11:55 Bir bakylyk mundan öň | |
BIR BAKYLYK MUNDAN ÖŇ
Bahar görkün gerdi, çöpe jan bitdi, Diýýär “Tur, bolmasaň çöpejanbitdi”. Töwerek saýraýar göýä bilbil dek, Sen meniň ýanymda göýäbilbilim. Barýardyk. Ýaşlyga rowaçlyk ýardy. Seniň ýylgyrşyňda söze, surata, Saza salyp bolmaz bir gudrat bardy. Arzuwlarmyz ýaly gökde bulut yrak Belli däl oň ýagmajagy, ýagjagy. Ýöne şol buludyň goşa damjasy, Gözleň hanasynda durdy buldurap. Iň arzan güllerden sowgat berdim men, Saňa eli ýukalygyň derdinden. Günüň ýere gaçan birje parçasy, Ojaryň közüniň äpet damçasy Baýdak köýnegiňde köräp barýardyň. “Şonda gökden inen perişde ýaly” Duşdy bize ýolda sygan aýaly Diýdi “Ýigit täleýiňe garaýyn, Goý meniň aýama jübüt apbasy, Görüner geljegiň şonda ap-aýdyň”. Şonda haýran galdym sygan aýala, Meniň aýam jamy deýin Jemşidiň, Arasynda geljek bilen geçmişiň Duran bir gudratly zat dek hamala, Gözlerni oýnadyp, güldürip bakdy, Aýamy gözleri bilen dörjeläp, Meniň täleýimi biljegi hakdy. “Ýalňyşarsyň, bu bir agyr ykbaldyr, Duşmanlaň bar etdirerler puşmany, Bil, diňe merhumlar ýalňyşýan däldir, Diňe ejizleriň ýokdur duşmany. Sakar allaryna nadaralaryň, Çyndyr öýdüp näçe sapar agladyň. Wagt geler, eliň agzyňa ýeter, Uzadan ýeriňe ýetende eliň. Şol pursat mylaýym sözlermi, ýeser, Şelaýyn gözlermi ýatlarsyň meniň. Durmuş diýmek haýal-ýagal ölüm däl, Bir zatlary galdyrmakdyr ömürden. Pal – ykbaldyr, dilimizde barymyz, Şeýle biziň ähli tohum-tijimiz, Diňe dilimize ygtyýarymyz, Diňe gözümize ýetýär güýjümiz. Ýyllaň kerweninde taparsyň kemal, Dowumyň çeşmesi her bir gözüňde. Saňa ömür ýoldaş, ýar boljak zenan Iň bagtly gyz bor ýeriň ýüzünde.” …Ýadymda… Bir aýralyk, müň bakylyk mundan öň Syganyň oýnaklap duran gözleri, Hem seniň gaýmaklap duran lebleriň. Ýadymda, şol ýaz gününiň öýläni, Hem seni bagtly gyz etjek bolup, Bir talyp hakymy gurban eýlänim. ———————— ¹ Gurbannazar Ezizowdan Gurbandurdy ORAZOW | |
|
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |