21:41

Dana, akmak hem-de gul / hekaýa

DANA, AKMAK HEM-DE GUL

Ykbalyndan nägile bolup, görýän gününden hemişe nalap ýören gul iç döküşer ýaly bir adam gözläpdir. Sebäbi bu onuň bar islegi bolup, ýeke-täk başarýan zady hem şu eken. Ine, günleriň birinde ol gul bir dana duşupdyr.
Gaýgydan ýaňa ýüzüni ýere salyp, zordan:
— Jenap! — diýipdir. Guluň gözlerinden çalajadan syrygyp gaýdan gözýaş damja öwrülip, aşak gaçypdyr.
— Siz bilýänsiňiz! Men betbagt adamyň durmuşy bilen ýaşaýaryn. Zordan günde bir gezejik nahar edinmek nesip etdirýär. Olam hemişe bolup duranok. Nahar diýilýän zadam näme dary harpygy-la. Iň bärkisi it bilen doňuzam ony iýmez. Meniň paýymam kiçijek bir gysym tabak…
— Be, dogrudanam muňa duýgudaşlyk bildirmek zerur — diýip, dana uly nebsi agyrdyjylygyny görkezipdir.
— Dagy näme! — diýen gul diýseň begenipdir.
— Men gije-gündiz hars urup işläp, dynjyň nämediginem bilemok. Irdenä suw getirmäge gidýärin. Agşamlyk taýýarlanmaly nahar şüle aş hem meniň boýnuma. Günortan bolsa bazarlyk işi. Agşamlarynada un üweýän. Günüň gyzan günleri hem kir ýuwýaryn. Ýagyş ýagýan wagtlary hojaýynyma saýawan tutup berýän.
— Wah, wah — diýen dana uludan demini alypdyr. Gözleri gyzaryp, aglaýjak-aglaýjak bolupdyr. Gul:
— Jenap! Mende indi güýç galmady. Men bir çykalga tapaýmaly. Näme etsem gowy bolarka? — diýse, dana oňa:
— Men seniň durmuşyň gowlaşjakdygyna ynanýaryn — diýipdir.
— Dogrudanam? Meniň arzuwum hem şuda. Men size öz betbagt durmuşum hakynda aýdyp, gaýgymy egisdim. Göwünlik berdiňiz, köşeşdirdiňiz. Meniň ýüregim ýeňlän ýaly bolaýdy. Megerem, dünýäde adalat diýen zat bar bolmaly…
Ýöne birnäçe gün geçenden soňra ýene rahatlygy giden gul öz betbagtlygy hakynda içini dökmäge adam gözläpdir.
Gözýaşa gark bolup:
— Jenap! diýen gul — Habaryňyz bardyr. Meniň günüm itiň güni ýaly. Hojaýynym meni adamam hasap edenok.
— Haramzada! — diýip, ýaňky adam batly gygyranda, guluň zähresi ýarylara gelipdir. Sebäbi ol kem akyl bir kişi eken.
— Jenap, men itseň ýykyljak tamjagazda ýaşaýaryn. Özem garaňky ýene-de ony tagtabitem durşuna tutupdyr. Ýatan wagtyň seresap bolmasaň seni iýip barýarlar. Porsy ysden ýaňa dem alara howasam ýok. Ýekeje penjiresem ýok…
Kem akyl:
— Sen penjire eder ýaly hojaýynyňdan rugsat alybam bileňokmy? — diýse, gul:
— Nädip, beýdip bolar? — diýip sorapdyr.
— Ýör hany. Meni elt şol ýere göreýin.
Ýaňky kem akyl gul bilen onuň ýaşaýan ýerine gelipdir.
— Jenap, duruň. Nämeler edýärsiňiz? — diýip, gorkan gul ondan sorapdyr.
— Seniň üçin penjire eder ýaly ýer edýärin.
— Beýle etmäň. Hojaýynym gygyrar!
— Goý, gygyrsa gygyrybersin — diýen, kem akyl tamy döwüberipdir.
— Haý, ýeteweriň! Talaňçy öýümizi ýykýar eý! Bärik geleweriň eý-ý! Ýogsam deşik edinip öýe sümüler-eý-ý! — diýip, gul zogduruberipdir.
Ylgap gelen beýleki gullar ol kem akyly golundan tutup howludan daşyna çykarypdyrlar.
Turan galmagala hojaýyn hem ahyryn daşyna çykypdyr.
— Bir talaňçy öýe girjek boldy. Men ony gören dessime halaýygy kömege çagyrdym. Talaňçyny eýýäm howludan çykardyk — diýip, gul edep bilen habar beripdir.
— Berekella! — diýen, hojaýyn ony magtapdyr.
Şol gün ähli kişi, şol sanda hälki dana hem gelipdir.
— Jenap, men bu gezek beýlekilerden tapawutlanmagy başardym. Hojaýynym hem öwgimi ýetirdi. Siz meniň işlerimiň şowuna boljakdygyny aýdypdyňyz. Dogrudanam, bu bir öňden görüjilik eken… — diýip, gul göwni hoş bolupdyr.
— Dagy näme — diýip, jogap beren dana onuň üçin begenipdir.

Lu SIN,
hytaý ýazyjysy.

Hytaý dilinden terjime eden
Mähriban GELENOWA.

 

Просмотров: 431 | Добавил: Нawеran | Теги: Lu Sin | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Ayhan  
215
Ÿene-de penjiresiz galypdyr-da görgüli...

0
2 Ayhan  
215
Bagt bilen betbagtlygy tapawutlandyrmagy bašarmak hem bagta tarap ädilen ädim bolsa gerek

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]