19:34 Adam jepa üçin inýärmi dünýä | |
***
Adam jepa üçin inýärmi dünýä, Ýa şatlyk üçin?! Ol janyny ömür boýy örteýär. Ýeke gün ýüregne rahatlyk üçin. Hyýalynda set müň arzuw besleýär, Göwni umyt sary arşa gidende. Ölmän, ölmez-ýitmez bolmak isleýär, Näderni bilmeýän çäresiz bende. Hiç kim gelip onuň halyn soramaz, Diýmez “Kämil gözleriňde bamy gam”. Ýalňyz galyp, derdin ýakyp solar ol. Meňzese-de göwni tämiz pamyga, Ýalan sözlemäge mejbur bolar ol. Yzlaýyp ýykylan göwnüne direg, Alysdaky enäň düýşüne girer. (Şunça jebir çeken bolsa, maýmyn däl, Adama öwrülip giderdi şirem). Mertdir ol, dert bilen höwrüger gider, Misgin, mysapyrdyr ýokdur är kemi. Ýamandan, ýalandan howatyr eder, Ýanar ýagşa ýetmäni üçin ýardamy. Rowaç bolar, aýdym aýdar, hiňlener, Ýer kibi aýlanar dünýäň derdinde. Yşkyň pygan köçesinde diňmez ol, Aýralygyň soňy gelmez ýurdunda. Pyraga, Kerbaba göwün baglar ol, Söýer edebiýatyň Beki agasyn-da. Ýogalan kakasyn tanar aglar ol. Juma Hudaýgulyň hekaýasynda. Dostuň derdi diýip ölüp-öçjekdir, Ýeke ýaman sözden göwni galar oň. Ýeke ýyly söze guş dek uçjakdyr. Sowuk dünýäň baky däldigin bilýä… Jigerin kebap deý oklaýar oda. Adam şatlyk üçin inýärmi dünýä, Ýa-da…? Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |