14:26 Dünýäniñ mekdepleri hakynda | |
DÜNÝÄNIÑ MEKDEPLERI HAKYNDA
■ Dünýädäki iñ gadymy mekdep Palestinadaky Karuin uniwersiteti hasaplanýar. ■ Okuwy tamamlan uçurymlaryñ dabarasy ilkinji gezek Germaniýada bellenilip başlanypdyr. ■ Taryhda mekdebiñ iñ uzaga çeken sapagy 54 sagat bolupdyr. ■ Çehiýada iñ gowy baha 1-lik, pes baha bolsa 5-lik hasap edilýär. Şeýle-de Çehiýanyñ mugallymlarynyñ diñe bir dersden sapak berýäni ýok, olar birnäçe dersler boýunça okatmaly bolýarlar. ■ Norwegiýada okuwçylar 8-nji synpa barýança olara baha goýulmaýar. ■ Hindistan özüniñ örän köp okuwçyly mekdeplerk bilen meşhurdyr. Bu ýurtda 28 müñ okuwçyly mekdep hem bar. ■ Finlandiýanyñ mekdeplerinde sapaga diñe mugallym däl, mugallymyñ kömekçisi-de gatnaşýar. ■ Hytaý mekdeplerinde sapaga başlanmazdan öñ okuwçylaryñ hemmesi üýşüp maşk edýärler. ■ Ýapon mekdeplerinde diñe erkek kişiler işleýär. Taýýarlan: Merýem UMAROWA, TMÝG-niñ Baýramaly şäher geñeşiniñ esasy hünärmeni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |