07:49 Çaga we men | |
ÇAGA we MEN
Çaga ýatýar, uçýar düýşinde, Onuñ oýundan başga aladasy ýok. Men horazsyz dañ atýanyn bilýärin, Çaga welin, bu zatlary bilenok. Bir pursaty görkezenok üç sagat, Der dökmeseñ arzuw hasyl bolanok, Men bularam bilýän. Emma çagajyk, Nämeüçindir bu zatlary bilenok. Bolanynam bilýän äpet uruşyñ, Uruş bolsa hiç pidasyz bolanok. Men ýene-de, ep esli zat bilýärin, Emma çaga bu zatlary bilenok. Göwnüne degseler, aglaýar çaga, Aglanyñda bolsa, kinäñ gutarýar. Menem käte aglaýasym gelip dur. Ýasym uly, Aglamaga utanýan. Bileniñ gowumy, bilmäniñ gowy, Bu sowalda bir tarapa geçemok. Ýöne çaga pessaý uçýar düýşünde. A men weli, köpden bäri uçamok. Onsoň çaga bolmak islap ugraýan, Bu arzuwyñ - böwrüñdäki agyry. ...Çaga bizin geljegimiz diýýäris Çaga biziñ geçmişimiz ahyry. Gurrannazar EZIZOW. | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |