11:10

Beýik Ýüpek ýoly -23: Kair

KAIR

Musulmançylykdan öň Wizantiýa imperiýasynyň düzüminde bolan Müsür ülkesiniň merkezi Aleksandriýa şäheri bolupdyr. 639-njy ýylda arap serkerdesi Amr al-As Müsüri eýeläp, ýurduň köne paýtagty Aleksandriýada galmak isleýär. Emma halyf Omar (634-644) oňa Müsür dikmeliginiň täze merkezini gurmagy buýurýar. Şeýlelikde, 641-nji ýylda Amr Fustat şäherini esaslandyrypdyr. 750-nji ýylda omeýýalar neslinden bolan halyflar Müsürden kowlandan soň, bagdatly dikme Salyh Fustadyň golaýynda al-Asakir şäheriniň düýbüni tutýar. Soň al-Asakir Fustat bilen birleşip uly şäher emele gelýär.
Müsürde Tulunylar döwletini esaslandyran Ahmet Tulun, 870-nji ýylda halyfyň dikmeleriniň oturýan ýeri bolan Fustatyň gapdalynda Müsüriň täze paýtagtynyň – «Kataryň» – «Kataýyň» («Ýeriň bir bölegi») düýüni tutýar. Öň Müsürde Amr tarapyndan gurlan metjit bar eken. Emma juma namazynda Amryň esgerleriniň hemmesi bu metjide ýerleşmeýär ekenler. Şonuň üçin hem Ahmet Tulun täze paýtagtyň düýbüni tutanda, öňi bilen kaşaň metjit bina edipdir. Indi Ahmet Tulunyň esgerleriniň 20 müňusi bir wagtda bu metjitde namaza durupdyrlar. Metjidiň daşynda soňra Kataý şäheri emele gelipdir. Hökümdar şäheriň daşyna beýik gala, onuň aňyrsyndan bolsa gorag guşaklygyny gurdurypdyr.
Ahmet Tulunyň gurduran metjidiniň tutýan meýdany daşyndan 140X122 metr ölçege barabar bolup, onuň içki howlusynyň taraplarynyň uzynlygy 92x92 metre barabardyr. Metjidiň meýilnamasy dörtgyraň görnüşde bolup, onuň merkezinde dörtburç sekiniň üstünde sekiz burçly diwarlarynyň üsti hüjre bilen basyrylan täsin suw çüwdürimi ýerleşýär. Äpet howlyny ýada salyp duran metjidiň üç tarapy küňreli sütünler bilen bezelipdir. Öňler Müsürde binalar daşdan gurulýar eken. Ahmet Tulun bu ülkä bişen kerpiçden ymarat gurmak dessuryny getiripdir. Bu bina bişen kerpiçden Müsürde gurlan birinji ajaýyp ymaratdyr. Metjidiň sütünlerine, küňrelerine, penjireleriň daş-töweregine, erňeklerine ösümlik we geometrik nagyşlar aýratyn nepislik bilen oýulup salnypdyr. Binanyň daş-töwereginde ýerbe-ýer ekilen baglar, asmana göterilýän owadan suw çüwdürimleri görenleri haýran galdyrypdyr.
Ahmet Tulun ýurduň suwaryş ulgamyny kämilleşdirmek we ekerançylyk ýerleriniň suwlandyrylyşyny kadalaşdyrmak maksady bilen Nil derýasyndan bölünip gaýdýan ýaplaryň başlanýan ýerlerinde täsin suw ötüklerini gurdurypdyr. Şeýle suwaryş desgalaryny ýewropalylar «akweduk» diýip atlandyrýarlar. Tulunylaryň döwründe dokma senagaty, metaly işläp bejermek, ýarag ýasamak, hünärmentçilik gülläp ösüpdir.
Ahmet Tulunyň döwründe ylym-bilim, medeniýet ösüpdir. Müsüriň taryhçylary Tulunylaryň döwrüni ýurduň gülläp ösen döwri hökmünde häsiýetlendirýärler. Ahmet Tulunyň döwründe ymaratçylyga aýratyn uly üns berlipdir. 873-nji ýylda ol bütin Ýakyn Gündogara meşhur bolan hassahana gurdurypdyr.
969-njy ýylda fatimi halyfy Muyzz öz serkerdesi Jöwheri Müsüre garşy ýörişe ugradýar. Jöwheriň goşunlary Aşaky Müsüre girip, paýtagt şäher Kataýy eýeleýärler. Jöwher Kataýyň gapdalynda Müsüriň täze paýtagtyny – al-Kahirany (Ýeňiş şäheri – häzirki Kair) esaslandyrýar.
Kairiň özboluşly binagärçiligine al-Azhar musulman uniwersitetiniň täsin ymaratly aýratyn bezeg berýär. Onda metjit, medrese hem ýerleşýär. Al-Azhary 970-972-nji ýyllarda Jöwher gurdurypdyr. Al-Azharda 1468-1496-njy ýyllarda ajaýyp minara gurlupdyr. Memluklaryň döwründe al-Azhar musulman dünýäsiniň iň uly uniwersitetine öwrülýär. XIV asyrda uniwersitetde uly kitaphana esaslandyrylyp, onda altmyş müňden gowrak kitap we bäş müň sany golýazma saklanylypdyr. 990-1013-nji ýyllarda Kairde al-Hekim metjidi hem gurlupdyr. Emma 1302-nji ýylyň ýer titremesinde onuň minaralary ýumrulypdyr. Soltan Beýbars 1309-njy ýylda al-Hekim metjidiniň golaýynda, 1306-njy ýylda öz gurduran metjidiniňki ýaly minara galdyrypdyr.
Eýýubiler döwletiniň döwründe Kair has hem ulalypdyr. Soltan Salaheddin gala gurluşygyna uly üns beripdir. Sebäbi haç göterijiler Müsüre hemişe uly howp salyp durupdyrlar. Arap nesilşalygy bolan Fatimileriň döwründe Kairi ösdürmegiň we gurluşyk işlerini alyp barmagyň ýörite meýilnamasy bolmandyr. Şol sebäpli hem şäher demirgazyga tarap süýnmek görnüşde tertipsiz ulalypdyr. Soltan Salaheddin Kairi ösdürmegiň we şäher gurluşyk işlerini tertibe salmagyň anyk meýilnamasyny işläp düzüpdir. Şäher galasynyň gurluşygy 1175-nji ýylda başlapdyr. Salaheddinin daşdan guran galasynyň bäş ýarym müň metre barabar bolan bölegi häzirki güne çenli saklanyp galypdyr.
Salaheddiniň we onuň nesilleriniň döwründe Kairde dini ymaratlardan we gala diwarlaryndan başga-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, köşkleriň, kerwensaraýlaryň, hammamlaryň, bazarlaryň gurluşygyna-da uly üns berlipdir. Müsürde mamlýuklaryň döwründe belentlikde, owadanlykda hem-de baýlykda biri-biri bilen bäsleşýän ajaýyp metjitler, aramgähler we köşkler saklanyp galypdyr.
Kairiň günorta-gündogarynda gadymy öwülýä ýerleşýär. Ol ýerli ilatyň arasynda «merhumaryň şäheri», ylymda bolsa «Mamlýuklaryň öwlüýäsi» diýilip atlandyrylýar. Onda tas üç ýüz ýyllap diýen ýaly mamlýuk soltanlary, serkerdeleri we esgerleri jaýlanypdyr, olaryň mazarlarynyň üstüne köp sanly aramgähler gurlupdyr. Aramgähleriň köpüsiniň asyrlaryň geçmegi bilen bütinleý ýitip gidendiklerine garamazdan, bu ýerde olaryň henizem elliden gowragy saklanyp galypdyr.
Mamlýuklaryň döwründe ilkinji gurlan ymarat soltan Beýbarsyň 1267-1269-nji ýyllarda gurduran metjididir. Üstünden ençeme asyrlaryň geçenligi zerarly metjit belli bir derejede ýumrulypdyr, onuň Kairiň gözelligine gözellik goşan owadan gupbasy hem saklanyp galmandyr. Emma metjidiň saklanyp galan desgalary, olaryň ýüzüne salnan dürli görnüşdäki nepis nagyşlar, bu binanyň döwründe Kairiň binagärçilik görnüşine ajaýyp görk berendigine şaýatlyk edýär.
XIII asyryň ahyrlarynda memluk soltany Kalawunyň (1279-1290) metjitden, aramgähden, hassahanadan we medreseden ybarat binalar toplumy hem türkmenler tarapyndan Kairde bina edilen ajaýyp, bitewi ymaratdyr. Metjidiň täsin nagyşlar bilen bezelen iki ganatly küňreli eýwanyny emele getirýän içki howlusy aýratyn owadan. Bu ajaýyp ymaratlar toplumyny gurduran beýik soltanyň täsin ykbaly bar: ýaşajyk oglan wagty ony gul bazarynda müň dinara satyn alypdyrlar. Şol sebäpden hem oňa «al-Alfy» – «müňlük» diýip at goýupdyrlar. Häkimiýeti ele alyp, soltan Kalawun Müsüriň iň şöhratly patyşalarynyň birine öwrülipdir.
Soltanyň özi bilen oglunyň jaýlanan aramgähiniň gupbasyny göterip duran, ýüzüne altyn çaýylan sekiz sany sütüni bar. Aramgähiň diwarlary we sütünleri reňkli mermer bilen örtülen. Aramgähiň ýüzüne oýma nagyşlar bilen bezelen mermer mähraby Müsürde duşýan mähraplaryň iň owadany hasap edilýär. Binanyň gözenekli penjirelerine gymmat bahaly çig maldan edilen reňkli aýna oturdylypdyr, onuň ýokary erňegine bolsa altyn çaýylypdyr. Soltan Kalawunyň we onuň oglunyň aramgähiniň merkezinde, gupbanyň aşagynda ýerleşýän guburlarynyň daşyna nepis nagyşly agaç haýat edilipdir.
Bu aramgähdäki reňkli mermeriň, altynyň, dürli maddalar çalnyp lowurdadylan agajyň, dürli reňkli aýnalaryň reňkleriniň özara baglanşygy, ony has dabaraly we bezegli görkezýär. Şeýle bolansoň, binagärçilik toplumynda giçki döwürleriň ymaratlary üçin häsiýetli bolan, bezeg işlerinde artykmaç ülňileriň ulanylmagy ýa-da bolmasa, binalaryň hetdenaşa baýlaşdyrylmagy ýaly kemçilikler duýulmaýar.
Soltan Kalawunyň aramgähindäki hassahananyň uly howlusy bar. Onda dürli maksatlar üçin peýdalanylan köp sanly otaglar gurlupdyr: hassalar üçin otaglar, aşhana, tebipler üçin hüjreler we başgalar. Hassa aýallar üçin niýetlenilen otaglar dürli nagyşlar we ýazgylar bilen bezelipdir. Döwründe hassahanada lukmançylyk ylmyna degişli gymmatly golýazmalar saklanylýan baý kitapna-da bar eken.
Kalawunyň gurduran ymaratçylyk toplumynyň owadan baş girelgesi aýratyn täsin hem-de dabaraly görünýär. Baş girelge daşlaryň iki reňklisi bilen küşt tagtasynyň görnüşinde bina edilipdir. Binalaryň diwarlary örülende ulanylýan şeýle gurluşyk usuly, memluklaryň döwri üçin häsiýetli bolan gurluşyk üňlüsidir. Umuman, sultan Kalawunyň gurduran ajaýyp binasy görenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.
Kairde gurlan täsin ymaratlarynyň biri-de 1356-1363-nji ýyllarda bina edilen memluk soltany Hasanyň (1347-1351 we 1354-1361) aramgähini, metjidini hem-de medresesini öz içine alýan binagärçilik toplumydyr. Äpet sütünler, metjidiň ähli gurluşygynda ulanylan köp sanly desgalaryň özara baglanşygy, binanyň öň tarapyny has hem gözel keşbe büreýär. Bu äpet gurluşyk toplumynyň açyk howlusynyň ortarasynda, mermer sütünlere daýanyp duran küňräniň üsti gupba bilen basyrylan suw çüwdürimi ýerleşýär. Gupbanyň daşyna owadan hat ýazylan tekiz bagjyk aýlanan. Açyk howlynyň daşyna dört tarapdan hem içinde talyplar ýaşap we okar ýaly gowy şertler döredilen hüjreli eýwanlar aýlanyp dur. Binagärçilik toplumunda ýerleşýän aramgähiň gupbasy XVII asyrda osmanly türkmenleriň döwründe sökülip, täzeden gurlupdyr. Häzirki döwürde bu binagärçilik toplumynyň içinde XIV asyrda nähili zatlaryň ulanylandygyny göz öňüne getirmek kyn. Sebäbi bar bolan ähli zatlar Kairiň yslam sungaty muzeýine äkidilip tabşyrylypdyr.
XV asyryň başlarynda soltan Berkugyň (1382-1399) iki sany aramgähi, medresäni öz içine alýan metjidi hem edil soltan Hasanyň binagärçilik toplumynyň aýratynlyklaryny gaýtalaýar. Soltan Berkugyň binagärçilik toplumynyň gurluşyk işlerine ýolbaşçylyk eden mimar (arhitektor) hem ibn-Tulun türkmendir.
Soltan Kaýt begiñ (1468-1496) döwründe-de Müsürde uly gurluşyk işleri alnyp barlypdyr. Ýurduň dürli ýerlerinde metjitler, galalar we köşkler gurlupdyr. Aýratyn hem Kairde gurluşyk işleri uly depginler bilen alnyp barlypdyr. Kaýt begiň 1472-1474-nji ýyllarda gurlan metjidi mamlýuklaryň binagärçilik ülňüleriň esasynda gurlandyr. Onuň gurduran bu binagärçilik toplumy dine bir Müsürde däl, bütin arap ýurtlarynda gurlan binalaryň iň ajaýyby hasap edilýär.
Müsürde mamlýuk türkmenleriň döwri tamamlanyp, yurt osmanly döwletiniň düzümine girizilenden soň hem bu ülkede köp sanly gözel binalar gurlupdyr. XVI asyrda gurlan Sinan paşanyň metjidi, Zeýnep Hatynyň köşgi, XVII asyrda gurlan Rydwan begiñ köşgi Osmanly türkmen hökümdarlygy döwründen miras galan binalardyr.
Категория: Taryhy ýerler | Просмотров: 285 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gurtnyýaz Hanmyradow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy ýerler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]