ÝOLUÑ AK BOLSUN, AÝJEMAL!
Şygyr sungatyna baş goşan adamda ilki bilen daş-töweregimizde, tebigatda bolýan dürli hadysalara inçelik bilen garap bilmek duýgusy bolmaly. Ol duýgy seni ähli zat bilen baglanyşdyrmaly. Olar bilen sözleşip bilmeli. Şahyryñ alma ýa-da erik agajynda ýañyja ýarylan pyntyk bilenem, gülüñ açylyp gelýän gunçasy bilenem, şahada saýrap, ýa saýramaga hyýallanyp oturan guşjagaz bilenem üýni alyşmaly. Olary ýekesiretmeli däl. Olara ynsana dil bilen düşündirip bilmeýän ahwalatlaryny ýetirmeli. Şoña görä-de şygryýet edebiýatyñ kyn hem şirin önümleriniñ biri.
Men Aýjemalyñ goşgulary bilen täze tanşamok. Oña öñräkden bäri belet. Onuñ goşgularynda göze görünýän we görünmeýän owadanlyk bar. Inçelik bar. Ýakymly owaz bar. Onuñ döredijilik ylhamynyñ gözbaşy dury. Häzirlikçe ondan gaýdýan çeşmäniñ hanasy ol diýen giñ däl. Ony tereñ akaba öwürmek ýaş şahyryñ özüne bagly. Irginsiz okamaly, döretmeli, basa oturyp işlemeli. Şeýle etmäge bolsa Aýjemalda ukyp hem, zehin hem ýeterlik.
Özüne imrindiriji, hem irginsizligi, hem yhlasy talap edýän döredijilik ummanynda seniñ ýoluñ ak bolsun, Aýjemal!
Nowruz GURBANMYRADOW,
şahyr.
* * *
▶ BERKARARLYK BAGTY
Berkarar döwletiñ bady ajaýyp,
Gözel ýurdumyzyñ ady ajaýyp,
Dogýan her bir günüñ şany ajaýyp,
Baky bagtyñ ýurdy Türkmenistanym.
Berkararlyk köñülleriñ ganaty,
Bagtyýarlyk beýik döwrüñ zynaty,
Ak ýollarda Arkadagyñ Ak aty,
Baky bagtyñ ýurdy Türkmenistanym.
Zybana gelip dur sözleñ ajaby,
Watanmyzyñ dünýä açyk gujagy,
Günlerimiz parahatlyk ojagy,
Baky bagtyñ ýurdy Türkmenistanym.
Mertebeli ýollar uzap jahana,
Şanly günler bezeg berýär Watana,
Rowaçlyk ýar aýdyñ maksat tutana,
Baky bagtyñ ýurdy Türkmenistanym.
Watan mertebesi dünýäñ dilimde,
Döwrüñ dabarasy arşyñ deiñde,
Bagt mukamy aýdym-sazlañ heñinde,
Baky bagtyñ ýurdy Türkmenistanym.
Bagtyýarlyk döwrümizde joşgun bar,
Bagtdan güllän ömrümizde joşgun bar,
Ýazlar deýin köñlümizde joşgun bar,
Baky bagtyñ ýurdy Türkmenistanym.
Döwletli-döwranly ajap çagda biz,
Dünýä dolan derejeli şanda biz,
Solmaz gülde, soñlanmajak ýazda biz,
Baky bagtyñ ýurdy Türkmenistanym.
Arkadagyñ peşgeşidir bu döwür,
Köñlümiz joşgunly, bagtyýar ömür,
Göýä jennet deýin diýary görüñ!
Baky bagtyñ ýurdy Türkmenistanym.
▶ ÝÜPEK ÝOLUÑ ÝÜREGI
Geçmiş mirasymyz taýsyz hazyna,
Beýik taryhymyz synmaz hakyda,
Buýsanjymyz kalpda, paýhas akylda,
Türkmenistan ~ Ýüpek ýoluñ ýüregi.
Millilik bar bu döwletiñ tugunda,
Joşgun bardyr bu milletiñ ruhunda,
Berkararlyk gadym Oguz ýurdunda,
Türkmenistan ~ Ýüpek ýoluñ ýüregi.
Taryhymyz parasadyñ mekdebi,
Şu diýardyr pederleriñ mesgeni,
Yhlasdandyr döwrüñ bagta ýetmesi,
Türkmenistan ~ Ýüpek ýoluñ ýüregi.
Kämillik bar bu diýaryñ aslynda,
Şanly taryh bu topragyñ üstünde,
Kerwen geçen ýollar döwrüñ waspynda,
Türkmenistan ~ Ýüpek ýoluñ ýüregi.
Halkymyz goýýandyr mirasa sarpa,
Däp-dessurlar gelýär arkama-arka.
Arkadag gülledýär Watany barha,
Türkmenistan ~ Ýüpek ýoluñ ýüregi.
▶ AŞGABADYÑ AGŞAMLARY
Göwne gözellik getirýär,
Aşgabadyñ agşamlary.
Ak şähere nur eçilýär,
Aşgabadyñ agşamlary.
Joş urýan ylhama salam,
Şahyrlañ kalbyna kelam,
Gözel gelejege dowam,
Aşgabadyñ agşamlary.
Bagtyñ keşbine menzeýär,
Gülleñ müşgüne menzeýär,
Köñül köşgüne meñzeýär,
Aşgabadyñ agşamlary.
Kämillige siñen sungat,
Mähirden çekilen surat,
Elde döredilen gudrat,
Aşgabadyñ agşamlary.
Gözellige ybadatsyñ,
Göýä dünýä syýahatsyñ,
Belent dagdan ybaratsyñ,
Aşgabadyñ agşamlary.
▶ ISLEG
Sensizligi duýmak ne kyn,
Sen maba ýatmy ýa ýakyn?!
Söýginiñ oduna ýakan,
Gözleriñ görmek isledim.
Çözülmedik bir ykbalmyñ,
Duýdansyz duşan ahwalmyñ,
Men saña baglap ykbalym,
Bir seni söýmek isledim.
Ýüregme giren duýgym sen,
Şatlygym hem-de gaýgym sen,
Kä golaýda, kä salgym sen,
Señ bilen gülmek isledim.
Gijelerim daña ýetse,
Arzuwlarym saña ýetse,
Birdenkä umydym gitse,
Yşkyñda köýmek isledim.
Aşyk ýaryna garaşar,
Gyşlar ýazlara garaşar,
Toýuñ sazlarna garaşyp,
"Söýýärin" diýmek isledim.
▶ GÜNLERE
Geçip barýan günler, sizden haýyşym,
Ömür öýle boljak, biraz gyssanmañ!
Düşünýän erteler garaşýandyrlar,
Gitseñiz, şu güne bagty gysganmañ!
Gyssanmañ siz, pursatlardan ganaly,
Şatlyga gol bersek, günler geñlemez,
Her säherde täze durmuş başlanýar,
Geçen günler, geljek güne meñzemez.
Säherleri gadyr bilen garşylañ,
Öýleden agansoñ, erteler gelýär,
Günler goluj bulap geçip barýarlar,
Aýlar öz ornuny ýyllara berýär.
Ykballañ keşbini döretmek üçin,
Ömürler günlere geregin berýär,
Ezelden dünýäniñ gurluşy şeýle,
Şu gün ertelere gezegin berýär.
Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Magtymguly adyndaly TDU-nyñ talyby.
# garagum