22:02 Zyndanda ýanan şem -3: Buşluk | |
BUŞLUK
Powestler
Sowuk alan aýagym ilki saňgaty boldy. Soňra ýumşap suwjardy. Çişdi. Tenime ýaýran awy welin, çeniň-çakyň däldi. Özem gitdigiçe güýjeýärdi. Ýüregime düşýän yza zerarly onki süňňüm zer-zaw bolup uruna-uruna haçan irkilenimi bilemok. Ýürek elendiriji naçar sesine oýandym. Ilki bilen kakam gözüme ildi. Ol ýumurtga taşlara ýer tapmaýan towuk ýaly iki-ýana, kä içki, kä daşky «işige ylgaýardy. Peçiň tekjesinde duran panus çyranyň öçügsi yşygyna kakamyň gara ýüzi saman ýaly saralyp, birdenem göm-gök bolup gögerip görünýärdi. Ses täzeden eşdildi. Yza-da ýatdan çykdy, agyry-da zöwwe ýerimdeň turup, ukudan açyldym. – Wa... a... e... eeý!.. Ses gulagyma iňňe bolup sanjyldy. Özem bir geňsi. Ejemiňki däl-de, kimdir kömege mätäç bir nätanyşyň ýürek paralaýjy nalasyna meňzedi. – Waý, eje! Saňa näme boldy?! – diýip, ejemiň otagyna kürsäp girmekçi, boldym. Kakam öňüme böwet boldy. Gaharyma ony iteberip gapa topuldym. – Dur oglum, dur guzym, rahatlan. Heý şu dünýäde meniň ejeň ikiňizden başga eý görýän zadym barmy? Hany, özüňi dürse. Maňa gulak as – diýip, kakam, tas özi bilen deň göwrämi gujaklap durşuna ýaňagymdan ogşady. Men şu ýerde özüme geldim. Şeýle ýakyn aralykdan kakamyň ýüzüne seretdim. Onuň ullakan ala gözleri aladaly. Göwnüme bolmasa ýüreginiň güdrsüldisem eşdiläýen ýalydy. Ses täzeden ýaňlanyp gitdi. – Kaka goýber meni! Eje... ee... e! – Ýuwaş! Goý, gygyrma... Kakamyň elinden sypjak bolup iki-ýana urnup gaharym gelse-de ejemiň halyna gynanýardym. – Eje... e... e!.. – Ýuwaş diýýän men saňa, ejeňe hiç zat bolanok... Gowusy, geý donuňy, ylga! Kakamyň soňky sözleri meni birneme gowşatdy. – Nirä ylgaýyn, kaka! – Äşe daýzaňlara. – Olarda näme bar. Eje-e-e! – Gon diýdim-ä, men saňa. Bol basym, ylga Äşe daýzaňlara, çagyr ony. Men hiç zada düşünmedim. Kakamyň ýüzüne täzeden seredip onuň çynydygyny aňdym. Gijäniň bir mahaly Äşe daýzalara baryp, ony näme üçin öýümize çagyrmalydygymy bilmesem-de howlukdym. Çäşem golaklar bilen biziň howlymyzyň arasy, açykdy. Ses ýetimden uzak. Onuň aýaly Äşe daýza bolsa bize garyndaş. Daşary çykdym. Töwerek-daşy asuda, hatda ejemiň iňňildisi-de eşdilenok. Ýola düşdüm. Tümlükden ýaňa asman-zemin birleşip, şam ýere çöküpdir. Ýol-ýodany çen bilen tapaýmasaň, saýgarar ýaly däl. Äşe daýzalara barmak üçiň iki ýol bar. Olaryň biri-hä gür hyşşadyr, gyzgan tokaýlygyny böwsüp geçýän bolsa, beýlekisi baýguşlara mesgen bolup, ýumrulyp ýatan harabalygyň üstünden geçýär. Dogry, bu ýykan-ýumran, köne galanyň mundan ýüz, iki ýüz ýyl ozalky bolşuny-göz öňüne getirip bolsa, onda ol gorkulam däl. Sebäbi bu haraba ne gözel şäher bolup, ol özüniň äpet-äpet derwezeleri, ir-iýmişli baglary, şagalaňly bazary bilen äleme meşhur bolandyram, belki. Ýöne şu häzir, bu ýollaryň ikisi-de meniň üçin diýseň amatsyz. Gorkup aýak çekdim. Yzyma dolanyp kürsäp içeri girdim. Ejem dişagyrysy tutýan ýaly henizem çabalanyp ýatyr. Kakam bolsa, onuň ýanynda namaz okaýan ýaly çök düşüp otyr. – Çagyrdyňmy, eýýäm!? Kakamyň bu soragyna diýere söz tapman dymdym. Azarlap ýatan ejemiň gözgyny ýagdaýyna ýüregim gyýylyp, iç işikde, gapa söýenip duruberdim. – Ah sen samsyk, men saňa näme diýdim. Bar basym, ylga! Ýa-da ejeňi öldüresiň gelýärmi? – diýip, kakam çyny bilen azgyryldy. Kakamyň şaňňy sesi hyýalyma gelen bolgusyz pikirleri dargatdy. Äşe daýzany getirmesem, depämde tozan turjagyny aňyp täzeden ýola düşdüm. Tä harabaçylyga ýetýänçä ylgawymy ýazdyrmadym. Ýadadym. Badymy gowşadyp agsaklap barýan. Gulagyma bir çybşyldy eşidilen ýaly boldy. Durdum. Göreçlerimi ýiteldip diňşirgendim. Indi çybşyldy öňümde däl-de yzymdan eşidildi. Hamaýaa diýersiň, ýeňsämden bir zat arkama hopba bolaýjak ýaly, ýyldyrym çaltlygynda yzyma öwrüldim welin, gijäniň gara keçesiniň «deşigiňden» görünýän goşa nokat köze gözüm düşdi. Köz gyzyl ýyldyz bolup, maňa tarap süýşüp gelýärdi. – Şa-a-a-g-a-l! – diýip, çirkin gygyranymy bilýän, soň özüm bilen näme bolanyny bilemok. Bir görsem Çäşem agalaryň derwezesini kakyp durun. – Açyň gapyny! Hanha geldi! Waý, geldi! Ýeteweriň! Gijäniň asudalygynda derwezäniň tarkyldysyna goşulyp sesim uzaklara ýaýrap gitdi. Howlynyň iç ýüzünde üýrýän itiň how-howy maňa birneme söýget boldy. Yzymdan kowup gelýän şagala tarap öwrülsem, hiç zat ýok, garalyp ýatan boşlukdan başga zat görmedim. – Äşe daýza!.. Meniň çirkin sesim Äşe daýzalaryň iti Akbaýyň zähresini ýardy. Ol bir bada üýrmesini-de bes edip, derwezäniň öňünden sowuldy. Ara düşen dymyşyklygy niredendir bir ýerde jygyldap açylan gapy bozdy. – Kim sen! Tanyş sese men özüme geldim, Ol öý eýesi Çäşem atady. Akbaý welin indi täzeden hüjüme geçdi. Ol derwezäniň açylaryna howlugyp jabjynýardy. – Ýit, ýok bol! Ýalagy kesilen, ýalagy kesilmiş. Günde ýüz görýän ýüzünem bir tanamaz haýwan bor oguşýan – diýip, ýaşuly derwezäniň, bosagasyny dyrnaçaklap üýrýän köpegi köşeşdirjek bolsa-da bolmady. – Çäşem aga, bu men, Gurban. – Oglum, beýle gijigipsiň, eýgilikmi? – diýip, goja derwezäni açyp duran ýerinden sorady. – Kakam şeý diýdi. Neme, o... «Äşe daýzaňy çagyrmasaň ejeň ölýä» diýdi. Akbaý aldyrany bar ýaly aýagymyň arasyndan sümüldi-de, atylyp meýdana çykdy. «Howluda gabalyp ýatan it-dä» diýip, içimi hümledip, derwezäniň bosagasyndan ätlän badyma golaýymyzdan turan gabyrdy öý eýesinem, menem saklady. – Şagal – diýip, heniz çyra ýanyp ýetişmedik içerä, ýaşulydan öňürti kürsäp girdim. Ähtimal, möňňüriberen bolmaga çemelim: – Goý, sesiňi. Eňegiňe sakgal çykypdyr. Beýdip möňňürmäň näme. Il eşitse, aýyp bor. Ejeňe hiç zat bolmaz. Ine Äşe daýzaň barar welin, hemme zat gülala-güllük bor diýip, ýaşuly çyra ýakyp duran ýerinden meni köşeşdirdi. Men bolsa ejem üçin däl-de yzymdan galman tä, Çäşem agalaryň bosagasyna çenli kowalap gelen şagaldan gorkyma möňňürýärdim. – Şagal – diýip, Golak ýaşuly geňirgendi. – Şagal, Çäşem, aga, şagal! – O niräniň şagaly. Bu obanyň her öýde bir köpek bar, onsaňam bu obada şagal näme işlesin. Daşarda gabyrda-gubur it sesleri henizem ýatyşanokdy. Ýaşuly täzeden ýüzüme seretdi-de, öýden çykdy. Ol derwezä tarap ýöräp barşyna, nämedir bir zat bir zat diýip hüňürdeýärdi. Itleriň ala-gohy gojanyň sözlerini eşitdirmedi. – Köne galanyň deňine ýetemde, meni tas alypdy. Zordan gaçyp gutuldym. Yzymdan galman kowup geldi – diýemde, Çäşem aga içi boş golak ýeňini hallan atdyryp, daşary çykdy. Menem ýaşulynyň yzynda. Öňümizde, şagal bilen garpyşýan Akbaş gabyrdysy aýyl-saýyl eşidilýärdi. Golagam bolsa ýanymda uly adamyň bardygy üçin özümi dürsedim. Öňden belet howlym bolansoň ýüzugra alan çarşagym elimde. Şagal bilen aldym-berdimli söweş edýän Akbaýa kömek bermäge hyýal edýärkäm. – Şagal diýse menem ynanyp ýörin. Şagal her neneň şagaldyr. Ol aňsat oba arasynda beýdip, it bilen garpyşýan däldir. Hany bärik gel – diýdi, Şonda-da ätiýajy eldem bermän, henizem gemirişýän itiň ýanyna, barsam, Akbaý bilen gemrişýän «şagal» meň köpegim Garagöz bolsa nätjek. – Akbaý, Garagöz ýit, ýit, ýok bol! Öý-eýesi itiniň syrtyna aýagy bilen kakyp goýberdi. Töwella mätäç köpekler «haw-da haw» bolşup aýrylyşdylar. Onýança geýnip biziň ýanymyza gelen Äşe daýza: – Makowda bular ikisem, makow. Oba içinde şeýdip ütlüşip masgara bolup, ýören it ýokdur. Ala-böýle şu ikisi biri-birine gabat geläýdigi bes, ütlüşip ölenler, ütlüşýärler – diýip, henizem haslaşyp duran itlerden zeýrenip durşyna maňa ýüzlendi: – Ejeň haçandan bäri birahat, Gurban? Öýüňizde kimler bar. – Kakam bar. – Gülsüm barmadymy? Gülsüm eje biziň dul-degşir goňşymyz. Ýöne näme üçin ejem Äşe daýza bilen aragatnaşyk saklanyny kem görenok. – Men gaýdamda-ha ýokdy. Itleriň sesi ýatyşdy Garagöz meniň häzir öýümize gaýtjagymy aňdy. Ol ýüzüni öýe tarap sowup hol çeträkde dur. Öz bolşundan utanýan ýaly Akbaýam ýüzüni sallap derrew howla girdi. Menem şagala niýetläp alan çarşagymy derwezä söýäp, Äşe daýzanyň yzyna düşüberjek bolamda ol: – Çäşem kakaňyň ýanynda boluber. Bu wagt seň öýüňizde işiň ýok – diýip, ýeke özi çalt-çalt ýöräp tümlüge siňip gitdi. Garagözem Äşe daýzadan galmady. Oňa ýoldaş bolup yzyna dolandy. «Ýatanyň üstüne turan gelmesin» diýlişi çyn. Çäşem aga odun getirip peçiň oduny täzeledi. Taňkany suwdan dolduryp, çaý goýdy. Kä lowlap, käte hem peselýän alow biziň ýüzümize düşüp, bir geňsi ýalkym bilen içerini ýagtyldýardy. Ojagyň bir gapdalynda gat-gat edilip ýere ýazylan çypdynyň üstünde bagdaş gurup oturan ýaşulynyň diwara düşýän kölegesi has hem geň görünýärdi. Ol ýalyn köräberende okuw kitaplaryndaky golsuz heýkeller ýaly garalýardy. Alow peselende bolsa ýitip gidýärdi: – Çäşem kaka, siziň goluňyza näme boldy? Ýaşuly meniň bu soragyma garaşmadyk bolsa gerek. Ol sallanyp, ujy ýere degip ýatan boş ýeňiniň ujyny-beýleki eli bilen çekip dyzynyň üstünde goýdy-da, uludan demini aldy. Özümiň biedeplik edenimi aňyp dymmak bilen oňaýdym. Taňka gaýnady. Öý eýesi çäýnekleri çaýkap çaý demledi. Peçiň közüni alakçyna çekip, orta saçak ýazdyk. Ýaşuly ýeke eli bilen! çäýnegindäki çaýy birki sapar gaýtaryp saçagyň bir burçy bilen üstüni basdyryp deme goýdy. – Oglum, bu golak eliň taryhy kän. Biziň kolhozymyz şu etraplarda ilki gurlan kolhoz. Şaýdakowdan soňra, hökümet, baýlaryň, işanlaryň malyny, mülküni, ýerini, suwuny ellerinden alyp, halka, garyp-gasarlara paýlap berdi. Biz ilki ýekebara hojalyk bolup ekin ekdik. Ýöne bizi başybozuklar heläk etdi. Döwlete hasyl tabşyrmaga barýakak öňümizden çykdy. Şäherden pully gelýärkäk talady. Öküzimizi öldürip, awymyzy atdy. Garaz, hezil bermedi. Bizem şunça çydam etdik bolmady. Işe ýaragly gidip, ýatanymyzda hyrlymyzyň mäşesini çekip ýatmaly bolduk. Bu-da peýda bermedi. Biljek gümanyň ýok, göz-açyp ýumasy salymda obany çepbe-çöwrübem sag-aman sypýardylar. Ahyry bolmady. Basmaçylaryň garşysyna ýaragly otrýad düzüp söweşe girdik. Gyryp bilenimizi gyryp, tutup bilenimizi tutup «Indi-hä duşmanlaryň soňuna çykdyk» «öýdüp täze hyjuw bilen işe başladyk. Ýekebara hojalyklaryň biri-birlerine goşup, birleşip işläp ugradyk. Bu usul daýhan üçin diýseň amatly ,boldy. Ine, şeýdip şu «Gyzyl Goşun» adyndaky kolhozymyzyň düýbini tutduk. Edenimiz oňuna bolup, girdejimiz artdy. Içersinde kendirigi ýok öýler güzlenip sygyr sagyp, gor tutyndy. «Etimiz-derimiz giňäýdi» diýip, ýörkäk obada başga bir bela döredi. Çeträk oturan öýler talanyp ugrady. Özüne-de haýran galaýmaly. Ne ok atylýa, nede it üýrýär. Sessiz-üýnsiz, näme-näme bolanyny diňe ertesi eşidip galýas. Täzeden aýaga galdyk. Obanyň daşyna sakçy goýup aňtadyk. Uzyn gije şöwür çekip çykýas welin, ne obadan çykýan bar, ,ne-de oba gelýän. Emma günde bir öý talanýar. Özem geň galaýmaly, men diýen ýigitleriň el-aýagyny daňyp içersini ýükläp gidýärler. Ahyry bolmady. Indi belli-belli öýleriň daşyny aňtap ugradyk. Bu-da peýda bermedi. Aňtalýany däl-de aňtalmaýany talaýarlar. Organa ýüz tutdyk. Çary diýip Aşgabatdan biri geldi. Küren oba bolup başarmadyk işimizi bu gije ýigidiň edäýjek bolşuna geň galdyk. Onuň bolşam birhili. Uzyn günläp oba içinde seňk-seňk aýlanyp ýör. Gün ýaşmazyndan öňürti otagyna girip içinden temmileýär. Biz onuň talaňçy, tutjak bolşuna haýran galyp gülşerdik. Emma, ýalňyşypdyrys. Ol oba ogrularynyň kimlerdigini bada bilipdir. Ýöne tejribeli talaňçylaryň aňsat-aňsat ele düşmejegini aňyp hile gurýan bolsa nätjek. Bir gün ol meň ýanyma geldi. Kömek sorady. Indi biz iki bolduk. Ilki agşam, Aý batan badyna ol daşary çykdy. Menem onuň düşeginde, elim sapançaly ýatyryn. Töwerek asuda. Gijede ýarymdan agdy. Menem gulaklarymy üşerdip, gözümi petige dikip ýatyryn. Birden üçekde biri bar ýaly boldy. Tirsegime galdym. Sapançamy-da ýassygymyň aşagynda. Gapy-da ýapyk. Çybşyldy gaýtalandy. Onýança tüýnükde bir gara peýda boldy, Ol guýynyň agzyndan sereden ýaly, bir salym içerini diň saldy-da, aşak sallanyp ugrady. Men şu ýerde sabyrsyzlyk etdim. Çary gymyldaman ýatgyn diýenem bolsa, ýerimden turdym. Tüýnükden sallanyp gelýäni ýere ýetirmän, ýüpüni kesmek üçin el uzatdym welin, nejis öňürtdi. Saldy gylyjy elden... Ine şeýdip, oglum, Çäşem agaň golak galdy. – Basmaçylary nätdiňiz? – diýip, men ýaşula ýene sorag berdim. Çäşem aga ýüzüni galdyrman, basyrygly duran çäýnegini öňüne alyp käsesine çaý guýdy. – Asyl, daşarydan gelýän basmaçy ýok bolsa nätjek. Obamyza ot ýakdyrman, gyrgyna berýänler basylyp giden, atuwa höküm edişen baý-kulaklaryň garyndaşlary bolsa nätjek. Soň olary hamyrdan gyl sorgran ýaly ýekän-ýekän güm etdiler. Ýaşuly şu sözlerden soň näme üçindir uly-uly dem alyp sojady. Dymdy. Ine, şeýdip bu gije-de ötdi. Ertesi irden Äşe daýza gelşine gapydan girmänkä, derwezäniň deňinden gygyrdy. – Buşluk, Gurban, jigiň boldy! | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |