07:39 Buýsançly taryhyň dowamaty | |
BUÝSANÇLY TARYHYŇ DOWAMATY
Wagtyň salymy ýok diýleni. Ondan bäri dört ýyla basalykly wagt geçipdir. Eýýäm Ahal welaýatynda ägirt uly döwrebap şäher kemala geldi. Mejlisiň karary bilen, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesi berildi we ol «Arkadag şäheri» diýlip atlandyryldy. Anyk aýdylanda, 2019-njy ýylyň 4-nji martynda Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken taryhy Karary esasynda Gökdepe etrabynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Şondan bir aý gowrak wagt geçenden soň — 10-njy aprelde Milli Liderimiziň gatnaşmagynda täze şäheriň düýbi tutuldy we ol 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda uly dabaralar bilen açyldy. Şu ýerde täze şäherde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna ýurdumyzyň görnükli şahsyýetleriniň adynyň dakylandygyny ýatlamak maksadalaýykdyr. Arkadag şäherindäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylyp, «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy», mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylyp, «Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi», lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylyp, «Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi», Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy we «Ahal welaýatynyň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki», welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur «Wagzy-Azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylyp, «Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy», drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy we «Ahal welaýatynyň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry», täze şäheriň ýörite sungat mekdebiniň «Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi» diýlip atlandyrylmagy, çagalar sungat mekdebine Şükür bagşynyň adynyň dakylmagy ýurdumyzda görnükli şahsyýetlere, il-halky, Watan üçin beýik hyzmatlary bitiren ynsanlara goýulýan belent hormat-sarpadan nyşandyr. Bir söz bilen aýdylanda, täze şäheriň taslamasy Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan, wagtdan ozýan döredijilikli pikirleriniň miwesidir. Ogulgerek GUTLYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dillleri we edebiýaty fakultetiniň türkmen dilini okatmagyň usulyýeti hünäriniň talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |