22:37 Zyndanda ýanan şem -4: Jürlewük | |
JÜRLEWÜK
Powestler
Ýegşem agalaryň öýi gum etegine jähek bolup ýatan köne derýanyň egnini basyp otyrdy. Öý bolup öýem däldi. Ol iş edilip ýerden gazylan kümedi. Agylam şol ýerde, gora-da. Men Ýegşem, agalara öýlän geldim. Kakama-da ejeme-de geňeşmän özüm gaýdyberdim. Hatda Äşe daýza-da aýtmadym. Bossan eje meni güler ýüz bilen garşy aldy. Ojakda duran taňkadan çaý demledi. Şem çyranyň peltesini galdyryp, öňüme saçak goýdy. – Al oglum, boýuňa döneýin, ýigit çykypsyň. Ejeň kakaň gurgunmydyr. Gezelenje geläýdiňmi. Oňarypsyň – diýdi. Bir bada näme diýjegimi bilmedim. Özümiň öýden bidin gaýdanyma utandym. Gara der boldum. Çaýyň gyzgyndygynam unudyp, tas agzymy ýakypdym. Bossan eje meniň bu ýagdaýymy aňdymy, garaz, bilemok, ýanymda uzak oturman turup gitdi. Ýeke galdym. Giräýen badyma alasarmyk bolup görünýän bu içeri indi aýyl-saýyl. Kümäniň içi giň. Ýeke pil bilen bu giden gumy daşyna çykaryp bilen adama telpek goýaýmaly. Ýene-de bir geňlemeli zat, ne äpişge bar ne tüýnük. Girelgä germew edilip gurlan kerpiç peç içeri bir geňsi görk berip dur. Ýere agylan düşek welin ýumşak. Bir ýerden köwsarlaýan bozagan ysy tüssäniň goňras ysyny basyp içeriniň howasyny bir enaýy tämizleýärdi. – Ýeke özüň bolup, utanyp oturma oglum. Çekinme, çöregem iý. Ine, şujagaz kemputjagazam bukup goýupdym. Al, çaýa huruş et – diýip, Bossan eje bir penje süýjüni saçagyň çetine, maňa golaý ýerde goýup özem oturdy. – Sag boluň Bossan eje, ajygamok entek – diýdim. – Arada Ýegşem dädeň, seni diläp barypdy. Hernä kakaň dagy ýok diýmändirler. Taňry ýalkasyn. Kösenene kömek bermekden sogap iş barmy. Seni bize haçan goýberjekler? Men bu meseläni nädip gozgarymy bilmän otyrdym, asyl, üstümden ýük aýrylana döndi. – Gelşim-dä şu, Bossan eje, – Wah, şeý diýsene, balam. Sen bir asyl ýeriň çagasy, ejeň Maralam, kakaň Juma-da lebzine bütin adam. Ýegşem dädeňiň ýeke özi sürüniň yzynda. Süri o diýen uly-da däl welin, Şonda-da adamsyz bolanok. Berekella, berekella Gurban jan, oňarypsyň. Gün eýýäm namazgär boldy. Indi sürüniň ýüzi bärik öwrüldi. Ýegşem dädeňem geler. Ine, onsoň ol saňa bar zady öwreder. Aýagyňyň aşagyna ulag berer. Eşegiň üstünden düşmedejik bakyber. Meýdan giň. Ilersi Gyzyltakyr, ýokarsy Ogşuk. Şu iki arada ýatan sähra seniňki. Sendenem başga çopan oglanlar kän. Ýüregiň gyssa oýna. Gamyş kän, tüýdük ýasan, ýeke wagtyň çalyp saz ören – diýdi. Men beýle hormaty nirde gördüm. Jahanym giňäp, boýum bir sere ösdi. Ýöne welin, ejemden kakamdan bidin gelendigimi Bossaň ejä aýtmazlygy net etdim. «Soňra bilinäýse nätjek?» diýip öz-özüme sorag berdim. Elbetde biliner, bilinmejek zat barmy. Meniň öýde ýokdugymy ilki bilen ejem biler, Sokra-da kakam. Ertesi mekdep, mugallymlar, bütin oba, ine, onsaň çopançylygam şunuň bilen gutarsa gerek diýip, oýlanam-da kümeniň petigi depäme çökäýen ýaly boldy. Birdenem Ýegşem aganyň diýen sözleri ýadyma düşdi, «Okuw meselesini özüm çözerin» diýipdi ahyryn. Kim bilýär. Belki çözäýdi-dä. Birdenem gara basan ýaly hopukdym. Indi şeýdip okuwdan, öýden çykyp gaýdybermelimi? Şeýdip basgyda galan ýaly, jahan owarrasy boglup uzak oturdym. Ahyry, puşeýman edip otyrkam Ýegşem çopan öýe girdi. – Ohow, berekella, berekella Gurban. Şu gün-erte özüm yzyňdan baraýyn diýip, ýördüm. Geleniň gowy bolupdyr. Direktoryň öýüne bardym düýn. Od-a ör-gökden geldi. «Okuwçynyň gowusydyr ol. Ony beýdip mekdepden alyp galjak bolmaň» diýip sözümi diňlemedi. Ahyry ýalbarmak ýalbardym zordan bir hepde rugsat berdi. Saňa aýtdylarmy? – Ýok. Bu gün men okuwa-da barmadym, – Wah... eý. Barmaly ekeniň, oglum. – Bärik, size gaýtdym. – Kakaň bar diýdimi? – Ýok, özüm gaýtdym. – Oňarypsyň oglum, häli, hupdaňara özüm baryp kakaňa aýdyp gaýdaryn, arkaýyn bol. Ine şeýdip, şo günüň ertesi ýaşuly çopan bilen örä çykdym. Ol maňa goýunlary nirede, nähili bakmalydygyny, nädip haçan suwa ýakyp dynç bermelidigini görkezdi. Itler bilen tanyş etdi. Goýunlaryň horuny, zoruny görkezdi. – Adamlarda boluşy ýaly, mallaryňam içinde kümsügi bar. Ägä bol. Ahmal bolsaň ýeke çykyp, sürüden saýlanýarlar. Özi ýalylaryda yzyna tirkär – diýip, goja çopan köp zatlary düşündirdi. Kakamyň gaharyndan, ejemiň igenjinden dynyp, ýalazy meýdanda birem süri, birem özüm bolup, ýeke galanymy kem görmedim. Goýunlar gün depä çykanda köne derýanyň ýasgagyna inip çägäni düşek edinip ýatdylar. Menem eşegimi ýylgyna daňyp, kürkä1 girdim. Bir salym uzalyp ýatdym. Uklaryn öýtdüm. Ukym gelmedi. Göm-gök, köl bolup çaýkanyp ýatan köne özege seredip uzak oturdym. Goýunlar welin biri-birleriniň böwrüni diňläp, gäwşeşip ýatyrlar. Geçiler bezzatdyr öýtdim, olam däl ekeni. Öňbaşçy erkeç sagrysyny şahynyň ujy bilen gaşan wagty eşidilýän jaň sesi diýäýmeýeeň asudalyk. Itleri tas unudan ekenim. Hälem Akbaý golaý gelip bir geňsi çyňsamadyk bolsa olary aç goýjak ekenim. Eşegiň gaňňasyndan asylgy süýtli kädiden ýalaga süýt guýup, üstüne zagara, dogradym. Itleriň üçüsem ýalaga gelip, howlukman iýip ugradylar. Ajygypdyrlar, köpekler diýseň rahat, biri-birlerine hyrsaňlaşman, hersiniň öz geregini iýip duruşlaryna geň galyp otyrkam, bir atly peýda boldy. Men ony tanadym. Bi kolhozyň gök brigady Paýpakdy. Ol kürkäniň ýanynda atdan düşdi, horjunynyň gözünden bir tokly çykardy. Tas gülküm tutupdy. Ol tokly diýseň tokly däl, maýmyn diýseň maýmyn däl, gözi gülli, gulagy çüri, gapyrgalaryny sanabermeli. Burnundan sümük akyp, aýagynyň üstünde zordaň duran bir zat. Sallanyp duran gulaklary, dört aýagy bolmasa, oňa goýun diýibem aýdyp boljak dol. – Paýpak aga, munyňyz näme? Nireden tapdyňyz bu janawary – diýdim. Ol: – Düýn çölden geldim. Ol ýerdäki sürümiziň ýagdaýy gowy däl. Dözmedim, janawary özüm bilen alyp gaýtdym. Bu ýer oba içi, agzyndan iýip dursa hepdä ýetmän aýaga galar. Başlygyň tabşyrygy şeýle. Ýegşemem habarly. Ýerine-de bir öweç alyp gitjek – diýip, rahat ýatan sürüniň içine kürsäp girdi. Dowarlar del adamdan ürküp bary birden aýaga galdy. Olar kellelerini ýokaryk tutup, aýaklaryny dirkildedip, bulut kimin syrygyp bir ýere üýşdiler. Paýpak aganyň bu bolşuny halamadym. Ýerimden zöwwe turup, näme aýdyp, näme etjegimi bilmedim. Paýpagyň bu bolşuna süri dyr-pytrak dargar öýtdüm. Emma, ýalyny iýip ýetişen itler, goýunlaryň dargamagyna ýol bermedi. Akbaý sagyndan, Gökbaý solundan, sürüni butnatmadylar. Ähtimal, Paýpak öňem telim sapar bu sürä darap, mal saýlan bolsa gerek. Ol ozaldan bu ýerde taýýar, meniň kölge edinip oturan gamyşyma söýegli duran ujy egri, taýagy eline alyp, ony derrew bir öwejiň boýnundan saldy welin, çeňňege düşen goýun gymyldap, bilmedi. – Paýpak aga, munyňyz-a bolmady. Ýegşem agany getirip, özi barka alyp gitseňiz gowy bolardy. – Sen näm-aý, heniz burnuň sümügi guranok, maňa öwretjek bolýaňmy. Ýa-da sen bu zatlary başlykdan gowy bilýäňmi. Gel bäri, iň gowusy, mana muny atyň üstüne atmaga kömek ber – diýdi. Kömek bermedim. Ol käýine-käýine öweji eýeriň üstüne zordan atdy. Şo güni Paýpagyň goýup giden hor toklusy maňa iş boldy. Sürüniň yzyna ýaraman ýykylyp ýatyr. Ahyry, ony eşege ýükläp ýataga getirdim. Ýegşem çopan Paýpagyň bolşuny geňlemedi. Gaýtam, ol lagar düşen toklyny ozaldan, ýatakda özbaşdak seredilýän bir topar arryk goýunlaryň arasyna goşup çaý-çöregi bilen boluberdi. Ertesi süri ugryny birneme üýtgetdi, Boýny jaňly erkeç ýüzüni oba tarap tutup, bu iki aralykda ýatan jeňňellige özüni urdy. Men sürüniň bu bolşuna garşy bolmadym. Gaýtam özüme beýle uly süriniň ynanylyşyny oglanlar bir görsediler diýip, jeňňelligiň o ýüzüne geçip duruberdim. Emma, meni gören tapylmady. Eýläk-beýläk seretsem-de, gözüme ilen adam bolmady. «Özümiň bärdedigimi dostum Alty daga nädip bildirsemkäm? Ýa-da sürini bir salym taşlap, oba baryp gaýdaýsammykam» diýip, durkam düýn ýasanan jürlewügim ýadyma düşdi. Eşegimiň jylawyny gaňňa ildirip jürlewügimi jürrüldedip ugradym welin, tüýs milisioneriňki ýaly, äleme ýaň berip, sesi uzaklara ýaýrady. Jürlewügimiň sesini goýunlaram geň gördi. Olar başlaryny galdyryp üşerilişdiler. Jeňňellikden saýlanyp, ýüzüni ümdüzine tutdyrjak bolup duran gär geçi-de bu sese bir hili boldy. Edýän işiniň telekdigini aňaýan ýaly meniň jürlewik çalyşymy synlap bir salym durdy-da, yzyna dolanyp sürä siňdi. Emma meniň bu şatlygym uzaga çekmedi. Kolhozymyzyň başlygy Diwan Peşmek gökden inen ýaly edil gapdalymda peýda boldy. Agzymyň suwyny akdyryp, şol jürlewik çalyp oturşuma başlygyň ýerinden çykanyny hem aňman galdym. Ol ýüzüni ak tam edip meniň eşegimiň gapdalyna atyny ýanady. – Näme edýäň, deýýus – diýip, gygyrdy. Men eşek üstünde oturşyma başlygyň gaharyny getiräýjek nähili iş edendigimi biljek bolup gözlerimi tegeledim. – Hiç zat. – Ah, sen tentek, indi sen näme edýäniňi-de bileňokmy? – diýip, ol elimdäki jürlewigimi kakyp aldy. – Hany jürlewik diýip, dazzaryldy. – Eliňizde. – Bu däl – diýdi. – Başga jürlewik ýok, Diwan aga. – Ýalan sözleme, milisioneriň jürlewigini ber bäri diýýän saňa. – Milisioneriň jürlewigi maňa nireden düşsün, agam. – Ýalan sözleýäň, deýýusyň çagasy. Seň ýaly çöpdüýbülerden her zat çykar – diýip, atyndan böküp düşdi-de, jübülerimi sermäp çykdy. Emma, hiç zat tapman: – Hä, meni görüp zyňansyň, sen. Eşitmedim diýme, indi gaýdyp şu oýmakda seň jürrüldiňi eşdäýsem, edil boýnuny sogyryn – diýip, gamçysyna ýapyşdy. Men elemli başlygyň öňünden zordan sowuldym. | |
|
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |