bir... Talaňçy.
Özümi dürsäp topuldym çopanyň üstüne. Ikimiz ýumak bolup ýerde togalandyk. Çopan menden destli çykdy. Ol meni gabur-gubur basdy-da üstüme atlandy.
– Kolhoz emlägine el urjak bolýany öldürseňem az – diýip, ol çyny bilen maňa daraýardy. Men çopanyň elinden sypyp bilmän urnup ýatyşyma oňa düşündirjek boldym.
– Diýýäniň dogry, meňem pikirim şeýle. Ýöne sen mahluk bolýaň, düşün. Meň mallarym meňki bolar-da.
– Ozal näme üçin o mallary Çoşşa berdiňiz. Ol şu çaka çenli gultumyndan geçiren mallarynyň öwezini siziň hasabyňyza doldy ahyryn. Olary «kolhozyňky» diýip hasaba geçirdi – diýip, çopan destini gowşatman döwşeýärdi. Çopan maňa bek daraşýardy. Onuň daş ýaly ýumrugy hütüldäp böwrümden degende gözümden ot çykýardy. Goranmasam, gepiň-sözüň oňa peýdasy degjek däldi. Onuň uzyn elleri ýakama ýetmez ýaly aralykdan hüjüme geçdim. Ýelgamaga dönüp hem urýardym, hem depýärdim. Birdenem ýeňsämden gelip ýapyşan güýçli gollar meniň badymy aldy.
– Bes ediň!
Azmly çykan, bu ses horaz ýaly ütlüşip duran bizi özümize getirdi. Ikimizem haşyldaşyp demimizi dürsesek, gapdalymyzda Meret milise bilen, Ilbaý mugallym dur. Çoşşy ferma, baş çopan ýene-de üç-dört nätanyş bar.
– Häýt, boluşyňyz gursun. Näme ütlüşip dursyňyz, utanaňyzokmy. Siz indi çaga-da däl. Beýle uruşmaga ýaran bolsaňyz, gidiň fronta – diýip, Meret milisioner azmly gygyrdy.
– Meret, sen hiç zady aýyp görme. Gurban mal eýesi. Çopan bolsa, sürä jogap berýär. Ine iki obadaşyň agyzlarynyň alarmagynyň sebäbi. Çopan mallary oba sür. Hojalyk mallarynyň hersi öz ýatagyny tapar – diýip, Ilbaý mugallym buýruk berdi.
Men bagjygy üzülen ýakamy, gany syzlap duran maňlaýymy hiç kimden gizlemän, döşümi gaýşardyp, oba tarap ýaýrap barýan padanyň yzy bilen ýöredim.
Powestler