22:39 Zyndanda ýanan şem -5: Söweş | |
SÖWEŞ
Powestler
Obadan daşlaşman goýunlary käle sürdüm. Oduna çykan, ýa-da tezek çöpleýän kimdir biri gabat gelse, aşyk oýnaryn umyt bilen eşekden düşdüm. Ýegşem aganyň ujy egri, çokmak taýagyny gaňňadan ildirip eşegi kössekledim. Töwerek-daş asuda. Bir süri, birde men. Mylaýym howada uçup-gonup, jürk-de, jürk, guşlardan başga seda ýok. Itlerem öz işleri bilen gümra. Biri sürüniň o ýüzünde, beýlekisi bolsa, köne ýabyň belent raýşyny tapyp, şol ýerdenem töwerege syn edip otyr. Ýekelige öwrenmämsoň ýürek gysýar, özüme pişe tapman iki ýana zöwzenekläp, ahyry golaýymda dymyp oturan köne haýatyň üstüne çykdym. Göwnüme bolmasa, başym göge diräýen ýaly boldy. Bu ýerden oba-da uzakda däl.Honha, top oýnaýan oglanlar görnüp dur. Bu haýat «Çar diwarly bag» diýilýäni. Ýöne, kimden galan miras. Kimler bu howlyny bina edipdir. Eýesi kim? Haýsy asyryň tot-tozany bar bu pagsada. Kim ony bize aýdar? Henizem başy dik tutup, gala suduryny ýitirmän duran bu harabanyň ortasynda bir özek bar. Ol köl bolup çaýkanyp ýatyr. Oba içine ýaýran gürrüňe ynansaň, özegiň düýbi ýokmyş, içinde bir aždarha barmyş. Aždarha balyk görnüşinde bolup, ol kä wagt kä wagt gyra çykyp, aňtaýamyş. Ýöne şonda adam bolsun, mal, parhy ýok, eline ileni agzyna lak-luk atyp özegiň düýbüne çümýärmişin. Bir gün Geldek traktorçy ýer sürüp ýadapdyr. «Ýadawlygym çykar» diýip, özegiň dury suwuna düşünipdir welin aždarha lakga Geldek aganyň aýagynda ýapyşyp tas alan ekeni. Daýaw ýaş ýigit güýjüne buýsanyp zordan dýri galanmyş. Ynha, ýedi pagsa. diwaryň üstünde otyryn. Çar tarapym giden ýaýla. Gözýetime barýança elimiň aýasynda. Bu ýerler tomus nähilikä? Arman. Tomus ýoldaşlarym bilen bu gözelligi synlamanyma puşman etdim. Aýratynam köle seret. Gazlar gagyldaşyp, guwlar goguldaşyp ýör. Çülükler çümüp, ördek ürküp, gotan gorkup, çapaklar çapyp, balyklar böküp, gurbagalar gyra çykyp, alagoh. Bu gözelligi hut meniň ýaly, şu ýerde ýeke oturyp syn etmek her kime başardarmy, elbetde ýok. Aw üstünde dawa duruzyp, iki ýana gaýyşýan çarlaklar asyl meni bardyram öýtmän, depämden gaýyp geçýärler. Honha, iki sany gyzylaýak gabat garşymda otyr. Olar uzyn boýunlaryny iki epläp, gara çüňkli kellesini ganatynyň aşagyna sokup, ýeke aýakda gymyldaman dur. Kesesinden synlasaň, ol gyzylaýaklar diri dälde, içi samanly gäbi ýatladýar. Adamlaryň aýtmagyna görä, bu köljagaz ozal-ozal bu ýerde ýok eken. Bu etrap, Jeňňiriň köprüsine çenli Şarak baýyň mülki ekeni. Şaýdakowyň goşunlary Porsy1 galasyna giren gijesi suwy dyňzap duran arna raýşyny böwsüp ýykgyn döredipdir. Emma neti gara, gara ýürek Şarak aga adam boýy bosagadan inip gaýdan suwuň öňünden sowulmaga ýetişmändir. Akym ony özi bilen dolap alanmyş. Bendäniň jesedi henizem şu kölüň suwunyň çuň ýerinde ýatanmyş diýen gürrüňem bar. Bu myş-myşa garşy çykýanlaram bar. Olar ýok. «Şarak baý dirimiş. Ol jonnuk eşege horjun atyp gum. içinde guýudan guýa entäp, söwda-satlyk edýärmiş» diýýänlerem bar. Ýöne, bu meýdan şol ýykgyndan soň sandan çykyp şor ýere öwrülip galypdyr. Töweregiň ajaýyp keşbine haýran galyp, meýmiräp otyrkam gulagyma bir tanyş it sesi geldi. «Oba itleri sürini görüp çopan köpeklere üýrýär-ow» diýip, başymy galdyrsam, sürä ýanaşyp bir araba dur. Süriniň içinde iki adam dyr-pytyrak dargan goýunlaryň yzyndan hallan urýar. Diwaryň üstünde oturanymam unudyp, tas başaşak gaýdypdym. Sypyrylyp düşägeden ylgadym. Barsam biri ferma __________ 1 Häzirki Boldumsaz etrabynyň merkezi. müdiriniň ogly Peltek, başga ady baram bolsa bardyr welin, il içinde ýörgünlisi şol. Beýlekisi Başlygyň ogly. Ol obada kän bir görnüp ýörenok. Bir ýerde-hä okaýarmyş. – Peltek, näme edýärsiňiz. Sürüni dargatdyňyz-a – diýip, gygyrdym. – Goýun tutjak bolýas – diýip ol gara der bolup bir öwejiň yzyndan eňip barşyna jogap berdi. – O nämäniň goýuny? – Başlygyň okuwdaky ogly gelipdir, şoňa «gowurma edinjek» diýdiler. – Edinseňiz ediniberiň. Ýöne siziň bu bolşuňyz näme? Kolhozyň sürüsini dargadyp ýörsüňiz. Hany oýnuňyzy bes ediň. Saýlanyň sürüden. Başlygyň ogly meni bardyram öýtmedi. Asyl, ýüzüme-de seretmän, bir semiz öweji kowalap, başagaý. Süri böri darana döndi. Dyr-pytrak. Hersi bir ýerde. Peltek bir toklyny tutdy-da, duruberdi. Beýleki welin, şol saýlatma öwejiň yzynda. Iki böküp, başlygyň oglunyň öňüne gabat boldum. – Dur! Boýy maňa esse ýarym, daýaw jahyl ýakamdan jüpläp tutdy-da, meni bir gapdala zyňyp goýberdi, bir hor toklunyň üstüne düşdüm. Göwrämde saňňyldy peýda boldy. Ýeňsäm gatap, dişlerim şatyrdady. Ýumruklarym şeýle bir düwüldi, welin, dyrnaklarym aýamyň ýumry etine siňip gitdi. Ýaryşa çykan goç mal ýaly maňlaýymy tüňňerdip talaňçynyň üstüne täzeden eňdim. Garşymda güberlip duran göwräniň gursagyndan süsdüm. Ol entirekläp-entirekläp gitse-de ýykylmady. Onýança ýeňsämde peýda bolan Peltek depdi welin, tas biloňurgam ýazypdy. Soňra jahyllar birleşip, maňa turmaga maý bermedi. Höwes bilen iki tarapdan depilýän göwräm mejaldan gaçdy. Garşylyk görkezmegä beýlede dursun, gulaklarym gapylyp, gözüme gan indi. Asman zemin pyr-pyr aýlanyp, ýer düňderilen ýaly gulagyma bir çirkin ses eşdildi. Bu ýakymsyz ses içimden parran geçip dykyn alan gulaklarymy açdy, aňyma getirdi. Güýjümi jemläp başymy galdyrsam, gapdalymda ýatan bir göwräniň üstünde, şahlary işim-işim bolup çöreklenip duran äpet goç dur. Ol temegini göge tutup «Namart, gaýratyň bolsa tur hany, meniň bilenem bir güýjüňi syna» diýýän ýaly Peltegiň sagrysyny peşäp Dur. Başlygyň oglyny-ha tanar ýaly däl. Çopan itler daşyna geçip, ony juldan çykarypdyr. Beladan sypan süri bir gapdala sowulyp üýşüp dur. Itler bilen goç welin, gowurma küýsän oglanlary tä men özümi dürsäp eşegime atlanýançam sypdyrmady... Şo gün gün basym batdy. Sürüni agyla getiremde öňümde başlyk bilen ferma dur. – Hany, bärik gel – diýip, başlyk Diwan Peşmek reňkini üýtgedip gamçysyny ykjamlady. Ýegşem çopan bilen Bossan eje-de daşaryda: – Näme boldy, how başlyk – diýip, Ýegşem çopan oňa ýüzlendi. Gahardan ýaňa dişini gyjap duran başlyga derek Gultak ferma: – Näme bolandygyny, häzir näme boljagyny özi bilýändir bi deýýusyň – diýip, sesine bat berdi. – Süri ekine zada düşdi diýerçe-de däl. Meýdan, boş. Gurban bäri gel oglum, aýt, näme boldy? – diýip, Bossan eje söze goşuldy. Gultak maňa gymyldara maý bermedi, atyny öňe sürdi. Iki atlynyň arasyna düşsem, ýagdaýyň erbet boljagyny aňdym. Öňem zordan aýak üstünde duran göwräm indiki beriljek ejirlere çydajak däldi. Ýegşem çopanyňam bu iki atlynyň ýanynda döwüniň pesdigini aňyp, örimi saýlamagyň pikirinde durkam, gökden inen ýaly Çäşem golak peýda boldy. – Eý hudaý, bu nä boluş, – diýip, içimi hümledip durkam golak ýaşuly: – Ýör, oglum – diýip, gelşine säginmän maňa ýüzlendi. Men Çäşem golagy görüp, arkam daga direlse-de duruberdim. Gultagyň öňünden sowulmaga gaýratym çatmady. – Gurban, ýör oglum. Çäşem golak barka sen hiç kimden gorkma. Şu duranlaryň haýsy ýürekli bolsa çyksyn orta, edil maňlaýyndan çüýlemesem şu telpegi göteren men däl. Ýör, oglum. Men ortadan sogrulyp çykdym. Başlygam, fermada, dil ýaryp bilmedi. | |
|
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |