11:40 Ahwalat | |
AHWALAT
Ýene güýz sowulup geldi gara gyş, Çig çeken tebigat gysdyrýar egin. Ýagýan ak damjalar çekipler nagyş, Kalbymyn aýnasyn bezeýär agyn. Kalbymda yz goýan şol pursat welin, Edil ýany ýaly ýüregmi ezýär. Ýetmedik arzuwym gyzyl ot Kimin öwsüp ykbalyma ýol çyzýar. Pelegiñ oýnunda utulan duýgym, Göýä goragçysyz galan hüjümçi. Goldaw gözläp älemi sermän söýgüm Menzäp galdy ýol ýitiren göçümça. Näçe gyş geçsede ýazlar aýlanyp, Duýgym öz güýjünden özi basylyp. Sämär dur pikirden bilmän aýñalyp, Ykbalymdan aýrylmaýar kesilip. Selbinýaz DURDYÝEWA. | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |