13:36 Bir mahalky... | |
BIR MAHALKY...
Geçen günlerime aýlaşdyryp ýör, Ýapraklara ýazlan setirlem meniñ. Şemala notasyn paýlaşdyryp ýör, Ýapraklara ýazlan setirlem meniñ. On barmagna ýüzük ötürip derhal, Orady daşyma näziksi sowal. Aýyñ şöhlesinden işiner zer sal, Ýapraklara ýazlan setirlem meniñ. Tanyş nazarlara intizar eden, Düýnlerim ýañadan gül-gülzar eder, Owadan ýaşlygma bu gün ýar eder, Ýapraklara ýazlan setirlem meniñ. Sagadymyñ tylla dilin süýşürip, Gursagma aý-günleñ dürün üýşürip, Ikimizi bile goýar, duşuryp, Ýapraklara ýazlan setirlem meniñ. Olar şeýdip, sabrym boýlaşdyryp ýör, Entegem düýnüme aýlaşdyryp ýör, Görsene, bar syrym paýlaşdyryp ýör, Ýapraklara ýazlan setirlem meniñ. * * * Al öwsüp-al öwsüp doguldy şapak, Gök öwsen barlyga yşkyn çabradyp. Men bolsa ullakan Zeminiñ ýüzün, Otyryn, gör, setirlerme haladyp. Ýyllar hasabatyn kişä ýetirmän, Biz bilen des-deñje duşdan geçirýär. Hemişe islenen uly zatlaram, Deñimizden ötüp, gadryn gaçyrýar. Menem uly dünýäñ ýazda buýany, Añzagynda eräp, mähir duýany. Ýüregniñ gatyndan depder waraklap, Yşkynyñ odundan döken syýany... ■ ÝOLA DÜŞELI! Bir düýş gördüm, derde goýdy, Huş üçin ýola düşeli! Kalbyma müñ many guýdy, Joş üçin ýola düşeli! Jan çekip, ýylyñ-ýylyna, Dönüp bilbiliñ gülüne, Öwrüldim sözüñ guluna, Iş üçin ýola düşeli! Goşulyşsyn wagt-zaman, Yşk kitabyn edip rowan, Myrat tapyp, bolsun dowam, Ýaş üçin ýola düşeli! Kelamym galatmydyr nä?! Setirlem ganatmydyr nä?! Hemram - Pegas atmydyr nä? Guş üçin ýola düşeli! Maýa ORAZGULYÝEWA. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |