18:55 Bagtlylyk | |
BAGTLYLYK
Hiç birinden kem etmändir ykbalyñ, Şonuñ üçin sen dünÿäde bagtlysyñ. Şükür gowluklary görÿär gözleriñ, Şonuñ üçin sen dünÿäde bagtlysyñ. Diÿmegin ugruna bolanok meñki, Özüñden başlanÿar hemmesi ilki. Asuda parahat gezÿärmiñ çünki, Sonuñ üçin sen dünÿäde bagtlysyñ. Bagty özüñ yhlas bilen gazanda, Sabyr bilen päklik bilen bezende. Sag-aman ÿaşap sen ÿeriñ ÿüzünde, Bagtlysyñ, bagtlysyñ, duý sen bagtlysyñ! ■ Ejeme Agyrtma başyñy yazma indi şygyr, Diýýärsiñ dözmän geñ görip halym. Gyzyñ bolsa wah ejejan bu dünýäm, Giňeýär men şygyr yazan mahalym. Nahalyň men ösüp yetişen miwäň Alma agajyndan daşa düşermi? Seniň söýgüň, mähriň bilen şinelän Ruhy dünýäm sözden aşa düşermi? Duşarynmy menem kalbymda beslan Arzuw hyyallarmyñ wysallaryna Jogap tapsam bu soragly dünyäniň, Çözmesi kyn syrly sowallaryna. Ýörjen-ýörjen bolup geldim kemala Guwanyp diÿensiñ balam, guzyma. Kalba sazym bahar ÿazym ejejan, Ak pata ber şahyr boljak gyzyña. Bilbil KAKABAÝEWA. | |
|
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |