23:23 Zyndanda ýanan şem -9: Sährada ýañlanan owaz | |
SÄHRADA ÝAŇLANAN OWAZ
Powestler
Hany irkilip bilsem, ýassygymy üýtgedipler çykdym, bolmady. Ýerim-ýurdum üýtgäp, düşegim täzelendi: belki şondandyr öýdüp göwün hoşlap gördüm bolmady. Towukly meseläniň masgaraçylygy diýsem-de, mamamdan başga o wakany gören ýok. Wah şonam aýdyber. Ýogsam, bütin oba gülki bolaýmaly. Meni binjalyk edýän nämekä? Ýa-da Diwan Peşmek bilen onuň ogly Ynkylapmyka? Beý diýsem indi olaryň ikisi-de menden uzakda. Gyzdyrma degen ýaly iki-ýana urnup ýatyşyma serimi gaplan dürli-dürli pikirleriň içinde ala-böle saýlanyp Hajar çykdy. Garaşylmadyk ýerden, sanlyja minutlardan bolup geçen bu duşuşyk meni heýjana getirdi. Ol indi kalbymda Aý bolup dogdy-da, äleme ýagty saldy. Hajar edil gapdalymda oturan ýaly, tirsegime galdym. Gözlerimi giňden açyp seretdim-de, diwaryň ýokarsynda petik bilen galtaşyp duran kiçijik dereje-penjireden görünýän öçügsi ýagtydan başga gözüme ilen zat bolmady. Hajaryň goluna degen goşarymy dodagyma ýetirenimi duýman galdym. Eý hoý, bu nä alamat. Entek meniň üçin çözgüdi kyn bolan bu «maşyga» erkimi elden alyp daňymy atyrdym. Bilmedim, bu içeriniň häsiýetidir-dä, ýa-da gölelän sygyr bolmagy ähtimal, kempir ir oýandy. Garry ene-de hasasyny tyrkyldadyp daşary çykyp, ep-esli salymdan dolanyp geldi. Gündiziň jöwran ýagtysynda şowa adamyň säher tümlüginde nämeler saýgaryp biljekdigini aňmasam-da, ýaňyja dünýä inen sap-saryja, eýjejýk göläni synlap, kempirleriň ikisiniň-de lezzet alýandyklaryny ýorgan aşagynda ýatsam-da aňýardym. Mamam eli çelekli gelip, ojak üstündäki taganly gazanyň aşagyna ot çawradyp, ony ýuwdy. Soňra içine süýt guýup, ody artdyrdy. Salymyny bermän içerä ýaýran owus ysy meni ýatyrmady. Turdum. Şeýdip, göläň sygyryň şatlygy bütin oba ýaýrady. «Göläňizi göreli-de, göläňizi göreli» diýişip, gelýän çagalar-a topar-topar. Gün öýle boldy. Owuzdan ikinji gezek doýamsoň, garry mamam Orazgül ene maňa ýüzlendi. – Gurban jan, besdir indi, dynç aldyň. Geleliň bäri hezil etiň. Adam diýilýän nämedir bir zat bilen güýmenip ýörse ýagşy. Ýataşärik bolsaň, iýeniň iniňe siňmez. Teläriň aşagynda kätmen ýatandyr, sag dula seret, tärimden ýüp asylgy. Oragam bardyr. Biliňe gysdyr-da, oduna git. Tamdyr towulyk getirseňem peýda. Daşarymyzda çöpüň boldugyna seretme, her zadyň üstüne gelip durmasa, kölem gurarmyş – diýdi. Maňa iş buýrulmagy göwnümi galkyndyrdy. Iki garryň arasynda bir eýýäm ýüregim gysýardy. Mamamyň elime tutduran köne donuny geýip, düze çykdym. Bahar howasy tämiz. Kir-kimirsiz asman gök deňizi ýatladyp dur. Tomus aýlary dürli reňklerde öwüşgin atýan depe-düzler bu gün iki-hili görünýärdi. Sürüme taýýar edilen ekin meýdanlary goňras bolup, heniz ot-çöpi egsilmedik düzler saralyp, göze ýakymly görünýärdi. Ýüzüne un sepilen ýaly, oýtum -oýtum şor meýdanlaram bar. Olar welin, üstünden baraýmasaň, görnübem duranok. Guşgözüdir, akbaş çöpleriniň aşagynda geze ilmän ýatyr. Guşlar kän. Aýratynam serçeler. Olar indi, garly gyşyň gysga günlerindäki ýaly topar-topar, topbak uçman, dyr-pytrak. Hersi bir ýerde, kim özüne taý gözlese, beýlekisi ýer peşeläp gara günde. Baglaryň başynda saklanyp galan köne höwürtgeler üçin possun ýyrtyşýanlaram bardy. Gargalar welin beýle däl. Olar kömelekçi çagalar ýaly uzyn, «demir» çüňkleri bilen ýer köwýärdiler. Başyna tanapy oralan mallaram bar. Ýöne kän däl. Her öýde bir sygyr, ýa-da eşek diýäýmeseň artyk zadyň ýok. Bary orta urlup, kolhoz hasabynda, indi olaryň erki Diwan Peşmegiň elindedi. Başlyklar bolsa mal eýesiniň gözüniň öňünde islän zadyny edip bilýärdi. Ýalkasa ýaz, gargasa gyş döredýärdi. Bu obanyň sähra-düzüne entek näbelet bolamsoň, ojarly, nepli ýer gözleginde gidip barýarkam, uzak bir ýerden geň-enaýy ses eşidildi. Göwnüme bolmasa, ol ses obadan gelýän ýaly boldy. Gaňrylyp yzyma seretdim. Gulaklarymy üşerdip diňşirgendim. Emma ses oba tarapdan däl-de, öňden, onda-da hut şu töwerekden gelýärdi. Öňümde bosaga bolup, keserip Ýatan gara depä ýetiberemde ses aýyl-saýyl eşdildi. Hany, meniň howandarym? Heý, heý, heý, heý, heý-heý! Meni derde salan ykbal! Gözýaş gatyşykly çykýan naçar sesine bir hili boldum. Aýaklarym ýöremedi. Öňümde gabarylyp oturan bir düýp düwmeli gyzganyň ygasynda oturdym. Heý, heý, he-e-eý, heý-heý, Kim eşider ahy-zarym? Saçlarymy ýolan ykbal! Nadyl boldum pany senden, Heý-heý, he-e-heý, heý-heý! Tapylarmy maňa hemdem?! Kerwen ötdi, galdym deňden! Heý, heý, he-e-eý, heý-heý! Hazan urup, solan ykbal! Bu zaryn owaz birden öwüç alyp göge galdy. Depesi arşa ýeten badyna ýyldyryma öwrülip ýene-de zemin depesinden inýärdi. Heý, heý, he-e-eý, heý-heý, Tenime hanjar sokuldy. Heý, heý, he-e-heý, heý-heý! Hünji deý dişlem döküldi, Namysym-binam ýykyldy! Heý, heý, he-e-heý, heý-heý Açyljagyň ýalan ykbal, Diri gezip ölen ykbal!.. Zenanyň ahy-pygany çydap-çekerden artyk. Ol ýüregimi mynjyratdy, ezdi, owratdy. Kalbymda ýalyn döretdi. Ýerimden turdum. Ylgap depä çykdym. Görsem, eňňit eteginde Hajar otyr. Onuň gabaklary ýellenip dur. Egnindäki köne güpbisiniň ýakasy öl-myžžyk. Ullakan, ala gözler gyzarypdyr. – Hajar! Gyz tisginip gitdi. Ýaglygynyň ujy bilen şorlap giden ýaňaklaryny syrmaga maý bermän ony bagryma basdym. Beýle batyrlyk entek ömrümde ilkinji sapar. – Ezizim, saňa näme boldy? Gyz aljyrady. Ol men hut beýder öýtmedik bolsa gerek. Birbada gujagymdan sypjak bolup, urundy. Emma dem salymdan rahatlandy. Gözlerini ýumup göwsüme gysmyljyrady. Enesini ýitiren owlak ýaly ýaňaklaryny döşüme oýkap-oýkap ynjaldy. Düýn göremde ýaňaklary nar ýaly, gözleri gülüp gaşy gülüp, dodaklaryna bal çaýylan gyzyň bu gün düýe çykyp, ýeke özüniň dady-perýady meni geň galdyrdy. – Beýdip ýürek-bagryňy paralarça saňa näme boldy? Gözleriňe döneýin, hany maňa aýt! – diýemde ellerim has hem uzap gyzyň garynja biline guşak boldy. Göwräm ýeňläp, boýum bir gez uzalaýan ýaly bolup, sesimem özüme üýtgeşik eşdildi. Gyz ene mährinden ganan çaga ýaly, bir haýukdan başyny galdyryp ýüzüme bakdy. Ala gözleriň nury çöket, galam gaşlar çytyk. Aý reňkli, al ýaňaklar hazan degen bägül ýaly solgun Hajaryň biumyt görnüşi meni eýmendirdi. Asla bu gyz kim? Näme üçin beýle jigeri-para? Aýdymy beýle zaryn. Ýa-da ýüregine ot düşüp, daýanjyndan jyda düşdümikä? Atadan-eneden aýrylyp, haňa girýän, ýalňyz galdymyka? Bu soraglar kelläme sygman başym garjaşyp gitdi. – Gurban, sen meniň bu naçar halyma geň galma. Derdi-pyganym içime sygman, gursagymy ýaryp barýar. Kime içimi döküp, kime syr ynanarymy bilmän, aram-aram şeýdip, düze çykmam bar. Sen entek ýaş. Men bireýýäm ýigrimini arka atdym. Ýöne welin şu ýaşyň içinde görmedik zadym ýok. Ykbal maňa gan içirip, gan gusdurdy. Iň gowusy sen meniň hasrat kyssamy başdan diňle. * * * – Meniň adamymyň adyna Öwez diýýärdiler. Öwezim Öwez diýerçe-de bardy. Ol uzyn boýly, sagrysynda aş ýaýybermeli, döşi gapak ýaly. Gyzyl ýüzli, goýun gözli, akyl-paýhasy ýerinde, tüýs bir mamla ýigitdi. Öweziň ejesi Sona daýza saçak göterip bize gelende, meniň ýaňy on altym dolupdy... – Tomus gelse, menem on alta gidýän – diýip, tas gelniň sözüni bölüpdim. Hernä gelin, meniň ýoknasyzlygyma parh bermän sözüni dowam etdi. – Ozal müň ýola girip çykan gapysy hem bolsa, biziňkiler Sona daýzany mähir bilen garşy aldylar. Maňa ejem, «çykma, otur, görünme» diýdi. Tä myhmanlar dargaýança öz otagymda ýeke oturyp, tora düşdüm. Gulaklarymy üşerdip, gapa telim barsam-da, agyzky tamda edilýän gürrüňleriň bir sözünem eşitmedim. Ahyry, myhman hezzetinden soň, ejem otagyma girdi-de, meni bagryna basyp: – Alnyň, bagtyň açyk bolsun, balam, şu gapydan sag-aman şähti-şadyýan gülüp çyk. Gözüňde ýaş görünmesin, guzym – diýdi. Men bar zada düşündim. Öweziň yzyndan ogryn-dogryn garap-garap galýanymy ejem öňem bilýärdi. Ýöne, men welin, Öwezi hut beýdäýer öýtmändim. O ýigide ýoldaş bolaýma arzuwynda gezýän başga-da gyzlar bardy. Ýigitler içinde berdaşlam bolsa ol bizi görende diline badak atylyp, ýolda-yzda, içde-daşda, iş üstünde gabat gelse-de, doň-gara daş. Kelam agyz söz diýmän, goýun gözlerini tegeläp, gultuna-gultuna dymardy. Geplemese-geplemesin, aramyz at-gaýtarym bolsa-da, men onuň ýürejiginiň gürsüldisini eşiderdim. Öwez gijeler düýşümde bolsa, gündizler huşumdan aýrylmazdy. Ine, şeýdip gökdäki dilegimiz ýerden gowuşyp, goşymyz birikdi. Üstümizden tomus ötün, güýz geldi. Bu asyl bizi gysyp gysaja saldy. Atyzda ýatyp, atyzdan ördük. Ýer diýilýän zat bir eçilse eçiläýer eken. Ekin – ýygnap çykardan artyk geldi. ýa «Gum»..diýip garbanymyz gyzyla» dönüp, etimiz-derimiz giňedi Bir söz bilen aýdaňda, her hojalyk uly umyt bilen kolhozyň ýyllyk hasabatyna garaşýardy. Çünki şo gün daýhanyň çeken zähmetine nyrh kesilip, baha beriljekdi. Ine o günem gelip ýetdi. Ýany bilen iki sandyk göterip, furgon arabaly şähere giden Öwez giç dolanyp geldi. Ol öýe-de sowulman, göni kolhozyň edarasyna geçip gitdi. Yzyndan nahar eltemde-de ol, dylym-dylym edip, nämedir bir zada begenýärdi. – Gurtmy tilki – diýemde, Öwez şatlygynyň sebäbini gizlemedi. – Allajana şükür! Şu sapar iliň zähmeti ýerine düşäýendir. Hajarym, tüweleme senem ilden kem däl. Almalyň ep-esli bar sygyrlam bolarsyň, köşekli düýe hem sagynarsyň – diýdi. Çilim ysy siňip giden bu otag o diýen uly däldi. Biri-birlerine kese goýulan stoluň biriniň üsti boş bolup, beýleki- sinde mawy ýapynja bardy. Stoluň eýesi, kolhoz başlygy bu wagt ýokdy. Boş ýerde Öwez otyrdy. Ol edil başlyk ýaly güberilmese-de, oturgyja gelşip durdy. Öwez işdä bilen nahar iýýärdi. – Öwez -jan! – Hä, Hajarym. – Hany getiren Puluň? – Sandykda. – Men-ä sandyk göremok.. – Bu otagda sandyk goýup bolmaz. Onsoňam, iliň gözhaky, ony eýeli-eýelerine gowşurýançak bek saklaly, Hajarym. Dünýäde her hili adam bar. «Gyzyl görse hydyr azar» diýipdirler. Pul içki otagda. Az-küçem däl, bir million, how! Meniň beýle baýlygym bolmasa-da, millionyň nämedigini bilýärdim. Tokga-tokga, depe bolup, üýşüp, ýatan pullary elläp göresim geldi. Bu islegim barada tas Öweze aýdypdym. Hälem hudaý saklady. Utanjyma ýerimden turanymy bilmän galdym. Öwez töwir galdyrdy, gap-çanagy ýygnadym. – Hajarym, sen asyl meň bagtym üçin doglan naçar. Sag bol, eliň gözüň dert görmesin. Getiren naharyň tüýs laýyk. Sen indi gaýt. Çaýly kündigi goýup git. Hiç zady alada etmedejik arkaýyn bol. Sag-aman iliň puluny paýlap bolman, men bu ýerden aýrylyp bilmen. Halkyň emläginiň gyly gymyldamaly däl. Häli, hupdanara Çoşşy milisede gelmeli. Onsoň, şu ýerde bir salym irkilerin. Şeýdibem daň atar – diýip, meni ýola saldy. Öý işi-dä, oňa gutarmak barmy. Gaýyn ene ikimiziň lütümiz çykyp giç ýatdyk. «Ýatanam bir öli». Bir görsem içerimiz gyzyl ot, öýümiz ýanýardy. Özümi dürseýänçäm depämden. Gaçan pürs meni ýere ýazdy, aňymy aldy. Birden gapdalda ýatan gaýyn emem ýadyma düşdi;. – Öweziň ejesi... Waý -enesi... Sesime ses beren tapylmady, içeriniň tüssesi, howur meniň demimi tutup essimi agdyryp barýar. Ikinji ýola «Öweziň ejesi» diýip, gygyrmaga mejal tapman ýykyldym. Ýagyrnymdan degen ot ýalyn bolup saçyma çabraýardy. Men ýanýardym. Ýalynyň gübürdisi, köz bolup aşak inýän pürsleriň, gaşagaçlaryň şatyrdysyndan başga gulagyma ses gelenokdy. Emma, salymyny bermän, ol seslerem gulagymdan gaýyp boldy. Indi ne agyr duýýardym, ne yza. Ellerim bilen köz peşeläp süýşe-süýşe bosaga ýetemde, dirilik bilen ölüm aralygy birigip, köräp duran bosagaňy ýassyk edinenimi hyýal ýaly aňýaryn. Galan zatlary iki aý geçensoň, bilip galdym. Gowusy, men saňa aýtmaýynam, sen ony eşitme - diýip, zenan dymanda, gelniň tüýsi üýtgäş tanar ýaly bolmady. Biz şondan soň dymyşyp uzak oturdyk. Ahyry herimiz öz ýanymyzdan birneme rahatlanyp, ýygan odunymyzy ýüpümize daňyp, Oba tarap ýola düşdük. Hajary bu güne salan kimkä? Ykbal öňünde bu naçaryň näme etmişi barka? Ýa-da bu betbagytçylyklar Diwan Peşmekleriň ýa-da, adam ykbalyny elinde aşyk edip oýnap bilýän sülçileriň işimikä? Bu soraglar meni heýjana getirip, erkime goýmady. Öz gaýgy aladalarym hem ýatdan çykyp, Hajaryň depesinden inen towky-naglat göz öňümden aýrylman, şol janlandy durdy, janlandy durdy. Bu waka ine şeýle bolupdy... | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |