22:56 Söz älemiň zergäri | |
SÖZ ÄLEMINIŇ ZERGÄRI
Türkmeniň ruhy sütüniniň öwüşgini Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, belent mertebesi, ruhy baýlygy, dil baýlygy, pikir ummanlygy, umuman, şygryýet äleminiň bahasyna ýetip bolmajak gadyr-gymmatly hazynasydyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň bütin manyly ömrüni, joşgunly zehinini mähriban halkyna bagyş eden, öz il-ýurduny, Watanyny tüys ýürekden söýen, onuň ar-namysyny bar zatdan belent hasaplan hakyky watançy şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň her bir setiri türkmeniň kalbynda ebedilik ornaşyp, asly nurdan bolan milletimize geljege aýdyň ýoly salgy berýär. Türkmen nusgawy edebiýatymyzyň ruhy genji-hazynasy manyly sözler bilen baýlaşdyran beýik söz ussadymyz, halkymyzyň guwanjy Magtymguly atamyzyň çeper döredijilik dünýäsi halkymyzyň milli dünýägaraýşyna, şeýle-de, umumadamzat ýaşaýyş-durmuşyna we medeniýetine degişli pikirlerden doludyr. Alymlar dana şahyryň şygryýet äleminiň, çeper döredijilik örüsiniň örän giňdigi hem köptaraplydygyny belleýärler. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary çuň many-mazmuna eýe bolup, olarda il-günüň ykbaly, durmuşy, şeýle-de, belent ynsanperwerlik ýörelgesi, adamkärçilik sypatlary, hakyky watançylyk ruhy duýulýar: Elden gelen ýagşy işiň bolmasa, Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr. Ýa-da: Eşit, adam, dogan ilden, Gaýry mähriban ýurt bolmaz - diýmek bilen, ata Watan, il-ýurt mukaddesligini belleýär. Dana şahyryň “Säher tursaň, geçgeý barça günäňi” diýýan setirleri bolsa adamlara ynsaply, adamkärçilikli, geçirimli bolmagy ündeýär. Şol bir wagtda-da , onuň şygyrlary mertlik, watançylyk, ar-namyslyk, kalby päklik, rehimdarlyk, hoşniýetlilik, pähim-parasatlylyk, salyhatlylyk ýaaly häsiýetleri terbiýelemäge gönükdirilendir. Munuň özi ýaş nesillerimizde edep-terbiýäniň ýokarlanmagyna ýardam edýär: Saba turup, Watan seni çaglar men, Gülşenli serçemen diýip aglar men. Ýa-da: Pyragy, watan diýip gan döker gözüm, Baky garap durmuş hijrana ýüzüm. Şahyryň şygyrlarynyň esasy özeni adam mertebesine hormat goýmak, ata Watany, ene topragy söýmek, ata-enäni sylamak, alymlara, dana kişilere uýmak, halal zähmetiň eşretini görmek, Berkarar döwlet gurmak pikirlerinden gözbaş alýar. Akyldarymyz dile gelen sözler bilen göwnüniň nagşyny täsirli, özüne çekiji we ussatlarça beýan etmegiň nusga bolarlyk göreldesini görkezip ýazyp bilipdir. Magtymguly edepli-ekramly, ýagşy terbiýeli kişilere sarpa goýupdyr. Hemmeleri-de şeýle bolmaga, olardan görüm-görelde almaga çagyrypdyr, ýamanlary bolsa ýazgarypdyr: Aryf bolsaň, aslyn sorma ýigidiň, Edebinde-ekramynda bellidir. Ýagşylygy umyt etme ýamandan, Boljak oglan ýaşlygyndan bellidir. Magtymguly bütin ömrüni halka ýagşy gylyklary, häsiýetleri ündemek bilen geçirýär. Şahyryň esasy maksadynyň halka wesýet etmekdigini: Sözümi diňleýe bir bilen bekle, Maksadym nesihat etmekdir halka – diýen setirlerinde tassyklaýar. Magtymguly Pyragy halka we Watana berlenligi, mertlik-batyrlygy, zähmete söýgini, päk ýürekliligi, birek-birege ýagşylyk etmegi, myhmanparaz, parasatlylygy, paýhasly sözleriň gymmatyna düşünmegi adama nahsus bolan iň esasy häsiýetler hasaplapdyr. Şahyr dünýä gelip, hiç bir nyşan galdyrman gitmegi berk ýazgarypdyr. Ol adamlaryň il-gün üçin nämedir bir zat etmelidigini, peýda getirmelidigini ýatladýar: Jahanda ýaman işdir, Gury gelip, boş gitmek. Biz Magtymguly şahyrymyzyň arzuwlan zamanasyna ýetdik. Nesip bolsa bu ajaýyp zamanada şahyryň 300 ýyllyk ýubileý toýuny dabaraly belläris. Daýanç BEGENJOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |