20:02

Beýik Soltan Sanjaryñ mawzoleýi

BEÝIK SOLTAN SANJARYÑ MAWZOLEÝI
    
Islendik halkyň medeni derejesi onuň öz taryhyna bolan garaýyşlary bilen kesgitlenýär. Özleriniň gelip çykyş şejeresini arkama-arka ýitirmän gelen ata-babalarymyz muňa örän gowy düşünipdirler. Şonuň üçin hem olar külli türkmen halkynyň taryhyny «Gorkut atanyň kitaby», «Türkmenleriň nesil daragty», «Oguznama», «Seljuknama» ýaly hiç wagt gymmaty öçmejek eserleriň üsti bilen biziň günlerimize alyp gelipdirler. Türkmen halky hala salan ajaýyp nagyşlary, mukamlara siňen täsin heňleri arkaly özleriniň nä derejede inçe senede ukyplydyklaryny ýer ýüzüne äşgär eden bolsalar, Soltan Sanjardyr Talhatan baba, Muhammet ibn Zeýdiň ymaratlary ýaly görenleri aňk edýän binalary guran ussalary bilen özleriniň ussatlyklaryny äleme jar edipdirler.
Ata-babalarymyzyň müňýyllyklary söküp gelen şol gymmatly medeni miraslaryna eýe bolmak, ýadygärlikleri ýerlikli peýdalanyp aýawly saklamak, soňra has baýlaşan görnüşlerde, olary geljekki nesillere geçirmek biziň häzirki neslimiziň paýyna düşýär. Türkmenistanyň çäklerinde dürli taryhy döwürlerden habar berýän arhitektura we arheologik ýadygärlikleriň örän köpüsi saklanyp galypdyr. Şolaryň içinde-de Gadymy Merwiň ýadygärlikleri aýratyn orna eýedir. Merwiň iň bir belent derejede gülläp ösen döwri XI-XII asyrlara, ýagny Beýik seljuklar döwrüne gabat gelýär. Soltan Sanjaryň hökmürowanlygy 1118-nji ýyldan başlanýar. Soltan Sanjar ady bilen taryha giren Sanjar ibni Mälik şa ibni Alp Arslan Muizzeddin Abyl Harys 1086-njy ýylda öz ata-babalarynyň basyp alan ýeri bolan Yragyň Sanjar şäherinde dünýä inipdir. Ol taryhda 118 ýyllap hökmürowanlyk süren Beýik seljuklar imperiýasynyň iň soňky soltanydyr.
Seljuk soltanlarynyň içinde iň köp tagt eýesi bolan Sanjar soltandyr. Onuň şalyk eden ýyllary (1118 — 1157 ý. ý.) ýurduň iň bir gülläp ösen, rowaç döwri bolupdyr. Bu döwür, ýagny, XII asyryň birinji ýarymy Merwiň «Maru — şahu jahan» adyny alyp, özüniň ösen medeniýeti, ykdysadyýeti, durnukly içeri we daşary syýasaty bilen dünýä ýaň salan paýtagt şähere öwrülen döwrüdir.
Merw, Gündogaryň uly hem şöhratly şäheri bolmak bilen, çäkleri Amyderýadan başlap, tä Ortaýer deňzine çenli baryp ýetýän Horasan döwletiniň baş şäheri (paýtagty) hasaplanypdyr. Dünýäniň köp ýurtlarynyň adamlary bu ajaýyp medeni merkezi görmegiň arzuwynda ýaşapdyrlar. Çet ýurtlular bu görkana şähere diňe bir resmi iş saparlary, ýörite syýahat etmek ýa-da bolmasa söwda-satyk işleri bilen gelmän, eýsem, ýer ýüzünde bolup geçýän wakalary, iň täze habarlary eşitmek üçin hem ýörite gelýär ekenler.
Ata-babalarynyň däplerini dowam etdiren Soltan Sanjar ýurduň çäklerini giňeltmeklige gönükdirilen köp sanly söweşlere gatnaşyp, olarda uly hem şanly ýeňişler gazanýar. Şeýle bolansoň, özüni gaýduwsyz batyr, ussat serkerde hökmünde tanadan bu edenli hem parasatly hökümdara döwürdeşleri buýsanç bilen «Beýik Soltan Sanjar» ýa-da «Ikinji Zülkarneýn» diýip at beripdirler.
Gadymy awtorlar tarapyndan «Depesiniň mawy reňkli gümmezi bir günlük ýoldan görünýär» diýlip, tarypy ýetirilen äpet ymarat — Soltan Sanjar mawzoleýi Soltan galanyň edil ortasynda otyr.
Beýik Soltan Sanjaryň özüniň barlygynda 1140 — 1150-nji ýyllar aralygynda gurlan bu belent ymaraty synlap durşuňa belli alym-akademik G.A.Pugaçenkowanyň: «Eger-de gadymy Marydan hiç bir zat saklanyp galman, hatda onuň ozalky şöhraty hakynda şaýatlyk edýän taryhy maglumatlar we ägirt uly şäher harabalary hem saklanyp galman, diňe Soltan Sanjar mawzoleýiniň ýalňyz özi saklanyp galanlygynda-da munuň özi köne Marynyň nähili uly şäher bolandygyny göz öňüňe getirmäge mümkinçilik bererdi» diýen setirlerini biygtyýar ýadyňa salýar.
Soltan Sanjar mawzoleýiniň arhitektura durkunda deňagramlylyga aýratyn uly orun berlipdir. Diwarlar, turuwbaşdan, daşyndan 27x27, içinden 17x17 metrlik deň taraply inedördüllikden başlanýar. Netijede, ýer astyndaky çuňlugy 4,5 metre barabar bolan kuwwatly binýadyň üstünden 5 metr galyňlykdaky diwar gidip, ol mawzoleýiň umumy beýikliginiň, takmynan, üçden iki essesini emele getiripdir. Şeýle daýaw diwarlaryň üstünden hem sekiz sany ýelkenlerden halka döredilip äpet gümmeziň düýbi tutulypdyr. Daşyndan bolsa gezekleşip gidýän ululy-kiçili arkalarda jemlenen eginleriň (galereýalaryň) hatary gidýär. Olardaky orta boşlugy 2,45 metre ýetýän uly arkalar, dört tarapda-da, has kiçi arkalar bilen gezekleşdirilipdir. Olaryň içi keşdeli suwag bilen bejerilipdir. Kiçi arkalaryň depesinde dini häsiýetli ýazgylar bar. Şeýle ýazgy günorta diwaryň iç ýüzünde we gümmeziň aşagynda-da ýerleşdirilipdir. Onda binaçynyň adynyň Muhammet ibni Atsyz as-Sarahsylygy ýazylypdyr. Ussa bu ajaýyp binanyň üsti bilen hem hökümdaryň, hem özüniň adyny ebedileşdirip gidipdir. Gör, nähili ussatlyk.
Soltan Sanjar binasynyň depesindäki äpet gümmez, öz wagtynda ikigat edilip çykarylypdyr. Ýukajyk kerpiçlerden bina edilen şular ýaly ikigat gümmez görnüşleri ýewropa arhitekturasyna diňe 300 ýyldan soň — XV asyrda aralaşypdyr. Onuň sebäpkäri Florensiýadaky Santa-Mariýa ybadathanasynyň awtory, Täzeden dikeldiş döwrüniň meşhur ymaratçy ussasy (arhitektor) Filippo Brunellesko bolupdyr.
Biziň döwrümizde-de, bu ýadygärlik görenleri haýran galdyrýar, gözellik diýen zadyň bakylygyny, ony hiç wagt hiç bir ýamanlygyň, jeň-gowganyň basmarlap bilmejekdigini ýer ýüzüne jar edip otyr.
Umuman, diňe bir beýik Sanjar soltany däl, eýsem, tutuş bir döwrüň — Beýik seljuk türkmenleriniň imperiýa bolup ýaşan döwrüniň medeni taryhyny mahabatlap oturan Soltan Sanjar mawzoleýi köp sanly syrly täsinlikleri özünde jemläp otyr. Olary öwrenmek we indiki nesillere ýetirmek dünýä alymlaryndan ýene-de köp-köp tagallalary talap eder.

Baýram REJEPOW,
Türkmen döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy.

Категория: Taryhy ýerler | Просмотров: 568 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Rejepow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy ýerler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]