22:49

Atly sport konkur

ATLY SPORT KONKUR
    
Konkur atçylyk sportunyň has gyzykly görnüşleriniň biridir, ol Fransiýada ХIХ asyryň ortalarynda döredi. Şonda dürli beýiklikdäki we çylşyrymlykdaky päsgelçiliklerden atly böküp geçmek ýaryşlary däp bolan Pariž at sergilerinde geçirilýär. Ilkibaşda ýaryşlar «konkur-ippik» diýlip atlandyryldy. Olara diňe atçylyk mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar, ýöne tiz wagtdan sportuň täze görnüşi giň meşhurlyga eýe boldy: asyryň ahyrynda konkur boýunça çempionatlar Ýewropanyň köp ýurtlarynda geçirilýär. 1900-nji ýylda bolsa, ol bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolup, tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.
Sportuň bu görnüşinde üstünlik köp babatda adamyň we atyň sazlaşykly hereketine baglydyr. Üstünlik bolsa, köpýyllyk tutanýerli türgenleşikler arkaly gazanylýar. Çapyksuwar batyrgaýlyk, aýgytlylyk ýaly häsiýetlere eýe bolmalydyr. Ol ýaryş mahalynda özüniň sport kömekçisiniň hereketlerini öňünden duýmagy başarmalydyr. Eger-de, çapyksuwara özüniň dört aýakly dosty bilen dil tapmak başartsa, onda oňa bu bedewden başga wepaly dost tapmak başartmaz.
Sözüň doly manysynda, konkur boýunça ýaryşlar hakyky baýramçylyk ýagdaýyny döredýär: sport meýdançasy ýaşyl ot we güller bilen bezelýär, päsgelçilikleriň golaýynda bolsa, däp bolşy ýaly, binagärlik ýa-da etnografiki milli nyşanlar hökmünde bezegler ornaşdyrylýar. Çapyksuwarlar redingotlar diýlip atlandyrylýan öwüşginli lybaslara beslenýärler. Bularyň ählisi konkuryň estetiki häsiýete eýe bolmagyna täsir edýär. Bu ýagdaý sportuň köp görnüşlerine mahsus däldir.
Atçylyk sportunyň adamyň haýwanyň kömeginden peýdalanýan ýeke-täk professional sport görnüşidigini bellemek gerek.
 
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Sport we turizm | Просмотров: 434 | Добавил: Нawеran | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Sport we turizm bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]