22:52 Zyndanda ýanan şem -6: Çaknyşyk | |
ÇAKNYŞYK
Powestler
Aýly gijeler-hä gürrüňi ýok, gündizleri hem tüm garaňky içerimiz sarsyp gitdi. Ukyly-oýaly ýatyşyma hiç zada düşünmedim. Gapymyzyň o ýüzünde bolup geçýän tapyrdy dükürdileri hakykatdan bir ertekidir öýtdim. Görýän «düýşüme» begendim. – Güt, güt. Güt güt... Indi ölmez-ýitmez Koşşeý özüniň agaç ýumruklary bilen däl-de, çokmagy ýekejesi bilen gapymyzy zarply depýärdi. Ejemiň, kakamyň, jigim dagynyň oýanaryndan heder etdim. Eger-de olar oýanaýsalar bu görýän düýşüm pozulyp, erteki-de dargajakdy. Ýorganymy başyma çekdim. – Gümp, gümp, gümp. Bu sapar içerimizden bek temmili gapymyza taýagam däl, aýagam, nämedir bir küti zat urulýardy. Men ony gümpüldiniň ozalkylara seredeňde güňleç eşidilýän sesinden aňdym. – Wä-ä-ä... – Wah, bezzat diýsäni, oýanyp bar zady bulaşdyrdy. Beýle gyzykly ala-goh ertekini sen nirde gördüň, ýatyberdä hezil edip. Meniň içki pikirim jigimiň kalbyna ýetmedi. Jigim aýagyndan garynja dişlän ýaly beter wägirdi. – Kim bi?! – Diýip kakam gapynyň iç ýüzünden seslendi. – Aç! Tisginip turdym. Gören «düýşümiň» beýle ýowuzdygyna haýran galypdym-la. Asyl gijäniň bimahaly gapymyzy depip duran Koşşeý däl-de Diwan Peşmek bolsa nätjek. – Häzir başlyk aga, häzir. Çyramyzy ýakmaga bir pursat beriň. – Aç diýýän men saňa... Başlygyň demi daş ýaraýjak bolýar. Elbetde kakam bilen bir düşünişmeli gepi bardyr-da. Ýogsam Diwan Peşmek iými dökülen öküz ýaly ýer peşäp durmazdy. Gowusy, ulularyň işine goşulmazlyk. Her neneň aljyraňňy bolsa-da, kakam ilki çyra ýakdy. Soňra gapy açdy. – Hany, ogluň? Gapynyň jygyldysyna goşulyp eşidilen ses meni tisgindirdi. – Haýsysyny soraýaňyz başlyk aga? – O tüki, bi ho dogman geçeniňi. – Ulusynymy? – Hawa. – Honha, ýatyr. Gürrüň men hakynda barýanyny bilip, ýumruk ýaly bolup ýygryldym. Gözlerimi bek ýumup ýatyryn. Birden üstüm açyldy. Kimdir biri ýorganymy bir gapdala serpip goýberdi. – Hany, tur! Gapandan sypan şir ýaly arlap çykan bu ses meni dim-dik etdi. Gözlerimi açdym, ejem bir çetde jigimi gujagyna alyp dur. Kakam ýetişdiginden dolak oranyp çokaý geýýär. Başlyk näme üçindir meniň üstüme abanyp dur. Düşegimden turdum. Ýüzümi bir gapdala Sowup galpyldaýardym. Ýalaňaç tenime degjek gamçynyň awysyna garaşdym. – Nämä dursuň sömelip, bol basym, geý eşikleriňi! – diýip Diwan Peşmek maňa hemle urdy. Salymyny bermän geýindim. Emma, kendir guşak bilen bilimi guşara maý bermedik milisioner ganatymdan tutup gapa tarap südürledi. – Ýör! Ejem sähel salymda bu bolup geçýän zatlary halamady, ol çagasyny ýerde goýup, bir bökende Çoşşy däliniň öňüni kesdi. (Oba milisioneri Çoşşynyň il içinde ýörgünli ady şeýle). – Dur, Çosşy! Çagany nirä alyp barýaň? Çoşşy milisioner hökmürowanalyk bilen temegini göge tutup, ejemiň kükreginden itip goýberdi. Beýle ýowuzlyga garaşmadyk ene arkan gaýdyp, içi suwly çelekleriň biriniň üstüne ýykyldy. – Eşitmedim diýmäň, bileniňiz içiňizde bolsun. Ýogsam gundagdakyňyza çenli gözüňizi Sibirden açaryn. Ogluňyz halk duşmany, şony bek belläň – diýip başlyk nagara dartdy. Ejemiň dili tutuldy. Kakam aýak üstünde durup bilmän diwara daýandy. Diňe hiç zatdan bihabar jigim, sesiniň ýetdiginden gök dalak bolup aglaýardy. Meni südürläp alyp çykdylar. Howlynyň daşynda üç adam dur. Olaryň biri Çäşem golak. Gaýyş paltoly, gaýyş papakly, gara äýnekli beýleki atly, oba şurasynyň başlygy Bozagan. Gara ýabynyň üstünde ýene bir milisioner. Gara günüň gara gijesi Diwan Peşmek bilen dilleşikli ýaly, zemin bilen sepleşip ýatyr. Öňümizde Diwan Peşmek, onuň yzyndan gara ýabyly milisioner, onsaň Çäşem golak bilen men, yzymda Çoşşy däli sapançasyny ýalaňaçlap sagrymyzdan çenäp gelýär. Ine şeýdip, Aý doganda şähere ýetdik. Emma, şäher içinde uzak ýöremeli bolmady. Gabarasy gaba, haýaty belent derwezesi gap-gara howlynyň öňünde aýak çekdik. Birden maňa ganat bitip, asmana galyp uçup gidäýmegimden howatyrly ýaly Diwan Peşmek atyndan böküp düşüp goşarymdan ýapyşdy. Beýlekiler bolsa Çäşem Golagyň daşyny gabady. Çoşşy däli gamçysynyň sapy bilen tyrkyldadyp derwezäni kakdy. – Nobatçy!.. Salymyny bermäň derweze däl-de, gara dagyň böwri deşiläýen ýaly jygyldap işik açyldy. Säheriň ümüş-tamşyny pozan bu ses töwerege ýaň berip gitdi, Nobatçy Çäşem golak ikimizi agzy gözenekli, darajyk jaýa saldy-da, daşymyzy gulplap, özi-de gözenegiň daş ýüzünde oturyberdi. – Çäşem aga, bu näme boldugy – diýip, ýoldaşyma ýüzlendim. Ol arkasyny diwara berip ýygrylypjyk oturşuna uly uly demini aldy-da: – Oglum, bu täze durmuş üçin başlan göreşimiziň henizem dowam edýändiginiň alamaty – diýip, jogap berdi. Ýaşulynyň berýän bu jogabyna o diýen düşünmesem-de, ikimiziňem ýagdaýymyzyň gowy däldigini aňdym. «Eger-de, men başlygyň gowurma küýseýän ogluna garşylyk görkezmedik bolsam, bu güne düşmesek-de düşmezdik» diýip, içimi hümledip otyrkam, Çäşem golak sag elini uzadyp başymy sypady. – Gurban, oglum, özüňi müýnli saýma, sende hiç-hili günä ýok. Azgyn «möjeklere» sürüni parçalatman är işini bitiripsiň. Ony ine derňärler. Daň ataram, ine onsaň hemme zat aýan bolar. Sülçi geler, bar zadyň anygyna ýeter. Hökümedi «ala-hekge soraýan däldir» oglum – diýip, Çäşem golak ullakaň ala gözlerini ýumup, nämedir bir zatlary hakydasyna getirjek bolýan ýaly pikire çümdi. Ertesi bizi şol howludan çykarman, başga bir otaga alyn bardylar. Otagyň töründäki üstüne gara mata ýapylan uzyn stolyň o ýüzünde iňňe ýuwudan it ýaly hor, uzyn boýly gaşlary çytyk, çüýşe gözleri çöňňerip duran bir adam otyr. – Ýaşuly, goluňyza näme boldy? Ahmal bolsaň düýşüňe girjek, arwah sypatly adamyň ilkinji soragy şu boldy. Çäşem aga neneň edip, nähili ýagdaýda golsuz galanyny maňa gürrüň berşi ýaly arwah zürýadyna hem jikme-jik düşündirdi. Sülçi ýaşulynyň berýän gürrüňlerini arasyny bölmän diňledi. Çäşem aga kyssasyny gutaran badyna sülçi başyny galdyryp bihaýalyk bilen gygyrdy. – Ýalan! Çäşem golagyň reňki ap-ak boldy. Onuň gözleri ýiteldi dodaklary titredi. Ol böwründen sanjy tutýan ýaly buruljyrap başyny aşak saldy. – Näme? Gojanyň sesi onuň selçeňlenip galan alyn dişleriniň arasyndan syzylyp çykdy. Sülçi Çäşem golagyň kalbynda gopan harasatdan düýbinde bihabar ýaly öňünde ýatan küti papkanyň çetinden tutup oňa görkezdi. – Seniň nähili golak bolşuňy anyklamak maksady bilen biz seni tanaýan oba adamlarynyň birnäçesinden sorag etdik. Olaryň hersinden ýazmaça duşündiriş aldyk. Ine olar şu «deloda» okap bereýin diňläň – diýdi arwah. – Oka, oka, – diýip, ýaşuly özüni dürsedi. Sülçi düşündirişi okap ugrady. «Hydyr ogly Çäşem halk duşmany. Kolhoz gurluşygy ýyllarynda Staliniň syýasatyna garşy çykdy. Ol kolhoz gurluşygyna elinden gelen zyýanyny ýetirdi. Kolhoz, azala goşmaga ulag tapman kösenýän pursatlary ol bir ýaşar bugasyny öldürip gowurma etdi. Iň soňunda-da başga alaç tapman, kolhoz işinde işlemezlik üçin öz elini özi çapyp, golak boldy... – Kim ol, beýle ýalan sözleýän haramzada – diýip, Çäşem aga gazap bilen ýerinden turdy. Gojanyň entegem daýawdygyndan bihabar sülçiniň ýüregi ýaryldy. Hamana diýersiň, boýnuna halkaly ýüp atylan ýaly saňňyl-saňňyl edip jaňa ýapyşdy. Şol demde gapydan giren milisioner ýaşulynyň ýeke elinden ýapyşyp ony bek gaňyrdy. Ýaşuly gapana düşen şir mysaly iki-ýana urunsa-da peýda bermedi. – Degmäň ýaşula... – diýip, syçyrap turdum-da, milisioneriň çigninden ýapyşdym. Ol meni tirsegi bilen kakyp goýberdi welin, baryp diwara ýelmeşdim. Onýança ýaşulynyň ýeke goluny ýagyrnysyna gaňryp biline daňdylar. – Hany, sen oglanjyk, gowuja bol, ýogsam, heziliňi alaryn – diýip, sülçi demir sandykdan dört eplenen ulurajyk başga bir kagyz çykardy. Men kagyzy derrew tanadym. Ol kolhoz emläginiň dargadylyşyna garşy temadan çykarylan mekdep diwar gazetidi. – Bu näme – diýip, sülçi gazetiň ýüzünde reňkli çekilen suratlara barmagyny dürtdi. – Bu süri. Bu göwresi adam, kellesi möjek sypatlaryň biri kolhoz başlygy, beýlekisi ferma müdiri, olaryň hersi kolhozyň bir goýnuny süýräp alyp barýarlar. – Bu suraty saňa kim çek diýdi? – Hiç kim. – Ýalan sözleme. Partiýanyň hem-de hökümediň wezipe ynanan ygtybarly adamy, kolhozyň başlygy, kommunist Diwan Peşmegi masgara edip, oba içinde beýle abraýdan düşürmegi saňa kim ündedi, Hydyr ogly Çäşem, şeýle dälmi? – Ýok, beýle däl. Meniň surat çekip bilýänimi Çäşem aga bilenogam. Geçen hepde Ýegşem çopana derek kolhoz sürüsini men bakdym. Şonda gördüm men siziň «ynamdar» adamlaryňyzyň oýnuny. Olar aýak üstünde zordan saklanyp bilýän hor, kesel toklulary säheljik pula satyn alyp, ýerine semiz-semiz öweçleri öldürip iýýärler. Sülçi meniň diýýän zatlarymy diňlemeýärdi. Şonda-da içime sygman, gursagymy ýaraýjak bolup duran zatlaryň baryny daşyma çykardym. – Aý oglum, göreňokmy? Sülçä seniň hakykadyň gerek däl. Hepdede iki-üç öweji bogazyndan geçirip duran başlyk barka biziň sözümiz şu ýerde ýer almaz. Goý oglum, janyňy ýakma «Düýeden uly pil bar» – diýdi, Çäşem aga. – Çäşem golak orta goşulma. Bu wagt saňa söz berilenok – diýip sülçi ýaşula azgyryldy. Soňra ol täze sorag bilen maňa ýüzlendi. – Çäşem golak kolhozyň başlygy bilen ferma müdirini atyp öldürmek üçin olara hyrlysyny çenäňde sen barmydyň. – Bardym. Ýöne, Çäşem aga hiç kime tüpeň çenänok. Onsoňam hyrly tüpeňi golak nädip atsyn, ony eli-aýagy sag adam zordan oklap bilýär... Çäşem golak bilen ikimiziň sülçiniň öňünde özümizi aklajak bolmamyz biderek boldy. | |
|
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |