20:10 Anketa doldurylýan wagtyndaky pikir | |
ANKETA DOLDURYLÝAN WAGTYNDAKY PIKIR
1. Wagtlaýyn ýaşaýan ýeriñiz? 2. Hemişelik ýaşaýan ýeriñiz? (Anketanyñ soraglary) Dogrymy diýýärin, edemok oýun: Meniñ hemme zadym diñe wagtlaýyn. Şu oturan kürsim, ýazýan galamym, Kagyza seredýän goşa garagym, Akja köýnek bilen gara penjegim, Şuş-şu günüm hemem näbelli geljegim, Meniñ şadyýan-u-gamgyn wagtlarym ~ Hemmejesi, hemmejesi wagtlaýyn. Ýok, men eger-eger göwnüçökgün däl, O diýen haýal däl, juda çakgan däl. Işlese-de dek durman bu ellerim Wagty saklap, ondan ozup bilmerin. Çynym bilen diýýän, edemok oýun ~ Meniñ hemme zadym ~ diñe wagtlaýyn. Ýazýan setirlerim, pikir-oýlarym, Ýeñil-u-ýüklüje geçýän aýlarym, Bikemala, bimessebe käýinşim, Ýarymça ýoklardan edýän haýyşym, Lezzet baryn alýan syýahatlarym ~ Hemmejesi, hemmejesi wagtlaýyn. Gowy günler gördüm, Hawa, bagtly men Arman, Dünýäñ özi maña wagtlaýyn. P. S. Gürrüñ tamam boldy, Gutardy nama, Ikinji soragyñ geregi näme?... Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |