22:57 Akyldaryň şygyrlary durmuş mekdebi | |
AKYLDARYÑ ŞYGYRLARY DURMUŞ MEKDEBİ
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyñ şygyrlarynyñ her bir setiri giden bir many. Bütin ömrüni halkyñ hyzmatynda geçiren şahyryñ döredijilik älemi baý we köptaraplydyr. Şahyryñ döredijiliginde XVİİİ asyr türkmen durmuşy, taryhy we syýasy wakalar, türkmen topragyna we özüni kemala getiren halka bolan söýgi, döwrüñ ýaşaýyş-durmuş meseleleri, tebigat gözelligi ýaly örän köp temalar orun tapypdyr. Ynsanyñ añynda dörän ýekeje soraga köp röwüşde jogaby Magtymguly Pyragynyñ şygyrlary berip bilyar. Şahyryñ şygyrlary ynsanyñ kalbynda öçmejek uçgun bolup, añynda sarsmaz binýat emele getirýär. Şahyryñ: Sabyrly gul dura-bara şat bolar, Bisabyr gul tiz ýolugar belaga - diýen setirleri, adam oglunyñ her bir äden ädiminde oýlanyşykly, pikirlenip ätmelidigini, her bir başlan işiñde gyssanmaçlyk etmeli däldigini wesýet edýär.Magtymguly Pyragynyñ bu setirlerini halk döredijiligimizden ýagny, "Görogly" şadessanymyzda: Sabyr eýlegil bolma naçar, Sabyrsyzdan döwlet gaçar - diýlip getirilmegi hem şahyryñ şygyrlarynyñ halkyñ ýüregi bilen bile urýandygynyñ subutnamasydyr.Sabyr bilen başlanan her bir iş rowaçlanyp ugruna bolar. Magtymguly Pyragynyñ öñdengörüjiligi bu günki gün diñe bir türkmen halkyny däl, eýsem, bütin ýer ýüzüni haýrana goýýar. Şahyryñ her sözi giden bir many. Onuñ ylahy hem dünýewi temada ýazylan eserlerini okan ynsan bu ýagty jahandan "Gury gelip, boş gitmeli däldigine" anyk göz ýetirýär. Alan, toplan bilimlerini, tejribelerini iş ýüzünde amal edip, özünden soñky nesillere ýadygärlik heýkelini dikmelidigi hakynda oýlanyp başlaýar. Şahyryñ: Magtymguly, sözle herne bileniñ, Özüñe kemlik bil, aýtman öleniñ, Taraşlap şaglatgyn köñle geleniñ, Senden soñkulara ýadygär bolar - - diýen setirleri hem bu aýdylanlara şaýatlyk edýär. Beýik şahyryň türkmen halkynyň durmuş mekdebi hökmünde ýurduň özygtyýarlygy we gülläp ösüşi, döwleti dolandyrmagyň kadalary, ylym-bilimi goldamak, rehimlilik, hormat goýmak, jomartlyk, myhmansöýerlik, bitewilik baradaky nesihat beriji goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde görelde mekdebidir. Akyldaryñ adamzat durmuşynda ýüze çykýan ähli soraglara jogap tapyp bolýan şygyrlary bu gün diñe türkmen dilinde däl, eýsem dünýäniñ dürli dillerinde baky ýañlanjak agzybirlik mukamy bolup ýañlanýar. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygynyñ halkara derejesinde belleniljekdigi, bu günki günde Türki medeniýetiñ halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyñ "Türki dünýäniñ beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyñ ýyly" dıýlip yglan edilmegi beýik şahyra, onuñ şygryýetine dünýä ýüzünde uly sarpa goýulýandygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz her bir çykyşlarynda dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyñ şygyrlaryna ýüzlenýär. Gahryman Arkadagymyzyñ her bir eserinde Magtymgulynyñ ruhy keşbini görmek bolýar. Pena AKGADOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |