01:29

Bir şygyryň teswiri

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 236 | Добавил: Demirgazykly | Теги: Gulistan Badamowa | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Hiç bolmanda Magtymguly ýaly şahsyýetleriñ döredijiligi analiz edilende çynlakaý çemeleşjek bolalyñ!

0
2 Babyśgalaly57  
1599
Магтымгулынын Огуз хан хакында язан сетири бармыка? Бар болса бир бендини гойсаныз!? Хайыш.

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Bir adam her üýşmeleňde dinden gürrüň bolanda "Oguz pederlerimiz hakda Allatagala mukaddes Kuranda hem agzapdyr ahyryn" diýýär eken. Onuň bu sözüne çynlakaý garamaýan molla ahyr bir gün "Oguzlar hakda haýsy süre-aýatda agzalýar?" diýip soran. Ol adam "Dogalaryň başy oguzlaryň ady bilen başlanýar. "Oguzy-billahy-min-aşşaýtan-irrajim" diýlenokmy?" diýip çyny bilen aýdypdyr.

Şonuňky ýaly, oguzlar barada Magtymgulyda hem şeýdip dagy tapaýmasaň?

Çynlakaýrap aýdylanda bolsa, oguzlaryň onunjy asyrda, entek yslama girmedik pederlerimiz bolandygyny özüňiz bilýänsiňiz. Yslama girensoň olara halk hökmünde türkmenler, patyşalarynyň ady boýunça seljuklar diýlipdir. Bilşime görä, on ikinji asyrda soltan Sanjar döwründe hem entek çarwa oguzlar bar ekeni, Sanjary heläklän hem şolar bolupdyr. Şol wagt "guzlar" diýilýän ol taýpalaryň käbirleri entegem musulman däl ekeni.

Magtymguly atamyzyň iň söýüp okan edebi we taryhy çeşmeleri barada onuň "San bolsam" diýen şygrynda maglumat berilýändir. Oguzlar hakynda esasy çeşmeler bolan "Oguznamalar" we "Däde Gorkut kitaby" onda agzalmaýar. Elbetde, agzamadygam bilsa, şahyryň olary okan bolmagy mümkin. Hywa hanlarynyň saldyran medresesinde okap, Abulgazynyň kitabyny okamazlygy, belki, geň bolardy. Emma Magtymguly atamyzyň yslamdan öňki pederlerimiz barada ýazan ýerine men-ä duşmadym.

Elbetde, bu onuň umuman yslamdan öňki medeniýet bilen gyzyklanmandygy aňlatmaýar. Örän gyzyklanypdyr: Isgender, Galen, Eflatun, Jemşit, Rüstam Zal, Hatam, Bährem... barysy yslamdan öňki personažlar.

Howa, oguzlar - bize dilimizi, urug gurluşyny, ep-esli derejede milli aň-düşünjämizi miras goýan halk. Magtymguly hem milliligi gaty çuňňur, sözüň doly manysynda milli şahyrymyz. Emma esasan soňky türkmenler barada ýazypdyr.

Ol zatlar islegiňe görä ýa buýurma laýyk bolmaýar. Meselem, "Görogly", "Döwletýar" dessanlarynda ýa-da Mätäjiniň we beýleki şahyrlaryň döredijiliginde bedew waspy köp, Magtymgulyda at barada kän aýdylsa-da, ýörite waspy ýetirilýän ýeri ýok.

Onsoň, elbetde, bolany bilen kanagat etmek galýar.

0
4 Narcissus  
1589
Dogry, aslynda Sanjaryň döwründäki pitneçilerem Oguzlar, arap alymlary olara guz (el-Ğuzz), günbatar (Wizantiýa) çeşmeleri "Uz" diýýärler, sebäbi Yslam alymlary hemme taýpalary Uýgurlara degişli diýip pikir edipdiler, şol sebäpli atlaryň, "Uyğur-Oğuz-Ğur-Ğuz" görnüşli meňzeşligi sebäpli Uýgurlar bilen Oguzlary bir hasaplapdyrlar. Ýagny bir ýalňyşlyk goýberipdirler.
We Oguzlar bilen Türkmenleriň arasynda-da tapawut bar öýdýän, ýagny anyk belli däl, hernäçe çeşmeler köp bolsa-da ýeterlik däl, Türkmenleri Türgeşlere baglaýan we Türgeşleriňem arassa Oguz däldigini aýdýanlaram bar, kim bilýär.

(Başdaky ýazylana gülüp hezil etdim, garaşamokdym).

0
5 Bagabat  
43
Aý sagja boluň-a! Eliňiz-gözüňiz dert görmesin. Ir ertir bilen ýekeje özüm däli ýaly gülüp-gülüp heziller etdim-aý :-).
"Oguzy-billlahi".
Feýeriçnyý anekdot.
Aý, şü ýönelige diýlenok-laý: "Hiç bir talantly ýazyjam, dramaturgam, fantastam, ýumoristem... durmuşdan ökde, durmuşdan ýiti awtor bolup bilmez" diýlip.
Hezil etdim-aý.
Legendarnyý anekdot.
Ýene bir gezek sag boluň.

0
6 Bagabat  
43
Bu "Bir şygyryň teswirine"-de tüýs ýürekden minnetdar bolaýmaly. Bahana bilen şunuň ýaly asyrlarda galjak henegi bildik :-).
"Her moh-mohuňam özüne ýetik juk-juky bardyr" diýseňem boljak :-).

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
Sag boluň!

Elbetde, Sylapberdiniň aýdyşy hem dogry, urdumşalyga ýol berip bolmaz. Aýyplasak-aýyplamasak berilýän zatlar barada bilýän informasiýamyzy paýlaşsak gowy, plagiatdygyny-däldigini soň çözsegem bolýar.

Umuman, bu örän çylşyrymly mesele. Gündogarda "nezire", günbatarda "ommaž" diýip bir däp bar öýdýän, edebiýatçylar gowy bilýändir, meşhur eseriň özleriçe wariantyny döredýärler. Bu plagiat däl, bu hormat-sarpa. Türkler Ýunus Emräniň gazallaryna kän nezire döredýärler, menem birkisini döredipdim. Bizde Pyragynyň "Döwran bu güni" boýunça hem şeýle öýkünmeler ýazylýar, bu hormat alamaty saýylýar. Men ýokardaky goşgynyň şoňa degişli bolaýmagy barada aýtdym.

Umuman, hakyky plagiaty paş edip, döredijiligiň awtorlyk hukugyny şeýdip il bolup bolaýmasa, dogrusy, bu meselede ýagdaý bizde entek örän pes derejede.

0
8 sylapberdimuhamov  
1428
Aý biz bäbeklikde ýasama emme bilen aldanyp ulalan nesildä, hormatly YaranYagmyr! Onsañ A diýip agzyny acandan iliñ sözüni özümki diýip başlasalar gowy dâl hasaplaýan.
Saytam köpçüligiñ zady. Köpüñ emegi ýatyr. Bir çelek baly bir çemçe garaýag bulaýar ahbeti.
Bu ýagdaýda başaranyñ başyna däl-de, düşüneniñ başyna.
Sag boluñ!!!

0
9 yaran_yagmur_9  
1578
Dogry aýdýarsyňyz, edil özi. Awtorlyk hukugy ýaly düşünjeleri kynlyk bilen özleşdirýäris.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]