19:34 Arzyly jojuk / basnýalar | |
ARZYLY JOJUK
Şumjaryp gelende, garagol jojuk, Käýinmäñ ornuna, özüçe joşup. Körpesine diýenmişin mekejin: - Gopararyn horazyñam kekejin. Güjügi görerin, gorkuzan bolsa, Gazy ýepbeşlärin, ürküzen bolsa. Seniñ aýdanyña bolmasa boýun, Jezasyny çeker, geçidir goýun. Nähak gygyrypdyr, ýok seniñ hatañ, Öküziñ gözüne görkezer atañ. Hiç minnet çekmegin, dik bolsa başym, Atañ uly wezipede, ak guşum... Şeýdip, dada-dada durmuşda "çüýjük", Doñuz bolup çykdy, arzyly Jojuk. Boýny ýognap, gan guýuldy gözüne, "Hä" bermän hiç kimiñ aýdan sözüne. Çişip ýör, özüni edermen saýyp, Bir süsdi, atasy ölýänçä maýyp. Böjän wagty, onuñ şeýleräk "oýny", Süsdi, enesiniñ gyşardy boýny. Indi ol hiç kimden edenok heder, Kim bilýär, ýene-de nämeler geler?! • GYZGAN Biten ýeri uly ýoluñ gyrasy, Parhy ýok geçýäniñ agy-garasy. Bakmady gelýärmi, gelenok heñe, Ol aslyşyp galdy, kim ötse öñe. Şeýdibem, özüni tanatdy ile, Şükür nobat ýetdi kätmendir pile. • ÝOLBARS WE PIŞIK (Ezopdan) Ahyey gep tapan ýaly üýtgeşik, Bir ene ýolbarsdan soranmyş pişik: - Şunça azap çekip, horlanyp haýyp, Dogranyñ ýekeje çagamy? - diýip. Ýolbars diýenmişin: "Düşün doganym, Pişik däl, Arslandyr meniñ dogranym". Baýram ÇOMMADOW. | |
|
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |