20:07 Melegi şahyra beriñ! / goşgular | |
■ Melegi şahyra beriň!
Mylaýym ýeller öwsende, Pelegi şahyra beriň! Ýyldyrym buldy böwsende, Elegi şahyra beriň! Göwün umytdan ganmanda, Haýplaň hasaby galmanda, Köňlüň azaşsa armanda, Dilegi şahyra beriň! Dünýäniň güllän ýüzünden, Tapyp düýşleriň gözünden, Idäp aşyklaň sözünden, Melegi şahyra beriň! Hataryna düşen talaň, Çaň basmadyk ýolun hälem, Symrug guşdan gaçyp galan, Ýelegi şahyra beriň! ■ Owadan surat Salam, gül baharyň ilkinji ýagşy, Täze arzuwlara bal suwun sepýän. Gör, sen bu gün mahmal ýüregiň bilen, Ullakan Zeminiň gözünden öpýäň. Gaýtadan gaýtalap gözel ýaşlygym, Durmuş gözel näçe seretdigiňçe. Telwaslarmyň ganatlary aýdymdan, Yşkyňa yşk goşup hiňlendigimçe. Kümüşden, altyndan çogan ýylaklaň, Guşlaň pysyrdysy nagma gulagma. Mukaddes hiňlenýär bagda bilbilem, Sesin goşup lummurdaýan bulagňa. Goşulyşyp heýjanyňa seniňem, Gursagmyň ýylysy nur bolup çogar. Hözir berse täze setirlerime, Sowuk damjalaryň gözüme deger. Salam, ak baharyň ilkinji ýagşy, Çaý ýene äleme owadan zynat. Saýrak kalbym bolsa höwesi bilen, Setirlerme çeksin owadan surat. ■ Ýagyşly gije Şybyrdyňy diňledim, Ýagyş, näme diňmediň?! Uzak gije pyşyrdyň Sebäbini bilmedim. «Sahypa ýaly gije» Aýdym ýazmaga kaýyl. Aýalamda damjalar Syýa bolmaga maýyl. Barmaklamda bolsady, Gunçalaryň kän güli. Hemem olaň ýaňagyn Ýelpejek daňyň ýeli. Uklamanjyk görsene Hyýallarmy ýöreden. Şeýle ýazlan bolsa-da, Hakyt ýagşyň döreden. Erte illeň okajak, Bu täzeje setirin. Şeýdip ýagşa ezilip, Bagryma basyp durun. ■ Ýaly Sähram, juda keşbiň gözel, Güller haly dokan ýaly. Güwlän çabgaň göýä gazal, «Pyragyny okan ýaly». Ýürek seni ýol edindi, Bir jadyly hal edindi, Ýagşy niýet, päl edindi, Asman sygan dükan ýaly. Menzilleriň aýasy bar, Kerwenleriň maýasy bar, Ýüzüňde gül saýasy bar, Zülpi-anbar kükän ýaly. Geçip giden düýnüm duran, Uzap giden kökün uran, Mydam şeýdip oýun guran, Duýgularma mekan ýaly. ...Aşyp gitsem öwrüm-öwrüm, Pursat tapyp hemme döwrüň, Senden pata alan göwnüm, Saňa meňzäp bekän ýaly. ■ Gijelikdäki owaz Ýyldyzlara ýere düşäýjek bolýan Şu çaka hiç kime diýmedik syrym Aýdaslarym gelip, ýene aýtmajak Höweslerim bilen seredip durun. Tanyş gijeleriň wagtlaýyn yşyn, Çyrag edip täze-täze setirme. Ynam-yhlaslarmyň baryn üýşürip, Hem erkin gidermän olaň hederne. Depderime çekjek bolýan heýjanyn, Şirin tama bilen gijäň içinde. Irkiljiräp galan bagtymy idäp, Üşäp galan umytlarmyň çetinde. Akylym çaşyryp eşdilýän saza, Kenaryna düşüp geçen günleriň. Aýdyň agşamlarda, owadan bagda, Hemem ýatlap sowgat beren güllerin. ...Höwrüm bolup, ýere düşäýjek bolýan, Bu günem hiç kime açmadyk syrym. Aýdaslarym gelip zer ýyldyzlara, Häzirem men dymyp seredip durun. Maýa ORAZGULYÝEWA. | |
|
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |