00:45 Zyndanda ýanan şem -17: Wepa | |
WEPA
Powestler
Ýygym meýdanymyzyň iki gapdaly aryk. Derek gatyşykly söwütleriň arasynda mesgen tutan igdeler miwesini güjeňläp, al-elwan, bezemen gaýtarma ýaly jahana görk berýär. Atyzyň ilerisi şa ýol. Gaýrasy ses ýetemden görünýän jeňňellige baryp sepleşýär. Partugymy dördünji sapar boşadamda gaýraky çile ýetdim. Ýüzüne ýag çalnan ýaly Günüň ýiti şöhlesine ýalpyldap görünýän salkym-salkym jigirdekler işdämi açdy. El uzadanymy duýman galdym. Emma elim şaha, degip-degmänkä turdy bir şapyrdy, zähräm ýaryldy. Salymyny bermän özümi dürsäp, nämäniň nämedigini anyklasam kümüş ýelekli, goňras, bukawynyň ýüzüne zer çaýylan hüwä gözüm düşdi. Altyn suw berlen monjuk ýaly tegelek gözlerini Petredip oturan hüwüniň nazary içimden geçäýjek bolup görünýärdi. Ol doňdurylan ýaly sarsman otyr. Belkäm, şikeslidir, uçup bilmeýän bolaýmasyn diýen pikir bilen, guşly şaha tarap ýöredim welin, bu gezek uzyn, ýelpewaç, ganatlaryny giň gerip, pysyrdap galdy. Emma uzak gitmedi hol, aňyrky şaha gondy-da oturyberdi. Indi «Şikesli» hüwüni tutasym geldi. Pişik basyşyny edip oňa golaý baryp el uzatdym, bolmady. – Şu töwerekde höwürtgesi bardyr muň, ýogsam, heý-de, uçup gidibermezmi – diýip, garynja siňip bilmejek jeňňelligi howlukman synladym. Höwürtgeden boýunlaryny somlap oturan hüwüjikleri göresim gelse-de, gözüme zat ilmedi. Diýmek hüwüniň ganatlary şikesli. Garaz hüwi gaçdy, men kowdum, hüwi gaçdy men kowdym. Bu ýagdaýyň näçe wagt dowam edendligini bilemok. Eger-de Hajaryň sesini eşidäýmedik bolsam, jeňňelligiň o çetine çykaýmaly ekenim. – Aýu, Gurban. Haý Gurban-aa. – Häää... – Aý oglan... u. Nirä gitdiň aýuu!..! Hüwüniň öňüne dolandym, yza tarap uçdy. Ylgadym, guş howsala düşüp aljyrady. Uçan wagty şaha degip tas ýere gaçypdy. Bir seretsem ýeňim ýok. Etekdir synym görer ýaly däl, sallam-sajak, Hüwüli bolmak niýetimden el göterip, galdym derde. Lapym keç bolup, jeňňelden saýlanamda, Hajar dur öňümde. – Hi-wiý gyz, bu oglana seret-le. Wah, ne döw çaldy seni. Wah, wah, eşiklerini edäýşine seret. Indi näme geýjek. Bagty gara, bagtym garadyr meň. A bi tokaýda seň ne körüň barmyş. Ýer ýarylmady, men oňa girmedim. Gep nokatlap durman ýygyma, joýa düşdüm. – Sona daýza, aý Sona daýza! Ses menden o diýen uzakda bolmasa-da kellämi galdyryp boýumy dikläsim gelmedi. – Haýt, oglan..! Golaýymda özümden başga erkek göbekli bolmansoň, penjämdäki pagtany partugyma dykdym-da, diklendim. Adymy tutýana baka ýöredim. At göwsünden gelip, ýüki ýeten gowaçany iki bölüp, ýanyma gelen poçtalýon köwüş gaby ýaly bir gutujygy elime, berip atynyň böwrüne debsindi. Arryk baýtal seçeksiz, jonnuk guýrugyny bulaýlap tisginip gitdi. – Sona daýzaňkydyr guty. Ýabyň o ýüzünde pagta ýygýar, eltip bereweri, oglan – diýip, poçtalýon nirädir bir ýere howlugýan ýaly menden garasyny saýlap, alaşasyny tijedi. Daýymdan hat ýokmy – diýip soramaga-da ýetişmedim. – Sona daýza – uzyn boýly, alyp saçynyň ýekeje-de garasy galmadyk, süýnmek barmaklary çöpe çalymdaş. Kakap barýan hem bolsa-da entek hereketden galmadyk aýaldy. Ol pagtany hemişe oturyp, süýşenekläp ýygýardy. Biz ony geň-taň görmezdik. Ähtimal, onuň göreçlerem kütelişen bolsa gerek, men ony Sona ejä golaý gelemde aňdym. Ol gowaçanyň gür ýapraklarynyň arasyndan her süými sermenip tapýardy Kempir eline tutdyran gutymy alyp ýerinden turdy. – Bu näme oglum? – Size gelipdir. – Kimden? – Bilemok, men-ä, okamadymam. – Me. Gapyrjagy elime alyp nazarymy enä dikemde, onuň Gün howruna garalyp giden nurana ýüzünde peýda bolan howsala inim digläp gitdi. Ara düşen dymyşyklyk uzaga çekmedi.. – Oka balam, oka! Hut gutujygyň inli tarapyna ýazylyp, çep burçuna üçburç görnüşli möhür basylypdyr. «Sosnowka 563 Garlyýew N». – Garlyýew?.. O nähili Garlyýew?! Bu gapyrjak Merdan jandan dälmi näme? Sona ejäniň howsalaly sesine birhili boldum. Ýöne daýy oba bolan bu oba, men entek o diýen belet bolmamsoň N.Garlyýewiň, Merdanyň kimdigini bilmän enäniň soraglaryny jogapsyz galdyryp gutyny kempire gaýtarmakdan başga alaç tapmadym. Kempir ýüzüme çiňňerilip seretse-de, nazaryny gutyjykda saklady. – Ähtimal, Sylap poçta ýalňyşan bolarly. «Garlyýew» diýýä diýdiňmi! – diýip, gutynyň gelen adresini anyklady. Meň gutynyň adresini täzeden okadym. «Durdyýewa Sona. Sosnowka 563. Garlyýew N.» diýilip ýazylg-a ine. – Wah, men guramaýyn. Wah, bagtygara diýsänim, asyl «bi Garly golagyň ogly Nurmyratdan gelipdir diýsene. Ine, indi boldy. Ýigit bolsaň şeýle bol, heý, Sona daýzasyny unudarmy – diýip, ene gapyrjagy maňlaýyna sylyp, höwes bilen karton gapyrjagy açmaga durdy, Gapyrjakdan çykan çaý halta garryny diýseň otukdyrdy. Haltanyň büzülip duran agzynyň daňysynam çözmäge howlukman gürledi. – Bizde çaýyň gytlygyny aňypdyr-ow, oglan. Men häli agşam Mahym bilen bileje demlenip içerin, goý olam oglunyň maňa iberen sowgadyndan datsyn» – diýip, begenjinden iki bolup bilmedi. Bu çaýhaltanyň uzak bir ýurtlardan iberilendiginemi, ýa-da hut uruşyň jümmüşinden gelenliginemi, garaz, haltajygy görmek bilen ynjalman onuň açylmagyny isledim. Emma, Sona eje-de menden kem galmady. Ol ownuk külke çaýyň atanlyk bilen döküläýmegine ýol bermekden hederli ýaly oturdy, giň etegini ýere ýazyp haltajygyň bagyny gowşadyp ony açdy. – Hih!.. Kempir aýagyndan ýylan dişlän ýaly syçyrap ýerinden turdy. Aňkaryp ýanan giň owasynyň içinde gözleri peträp hanasyndan çykaýjak bolýardy. Bu ýagdaý uzak bolmady. Kempir diň arkan ýykylyp çaşdy ýatyberdi. Näderimi bilmedim, aljyradym. Janserek bolup ýatan kempiriň üstüne özümi okladym. Onuň börügini gaçyran çal başyňy gujaklap galdyrjak bolamda, ýumuk gözlerine nazarym düşüp zähräm ýaryldy. Gujagymdaky göwräni bagryma basyp,. möňňürenimi, özüm-de duýman galdym... ...Oýanamda heniz daň ýyldyzam ýaşman eken. Hajaryň meni beýle irden oýatmagyna geň galdym. Derrew geýindim. – Bu gün ýygyma gitme. – Näme üçin. – Pata ýere bar, olaryň odun-çöpüne kömek ber. Sona ejelere gelsem, Sähet aga goýun pudardap dur. Ýene-de bir aýal gazan ýuwýardy. Gara öýüň açyk gapysyndan görünýän beýleki kempirler nämedir bir zatlar bilen meşguldylar. Içerden çykan agy seslerine oniki süňňüm sarsyp gitdi. – Gurban, Ymsym ejeň oduna gitdi, garryda ysgyn barmy. «Odun tapylar gitme» diýdigem egmedi. Bendäniň göwni isleýär. Ylga oglum! Ýygan çöpüňi ýüpüňe daň-da, alyp gaýt. Özüňem ilki tamdyryň başynda dök. Elime tutdurylan toýnukly ýüpi alyp ýola düşdüm. Indi maňa hemme zat aýan. Sona daýzany diňden gaýtaran zat içi jeset külli haltajyk. Meniň dünýäde gorkýan zadym gözýaş. Aýratynam aýallar ses edip eňreşer welin, älem lerzana gelýär. Üsti jeset toprakly tabyt, jynaza meýdanyna geldi. Adatyň kadasy berjaý edilenden soňra, merhumyň hossarlary bu diýar, bi oba üçin janyny, gerçek ömrüni gurban eden ýigit bilen baky hoşlaşyp, onuň ýanyny ýere beren ülkeden gelen bir gysym jeset külüniň öňünde baş eglip, dyza çökdiler. Adagly gyz iň soňky demde janyna şypa umyt edip, lukmana bakýan hassa ýaly jeset toprakly haltany gözlerine sylyp ondan togap etdi. Tabydy göterdiler. Gölegçiler adamlardan ýaňy saýlanyp ýola düşende, joşan siliň öňünde duran böwet ýaly ejizläp, ýarylara gelip duran köpüň içinden çykan çirkin ses älemi sarsdyryp, zemini lerzana getirdi. Durmuşa boýun egmedik adat-da, şu ýerde ejizläp erkini elden berdi. Gölegçiler aýak çekdi. Şol pursat hümerden saýlanan natuwan gyz öňe okduryldy. Ol, hamana diýersiň, bu jahan bilen müdimi hoşlaşýan ýaly tabydy başujynda saklanyp, daraýy çäkmeni jübsünden çykaran gaýçysy bilen doluşyp, ýaňy ýumrulanan goşa göwsüniň üstünde iki ýana aslyşyp ýatan gara saçlarynyň düýbünden gyrkyp, dyza çökdi. Eline agram berip duran saçlaryň örümini ýazdyrman jeset toprakly tabydyň üstünde emaý bilen goýdy. – Ezizim, bu dünýäni men sen hasap ederdim. Men seniň üçin dünýä inipdim. Seniň bilenem bu jahandan geçmelidim... Gyzyň soňky sözlerini eşitmedim. Ine, şeýdip, biziň obamyzyň sansyz pidalarynyň ýene-de biri artdy. | |
|
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |